sahet_ashyrov
20.01.2020 08:40
EZIZ HAN
(1887-1919)
Gurbanmämet serdaryň ogly Eziz, 1887-nji yýlda Ahalyň Herrikgala
obasynda dünýä gelýär. Gurbanmämet (Çapyk) serdar alamançylyk
işlerinde ýolbaşçy bolupdyr. onuň kakasy (Eziz hanyň atasy) Nepes
Kuwwat ýaşlyk döwründe alamançylyk edipdir. Eziz hanyň kakasy we
atasy Gökdepäniň goralyşyna aktiw gatnaşypdyrlar.
Garyp düşen Çapyk serdar, 1917-nji yýlda aýaly Ogulgerek, ogullary
Salyh, Kasymguly we Eziz bilen birlikde Ahaldan Tejeniň Agalaň
obasyna göçüp barýar we daýhançylyk bilen meşgul bolýar.
Eziz han, I.jahan urşy wagtynda padeşah Russiýasynyň buýrugyna
garamazdan goşun hataryna goşulmaýar we Owganistana geçýär.
Soňra Fewral ynkylaby wagtynda Tejene gaýdyp gelýär we il arasynda
asudalygy ornadyp uly ad-abraý gazanýar.
Oktoberden soňra Eziz han Sowetleriň tarapyna geçen-de
bolsa,kommunistlar gysga wagt soňra sözlerinden dänip oňa
ynamsyzlyk bildirýärler, şondan soň Eziz han Menşewikleriň
(kommunistik hareketlere garşy çykyş eden topar) tarapyna geçýär
we ol ýerde Oraz Serdaryň ýolbaşçylygynda gulluk edýär. Soňra ol
Oraz serdaryň ýanynda galman öz adamlary bilen Agalaň taraplaryna
çekilýär.
Tejen taraplarynda öz hanlygyny yglan edenden soňra Eziz han,
Tejenden galla äkidilmegini gadagan edýär we özi salgyt hem gümrük
yýgnap başlaýar, özüne tabyn bolmaýanlary mugyra getirýär. onuň bu
işlerini hökümet halamandyr. Agala-y basyp almak üçin Bolşewikleriň
hem Menşewikleriň geçiren gandöküşikli çozuşlaryndan soňra-da öz
rayýndan dänmändir. Ol daýhanlaryň serdary hökmünde ykrar
edilipdir.
Eziz hanyň ýaşan döwründe heniz padeşah goşunlarynyň
basybalyjylykly çozuşlary netijesinde Gökdepede dökülen nähak ganlar, halkyň a-yndan çykyşmandy we ruslara ynamsyzlyk dowam
edýärdi. Şondan çürim Eziz hanyň, padeşahyň galyndylarynyň
golunda bolan Aşgabat bilen öz arasyndaky gatnaşyklaryndan göwni
hoş däldi.
Ol, ahyrso-y Sowetleriň barlygynda özüne hanlyk ýetdirmejekligine
göz ýetirýär we Sowetleriň tarapyna geçmegi makul görýär, ýöne ony
ynkylabyň garşydaşlary İ-lisleriň ýardamy bilen tutýarlar we ahyrso-y-
da ony galtaman hökmünde garalap atýarlar. 1919-nji yýlyň ýazynda
atylmak üçin äkidilende: “ýüregimden atyň!” diýip barmagy bilen
kükregini görkezýär we “ýöne musulmançylyga layýklykda jaýlaň”,
diýip olara ýüzlenýär.
5
606
sahet_ashyrov
20.01.2020 08:32
UNUTMA
9 aylap gowresinde goterip,
Seni dunya getireni unutma.
Eklap saklap seni zatdan kem etman,
Geýindiren ene atañy unutma.
Okatdy, ekledi, hem bilim berdi,
Gijeler yatmady, aglañda turdy,
Agyryar diyeñde bir yerim eje,
Basym em edeni hijem unutma.
Sähet Aşyrow
Ýykylaňda seniň goluňdan tutup,
Goýaý balam diýip bagryna basyp,
Sen aglaňda deň aglan,
Güleňde gülen jan käbäňi unutma!
Hemme gowulugy saňa sowgat berjek,
Kyn günüňde gorap biljek eneňdir,
Seni mydam söýüp gezjek,
Mährem mähribanyň hijem unutma!
Mynasypdyr olor seniň söýgüňe,
Degmäliň hiç haçan oloň göwnüne,
Gülki bolsun mydam nurly ýüzlerinne,
Seni dogry ýola salan eneňi unutma!
Jemal atly agzamyz yzyny dowam etdirip seyle setirleri gosdy.
7
798
sahet_ashyrov
20.01.2020 08:28
GÖRDÜM.
Ey yaranlar musulmanlar,
Oglunyñ atany uranny gördüm.
Gyzynyn ene atañ sözünden cykyp,
Zyna işlerini edenni gördüm.
Bu yagty dünyäde bäş manat diyip,
Heleylen ärini taşlanny gördüm.
