sahyrlar_we_men
24.12.2022 21:54
Döwrüñ ritoriki sowallary

Gulundan däl, Hakdan edip dilegi,
Özümizi kyna dözsek näderkä?
Agyr dälmi, barlylaryñ küregi,
Garyp gämimizde ýüzsek näderkä?

Maşa bolsañ düşnükliräk ýalydyr,
Adyñ Maýa, saçyñ neçün sarydyr?
Türkmenligñi gizlemändir barybir,
Maýajan şol reñki pozsak näderkä?

"Namys" diýlen täsin ýazgy barmyşyn,
Ýazdyraýsañ gepden goraýarmyşyn.
Döwrüñ erkeklerne uly haýyşym,
Şondan tapyp kalba ýazsak näderkä?

Öwen bolup, syryñ ýaýar Äleme,
Işiñ düşüp barsañ jogap "Ä? Neme..."
Bir teklip bar üýşüñ meniñ ýanyma,
Şeýle dostdan üstün çyksak näderkä?

"Nika" diýmek "Durmuş toýy" diýmekdir,
"Nika" diýmek "Ömürboýy" diýmekdir,
"Nika" diýmek bagty "sýyup" iýmekdir,
Del bähbidi ondan üzsek näderkä.

"Eje" sözi mähremligiñ gürüdi,
"Eje" sözi dilleñ süýji dürüdi.
Bu gün ondan neneñ sögünç döredi,
"Ejeñ..." Diýýän dili ezsek näderkä?

Zer känelýär, Ser känelýär bat bilen,
Söýgi galýar şol köneje at bilen,
Ady galdy abraýyny nätdiler,
Ol ölmänkä ömrün sozsak näderkä?

Sadalygy bezär mydam her ili,
Şol ýagty saklaýar, ýagty zemini,
Entek alyp bilmez, gybat Kerimi,
Gowsy dil yuwudyp gezsek näderkä?

Kerim Hallyyew


9
108
sahyrlar_we_men
24 Dekabr 2022
Maýa06,howwa.
Maýa06
24 Dekabr 2022
sahyrlar_we_men,aý borda😔 gelen wagty hezil bolýada
sahyrlar_we_men
24 Dekabr 2022
Maýa06,imo giryä kä wagt, isleri köpräk.
Maýa06
24 Dekabr 2022
sahyrlar_we_men, Humaý görünenoklaý bu günler sen bilýäňmi
sahyrlar_we_men
24 Dekabr 2022
Maýa06,bilemok goysañ goyuber.🙂
sahyrlar_we_men
24 Dekabr 2022
Maýa06,😂😂
Maýa06
24 Dekabr 2022
sahyrlar_we_men, men goýaýynmy?¿?¿
Maýa06
24 Dekabr 2022
sahyrlar_we_men, akyllyja bola beh👆😂🤣
sahyrlar_we_men
24 Dekabr 2022
Maýa06,bolya, hemmesini toplap goyaryn.
Maýa06
24 Dekabr 2022
sahyrlar_we_men,sen syýahatçylar baradadama post goýjak diýipdiň mendede bar bir iki sanysynyňky gerek bolsa ertir däl-de birigün goýaýaryn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.