sahet_ashyrov
20.11.2020 14:52
"GARYPLARY-DA HALAS EDERLERMIKÄ?"

Käte topbak-topbak gazet okaýarsyñ, ýalan-ýaşryk zatlardan doly. Okasyñ gelenok.
Sebäbi, olaryñ birinde-de bir gram duz-tagam, et ýok.
Ýöne käte bir sorag berersiñ. Hemme zat et-kemige bürenýär.
Ümmigül hakdaky habar, ine, şeýle habarlaryñ biridi.
Heniz ýedi ýaşyndady. Ol şeýle bir sorag beripdi weli, ýakamyzdan ebşitläp tutup, enter-pelegimizi çöwrüpdi.
2006-njy ýyldy. Okuwçylara ýer titreme howpy barada düşünje bermek üçin raýat goranyş ugrundan sapak geçilýärdi, bular sapaklar üçin Balykesiriñ Burhaniýe raýonynda respublikan başlangyç mekdebine gelipdiler.
2006 yılıydı.
Raýat goranyşyñ hünärmenleri düşündirýär, okuwçylar öz gezeginde bu zatlardan habarly bolýardy.
Iş karýeramyñ iñ ýatdan çykmajak pursatlarynyñ biri hut şol wagt bolup geçdi.
Birinji synp okuwçysy edeplilik bilen elini galdyrdy. Onuñ soragy şu boldy
“Ýer titrese, garyplary-da halas ederlermikä?”
Zal imi-salalyga bürendi.
Göýä binanyñ üçegi çöken ýalydy, iñ ezber raýat goranyş hünärmenleriniñem duýgularyndan ýüzin salyp at geçen ýaly bolupdy, jogap berenokdylar.
Çünki, soragdaky ajy hakykat diýseñ agyrdy.
"Adam başyna düşýän girdejiniñ deñsizligi, sosial adalatsyzlyk, haksyzlyk" düşünjesi ýedi ýaşlyja çagajyklarymyzyñam gülden näzik ýüreklerine agram berip durdy.
Gynansak-da, korona meselesinde-de şeýle.
Synpy häsiýetli wirus.
Edil ýer titrände bolşy ýaly, hemmeler bir wagtyñ özünde bela uçraýar, emma, garyp-gasarlary has köp öldürýär.
Meselem, işçiler...
Bir tarapdan-a “durmuş öýe sygýar, öýden çykmañ” diýilýär, bir tarapdanam işçiler işlemäge mejbur edilýär. Netije? Sindikatlaryñ geçiren barlaglaryna görä, işçileriñ pozitiw waka sany ýurt boýunça alanda dört esse köp.
Ýerlerde işläp ýören maşgala lukmanlary edara-binalaryñ garawuly, kurýer, garson, tam süpüriji ýaly pes aýlykly işlerde işleýän ildeşlerimizde munuñ hasam köpdügini aýdýarlar.
Teleýaýlymlarda gürlemänu halaýan professorlarymyza tomaşa edýäris: diýseñ gowy maslahatlary berýärler, "saglygyñyza gowy serediñ, organizmiñizi güýçli saklajak boluñ. Koenzimi (koferment), alfa lipoik kislotasyny, sinki baýlaşdyryñ "D" witaminini ahmal etmäñ" diýen bolýarlar.
Aýdýan peýdaly maslahatlaryñyzy etmäge puly nireden tapmaly, byradar?
Ujyz maslahat ýaly "izolýasiýa üns beriñ" diýýärler, ýetde-gütde ýaşaýan ildeşlerimiziñ 3-4 maşgala bolup bir öýde ýaşaýanyny bilmeýän ýaly hamala.
Hyryn-dykyn dolup gatnaýan metrobuslaryñ bir ýylda daşaýan ýolagçysy Hytaýyñ ilatyndan ep-esli köp. Siz haýsy izolýasiýadan söz açýarsyñyz, gadyrdanlar?
Lukmançylyk barlaglarynda-da adam saýlap barlanýandygy ýalanmy?
Arkañ güýçli bolsa, lukmanlar toparyny öýüñe çagyrybam barlagdan geçip bilýärsiñ.
Garyp bolsañ, hassahananyñ agzynda sagatlap nobata durmaga mejbursyñ.
Pozitiwmiñ, negatiwmiñ - ykbalyñ soñky netijesini bilmek üçin birnäçe günläp garaşmaga mejbursyñ.
Herkes uly umyt bilen koronawirus waksinasynyñ gelerine garaşýar, ýöne, puluñ bolmasa, saglyk ätiýaçlandyrmañ bolmasa, iñ bärkisi dümewiñ sanjymyny etdirip bilýäñizmi özi?
Inen hut şonuñ üçinem...
Resmi taýdan mälim edilen statistiki görkezijiler 12 müñ adam diýip berýän bolsa, alternatiw maglumatlar 30 müñden gowrak ildeşimiz aradan çykan bolsa, ýogalandygy mälim edilen adamlaryñ sany 100-den geçenok!
Hakydañyza ser salyp görüñ, haýyş.
Koronawirusdan ölendigi üçin ady-familiýasy habarlarda tutulan, koronawirusdan ölendigi barada gazetlere habary berilen, teleýaýlymlarda gören näçe kişiñiz bar?
Ýüzden geçmez. Bar, aýdaly, iki ýüz bolsun. Galany nirede? Galany - garyp-gasarlar.
Metbugata sesini ýetirip bilmeýän, boljak iş bolýança hassahana hyzmatyndan peýdalanyp bilmeýän, öýüne gönderilen, çäresizligi bilen başa-baş goýlan, sessiz-sedasyz gara ýere duwlanan garyp bendeler.
"Pakyr-pukara, garyp-gasar" edebiýatyny perde edinip häkimiýet kürsüsinde oturanlar, ine, şonuñ üçin, aslynda näçe kişiniñ ölendigini, kimleriñ ölenini, haýsy şäherlerde ölenini gizleýär... Adamlary adam hökmünde däl-de, ýönekeý sandan ybarat ýaly görülmegine sebäp bolýar.
Çünki, ölen pahyrlaryñ ady-familiýasy biruçdan mälim edilse, haýsy şäherlerde işländiklerini we nirde ýaşandyklaryny bilsek, diñe koronawirusyñ getiren netijesini däl, eýsem, şol bir wagtyñ özünde adam başyna düşýän girdejidäki deñsizligi, sosial adalatsyzlygy hem görjegimizi bilýärler.
Logosynda “adalat” we “galkynma” sözleri bolan partiýanyñ, aslynda, göz-görtele kimleriñ ölümine göz ýumandygyny görersiñiz.
Hut şonuñ üçinem…
Her gün agşam ýönekeý san görkezijilerden ybarat maglumatlara gözüm düşende, Ümmigüliñ soragy añymda ýañlanýar:
“Garyplary-da halas ederlermikä?”