Özüni süyt bilmän dostuny gaymak,
Onuñ yeñsesinden uranny gördüm.
Arak cakyr içip payyş sögünip,
Gyzlañ kafelarda yatanny gördüm.
Birje heleý diyip erkek oglanyñ,
Ene-atasyndan geçenni gördüm.
Mährem enelermiz Käbä deñemän,
Urup sögüp kösän çagany gördüm.
Bu ümmülmez älem ýeriñ yüzünde,
Kapyryñ Musulman bolanny gördüm.
Magtymguly atam aýdypsyñ dogry,
Üýşüşip içyärler gyzlarmyz şerap.
Kemçinlik eyleýip ýygnan puluny,
Düzedip özüne dakanny gördüm.
Işiñ düşüp barsañ kazyñ ýanyna
Öñünden parajyk soranny gördüm
Adyllyk ornunda oturan kazyñ
Bigünäni türmä basanny gördüm.
Sähet geñ görme sen gören zatlaññy,
Baş alyp çykmarsyñ bu bolyanlardan.
Köpüsi ýaşaýar aýşy eşretde,
Kä biriniñ elin serenni gördüñ.
✏Sahet Aşyrow
?18.01.2020ý ?22:00
Buda meniñ öz goşgym. Ýalñyş yazan ya-da kapýadan cykan yerlerim bar bolsa teswirlerde ýazaýyñ.
7
511
sahet_ashyrov
18.01.2020 08:45
UNUTMA
9 aylap gowresinde goterip,
Seni dunya getireni unutma.
Eklap saklap seni zatdan kem etman,
Geýindiren ene atañy unutma.
Okatdy, ekledi, hem bilim berdi,
Gijeler yatmady, aglañda turdy,
Agyryar diyeñde bir yerim eje,
Basym em edeni hijem unutma.
Sähet Aşyrow
Adminiñ öz goşgusy, boljakmy teswirlerde galdyryñ?
Düzetmeli ýerleri bar bolsa teswirde ýazaýyñ, kim goşgyñ yzyny dowam edip bilse yzyna goşup lentada goýjak. Awtoruñ ady bilen.
6
689
sahet_ashyrov
18.01.2020 08:29
Aýakýalaň, erni suwly çagalyk
Gazojagyň çöllerinde galypdyr.
Çopan kakaň gazananna agalyk
Türkmenbaşyň pullarynda galypdyr.
“Küle siýseň, kör bolarsyň” diýrdiler,
Şeýdip aňymyza edep guýrdular,
Kejirligim üçin turup ir bilen,
Buşukmalam küllerinde galypdyr.
Bu durmuş-da, bagtsyzamdyk, bagtlam,
Karz ýaşaman, bolduk käte nagtlam.
Göni ýolda goýan käbir ýygyrtlam
Garryenemiň ellerinde galypdyr.
Şeýde-şeýde ömür ýoldan ýörüler,
Kä ýamany, kä ýagşyny görüler.
Ýaňajygmy topdeý eden arylar
Howlymyzyň güllerinde galypdyr.
Gülkim köpdi, juda azdy gazabym,
Ýadymda ýok, dosta çukur gazanym,
Okuwçykam kimlere hat ýazanym
Synpdaşlarmyň dillerinde galypdyr.
Kän zat galdy, bardyr käte ätlemäm,
Aý, onsuzam, ýyllar geçýä, ýat tamam.
Pikir etsem, iň päkize ýatlamam
Obamyň bir dilberinde galypdyr
Kerim Hally
8
496
sahet_ashyrov
17.01.2020 09:14
BERDIMYRAT HAN
(.... - 1879)
Berdimyrat han Nurberdi hanyň birinji aýaly Nurgözelden bolan oglydyr. Ol juda ýaşka wepat bolupdyr, onuň bitiren işleri barada ýazuw ýadigärlikler ýok.
1879-nji yýlda Nurberdi han Marydaky hanlygyna maslahata gidende wagtlayýnça Berdimyrat hany ýerine Ahala han saýlapdyrlar. ýöne ol
entek ýaş bolansoň, Nurberdi hana ýakyn iki adam: Arazmämmet han bilen Gurbanmyrat işan oňa geňeşdarlyk edipdir. Berdimyrat hanyň, hanlyk eden döwri Rus goşunlarynyň generallary:
Lazarýew bilen Lomakiniň baştutanlygyndaky ilkinji Ahal-teke ýörişine gabat gelýär. Lazarýew 1879-njy yýlyň 14-nji Awgustynda aradan
çykypdyr. Türkmenleriň Aşgabatda geçiren maslahatynda ruslary Ahala goýbermezlik karar edilýär. Şonda şeýle-de Gökdepe galasynyň gurulmagy we ilatyň şol ýere yýgnalmagy-da bellenilýär.
