sahyrlar_we_men
21.12.2022 21:22
"Ogry" diýmäñ!

"Ogry" diýmäñ maña!
Sizden haýyşym?!
Bu "kesp-kärden" asla başym çykanok.
Diýmäñ maña sözleriñ iñ paýyşyn,
Ejiz göwräm bu agramy çekenok.

Diýiñ razy,
"Senden çykmaz goşguçy,
Şahyr bolmak hakda pikir etme sen!"
Emma welin "ogry" diýmäñ haýyşym,
Goý ýetmäýin arzuwlarma ýetmesem...

Men döremok okalmadyk sahypa,
Del söz gözläp kitaplaryñ gatyny.
Meşhur eserlerden ýörelge alyp,
Çapyp yörün "Ylham" atly atymy.

"Ogry" diýmäñ!
Beren akja süýdüni,
Garalamañ!
Garalamañ!
Ejemiñ...
Oña derek diýiñ "Ýoly pozýan sen"
Kowuñ meni,
Men bu ýoldan geçerin!

Emma welin, "ogry" diýmäñ haýyşym,
Ogrulygma subutnama tapyñ siz!
Ýeke setir, ýeke kişiñki bolsa...
Ony ýazan ellerimi çapyñ siz!

Kerim Hallyyew


15
72
wolf
21 Dekabr 2022
👍🔥👍🔥👍👏👏
yakup allabayew
21 Dekabr 2022
Gaty govy mlds
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.