sahyrlar_we_men
25.12.2022 21:42
SMS
Ine saña ýene-de bir sms,
"Altyn asyr" büdretmänjik ýetirer.
Bagyşla gijiräk ýazanym üçin,
Uklan bolsañ butnamanjyk ýatyber.
Ertir oka, ýa birigün parhy ýok,
Geçirmeseñ bolýar ony duşuñdan.
Emma bir bisähet baran hat üçin,
Galma süýji uky, süýji düşüñden.
Ahyr bir gún wagt tapyp okasañ,
"Ýalta" diýme on iki harp kemledim.
"Sen meni söýýäñmi?" diýen soragy,
Aýdyp bilmän SMS-e jemledim.
Utanjañlyk dillerimi baglaýar,
Gör şonda-da söýgi neneñ hoşamaý.
Ýakynara MMS-em ugratjak,
"MENIÑ MELHEMIM SEN!" diyip düşünäý.
Kerim Hallyyew
14
78
sahyrlar_we_men
24.12.2022 21:54
Döwrüñ ritoriki sowallary
Gulundan däl, Hakdan edip dilegi,
Özümizi kyna dözsek näderkä?
Agyr dälmi, barlylaryñ küregi,
Garyp gämimizde ýüzsek näderkä?
Maşa bolsañ düşnükliräk ýalydyr,
Adyñ Maýa, saçyñ neçün sarydyr?
Türkmenligñi gizlemändir barybir,
Maýajan şol reñki pozsak näderkä?
"Namys" diýlen täsin ýazgy barmyşyn,
Ýazdyraýsañ gepden goraýarmyşyn.
Döwrüñ erkeklerne uly haýyşym,
Şondan tapyp kalba ýazsak näderkä?
Öwen bolup, syryñ ýaýar Äleme,
Işiñ düşüp barsañ jogap "Ä? Neme..."
Bir teklip bar üýşüñ meniñ ýanyma,
Şeýle dostdan üstün çyksak näderkä?
"Nika" diýmek "Durmuş toýy" diýmekdir,
"Nika" diýmek "Ömürboýy" diýmekdir,
"Nika" diýmek bagty "sýyup" iýmekdir,
Del bähbidi ondan üzsek näderkä.
"Eje" sözi mähremligiñ gürüdi,
"Eje" sözi dilleñ süýji dürüdi.
Bu gün ondan neneñ sögünç döredi,
"Ejeñ..." Diýýän dili ezsek näderkä?
Zer känelýär, Ser känelýär bat bilen,
Söýgi galýar şol köneje at bilen,
Ady galdy abraýyny nätdiler,
Ol ölmänkä ömrün sozsak näderkä?
Sadalygy bezär mydam her ili,
Şol ýagty saklaýar, ýagty zemini,
Entek alyp bilmez, gybat Kerimi,
Gowsy dil yuwudyp gezsek näderkä?
Kerim Hallyyew
9
108
sahyrlar_we_men
23.12.2022 22:15
Karz
Men juda howlugýan, sabyrsyz ýaly,
Nädip gyssanmaýyn, garraýar kakam?!
Näçe ýaşym gidip, ulaldygymça,
Ony görenimde isleýän galkan.
Ýok ol maña sorag bilen bakanok,
Umydygärem däl, baýlykdan, maldan.
Ýöne şükür, Allam meni ýasanda,
Dolduryp, yüregmi, ynsandan nurdan.
Kakam garrap barýar, howlugýun juda,
Ýok, ol etmez meniñ üstümden arzyn.
Ol algydar emma duýanok, duýmaz,
Meni bolsa gynar ogullyk karzym.
Kerim Hallyyew
12
52
sahyrlar_we_men
21.12.2022 21:22
"Ogry" diýmäñ!
"Ogry" diýmäñ maña!
Sizden haýyşym?!
Bu "kesp-kärden" asla başym çykanok.
Diýmäñ maña sözleriñ iñ paýyşyn,
Ejiz göwräm bu agramy çekenok.