Berdimyrat han, Arazmämmet handyr Gurbanmyrat işany ýanyna alyp
dört müň atly, iki müň hem pyýada goşun bilen Bendesen geçelgesine tarap ugraýar. Soňra pyýada goşuny Bendesende goýup, Berdimyrat
han bilen Dykma serdar Hojagala tarap gidýärler. Olar orta ýolda rus goşunlaryna gabat gelýärler. ýüz beren söweşde türkmenlerden 2 adam heläk bolýar 9 adam ýaralanýar. Berdimyrat han bilen Dykma serdar Bendesendäki goşunlaryňda alyp Börmä yza çekilýärler. Ol ýerde geçirilen maslahatda hemme halkyň Gökdepä yygnanmagyna
gelişilýär we söweşe ýolbaşçylyk etmäge, Berdimyrat hana doly ygtyýar berilýär. Ol, 1879-nji yýlyň 28-nji Awgustynda ýüz beren söweşde, aýaly hem çagalaryny elden berýär (ýogaldýar). Şonda
şeýle-de, Berdimyradyň kakasynyň dogany Gurban hem aradan çykýar.
Şol söweşde agyr ýaralanan Berdimyrat hanyň özide üç günden soňra wepat bolýar we gökdepe galasynyň içinde jaýlanýar. Habary eşiden Nurberdi han hem Marydan gelýär we: “Men oglumyň ölenine şükür edýärin, sebäbi, iliň başyna şunuň ýaly agyr gün düşüp, ýurt üçin gan dökülende, meniň maşgalamdan gan
çykmadyk bolsa gynanyrdym”, diýip aýdýar.
ÇOPAN SERDAR
Halk arasynda Çopan serdar ady bilen tanalýan Ulugberdi Tagan Gazan ogly, XIX. asyryň başlarynda Büzmeýniň Garadaşaýak obasynda eneden bolupdyr. onuň aňyrsy şol döwürde belli şahsiýet bolan Garaja batyrdan gaýdýar. Garaja batyrdan Atamyrat batyr, ondan-da
Çopanyň kakasy Tagan Gazan gaýdýar. Çopanyň ejesiniň ady Oguldöwletdir.
Çopan serdar öz ýaşan döwründe il-ulusyň ar-namysy, ýurt abadançylygy ugrunda göreşip hemişe halkyň goragynda bolup gelipdir. Ol, Hywa hanyna tölenip gelinýän salgytlaryda töletmändir we hanyň nökerlerine, mundan beýläk Hywa hanyna salgyt
tölemejekdiklerini oňa aýtmaklaryny buýruk beripdir. Hywa hany
onuň näjüre adamdygyna göz ýetirmek üçin ýanyna çagyranda, onuň
edermenligine göz ýetiripdir-de Ahal türkmenlerinden salgyt alynmagyny goý bolsun edipdir.
Çopan serdaryň edermenligi barada Abdysettar Kazynyň Jeňnama
"Tekeleriň Uruş Kyssa Kitaby" atly eserinde şeýle setirler bar:
Sag ýanyndan gelen Çopan serdaryň
Ajdar dek demine dartar duşmanyn.
Çopan serdar Gökdepe galasynyň synmagynyň öňüsyrasy Germaw
adyndaky galaň ýanynda ýüz beren söweşde aradan çykypdyr diýip
görkezilýär. Şol wagt ýüz beren söweşde, Çopan serdaryň ýanyndakylardan-batyrlardan ýalňyz ýekeje adamyň sag-aman oba gaýdyp gelenligi bildirilýär. Çopanyň mazary-da, gara daglaryň
arasynda galýar. Çopan serdar barada soňra il arasynda şeýle bir goşgy ýaýraýar:
Çopan batyr halkyň hany
Köp gyryldy adam sany
Germawda döküldi gany
Arman goýdy ili-güni.
Indiki goýjak temalarymyz Juneyit han, Dykma serdar we Eziz han hakynda bolar.
7
382
sahet_ashyrov
17.01.2020 09:13
BAÝRAMHAN
(1500/5-1561)
Muhammet Baýramhan, türkmenleriň Baharly kabylasyndan bolup,
onuň ata-babalary 1410-1468-nji yýllarda Günbatar Eýranda we Azerbaýjanyň günorta taraplarynda uly döwlet guran Garagoýunly türkmenlerindendir.