Ýylmaz ÖZDIL.

"SÖZCÜ" gazeti, 18.11.2020 ý.
6
168
sahet_ashyrov
19.11.2020 09:19
METJIT ÝANGYNYNYÑ ERDOGAN BILEN BAGLANŞYGY

"Sabah" gazetinde işleýärkäm merhum Ufuk Güldemir ýazuw işleri boýunça bölümiñ ýygnagynda maña seredip, şeý diýerdi:
- Seniñ gözüñ başgaça seredýär, pikiriñi aýt?
Ufuk halypa ikimizi gazetden kowanlaryndan soñ, "Sabahyñ" ýazuw işleri bölümi bu sözi birnäçe ýyllap ýañsylap gezdi!
“Gözüñ başgaçalygy” nämededi?
Ýazaýyn:
Bosforyñ taryhy eserlerinden "Waniköý" metjidiniñ ýakylmagy bilen Erdoganyñ ykdysady we hukuk sistemasynda üýtgeşmeleri girizjekdigi baradaky aýdanlarynyñ arasynda näme baglanyşyk bolup biler?
1600-njy ýyllar Osmanlynyñ fetif döwrüniñ paýawlan döwri. Maddy çeşmeleriñ azalşan çarkandakly bu döwri syýasy, medeni-dini fundamentalist hereketleri orta çykardy. Muña mysal hökmünde agyr krizise düşen garamaýaklaryñ arasynda güýç toplan kadyzadalary-fakylary görkezip bolar…
Kadyzadalar döwletiñ pese düşmegine tasawwufy we tarykatlary sebäpkär hasaplady. Olaryñ pikiriçe, Hezreti Muhammediñ (s.a.w) ýaşan döwründen soñ orta çykan täzelenmelere ýol berilmese gowy boljakdy.
- Azanyñ owaz bilen okalmagyna;
- Salawat getirilmegine;
- Gonamçylyklara zyýarat edilmegine;
- Metjitlerde birden artyk minaranyñ bolmagyna;
- Zikir edilmegine we başga-da birnäçe dini edim-gylymlara garşy çykdylar.
Şeýle-de, kaşykda (çemçede) nahar iýmek, bulgurdan suw içmek, don geýmek gadagançylyklary oñladylar! Hatda matematikanyñ öwrenilmegine-de garşy çykdylar!
Şol döwrüñ alymlaryndan Kätip Çelebi bulary “akmaklar” diýip atlandyrsa-da, patyşa Mämmet IV-niñ goldawyny alan kadyzadalar möwlewi we halweti tarykatlary gadagan etdirdi, bekdaşy tekgelerini ýykdyrdy. Professor Abdylbaky Gölpynarlynyñ aýtmagyna görä semanyñ gadagan edilen 1666-njy ýylynda müñe golaý möwlewi öldürildi!
Nyýazy Müsri ýaly tasawwuf danalary sürgüne ugradyldy...
Gepi uzadyp durmaýyn:

■ KADYZADA “GETTOSY”

"Waniköý" metjidi ýananda žurnalist Ahu Özýurt sms ugratdy:

"Akýagyz musulmanlaryñ syry. Ependi -2" (“Beyaz Müslümanların Büyük Sırrı. Efendi-2”) kitabyny okap durdym, ýangyny gören badyma ýadyma möwlewiler düşdi... Kim ýakdy? Şübhesiz, möwlewiler ýakmady."
Kitabymda möwlewileriñ “Waniköy” metjidine “Vani Jani” diýýändiklerini ýazypdym. Sebäbi metjidi Wani Mämmet ependi gurdurypdy..
Döwrüniñ sadrazamy (baş weziri) Köprüli Mämmet paşa kadyzadalara seresaply çemeleşýändigine garamazdan, onuñ ölüminnden soñ baş weziriñ kürsüsine oturan Köprüli Fazyl Ahmet paşa kakasynyñ tutan ýolundan tapawutly ýol tutdy. Ol Erzurumda wagyz edip durka tanşan kadyzadalara ýakyn Wani Mämmet ependini 1661-nji ýylda Stambula getirip, ilkinji ädimini ätdi.
Wani Mämmet "Yeni Jamii" metjidiniñ wagyzçylygyna bellendi. Dini duýgulary oýandyrýan söhbetleri bilen patyşanyñ ynamyna girdi. "Hajeýi-sultani" ünwany bilen şazada Mustapa II-ä mugallymlyk etdi.
Emma düýp mesele şudy:
Bugünki gün “Waniköý” ady bilen tanalýan raýony patyşa Wani Mämmede beripdi. Olam öz gezeginde bu ýerde maşgalasyna we kadyzadalaryñ görnükli wekillerine “getto” mikroraýonynu gurdurypdy.
Ine... halk arasynda “Waniköý metjidi” ady bilen tanalýan we düýn ýakylan "Wani Mämmet ependi" metjidi 1665-nji ýylda açylypdy. Şeýle-de, kadyzada taglymynyñ okadylýan medresesi we 27 sany kenarhana-(willa) gurduryldy.
Wani Mämmediñ körekeni Feýzulla ependi we onuñ nebereleri şeýhulyslam wezipesine bellendiler...
Netijede, Wani Mämmediñ liderligindäki kadyzadalar getto gabalyp, sistema bilen integrasiýalaşdyryldy.
Erdogany ýatdan çykaramok...

