sahet_ashyrov
17.01.2020 09:14
BERDIMYRAT HAN
(.... - 1879)
Berdimyrat han Nurberdi hanyň birinji aýaly Nurgözelden bolan oglydyr. Ol juda ýaşka wepat bolupdyr, onuň bitiren işleri barada ýazuw ýadigärlikler ýok.
1879-nji yýlda Nurberdi han Marydaky hanlygyna maslahata gidende wagtlayýnça Berdimyrat hany ýerine Ahala han saýlapdyrlar. ýöne ol
entek ýaş bolansoň, Nurberdi hana ýakyn iki adam: Arazmämmet han bilen Gurbanmyrat işan oňa geňeşdarlyk edipdir. Berdimyrat hanyň, hanlyk eden döwri Rus goşunlarynyň generallary:
Lazarýew bilen Lomakiniň baştutanlygyndaky ilkinji Ahal-teke ýörişine gabat gelýär. Lazarýew 1879-njy yýlyň 14-nji Awgustynda aradan
çykypdyr. Türkmenleriň Aşgabatda geçiren maslahatynda ruslary Ahala goýbermezlik karar edilýär. Şonda şeýle-de Gökdepe galasynyň gurulmagy we ilatyň şol ýere yýgnalmagy-da bellenilýär.
Berdimyrat han, Arazmämmet handyr Gurbanmyrat işany ýanyna alyp
dört müň atly, iki müň hem pyýada goşun bilen Bendesen geçelgesine tarap ugraýar. Soňra pyýada goşuny Bendesende goýup, Berdimyrat
han bilen Dykma serdar Hojagala tarap gidýärler. Olar orta ýolda rus goşunlaryna gabat gelýärler. ýüz beren söweşde türkmenlerden 2 adam heläk bolýar 9 adam ýaralanýar. Berdimyrat han bilen Dykma serdar Bendesendäki goşunlaryňda alyp Börmä yza çekilýärler. Ol ýerde geçirilen maslahatda hemme halkyň Gökdepä yygnanmagyna
gelişilýär we söweşe ýolbaşçylyk etmäge, Berdimyrat hana doly ygtyýar berilýär. Ol, 1879-nji yýlyň 28-nji Awgustynda ýüz beren söweşde, aýaly hem çagalaryny elden berýär (ýogaldýar). Şonda
şeýle-de, Berdimyradyň kakasynyň dogany Gurban hem aradan çykýar.
Şol söweşde agyr ýaralanan Berdimyrat hanyň özide üç günden soňra wepat bolýar we gökdepe galasynyň içinde jaýlanýar. Habary eşiden Nurberdi han hem Marydan gelýär we: “Men oglumyň ölenine şükür edýärin, sebäbi, iliň başyna şunuň ýaly agyr gün düşüp, ýurt üçin gan dökülende, meniň maşgalamdan gan
çykmadyk bolsa gynanyrdym”, diýip aýdýar.

 ÇOPAN SERDAR
Halk arasynda Çopan serdar ady bilen tanalýan Ulugberdi Tagan Gazan ogly, XIX. asyryň başlarynda Büzmeýniň Garadaşaýak obasynda eneden bolupdyr. onuň aňyrsy şol döwürde belli şahsiýet bolan Garaja batyrdan gaýdýar. Garaja batyrdan Atamyrat batyr, ondan-da
Çopanyň kakasy Tagan Gazan gaýdýar. Çopanyň ejesiniň ady Oguldöwletdir.
Çopan serdar öz ýaşan döwründe il-ulusyň ar-namysy, ýurt abadançylygy ugrunda göreşip hemişe halkyň goragynda bolup gelipdir. Ol, Hywa hanyna tölenip gelinýän salgytlaryda töletmändir we hanyň nökerlerine, mundan beýläk Hywa hanyna salgyt
tölemejekdiklerini oňa aýtmaklaryny buýruk beripdir. Hywa hany
onuň näjüre adamdygyna göz ýetirmek üçin ýanyna çagyranda, onuň
edermenligine göz ýetiripdir-de Ahal türkmenlerinden salgyt alynmagyny goý bolsun edipdir.
Çopan serdaryň edermenligi barada Abdysettar Kazynyň Jeňnama
"Tekeleriň Uruş Kyssa Kitaby" atly eserinde şeýle setirler bar:

Sag ýanyndan gelen Çopan serdaryň
Ajdar dek demine dartar duşmanyn.

Çopan serdar Gökdepe galasynyň synmagynyň öňüsyrasy Germaw
adyndaky galaň ýanynda ýüz beren söweşde aradan çykypdyr diýip
görkezilýär. Şol wagt ýüz beren söweşde, Çopan serdaryň ýanyndakylardan-batyrlardan ýalňyz ýekeje adamyň sag-aman oba gaýdyp gelenligi bildirilýär. Çopanyň mazary-da, gara daglaryň
arasynda galýar. Çopan serdar barada soňra il arasynda şeýle bir goşgy ýaýraýar:
Çopan batyr halkyň hany
Köp gyryldy adam sany
Germawda döküldi gany
Arman goýdy ili-güni.

Indiki goýjak temalarymyz Juneyit han, Dykma serdar we Eziz han hakynda bolar.
7
382
Myhman Myhman
19 Yanwar 2020
berekella ýokary okuw jaýlarynyñ synaglarynda geljek soraglat dowam ediñ
Myhman Myhman
17 Yanwar 2020
Malades agam senden tamada şeýledi
Myhman Myhman
17 Yanwar 2020
gaty gowy,?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.