Baýramhanyň ömrüni, döredijiligini öwrenmekde gymmatly hyzmat
eden Hindi alymy Hekim Aly Köwser Çandpuri, özüniň Agrada
(Hindistanyň Deli şäheriniň 200 kilometrlik günorta-günbatar tarapynda ýerleşýän şäher bolup ol, Gang derýasynyň şahalaryndan Jamna derýasynyň kenarynda ýerleşýär we 1527-1658-nji yýllaryň aralygynda Mongollaryň paýtagty bolupdyr) çap etdiren "Muhammet
Baýramhan Türkmen" diýen kitabynyň "Nam-u Nesep we Gaýry" diýen bölüminde Baýramyň şejeresini (gelip çykyşyny) Mirze İsgender
Garaýusubyň maşgalasyndan bolan nesilden alyp ugraýar. M.Baýramhanyň şejeresine göz aýlasak ol ine şeýle: Türkmenleriň Baharly tiresinden bolan Şiralybeg-Garamuhammet-Garamysyr-
Gazanhan-Garahan-Garabeg-Baýram Garabeg-Alyşükürbeg- Şiralybeg (XV. asyr)-Barakbeg-Seýfalybeg-Muhammet Baýramhan. Baýramyň babasy Şiralybeg, Hyratda häkimlik eden Soltan Hüseýin
Baýkaranyň (1471-1506) köşgünde-de hyzmat edipdir. M.Baýramhan
XVI. asyryň başlarynda (1500-1505) Badahşanda Seýfalybegiň maşgalasynda dünýä gelýär. Baýram ýaş wagtynda ýetim galýar. Olar Balha göçýärler. Baýram şol ýerde bilim alýar we bir topar harby hünärlerini öwrenýär. Safawiýýe hanedanyny esaslandyran Şah İsmail Hatayý (1486/87- 1524) bir topar türkmen ýigitleri (şol sanda Baýramhany) öz
töweregine çekipdir. Baýramhan Buhara we Samarkant ugrunda bolan söweşlere gatnaşypdyr, soňra bolsa Babyryň hyzmatynda bolupdyr. Muhammet Babyr (1483-1530) Timur maşgalasynyň görnükli hökümdarlaryndandyr we şol döwrüň tanymal şahyrlarinden
hasaplanýar. Ol, Owganistany, Hindistany eýeläp, beýik Mongollar imperýasynyň esasyny goýan adamdyr.
Şah İsmailden soňra, Babyryň goşun serkerdesi bolan Baýramhany,
Babyr ölenden soňra, imperator bolan ogly Humaýun (1508-1556) öz hyzmatyna alýar. 1530-1556-njy yýllaryň aralygynda höküm süren Humaýun bilen onuň doganlary Mirze Eskeri, Kamran Mirze we Mirze Hindal ylalaşmaýarlar we tagt üstündäki dawalar dowam edip, Mongol imperýasy dargaýar.
1539-nji yýlda Mongollaryň ganym duşmany Owganlaryň Suri tiresinden bolan Şirşah özüni imperator diýip yglan edýär. Humaýun ondan gaçýar, ýöne Baýramhan, Eýran şahy Tahmaspdan ýardam talap edýär we şeýlelik bilen Şirşahyň üstünden ýeñiş gazanylýar we
demirgazyk Hindistanda Beýik Mongol İmperýasy gaýta dikeldilýär.
ýöne 1540-nji yýlda Kannawujyň eteginde ýüz beren uruş mahalynda Baýramhan ýesir düşýär, emma ol soňra gaçyp çykýar we Humaýun ony Gandaharyň häkimi edip belleýär.
Bu işe Humaýunyň doganlary: Mirze Eskeri, Kamran Mirze we Mirze Hindal garşy çykýarlar. Humaýun bolsa Baýramhany öz ogly Ekbere
atalyk belleýär. Mongol imperatory Humaýun aradan çykan wagty
Ekber (1556-1605) 14 ýaşyna basýar we ol Baýramhana "Han Baba" diýip ýüzlenýär. Humaýun aradan çykandan soňra Baýramhan, onuň wesiýeti bilen aýal doganynyň gyzy bolan Selime Soltan Beýgim bilen öýlenýär (1519). Selime adamkärçilikli şahyra aýalmyşyn. Mongollaryň häkimiýeti, tä Hindistany, İñlisleriň basyp alan döwrüne çenli dowam edýär.
Baýramhan, ýaşlyk yýllaryndan başlap saz-söhbeti-de gowy görüpdir.
Ol, şorta sözlere-de ökde ýigit bolupdyr. Şeýle-de ynsansöýer, sahawatly adam bolup ýetişipdir.
Söweşlerde görkezen edermenlikleri bilen "HAN", soňra bolsa "HANLAR HANY" diýen uly harbi derejä ýetipdir. Ekberiň döwründe (1556) hökümet işlerini hem goşun ýolbaşçylygyny Baýramyň özi alyp
barýar. Soňra Baýram bilen Ekberiň arasy açylýar we Baýram öz terbiýelän ogullygyna şeýle bir arza ýazyp iberýär:
"Birnäçe görip adamlar maña zyýan ýetirmek maksady bilen bir topar
bolgusyz zatlary toslap meni size ýamanlapdyrlar, şeýlelikde olar meni ýok etmegiň küýüne düşüpdirler. Her bir adamyň özüni dürli töhmetlerden goraýşy ýaly men hem şol hili töhmetçilerden özümi goramaga mejburdyryn.Bir topar hayýnlar siziň töweregiňizde
bolandyklary üçin, özüm siziň ýanyñyza barmagy makul bilmeýärin. Siz
bilip goýuň, türki kowumlarda öz iýen duzuna kast edýän adamyň
bolmaýanlygy bütin dünýä bellidir. Eger meni iýen duzuma kast eden diýip hasap edýän bolsalar, goý onda olar ýönekeý bir esgeri iberip meniň kellämi kesdirip siziň huzuryñyza eltsinler, goý bu waka
gelejekde döwlet işine hyýanat etmegi ýüregine düwen adamlara sapak bolsun. Eger şeýle etmeseňiz, meni goşun serkerdeligi wezipesinden boşadyp, goşuny köşgüň başga bir ynamly adamyna tabşyryñ. Men bolsa Maşada gitmekligi ýüregime düwdüm, o taýdan
hem Nejef, Kerbela... ýaly mukaddes ýerlere baryp, siziň şahlyk täji-
tagtyñyzyň ebedilik bolmagy hem siziň näzi-nygmatlar içinde ömür sürmegiňiz üçin dileg edip gezjekdirin".
