sahyrlar_we_men
22.11.2022 07:42
Jahankesde

Ey sen, Jahankeshde goja Geradot,
Taryhyñ atasy-möwritnamaçy.
Ayyt, hany, öz öyüñde oturman,
Jahan yüzün sökenligiñ näme üçin?

Marko Polo! Seyil edip ilime,
Ajap halylarmyñ waspyn yetiren.
Ayyt, seni haysy yelgin-shemaldy,
Soñsuz yollañ aylawyna ataran?

Hyyal baglap Hindistana, Araba-
Isgender saldyran minaralara,
Magtymguly-dürdäneler dünyäsi-
Neçün owsun atdyñ shol aralara?

Omar Hayyam, Ibn-Sina, Faraby,
Wespuççi, Magellan yene Wamberi,
Aydyñ maña, shunça menzil sökmegiñ,
Sheyle derkar sebäpleri bamy beri?

Annaberdi Agabayew

12
40
Maýa06
23 Noýabr 2022
sahyrlar_we_men, Salam şu wagt görýänä şu gün azajyk başagaýrak bolduda 😅. Gaty gowy ekeni köp köp sag bol:))))))
atakulyyewa_humay
22 Noýabr 2022
👍👏👍👏👍👏🐨
sahyrlar_we_men
22 Noýabr 2022
Salam Maya, su gosgynam gör.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.