sahyrlar_we_men
25.11.2022 20:58
Ar alysh
(Degishme)

Señ yzyñda çapa-çapa,
Yedi köwüsh dargap gitdi.
Söygim üçin gurban bolan,
Günler maña gargap gitdi.

Güjügñizden gaça-gaça,
Döretdim ullakan yoda.
Itiñ çeynän balaklarny,
Dikip-yamap etdim moda.

Damagymdam hörek geçmän,
Sekiz kilo horlandym men.
Señ yzyña düshmezden öñ,
Döw dey dayaw oglandym men.

Yalbarmaklyk, yakarmaklyk,
Et, süñküme ornap gitdi.
Toya niyetlenen sygryñ,
Göleleri garrap gitdi.

Toya getirjek bagshymyñ,
Ses, owazy tükenipdir.
Köpler yaly, fonogramma,
Aytmadygna ökünipdir.

Dogan-gardash, "gelne" diyip,
Öyme baryn goyberipdir.
Arman syçanlar sandykda,
Menden öñürt öylenipdir...

Ynha bu gün yetdim saña,
Gurban edip, shunçalary.
Gapymyzda toy-dabara,
Sowgat edip gunçalary.

Dur bakaly,
Synla meni!
Gör söyginiñ yaralaryn.
Bir ömrümi bagysh edip,
Indi senden ar alaryn!

Kerim Hallyyew

12
75
Maýa06
25 Noýabr 2022
🤣😂🤣😂gaty gowy eken
sahyrlar_we_men
25 Noýabr 2022
HALIljan,Myhman Myhman,Imissyou, sag boluñ 🙂
Myhman Myhman
25 Noýabr 2022
Super hakyky jany ŷananlaryñ ŷúrejiginden ok deŷ geçer
HALIljan
25 Noýabr 2022
Haladym.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.