Hanlar Hany Baýram, 1561-nji yýlda Horasana tarap ýola düşýär.
Aradan iki gün geçirip Baýram ýene Küjerat diýen ýerde düşläp derýanyň kenarynda 968-nji Hijri yýlynyň Jemadiýelawwal ayýnyň 14- i Anna güni (1561-nji yýlyň 31-nji Dekabrynda) ertir namazyna duranda, Mübärek han diýen bir hayýn duýdansyzlyk bilen ýeñsesinden gelip Baýramhany pyçaklap öldürýär. onuň jesedi Deli şäherinde jaýlanýar we üstüne gümmez salynýar. 1578-nji yýlda
Baýramhanyň jesedini Maşat şäherine getirýärler. Şeýh Gedayý diýen
bir adam öz mesjidiniň ýanynda-onuň mazarynyň üstüne gümmüz saldyrypdyr. Şeýh Abdylkadyr Badauni onuň guburynyň üstünde "İň oňat gülzarlykda bolan gül hem solýar" diýip ýazýar.
Baýramhandan Abdyrahym adynda bir ogul galypdyr. Ol öz kakasy aradan çykan wagty 4 ýaş 4 aýlyk oglanmyşyn. onuň 1556-nji yýlda dünýä gelip, 1626-nji yýlda (70-71 ýaşlarynda) aradan çykanlygy we
Deli şäherinde jaýlananlygy bildirilýär. Abdyrahymyň-da harbt serkerde we ukyply adam bolanlygy taryhy çeşmelerde görkezilýär.
Hindistanyň ozalky baş wezirlerinden Jewahyr Lal Nehru-da
Abdyrahym hakda şeýle diýen:
"Ekber özüne hem maksadyna wepaly iň oňat adamlary töweregine toplapdyr. Olaryň arasynda belli doganlar Faýzi we Ebulfazl, Biral, Men Singh we hanlar hany Abdyrahym dagy bolupdyr (J.Lal Nehru:
Hindistanyň açylyşy-Moskwa, 1955, s.273)
Abdyrahym öz kakasy Baýramhanyň kesbini başarjañlyk bilen dowam
etdiren meşhur şahyr bolupdyr. Ol, türki, arap, pars, hindi we sanskrit dillerini oňat bilipdir hem şol dillerde goşgular döredipdir. Ol, terjimeçilik işi bilen-de meşgul bolupdyr. Ol, türki dilde döreden eserlerini Rahim ady bilen ýazypdyr. Taryhy maglumatlar onuň köp kitaplarynyň bardygyny habar berýär. Ol, hindi medeniýetini ösdürmekde görnükli rol oýnan adamdyr. Zamanasynyň beýik serkerdesi pähimli filosofi, ýiti zehinli şahyr Muhammed Baýramhan XVI. asyrda bütin Orta Asiýa, Horasan,
Owganistan, Eýran we Hindistan ýaly ýurtlaryň medeniýetiniň bir-birleri bilen hyzmatdaşlyk esasynda ösmegi üçin ägirt uly rol oýnan adamdyr.
Baýramhan, döwrüniň iň medeniýetli adamlaryndan biri bolupdyr. Ol,
umumy biliminiň daşyndan, edebiýat ylmyny-da, onuň kada-kanunlarynyda ymykly öwrenipdir.
İňlisleriň gündogary öwreniji alymy E.Ý.Denison Ross, 1910-nji yýlda
Baýramhanyň diwanyny Hindistanyň Kalkutta şäherinde (Pars hem Türk dillerinde ýazylan goşgularyny) neşir etdiripdir. Alym, kitabyň sözbaşysynda Baýramhanyň durmuşy hem döredijiligi babatda gürrüň beripdir.
Baýramhanyň öz diwanynda ulanan dili, şol döwrüň ýazuw edebiýatyna mahsus edebi dil bolupdyr. Baýramhanyň we onuň ogly Abdyrahymyň töwereginde birtopar türkmen şahyrlari bolupdyr.