■ METJIT METAFORASY

Waniköýde kadyzada taglymaty bilen gurulan kompleksler wagtyñ geçmegi bilen ýykyldy ýa-da eýesi çalyşdy.
Mysal üçin, metjit... aw mahaly Mahmyt I namaz okamaga gelendigi üçin 1752-nji ýylda "hüñkär mahfili" goşmaça korpusy guruldy we düýpli-abatlaýyş işleri geçirildi.
Şol sanda, wagtyñ geçmegi bilen diwarlaryñ kemerlerine we münbere ýewropa stilli barokko bezegler edildi. Minaranyñ şerefe we külah kysmyna günbatarlylaşma bilen arhitektura gelen “girland motiwler” gonduryldy.
Kadyzada metjidi wagta ýeñildi. Diñe olam däl... “Kadyzada gettosyndaky” mülkler wagtyñ geçmegi bilen eýesini çalyşdy, düýbünden başga hili ýaşaýyş formalary peýda boldy. Mysal üçin, Wani Mämmediñ neslinden (Abdylhamyt II-niñ körekeni we Maliýe ministri) Ahmet Nazif paşanyñ willasynda häzir Zeýnep Sabanjy oturýar we ş.m.)
Durmuş - jedelsiz hasaplanýan islendik dogmatizmi ýeñýär!
A Wani Mämmet? Patyşany Wenanyñ eýelenjekdigine yryp, goşunyñ wagyzçylygyny boýnuna aldy we Wena ýeñlişiniñ sebäpkärlerinden hasaplanyp, Bursa Kestele sürgün edildi. Bir ýyldan soñam öldi...
Iki ýyl öñ Erdogan şeý diýipdi:
“Yslamyñ hökümleriniñ zamanabap teswirlenmegi gerek. Siz yslamyñ 14-15 asyr öñki hökümlerini, alaga-da, bugün ýola goýup bilmersiñiz…”
Kadyzadalar hakykaty wagtyñ-heññamyñ hakykatyny görkezýär, sap formatiw garaýşa aslyşyp, akyl-paýhasdan çetleşip gelejegi gurup bilmersiñiz.
Hawa... wagtyñ içinde özgeren goşmaça arhitektura gurluşy bilen "Waniköý" metjidi "özgermeýän ýeke-täk zat - özgerişiñ özüdir" garaýşynyñ aýdyñ subutnamasydyr...
Erdoganyñ reforma talaby hökmanylykdyr, meseleleriñizi subýektiw däl-de, diñe obýektiw hakykat arkaly çözüp bilersiñiz, özüñizi we siziñ agzyñyza añkarýan gatlagy yslamy sözler bilen joşduryp däl. Ýogsam... "Kadızada gettosy” we iñ soñky metjit ýaly ýom-ýok bolup gidersiñiz.
Şeýle-de... kärdeşlerimiñ düşünmedik "gözüñ başgaçalygyndan" maksat, analitik seljeriş nukdaýnazarydyr.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 17.11.2020 ý.
4
88
sahet_ashyrov
18.11.2020 16:07
HEZRETI ALY WE TÜRKMENISTAN