Diýiñ razy,
"Senden çykmaz goşguçy,
Şahyr bolmak hakda pikir etme sen!"
Emma welin "ogry" diýmäñ haýyşym,
Goý ýetmäýin arzuwlarma ýetmesem...
Men döremok okalmadyk sahypa,
Del söz gözläp kitaplaryñ gatyny.
Meşhur eserlerden ýörelge alyp,
Çapyp yörün "Ylham" atly atymy.
"Ogry" diýmäñ!
Beren akja süýdüni,
Garalamañ!
Garalamañ!
Ejemiñ...
Oña derek diýiñ "Ýoly pozýan sen"
Kowuñ meni,
Men bu ýoldan geçerin!
Emma welin, "ogry" diýmäñ haýyşym,
Ogrulygma subutnama tapyñ siz!
Ýeke setir, ýeke kişiñki bolsa...
Ony ýazan ellerimi çapyñ siz!
Kerim Hallyyew
15
72
sahyrlar_we_men
20.12.2022 21:08
DOSTLARYM
Nomer berip, "Probemañ bolanda,
ýeke gezek aýlaý" diýen dostlarym.
"Hol gözelleñ haýsyn ýürek islese,
Yryp berjek saýlaý" diýen dostlarym.
"Söz berýäris toýlaryñda, ýasyñda,
Dik durarys hökman" diýen dostlarym,
"Agyryñ duýulsa eger başynda,
Bolarys biz lukman" diýen dostlarym.
Jañ etdim bir günem hemaýat isläp,
Başyma iş düşüp gözyaş jürledi.
"Abonent öçürlen" diyip näz bilen,
Deregñize bir gözel gyz gürledi.
Goý sizli geçmesin meniñ ýaslarym,
Iñ bolmanda toý:ma geliñ dostlarym.
Kerim Hallyyew
20
94
sahyrlar_we_men
19.12.2022 22:00
Bu gün onuñ toýy
Açylypdyr bu gün öñküsindenem,
Ýañak oyup ýylgyryšam üytgesik.
Çykyp artistligiñ çür depesine,
Bildirmän dur ýangynyny hüýr kešp.
Symjaryp "git meniñ dünyämden" diydi,
Edil iš buyrandey ýaš çagajyga.
Gözün ýaša gaplap baýyrdan indi,
Öwrülip bakmandy ol azajygam.
Öñküdenem açyk bu gün oñ göwni,
Ar alyan bolmagy mümkindir gülüp.
Men dašdan synladym bu ajap toýy,
Iñ bagtsyz günümde, özümi bilip.
Onuñ toýy bolyar, tost üsti dawa,
Gutlayar garyndaš, jora, goñşular..
Bu gün meñ söýgimiñ ýasy tutulyar,
Jynazasyn okap otyr bagşylar.
Kerim Hallyyew
16
104
sahyrlar_we_men
18.12.2022 21:50
ALYM WE ÖLÜM
(Näbelli alyma)
Mazaryña yaşyl otlar örüpdir,
Gül örse-de geñlemezdi adamlar.
Goýmadyk bolañda giden mirasy,
Zähmetinden yeñlemezdi adamlar.
Senem Hudaý däldiñ, ynsan ogludyñ,
Ýöne bardy seniñ täsin gudratyñ.
Ýer, tebigat, haýwan, ynsan öwrenip,
Büdreseñem ylma, bilme büdrediñ.
Ýer astyndan agtardyñ sen hakykat,
Ýer üstünden hakykaty gözlediñ.
Kelläñden böwüsyän zehiniñ bilen,
Çözüp boljak çözgütleri çözlediñ.
Seniñ eden, išleñ açyšlañ hakda,
Mekdep döwri kän sapaklar aýdyldy.
Beýle abraý, sogap, ukybyñ bilen,
Ölümdenem sypaýarsyñ öýdüpdik...
Kerim Hallyyew
15
51