(G.Aliew-Edebiýat we sungat gazeti, 1965-nji yýlyň 23-nji Yanwaryndaky sany). Şol topar şahyrlariň arasynda türkmenleriň Jangurban tiresinden Muhammetgylyç Ülfetiniň, Suphynyň, Kasymbeg
Halatlynyň bolandygyny, B.Ahundow-da Edebiýat we Sungat gazetiniň 1964-nji yýlyň 26-nji Sentyabryndaky sanynda görkezýär. Şol maglumatda Muhammetgylyjyň Soltan Hüseýin Baýkaranyň köşgünde hyzmat edenligi-de getirilýär. Baýramhanyň hem onuň ogly Abdyrahymyň gahrymançylyklary we
olaryň döredijilikleri barada dürli ýurtlarda köp-köp kitaplar ýazylypdyr. (Mäti Kösäýew-Ruhy Aliýew-Edebiýat we Sungat gazetiniň 17-nji we 20-nji Awgustdaky sanlary1966ý).
5
268
sahet_ashyrov
17.01.2020 09:12
Ufc agzamyzyñ haýyşy boyunça Arsary baba hakynda tapan şujagaz maglumatymyzy paylaşmakcy. Gelejekde maglumat tapyp bildigimizçe üstüni yetireris.
Muin al-murid (Dini halypanyň şägirdi). Türkmenler X asyryň ikinji ýarymynda yslam dinini kabul edip alandan soň, täze diniň kada-kanunlaryny hem-de talaplaryny öz ene dilinde öwrener we berjaý eder ýaly, okuw kitabyny taýýarladypdyrlar. Halkymyzyň öňbaşçy adamlarynyň biri Ärsary baba 1313-nji ýylda şeýle kitaplaryň birini Gürgençli alym Şeýh Şerep baba sargyt bilen ýazdyrypdyr. Bu barada Abulgazy hanyň „Şejere-i terakime” (Türkmenleriň nesil daragty) atly kitabynda şeýle maglumat berilýär:
” خضر ايلى سالور ايليندين ابو الخان دا آرسارى باى تيكان بار ايردى اوزاق عمر تابقان دولتى و مسلمان ليققه كوشش قلاتورغان كشى ايرى بو سوز ميزنينك دليلى بو كيم اول زماندا اوركنجدا بر عزيز كشى بار ايردى شرف آتلى شيخ ليق مسند يندا اولتورغان و هم ملا ايردى آرسارى باى بار يب شيخ مذكوركا قرق تيوه نياز بريب انابت قيليب التماس يوزيندن عرص قلدی كم بيز ترك خلقى توروربز عربى كتاب لارينى اوقوب معنى سيكا يتشيب عمل قلماقليق بسى مشكل بولا تورور اكر عربى مسئله لارنى تركى ترجمه قليب عنايت قيلسانكيز ايردى ثوابغا شريك بولور ايردينكز تيدى ايرسا شيخ شرف خواجه تقى بارجا مسئلهء دينى نى ترجمه قيليب بر كتاب ايتيب معين المريد آت قيوب آرسارى بايغه بردى. اول وقتدين تا بو كون غاجا بارجا تركمان لار اول كتاب نينك مسئله لار يغه عمل قلا تورور لار”
„Hyzyr ili. Abulhanda (Balkanda) Ärsary baý diýen (bir adam) bar erdi. Uzak ömür tapan, döwletli we musulmanlyga küşeş kylaturgan (tagalla eden) kişi erdi. Bu sözümiziň delili bu, kimو ol zamanda, Gürgençde [Köneürgençde] bir eziz kişi bar erdi, Şerep atly. Şyhlyk mesnedinde [borjunda] oturan we hem molla erdi. Ärsary baý baryp şyh mezkurga [ýokarda ady tutulan şyha] kyrk düýe nyýaz [sowgat] berip, enabet iltimas ýüzünden arz kyldy, kim, biz türk halky tururmyz, araby kitaplaryny okap, manysyna ýetişip, amal kylmaklyk besi müşgül bola turur. Eger araby meselelerini türki dile terjime kylyp anaýat [hemaýat] kylsaňyz erdi, sogapga şärik bolar erdiňiz diýdi. Ersе, Şyh Şеrеp Hoja taky barça mеsеlе-i dinini [dini mеsеlеlеri] terjime kylyp, bir kitap edip „Muinil mürit” at goýup Ärsary baýga berdi. Ol wagtdan tä bu güngeçe barça türk-menler ol kitabyň meselelerige amal kyla tururlar” [22,C.73]
Yslam dininiň kabul edilmegi we onuň kada-kanunlarynyň özleşdirilmegi, şeýle-de, irki orta asyrlar eýýamyndan başlap tä XX asyryň baş-laryna çenli Orta Aziýanyň şahyrlarydyr alymlarynyň öz bilimini, esa-san, arap we pars dillerinde okadylýan medreselerde, ýagny ýokary dini okuw mekdepde alyp gelendikleri sebäpli, olaryň diňe bir eserlerini, aýratyn hem yslamyň ilkinji asyrlarynda, şol dillerde ýazandyklary bilen düşündirilmän, eýsem soňky döwürlerde-de, haçan-da awtorlar kitapla-ryny öz ene dillerinde ýa-da çagataý dili diýlip atlandyrylýan umumy dilde ýazan mahallary hem, olara arapça ýa-da parsça at dakyp gelipdirler. Bu kada tä XX asyryň ilkinji ýyllaryna çenli dowam edip gelipdir.