Taryhda doly göz ýetirilmän, ters düşündirilýän wakalar hem az däl. Araplar şindi Abu Talyp, ýagny hezreti Aly halyf dirikä türkmen topragyna dolýarlar. Gülläp oturan kuwwatly şäherler Amul, Merw, Horezm, Ürgenç, Abiwerd ata-baba edähedine eýerip, duşman bilen söweşmäge derek şäher derwezesini açyp paç bermäge, raýat bolmaga kaýyl bolaýýarlar? Näme üçin? Bu meselede biziň ata-babalarymyzy aýyplaýan ylmy çeşmeler hem az däl, emma hakykat diýibem bir zat bar.
Birinjiden, araplar diňe gylyç, ok-ýaý, naýza bilen ýaraglanan däl. Olaryň has kuwwatly ýaragy bar: ideologiýa ýaragy. Ideologiýanyň nähili elhenç ýaragdygyny XX asyr görkezdi. Marksyň kellesinde dörän, Lenin hem beýleki rewolýusionerler tarapyndan alawladylan taglymat dünýäni ikä bölüp, adamzadyň başyna nähili külpetleri getirdi? Araplaryň ýaragy leninizmden müň esse güýçli ýaragdy, olaryň taglymaty Yslam dinidi. Olar talaňçylyga gelmän, Hudaýy, Muhammet pygamberi, dünýäniň iň arassa dinini alyp gelipdi.
Ikinjiden, ol mahallar türkmen topragynda hem bir Hudaýlylyk höküm sürýärdi. Türkmeniň Hudaýy Taňrydy. Ot däldi, but däldi, köp Hudaýlylyk däldi. Hut araplaryňky ýaly bir Hudaýdy, özem asmandady! Diýmek, biziň ata-babalarymyz arap basybalyjylarynda öz meslekdeşlerini tapdylar. Türkmenler – oguzlar «Alla» diýip Asmana, ýagny Taňra düşünýärdi, araplar bolsa Asmanda bar bolan beýik gudrata, Alla!
KöpHudaýly, butHudaýly, otHudaýly daş-töwere-gindäkiler bilen käte söweş gurup ýören halkymyz öz pikirdeşini, meslekdeşini näme diýip gylyç bilen garşylamaly? Araplar hem eýýäm dünýäni, halklary, dinleri öwrenen araplardy. Olar türkmeniň ýeke Hudaýlydygyny bilýärdiler. Şeýlelikde, araplar şähere girmän, Merwe öz ilçilerini – Abdyllah ibn Emiri ugradýar hem şertlerini aýtdyrýar. Merwiň marzbany 2200000 dirhem, köp mukdarda arpa-bugdaý salgyt tölemäge borçlanyp 652-nji ýylda şäheri söweşsiz tabşyrypdyr. Bu pul köp pul däl!..
Emma şäheriň töweregindäki obalarda ululy-kiçili gozgalaňlar turup başlaýar. Merwiň marzbany Mahuýe kömek sorap Abu Talyp Ala ýüz tutýar. Beýik halyf hezreti Alynyň merwlilere ýazan ýüzlenmesi biziň günlerimize gelip ýetipdir:
«Merhemetli we beýik Allanyň haky üçin, adalatly ýol bilen barýanyň üstünde rahatlyk bolar. Merwiň marzbany Abraz Mahuýäniň özi meniň ýanyma geldi. Men muňa hoşal boldum. Bu hem 36-njy ýylda ýazylan».
Yzýany Alynyň Kufda ähtiýalanlyk bilen öldürilmegi, tagt-halyflyk üstündäki göreşler Merwdäki ýagdaýlara hem otrisatel täsir edipdir. Merw biziň beýleki şäherlerimizi almak üçin araplara daýanç merkezi bolup hyzmat edipdir. Şeýlelikde, türkmenleriň beýik üç diniň birini kabul etmesi başlanýar...
Araplar bilen halkymyz şeýdip birleşdi. Olary ýeke Hudaýlylyk birleşdirdi.

Osman ÖDE.
5
122
sahet_ashyrov
17.11.2020 09:35
ALTY ÝYL ÝESIRLIKDE

Mehmet Ziýa beý (Ýergök) Köpriköý we Sarygamyş meýdan söweşlerine 83-nji polkuñ serkerdesi bolup gatnaşypdy. Onuñ alty ýyl dowam eden ýesirlik durmuşy (30.01.1915-21.08.1920), ynha, şu söweşden soñ başlaýar. Ol şeýle bir zatlary ýazypdyr welin, okap barýarkañ, birdenkä özüñi söweş meýdanynda bilboýy garlara batyp-çykyp ýören ýaly duýýarsyñ, üşäp başlaýarsyñ. Soñra ýesirlik durmuşy, gaçmaga hyýallanmalar, gaçyp barýarkañ tutulyşyñ göz öñüñde janlanýar.
Sarygamyşda şeýle bir wakalar bolup geçipdir welin, 90 müñ esgerimiziñ nämüçin şehit bolandygyny, wakalary öz başyndan geçiren we başdangeçirmelerini ýazan serkerdäniñ hut öz agzyndan eşidýäris. Serkerde şol döwre degişli täsin pikir ýöretmeleri, harby taýdan goýberlen säwlikleri aýdyp berende, döwrüñ wakalaryna baha bermäge-de aýratyn bir penjire açýar.
Professor Bingür Sönmeziñ sözbaşysy bilen "Tarihçi" neşirýatynda çap edilen ýatlamalardan käbir bölekleri dykgatyñyza ýetireýin, goý, şol agyr günlerde halkymyzyñ nähili horluklary başdan geçirendigine azajygam bolsa göz ýetireliñ.

■ OÝUN EDÝÄNDIR ÖÝDERSIÑIZ

" - Ezizim, mundan beýläk serişdä we ok-därä garaşmañ. Duşmany tüpeñiñ naýzasy bilen kyhlañ. Munuñ üçin ok-däriniñ geregi ýok. Gerekli zatlaryñyzam "Tekâlif-i Harbiýe" usuly bilen mülkümizden, daýhanlarymyzdan, duşmanyñ eline geçen ýerlerimizdäki duşman ammarlaryndan we duşman obalaryndan alynar. Ýakynda gitjek ugruñyzy-da aýdarys.

- Oýun etme, ok-därisizem bir urşularmy? Tüpeñ naýzasynyñam gerek ýeei bardyr, elbetde, ýeri gelende naýzaly hüjümem ederis.

- Oýun edere ýagdaý ýok. Baş serkerdeligiñ buýrugy şeýle, etjek zadymyz ýol. Mundan agyr ýerine ýetirip bolmajak görkezme gelende-de, ýerine ýetiräýmeli. Gitjek ugruñyzdan ýük we ulag haýwanlary-da kyn geçýär. Çar ýanyñyz galyñ gar bilen gurşalan. Ýükli arabalar we meýdan toplary Oltynyñ üstünden geçiriler. Gepiñ keltesi, öz başyñyzy özüñiz çarajak boluñ.

■ HELÄKÇILIGIÑ BAŞLANGYJY

- Ýöriş diýseñ gözgynydy. Esgerler birje ugur bilen boýy bir metdenem galyñ garlaryñ içinde itenek-çokanak bolup zordan ýol aşýardy. Howa -15-20°, esgerleriñ goşhaltasynyñ agyrlygy 30-35 kg. Agyr ýükün astynda ýegşerilip barýan esgerler derläp, dynç almak üçin ýoluñ gyrasynda dyz epýärdiler.

