EZIZ HAN
(1887-1919)
Gurbanmämet serdaryň ogly Eziz, 1887-nji yýlda Ahalyň Herrikgala
obasynda dünýä gelýär. Gurbanmämet (Çapyk) serdar alamançylyk
işlerinde ýolbaşçy bolupdyr. onuň kakasy (Eziz hanyň atasy) Nepes
Kuwwat ýaşlyk döwründe alamançylyk edipdir. Eziz hanyň kakasy we
atasy Gökdepäniň goralyşyna aktiw gatnaşypdyrlar.
Garyp düşen Çapyk serdar, 1917-nji yýlda aýaly Ogulgerek, ogullary
Salyh, Kasymguly we Eziz bilen birlikde Ahaldan Tejeniň Agalaň
obasyna göçüp barýar we daýhançylyk bilen meşgul bolýar.
Eziz han, I.jahan urşy wagtynda padeşah Russiýasynyň buýrugyna
garamazdan goşun hataryna goşulmaýar we Owganistana geçýär.
Soňra Fewral ynkylaby wagtynda Tejene gaýdyp gelýär we il arasynda
asudalygy ornadyp uly ad-abraý gazanýar.
Oktoberden soňra Eziz han Sowetleriň tarapyna geçen-de
bolsa,kommunistlar gysga wagt soňra sözlerinden dänip oňa
ynamsyzlyk bildirýärler, şondan soň Eziz han Menşewikleriň
(kommunistik hareketlere garşy çykyş eden topar) tarapyna geçýär
we ol ýerde Oraz Serdaryň ýolbaşçylygynda gulluk edýär. Soňra ol
Oraz serdaryň ýanynda galman öz adamlary bilen Agalaň taraplaryna
çekilýär.
Tejen taraplarynda öz hanlygyny yglan edenden soňra Eziz han,
Tejenden galla äkidilmegini gadagan edýär we özi salgyt hem gümrük
yýgnap başlaýar, özüne tabyn bolmaýanlary mugyra getirýär. onuň bu
işlerini hökümet halamandyr. Agala-y basyp almak üçin Bolşewikleriň
hem Menşewikleriň geçiren gandöküşikli çozuşlaryndan soňra-da öz
rayýndan dänmändir. Ol daýhanlaryň serdary hökmünde ykrar
edilipdir.
Eziz hanyň ýaşan döwründe heniz padeşah goşunlarynyň
basybalyjylykly çozuşlary netijesinde Gökdepede dökülen nähak ganlar, halkyň a-yndan çykyşmandy we ruslara ynamsyzlyk dowam
edýärdi. Şondan çürim Eziz hanyň, padeşahyň galyndylarynyň
golunda bolan Aşgabat bilen öz arasyndaky gatnaşyklaryndan göwni
hoş däldi.
Ol, ahyrso-y Sowetleriň barlygynda özüne hanlyk ýetdirmejekligine
göz ýetirýär we Sowetleriň tarapyna geçmegi makul görýär, ýöne ony
ynkylabyň garşydaşlary İ-lisleriň ýardamy bilen tutýarlar we ahyrso-y-
da ony galtaman hökmünde garalap atýarlar. 1919-nji yýlyň ýazynda
atylmak üçin äkidilende: “ýüregimden atyň!” diýip barmagy bilen
kükregini görkezýär we “ýöne musulmançylyga layýklykda jaýlaň”,
diýip olara ýüzlenýär.