Şyh Şerep baba hem öz kitabyna „Muinil murit” diýip arapça at goýup, bu däbe eýeripdir. Bu eser 1313-nji ýylda ýazylyp gutarylypdyr we şol ýyl hem Ärsary baýa gowşurlypdyr. Ärsary baba Şeýh Şerep baba bu kitaby ýazyp bereni üçin kyrk düýe beripdir. Şerep baba, berlen sowgady garyp-gasarlara paýlap berypdir. Şol döwürden bäri ol yzygiderli elde göçürilip, türkmen mekdeplerinde esasy okuw kitaby bolup hyzmat edip gelipdir. Onuň ýazylmagy türki halklaryň arasynda şeýle kitaby döretmek boýunça edilen ilkinji synanyşyk bolupdyr. Türkmenleriň giçki orta asyr-lar döwründäki medeni we edebi durmuşyny öwrenmekde bu kitabyň ähmiýeti ulydyr. Şol döwürde türkmen jemgyýetinde yslam dininiň tutýan ornuny we ähmiýetini kesgitlemekde ol bahasyna ýetip bolmajak çeşmedir*. „Muinil muridi” buýrup ýazdyran Ärsary baý barada aýdylanda bolsa, ol diňe bir „döwletli we musulman dininiň janköýeri” bolman, il arasynda uly hormatdan peýdalanan adam bolupdyr. Türkmenleriň arasynda oňa baba diýen hormatly adyň dakylmagy hem şonuň bilen bagly bolupdyr. Bu taryhy şahsyýeti biz hiç bir jähtden ikirjiňlenmän türkmeniň XIV asyrda ýaşap geçen görnükli magaryfçysy hasap edip bileris.
Onuň tagallasy we yhlasy bilen ýazdyrylan „Muinil-murit” bolsa şek-şübhesiz türkmen magaryfçylygynyň taryhynda möhüm orna eýedir.
Bu kitabyň ýeke-täk golýazmasy Türkiýäniň Milli kitaphanasynda saklanyp galypdyr. Ol barada ylym dünýäsine ilkinji bolup başgyrt alymy Ahmet Zeki Welidi (1890–1970) 1928-nji ýylda habar beripdir [19,S.325–345]. Ony gözlemek we ylmy taýdan derňemek bilen ýörite meşgullanan N.Halymow bu barada şeýle diýip ýazypdyr: „Muinu-l-muridiň” XIV asyrda türkmen dilinde ýazylan ýeke-täk ýazuw ýady-gärligidigini, şeýle-de onuň türkmen ylmy üçin uly ähmiýetiniň bardy-gyny göz öňünde tutup, biz 20 ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda onuň gözleginde bolduk. Golýazma hazynahanalary barlap çykdyk we olaryň içinden ony tapmanymyzdan soň, bu kitabyň öňki SSSR-iň çäklerinde ýokdygyna göz ýetirdik. Elbetde, onuň bilen Türkiýä gidip tanyşyp boljakdy, ýöne şol döwürde bu örän çetin meseledi. Şeýle bolansoň, „Muinu-l-murid” bilen tanyşmagyň we onuň üstünde işlemegiň elmydama arzuwynda bolup, Türkiýä iş sapary ýa-da şol ýerde işläp gulluk wezipesini ýerine ýetirmäge gidýän kärdeşlerimizden onuň nusgasyny alyp gelmeklerini haýyş edip, köplere ýüzlenip geldik. „Yhlasa-myrat” diýilişi ýaly, ahyrsoňy, biziň islegimizi filologiýa ylymlarynyň kandidaty Jepbarmämmet Gökleňow kanagatlandyrdy. Biz oňa bu bitiren asylly işi üçin özümiziň minnetdarlygymyzy bildirýäris”[14, C.7]. Şondan biraz wagt geçenden soň N.Halymow we J.Gökleňow bu kitabyň ilkinji neşirini hem okyjylara hödürläpdirler.
Emma olar bu kitabyň golýazmasyny haýsydyr bir kitaphana ýa-da ylmy edara tabşyrmagy we şeýdibem ony köplere elýeter etmegi unu-dypdyrlar. 1992-nji ýylyň iýul aýynda „Muinil-muridiň” mikrofilmini we kserokopiýasyny biz hem Aşgabada getirdik. Dünýäniň türk döwletleriniň kitaphanalaryny kompýuterleşdirmek boýunça halkara konferensiýasyna (Ankara, 1992-nji ýyl, 22-25-nji iýul) gatnaşyjy hökmünde Türkiýede bolanymyzda bu ýurduň Milli kitaphanasynyň işgärleri biziň haýyşymyzy berjaý edip, „Muinil-muridiň” ýokarda agzalan nusgalaryny bize getirip berdiler. Diýarymyza dolanyp gelen günümiziň ertesi biz olary Türkmenistanyň YA-nyň Merkezi ylmy kitaphanasyna we Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we golýazmalar institutyna tabşyrdyk. Biziň getiren nusgalarymyzyň esasynda bu institutyň alymlary „Muinil-muridiň” täze we has kämil neşirini okyjylara ýetirdiler [13,96 s.]