- Asyl heläkçilik şundan soñ başlaýardy. Akly-huşy üýtgän, janyndan doýan adamlar tüpeñlerini aýaklarynyñ arasyna salyp ýere çommalýardylar, şodurşuna-da doñup galýardylar, ýañsylaýandyr öýtmäñ welin, neresseleriñ bolup ýatyşy gorky daşlaryny ýada salýardy. Ýoluñ ugrunda şu ýagdaýda doñup ölüp galan ýüzlerçe esgere duş geldik. Içimden ýaralanyp başyma pyrlanyp ýörkäm birnäçe betpygyl esgere-de gabat geldim. Bu naýynsaplar hamala özleri ölmejek ýaly bihaýalyk bilen gözgyny bolup ýatan şehitleriñ üst-başyny, jübülerini dörýärdiler, tapan zatlaryny alýardylar. Bularyñ ajalyna garaşyp ýatan mahlukdan tapawudy ýokdy.”

■ SOWUK SIBIRIÑ KONSLAGERLERINDE

Ziýa begem ruslara ýesir düşdi we hepdeläp dowam eden otly ýolagçylygy başlady. Ýesirleri uzak Sibirdäki konslagerlere äkidýärder. Heniz Kars bekedinde otla mûnûp Tbilisä hereket eden wagtyndan başlap kellesinden ýaralydy, eşikleri kirläp we bitläp gidipdi. Sibire baryp, ýuwnup-ardynandan soñ germaniýaly, awstriýaly we wengeriýaly ýesirler bilen birlikde ilki Krasnoýarsk, has soñrak Semipalatinsk konslagerlerine ýerleşdirildiler. Lagerlerdäki marketleri, iş ýerleri, hammamy we dellekhanalary baý awstriýaly ýesirler ýöredýärdi. Eger musulman tatarlar hossar çykyp, howandarlyk etmedik bolsalar, biziñ ýesirlerimiz açlykdan-horlukdan ýaña näme boljaklary belli däldi. Tatar doganlarymyzyñ saýasynda ýesirlerimiz azajygam bolsa arkaýynlaşyp, daşary ýurt dilini öwrenip, soñabaka kem-kemden bendilikden halas bolmaga synanşyp başlapdyrlar.

■ - 60°

Sibirde iñ maýyl aý iýun. Gün deñleşenden soñ howa kem-kemden sowamaga başlaýar. Ýagyş bu döwürde kän ýaganok. Awgust aýy biziñ sentýabr aýymyz ýaly. Agaçlaryñ ýapragy kem-kemden saralýar, oktýabr aýynda saralmaga ýuwaş-ýuwaşdan dökülmäge başlaýar. Noýabr aýynyñ ortalanda hökümet öý peçlerine odun paýlap başlaýar.
Noýabr aýynyñ ahyrynda et üçin bakylýan sygyrlar öldürilýär we ammara basylyp goýulýar. Sebäbi mundan soñ howa maýlanok, etler doñup buza dönýär. Indiki ýyl täze et çykýança şu etlerden satylýar. Günüñ dürli wagtynda bir sagat ýalyrak -60° bolsa-da, şondan başga wagt -30°, hatda -20°-a çykýar.

■ HEMMESI BOLUP GEÇEN ZATLAR

“Sowukdan ýaña daşky diwarlaryñ iç ýüzleri şor tutýar. Ýoldaşlarymyzdan Erzinjanly Gani daşky diwaryñ öñünde ýatandygy sebäpli gazaply romatizma keseline uçrady. Meniñ bilen bile Bilbil Ahmet paşanyñ oglh Şewkey beýem daşky diwara ýanaşyk ýerde ýatýardyk. Wagtyndan öñ sowugyñ aladasyny edip, diwaryñ iç tarapyna 30 sm-den galyñ tagta goýup, bularyñ arasynda ýatdyk we romatizmadan aman sypdyk.”

Romatizma dagy näme… ýaşaýyş ugrunda aldym-berdimli göreş, lagerden gaçyşlary, ele düşüşleri, türmede bitlemejek bolup jan edişleri... ynanar ýaly däl. Emma, hemmesi-de hakyky başdan geçirmeler, hemmesi hakykat. Demiñ demiñe ýetmän okaýarsyñ, özüñi käte Allahuekber daglaryndan, käte Sibiriñ konslagerlerinden, käte-de gaçgak ýollaryndan tapýarsyñ. Professor Bingür Sönmez Mehmet Ziýanyñ ýatlamalaryny kitap görnüşine getirip, şol agyr günleri başdan geçirenleriñ agzyndan taryhymyza-da ýene bir gezek çyra tutdy.
Eli-gözi dert görmesin, jany sag bolsun.

Saýgy ÖZTÜRK.

"SÖZCÜ" gazeti, 13.11.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
7
74
sahet_ashyrov
16.11.2020 12:46
ENE HAKYNDA HEKAÝAT
(Öz eneme hem seniň eneňe bagyşlaýaryn.)

Eller.

Özümi bilelim bäri, ejem kolhozda çopan bolup işleýärdi. Mallary iýmlemek üçin ýygýan otunyň, garýan tirtiniň derdinden, ejemiň elleri garalýardy, jaýrylýardy. Ýazlyk bugdaý ekmek üçin sürlen meýdan ýaly çylgaw-çylgaw bolar durardy.
Bir gezek men kiýewli dostlarymy ejemiň ýanyna myhmançylyga çagyrdym. Olary dogduk obamda örän dabaraly garşy alasym geldi, hatda ejemiň elleriniň garamtyl çylgawlaryny hem ýuwmaga girişdim.
Dyzymyň üstünde ýyly suwly mis legeni goýdum-da, ejemiň ellerini sabynlap, sürteç bilen ýuwmaga başladym.
—Sürtäbem oturma, oglum! Biderek ýere jan çekýäň. Bular kir däl ahyryn. Güne garalan. Indi bular ömürbaky aýrylmaz. Goý, bolşy ýaly dursun. Ýa-da sen dostlaryň öňünde meniň ellerimden utanýarmyň?
Birhili boldum. Onuň mähriban ellerini ogşadym. Bizi eklemek üçin garalan elleri bagryma basdym.

