sahyrlar_we_men
24.11.2022 22:11
GÖRMEKSIZ GYZ

Ine, baryañ umydyña büdüräp,
Egniñ horlugyna utanyp çala.
Uzakda orkestr joshup-titreyär,
Tans edyär owadan gyzlary bile.

Hor ellerñi çykarañok yeñiñden,
Olar birden yere yetäyjek yaly.
Geçip baryäñ yigitleriñ deñinden,
Gulaga yokumsyz bir saz mysaly.

Undup bilmän görmeksizje doglanyñ,
Yüregiñde hosh arzurlar besleyäñ.
Geçip baryan bir syratly oglanyñ,
Mylakatly söz aydaryn isleyäñ.

Emma yigitleriñ öz gaygysy bar:
Yörite yag bilen saçlaryn darap,
Olar wagtdanam ozup baryarlar,
Özlerniñ owadan gyzlarna tarap.

Ah, horja gyz, horlugyñdan horlanyañ,
Saña hosh söz diyjek yigit nirede?
Bu shäherde näçe diyseñ yigit bar,
Seni öye ugradanok biri-de.

Gyzlaram yanyña delmuryp gelip,
Owadan gülüship yüregñe düshyär.
Olar görmegini artdyrjak bolup,
Gezegine seniñ bilen tirkeshyär.

Öye gelyäñ. Gyyyar yüregñi ünjiñ,
Hasratdan çekilyär iki owurdyñ.
Aglayarsyñ: "Ah, eje jan, nämüçin
Meni beyle betgelishik dogurdyñ?"

Emma goñshy gelin- BIR GÖRMEGEY DUL,
Atasyz ogluna günäli bakyar.
Hem seniñ tersiñe,
Gussa-gam çekyär:
"Owadan dogulma,
Bagtly dogul!"

Aglama, gyz! Uyajygym, gam çekme,
Bilip bolmaz ykbalyñy öñünden.
Bu howlukmaç yigitleree at dakma,
Kim geçenok öz bagtynyñ deñinden.

Käte sheyle bolyar: görkdür-görmek,
Gidip otyr il içinde at alyp.
Yöne, nämüçindir tylla yüzük dek,
Yolda,
Gum içinde galyar sadalyk.

Tekepbir bol, çykyp bolmaz gaya dek,
Sada bol, aylaryñ dogushy yaly.
Sheyle yigitler bar, (OLAR BAR ENTEK)
Sen dek gayalarda olañ hyyaly.

GURBANNAZAR EZIZOW
16
128
Myhman Myhman
25 Noýabr 2022
Dogry
Olka
25 Noýabr 2022
Esasy zat yüregiñ owadan bolmaly
Myhman Myhman
25 Noýabr 2022
Eger size biri sen owadan dal diyseler ayna bakyp gorersinez, yone asyl gozellik icde bolmaly
Myhman Myhman
25 Noýabr 2022
Адама горк гормек герек йуреги овадан болсун дийенлерем йузу овадан болмаса шол гыза середеноклар
maral
24 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
sahyrlar_we_men
24 Noýabr 2022
Bitter,gelsikli sükür edip bilenok...
Maýa06
24 Noýabr 2022
Hawwa halarlar ýöne haçana çenli..
Myrataly
24 Noýabr 2022
Shuny dushindirip bolonokda
Maýa06
24 Noýabr 2022
sahyrlar_we_men, dogry ýöne hemişede beýle däldirlaý sen dünýäň iň owadan gyzy bol şonda-da adamkärçiligiň bolmasa hiç kimem seni halamaýa
sahyrlar_we_men
24 Noýabr 2022
Maýa06,yolda, gum içinde galyar sadalyk
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.