4
538
sahet_ashyrov
16.01.2020 09:04
GIJEKI MYHMAN
Tümüň ýary penjirämiz kakyldy
– Salam!
– Salam. Kim borsuňyz, eý daýy?
Myhman jogap berdi örän akylly:
– Menmi? Ajal.
Has dogrusy — Ezraýyl.
– Gaty oňat.
Geliň, geçiň, oturyň.
Size haýsy gerek: kofemi ýa çaý?
– Maňa, gowsy, boş çüýşejik getiriň.
Ol seniň janyňy saklar örän jaý.
– Bagyşlaň:
Siz ýalňyşýan-a dälsiňiz.
Meniň keselim ýok. Özümem juwan.
Belki, jaý nomerim ýalňyşansyňyz,
Men-ä, walla, hiç düşünip bilmeýän.
– Ýok, men jaý nomerin ýalňyşamok,
ýok,
Men geldimmi — boş gitmäni halamok.
– Bilýän, ýöne meň ölesim gelenok,
Janym sagat, durmuşymdan nalamok.
– Sen ilk-ä aglama, soňam aldama,
Aldawyň köp bolsa, jezaňam artýar.
Onsoňam bilip goý, her bir adama
Meniň saýlap-seçen bir perişdäm bar.
Ine, seniň diýen sözleň barada,
Seredip gör, şunça fakt gowuşdy.
– Niçik? — diýip sorajakdym,
şobada
Bir kitap gütüläp öňüme düşdi.
Kitaby agyz däl, göz bilen iýýän,
Düşünýän, arada bar ullakan syr:
Ýokarsynda meniň adym, familiýam,
Iň aşakda bolsa «Ezraýylneşir».
Ýüregimde zat galmady hemleden,
Şo pursat ajalym ýakyn göründi.
Bu iş meniň bir kitaba jemlenen
Ölüm hakyndaky goşgularymdy.
– Ine, indi bildiň gerek, ýaş ýigit,
Neçün gelenimi tünüň ýarynda.
Seniň ahy-nalaň ýüregmi iýip,
Ýer tapmadym tünegimiň töründe.
Şatlykdan, begençden, ýaşlykdan ötüp,
Siz nämüçin beýle hala düşdüňiz?
Beýtmäň ahyr, işim özüme ýetik,
Meniň halys ýüregime düşdüňiz.
Juwan halyňyza gojadan beter
Çekýärsiňiz bu dünýäniň ahyny.
Her kimiň mütdedi wagtynda ýeter,
Siz bir entäk azar bermäň ahyry.
Wasp ediň ýaşaýşy, beýik şatlygy,
Gözelleriň elden ýeňil öýmesin.
Ýat ediň ölümi — çyn berbatlygy,
Wasp ediň çagalaň säher deý sesin.
Eger, walla, erkim bolsa özümde,
Taşlap şu kärimi allaowarra,
Ýaşardym şadyýan ýeriň ýüzünde,
Guwanyp ýaş ýigit, gözeldir garra.
Meň baran ýerimde ýatýar şagalaň,
Aýdym aýdylanok, çalnanok dutar.
Eger adam bolsa Allatagalla
Meni beýle jeza etmezdi duçar!
Birden onuň gözlerine ýaş gelip,
Bolşy meniň jigerimi daglady.
Hasratdan müzzerip,
Bir gysym bolup,
Titräpler ykbalyndan aglady.
Dözmedim men ol pahyryň halyna
Kärini unutdym bu şum apatyň.
Emaý bilen baryp onuň ýanyna,
Onuň bedibagt başyn sypadym.
Diýdim: — Besdir, bozulma sen ýaşuly
Men-ä asyl höwrügäýdim seň bilen!
Köne ülpetler deý, köne dostlar deý,
Onuň bilen hümürdeşdik daňa çen.
– Äý — diýdi — bolsa-da aralarmyz daş
Içimi bir dökeýin diýip gaýtdym.
– Bir gören tanyş bor, iki — garyndaş
Kyn günüňde geläýgin — diýp aýtdym.
– Ýamanlyga duşmaweri ylaýym.
Derdim egsiläýdi diýen sözüňden,
Siz bir işli adam.
Zyýan bermäýin.
Işläň! — diýip,
Sumat boldy gözümden.
Gurbannazar Ezizow.
Indiki temamda Bayram han barada gyzykly maglumatlary goyjak. Kim okasy gelse ? yazsyn.
11
639