Ýalňyzlyk.

Kakam aradan çykandan bäri bir ýyl töweregi geçipdi. Bir gün öýümize şol töweregiň belli orakçysy Grigoriý daýy geldi. Ol ejeme buýtar-suýtarsyz şeý diýdi:
—Tanýa, bu gol doly çagany ýeke özüň eýgermersiň. Menem ýanyňa kömekçi al, çagalary iki bolup terbiýeläli.
Ejem sesini çykarman köp oýlanyp oturdy. Soňra hemmämize maslahat saldy. Soňra uly doganlarym çaga gömelteýligi bilen gös-göni şeý diýdiler:
—Daýy, siz gidiň! Eje, senem biziň gaýgymyzy etme, biziň özümizem ösüp, uly adam bolarys.
“Grigoriý daýyny maşgalamyzyň hataryna goşalyň” diýip, ejem gijäniň bir wagtyna çenli töwella etdi. Töwellasyny almadyk!
Şol günüň ertesem uruş başlandy...
Grigoriý daýy fronta ugrap barýarka, biziň öýümize sowuldy.
—Gaýrat et Tatýana... Dolanyp gelýänçäm, çagalaryň ullakan bolar, hemme zada düşünerler...
Biziň obamyzdan urşa gidenleriň dört ýüz ýigrimisi dolanyp gelmedi. Grigoriý daýy hem...
Şondan ýigrimi ýyl geçenden soň, ejem bize şeý diýdi:
—Görýäňizmi, balalam, nähili boldy?! Siziň-ä öýleneniňiz öýlenip, äre çykanyňyzam äre çykyp, höwürtgäňizi taşlap gitdiňiz. Meniňem ýeke özüm gugaryp galdym. “Çagalar diňe özüni bilýär, eneler bolsa hemişe çagalary üçin ýaşaýar” diýip, il-gün dogry aýdýar-la...

Towşanyň çöregi.

Igliligimiň derdinden, çagalykda çörekden doýanym ýadyma düşenok. Faşistleriň ýöriş edýän wagtlary gyş-a gyş welin, ýaz aýlary hem gaty açdyk. Ejem işe gitjek bolanda herimiziň elimize bir döwümjik çörek bererdi. Özüniň işe göterinýän çöregi bolsa bize berýänindenem azdyr.
Ol giç agşam işden ýadaw dolanyp gelerdi. Akja düwünçegini çözüp ýaglygynyň arasyndan bir döwüm çörek çykarardy-da:
—Al, guzym! Bu çöregi saňa towşan iberdi— diýerdi.
Meniň biçak ynanýan bu ertekimiň syry bir gün aýan boldy: uly doganym böwrüme dürtdi-de, ýuwaşja şeý diýdi:
—Ejem-ä öz paýyny iýmän saňa getirip berýär. Senem towşan iberendir öýdüp...
Ýuwutjak bolup oturan çöregim bokurdagyma tegek boldy. Boýurganyp aglaýardym, hemem çöregi towşanyň iberýändigine ynanasym gelýärdi...

Içmek.

“Okuwymy gutaraýsam, saňa bir owadan, gymmatbaha içmek alyp bererin” diýip, ejeme wada beripdim.
Beren wadamda tapylýançam, köp ýyllar geçdi.
Ejem içmegi geýip, aýnanyň öňüne bardy-da, göýä özüni tanamaýan ýaly uzak wagtlap keşbine seredip durdy. Belki, şol pursatda onuň ýeňil düşmedik durmuşy göz öňüne gelip geçendir? Ýaşajykka üç sany gyzly dula äre baranyny, oňa dört ogul dogrup berenini, adamsynyň demirýolda pajygaly ýagdaýda aradan çykanyny, ýalňyz özüniň gol doly çagany ese-boýa getirenini ýatlandyr. Hemmesi adam boldy, iň körpesi bolsa, ynha, biçak owadan içmek getirip beripdir...
Ol aýna hasam golaý süýşdi, içmekli duranyň şol owadan aýaldygyny tanandyr-da: gözlerine ýaş aýlandy.
— Oglum, indi men muny geýip ýyrtmaga ýetişmen!
— Ýene telimsini geýip ýyrtarsyň, eje...
— Diýibem oturma, ýetişmen... Şunuň ýaly seýrek geljek bolsaň, görüşsek bir ýa iki görşeris onsoňam meniň günüm batar...
Özüni saklap bilmedi, aglady.
Owadan agyr içmek ýuwaşlyk bilen onuň horja eginlerinden syrylyp, meniň elime gaçdy.

