sahet_ashyrov
18.01.2020 08:29
Aýakýalaň, erni suwly çagalyk
Gazojagyň çöllerinde galypdyr.
Çopan kakaň gazananna agalyk
Türkmenbaşyň pullarynda galypdyr.

“Küle siýseň, kör bolarsyň” diýrdiler,
Şeýdip aňymyza edep guýrdular,
Kejirligim üçin turup ir bilen,
Buşukmalam küllerinde galypdyr.

Bu durmuş-da, bagtsyzamdyk, bagtlam,
Karz ýaşaman, bolduk käte nagtlam.
Göni ýolda goýan käbir ýygyrtlam
Garryenemiň ellerinde galypdyr.

Şeýde-şeýde ömür ýoldan ýörüler,
Kä ýamany, kä ýagşyny görüler.
Ýaňajygmy topdeý eden arylar
Howlymyzyň güllerinde galypdyr.

Gülkim köpdi, juda azdy gazabym,
Ýadymda ýok, dosta çukur gazanym,
Okuwçykam kimlere hat ýazanym
Synpdaşlarmyň dillerinde galypdyr.

Kän zat galdy, bardyr käte ätlemäm,
Aý, onsuzam, ýyllar geçýä, ýat tamam.
Pikir etsem, iň päkize ýatlamam
Obamyň bir dilberinde galypdyr

Kerim Hally
8
496
Myhman Myhman
26 May 2020
Intra vpn kod.Gurnamagy bilen.Amatly bahadan.Habarlaşyp bilersiñiz
Myhman Myhman
19 Yanwar 2020
Güzel
Myhman Myhman
18 Yanwar 2020
Haladym+1❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.