Nikolaý MAŞENKO

Terjime eden: Ahmet Gurbannepesow

"Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011
6
131
sahet_ashyrov
13.11.2020 10:58
PALTA

Gijäň birmahallary aýalym howsala bilen meni ukudan oýardy:
– Gyw, tur! Bir-ä derwezäni ýumruklaýar. Öýüňe tigir dakyp, süýräp gitselerem biljek gümanyň ýok. Tur-a!
Men äm-säm bolup, dikelip oturdym.
– Bar, gör-ä indi. Özüni öldürdi, eşdeňokmy şakyrdysyny?
– Eşidýän… Kim ol?
– Ärim! – diýip, aýalym janyýangynly hüňürdedi. Yz ýanyndan "Äriň bolsa, bar tur-da, özüň aç-da. Maňa nämüçin aýdýaň?" diýerimden çekinýän ýaly, äheňini ýumşatdy. – Men näbileýin kimdigini. Kim bolanda-da, habaryny almaly bor-a.
Derweze dynuwsyz kakylýardy. "Açmalymy, açmaly däl?" diýip pikir etdim. Bimahal çak kimkä? Nämüçin geldikä? Adatça bular ýaly wagt gapy kakýan adam biriniň öldi habaryny getirýär. Kim öldükä? Ýa öýüni tapman ýören serhoşmyka? Behh… Çagyrylmadyk myhman! Garaşylmadyk adam! Giçden soň… I-i-i… Birden başlyk bolaýsa! Aradaky ýaly…
Böküp turdum. "Kim sen? Näme gerek" diýmezden, baryp, derwezäni açdym. Açyşym ýalam tisginip gitdim. Öňümde eli paltaly, çepiksije, nätanyş jahyl haşlap, sojap, gözüni gyrpman, ýüzüme seredip dur.
– Hawa? Näme hyzmat? – diýip, daşky çyranyň yşygyna ony boýdan-başa synladym. Pukara bir ýigide meňzeýär. Eginbaşy köne, aýakgaby ýyrtyk. Özem gaty ýadaw görünýär.
– Neme… Men şu gaýraky ammaryň garawuly. Üç günden bir gün nobatçylyk çekýän. Özümem ýaňyrak öýlendim. Kireýine ýaşaýan.
– Ýeri, onsoň?
– Ýaňy, iş arasynda, edil ýüregim bir zady syzýan ýaly, öýden habar tutaýyn diýip gitdim. Öýe golaýlamda içeriden bir hümürdi eşdilýär. Diň salyp görsem, erkek adamyň sesi. Gelenimi bildirmän, gapa gulak goýup, biraz durdum. Gürrüňlerini aýyl-saýyl eşitdim. Bigäne erkek bilen ikiçäk oturan gelniň düzüw gürrüň etmejegi belli zat. Ýoňsuz bergä batyp, ölüp-ölüp ýeten gelnim azgyn ekeni. Çermeksiz ekeni. Işde mahalym oslanmajak wejeralyga baş goşup ýören ekeni. Ine, onsoň şu paltany nädip elime alanymy bilemok. Haçan aldym, nireden tapdym, bilemok. Ýöne gapa ýetmänkäm paltaly elimiň gowşanyny bilýän. "Häzir ikisinem palta bilen çapsam, bular-a öler gider. Menem ýygnarlar. Basarlar. Iň agyr jezany bererler. Azgynçylyk edýän-ä olar, jebir çekmelem men. Bu karam bolýar-a" diýip pikir etdim. Onda näme etmeli? Titräp, saňňyldap, elim paltaly aýgyt edip bilmän, kän durdum. Ahyry hiç zadam etmeli däl diýen pikire geldim. Aýrylyşyb-a biljek däl, nä günlük bilen öýlendim. Bergim kekirdekden. Bi palta-da gowulygyň üstünden eltjek däl ekeni. Onsoň görmedik, bilmedik bolup gezibermekden başga ýol görmedim…
– Häk, bolmandyr-ow. Gaty gelşiksiz ýagdaý… – diýip, men gynandym. Oglana haýpym geldi. – Indi? Menlik näme hyzmat? – diýip, oňa nädibem bolsa, kömek etmek isledim.
Ol gara-ört ýüzüni gizläp:
– Sen meni tanamadyňmy? – diýip sorady.
– Hany ýüzüňi bir galdyr, özüňi tanatjak bolsaň!
Ýüzüni galdyrdy. Dikanlap, mazaly synladym. Bir ýerde gören ýaly. Sudury tanyş. Kimkä bi bedibagt, allajanlarym?!
– Ýok, tanabilmedim. Äý, huş galdymy indi? Özüň nemedäýmeseň…
Ol ýene kesä bakdy.
– Hmm… Ir döwür, ýaňy öýlenip, şähere göçäýen wagtlaryň ýadyňdamy?
– Hawa.
– Kireýine ýaşaýadyň…
– Hawa.
– Gündiz ýatyp, gije ammarda garawulçylyk çekýäniňem bilýäňmi?
– Behh… Hawa. Sen bu zatlary nireden bilýäň? – diýip, men haýran galdym. Sebäbi ondan bäri gaty köp ýyl geçipdi. Hasaplap görsem, kyrk ýyl dagy bolan ekeni. Bu öňümde duran bolsa, ýaňy kyrkyň ýaryny ýaşana çalym edýär.
Ol sowala jogap bermän, ýene özüme soragly ýüzlendi.
– Hany, şo döwri oňatja ýadyňa sal. Men hiç kime meňzämokmy?
Ýene dikanlap, mazaly synladym. Şo döwürde bile işleşen oglanlarymyň biriniň ogly dagysymyka diýip, şunça oýlandym. Kime meňzetjegimi bilmedim.
– Bir gören ýüzüm öz-ä… Teý ýadyma düşenok.
Ol tanalmanlygyna gynandy, kejikdi. Içini hümledip, dymdy.
Bimahal çak eli paltaly syňsyraklap ýören bu ýigidiň aklynyň düzüwdigine şübhäm bolmasa-da, howatyrlanyp, ony tiziräk ugradanymy kem görmedim.
– Sen ol ammary taşlap gaýdyp, ýaman arkaýyn welin…
– Arkaýyn däl. Gitmeli men. Ammarda adam ýok.
"Onda näme müň takal okap dursuň bärde" diýip içimden igendim. Daşymdan bolsa:
– Ammary biri göterip gidibermesin. Sen seresap bol. Iş ýeriňde otursaň gowy bolar – diýdim.
Ol ýuwdundy. Ajymtyk ýylgyrdy.
– Behh… Seň meni tanamaýşyňa haýran.
Başga wagt bolsa gyzyklanyp, ony hökman tanajak bolardym. Häzir uky bürüp, heläk edýänligi üçin:
– Tanamadym… Bor onda. Men-ä ýatmakçy. Ukym gelýär – diýip, gönüledim.
– Nememi… Aý, bolýa, tanamasaň zeleli ýok. Aslynda-da men tanyşaýyn diýib-ä gelmedim.
"Onda nämüçin geldiň?" diýip gözüm bilen sorag berdim.
– Şu paltany gowşuraýyn diýip geldim… Gerek bolsa…
Nähili tentek oglan eken-aý bi?! Ýeri, men seň paltaňy başyma ýapaýynmy? Ýa paltany maňa berip, hile gurjak bolýarmyka? Şu palta bilen öýünde bir iş goparyp gaýdyp, indem günäsine meni şärik etjek bolýan bolmasyn? Şuň maksady näme? Açyk pyşgyrybam bilenok welin, niýeti düzüw gümbaş däl. Başymdan bela bolup inmänkä, nädibem bolsa, ugradaýyn.
– Gerek däl. Palta geregme däl. Başga aýtjak zadyň ýok bolsa, men-ä ýatjak – diýip, gödeksi jogap berdim.
Ol seňrigini ýygyrdy-da:
– Hä, bolýa-da. Geregi ýok bolsa, men-ä ýöredim onda. Ammary göterip gitmänkäler iş ýerime baraýyn – diýdi.
– Bolýa, sag bol – diýip hoşlaşdym-da, derwezäni içinden kiltledim. Uludan dem aldym. "Indi bir gitdimikä şü? Henizem paltasynyň sapyny oýnap duran bolmasyn?" diýip, derwezäniň yşyndan yşykladym. Ýok, hanha, paltasyny bir elinden beýlekisine geçirip, çalaja sykylyk atyp, haýsydyr bir aýdyma hiňlenip gidip barýar. Gijäň ümsümliginde onuň sykylygyndaky aýdymyň heňi gulagyma durman gelýär. Öz-ä tanyş ýaly, köne aýdymlaryň birine meňzeýär. Bu gamgyn aýdymy bu çaklarda aýdýan ýok. Onsoň men kem-kemden uzaklaşyp barýan oglan sykylygyna goşup, içimden şol aýdyma hiňlenip gördüm. Heňini tapdym. Diýmek, öň bir ýerde diňläpdirin. Nirede diňledimkäm? Birden ýüregimiň iň bir näzik ýerini pos baglap giden kütek pyçak syhaýan ýaly bolup gitdi. Gaýtadan derwezäniň yşyndan seretdim. Seretdim-de, agyr jeňden ýaradar dolanyp gelen esger ýaly, argyn halda yranyp, ýeňsesini tüňňerdip barýan eli paltaly ýigdekçäni – mundan kyrk ýyl ozalky geçmişde galan özümi tanadym.
8
273
sahet_ashyrov
sahet_ashyrov
11.11.2020 15:11
Bu öýde 3 sagat galanlara 500 müň ýewro baýrak berilýär. Bu öýüň içi üç harplylardan doly. Şu wagta çenli goýulan rekord 9 minut. Ol rekordy goýan hem akyl keselhanasynda ýatanlygy aýdylýar. Bu ýaryş
sahet_ashyrov
10.11.2020 13:45
Gadam basyp ädim bilen, baryas geljege sary.
Bütin dünýäde ýaňlanýar, bu gün türkmen owazy.
Älem içre at salýar, bedewlermiz geň enaýy.
Ýaňlansyn dutar-gyjagmyz, ýatmasyn türkmeniň bady.
Asudadyr illeň seniň, jan watanym Türkmenistan.

Awtory: özüm

(Doly görnüşi ýakyn günlerde)...
4
98
sahet_ashyrov
09.11.2020 15:41
Baram bolsa, ýogam bolsa,
Geçdim men günäñi, dostum!
Sen meniñ serimiñ dumany, dostum!
Bir dem bagtly boldum seniñ yşkyñdan,
Indem dilemerin amany, dostum!

Seni gabanmaryn gyzdan-gelinden,
Goý, gözeller lezzet bersin janyña!
Goý, seni söýsünler, ynanaýyn men
Seni söýüp, sende ýalñyşmanyma.

Da:ş ýaly doñduran ýüregmi meniñ
Islän ýeriñe zyñ, "wah" diýmen her hal.
Meñ ýüregim saña gerek bolmasa,
Düşün-ä, ol ýürek nämäme derkar?!

Baram bolsa, ýogam bolsa
Geçdim men günäñi, dostum!
Sen meniñ dilimiñ senasy, dostum!
Säher çaglarynda saýgarmarsyñ sen
Ýaşa dönüp daman sedamy, dostum!

Sen bagtyýar ýaşa, gam-gussa batma,
Ylaýym, duşma-da bela-betere!
Eger bagtyñ ýatsa...
Bir zaman da:şa
Öwrüp zyñan ýüregime büdüre!

Nobatguly REJEBOW.
6
129
sahet_ashyrov
06.11.2020 14:00
Kakam maňa şeýle zatlar öwretdi:
"Harama ýanaşma, halaly gözle!
Il içinde gezgin mydam hemişe,
Ýalandan gaçgynyň, dogryňy sözle!"

Awtory: özüm
7
132