ALTY ÝYL ÝESIRLIKDE
Mehmet Ziýa beý (Ýergök) Köpriköý we Sarygamyş meýdan söweşlerine 83-nji polkuñ serkerdesi bolup gatnaşypdy. Onuñ alty ýyl dowam eden ýesirlik durmuşy (30.01.1915-21.08.1920), ynha, şu söweşden soñ başlaýar. Ol şeýle bir zatlary ýazypdyr welin, okap barýarkañ, birdenkä özüñi söweş meýdanynda bilboýy garlara batyp-çykyp ýören ýaly duýýarsyñ, üşäp başlaýarsyñ. Soñra ýesirlik durmuşy, gaçmaga hyýallanmalar, gaçyp barýarkañ tutulyşyñ göz öñüñde janlanýar.
Sarygamyşda şeýle bir wakalar bolup geçipdir welin, 90 müñ esgerimiziñ nämüçin şehit bolandygyny, wakalary öz başyndan geçiren we başdangeçirmelerini ýazan serkerdäniñ hut öz agzyndan eşidýäris. Serkerde şol döwre degişli täsin pikir ýöretmeleri, harby taýdan goýberlen säwlikleri aýdyp berende, döwrüñ wakalaryna baha bermäge-de aýratyn bir penjire açýar.
Professor Bingür Sönmeziñ sözbaşysy bilen "Tarihçi" neşirýatynda çap edilen ýatlamalardan käbir bölekleri dykgatyñyza ýetireýin, goý, şol agyr günlerde halkymyzyñ nähili horluklary başdan geçirendigine azajygam bolsa göz ýetireliñ.
■ OÝUN EDÝÄNDIR ÖÝDERSIÑIZ
" - Ezizim, mundan beýläk serişdä we ok-därä garaşmañ. Duşmany tüpeñiñ naýzasy bilen kyhlañ. Munuñ üçin ok-däriniñ geregi ýok. Gerekli zatlaryñyzam "Tekâlif-i Harbiýe" usuly bilen mülkümizden, daýhanlarymyzdan, duşmanyñ eline geçen ýerlerimizdäki duşman ammarlaryndan we duşman obalaryndan alynar. Ýakynda gitjek ugruñyzy-da aýdarys.
- Oýun etme, ok-därisizem bir urşularmy? Tüpeñ naýzasynyñam gerek ýeei bardyr, elbetde, ýeri gelende naýzaly hüjümem ederis.
- Oýun edere ýagdaý ýok. Baş serkerdeligiñ buýrugy şeýle, etjek zadymyz ýol. Mundan agyr ýerine ýetirip bolmajak görkezme gelende-de, ýerine ýetiräýmeli. Gitjek ugruñyzdan ýük we ulag haýwanlary-da kyn geçýär. Çar ýanyñyz galyñ gar bilen gurşalan. Ýükli arabalar we meýdan toplary Oltynyñ üstünden geçiriler. Gepiñ keltesi, öz başyñyzy özüñiz çarajak boluñ.
■ HELÄKÇILIGIÑ BAŞLANGYJY
- Ýöriş diýseñ gözgynydy. Esgerler birje ugur bilen boýy bir metdenem galyñ garlaryñ içinde itenek-çokanak bolup zordan ýol aşýardy. Howa -15-20°, esgerleriñ goşhaltasynyñ agyrlygy 30-35 kg. Agyr ýükün astynda ýegşerilip barýan esgerler derläp, dynç almak üçin ýoluñ gyrasynda dyz epýärdiler.
- Asyl heläkçilik şundan soñ başlaýardy. Akly-huşy üýtgän, janyndan doýan adamlar tüpeñlerini aýaklarynyñ arasyna salyp ýere çommalýardylar, şodurşuna-da doñup galýardylar, ýañsylaýandyr öýtmäñ welin, neresseleriñ bolup ýatyşy gorky daşlaryny ýada salýardy. Ýoluñ ugrunda şu ýagdaýda doñup ölüp galan ýüzlerçe esgere duş geldik. Içimden ýaralanyp başyma pyrlanyp ýörkäm birnäçe betpygyl esgere-de gabat geldim. Bu naýynsaplar hamala özleri ölmejek ýaly bihaýalyk bilen gözgyny bolup ýatan şehitleriñ üst-başyny, jübülerini dörýärdiler, tapan zatlaryny alýardylar. Bularyñ ajalyna garaşyp ýatan mahlukdan tapawudy ýokdy.”
■ SOWUK SIBIRIÑ KONSLAGERLERINDE
Ziýa begem ruslara ýesir düşdi we hepdeläp dowam eden otly ýolagçylygy başlady. Ýesirleri uzak Sibirdäki konslagerlere äkidýärder. Heniz Kars bekedinde otla mûnûp Tbilisä hereket eden wagtyndan başlap kellesinden ýaralydy, eşikleri kirläp we bitläp gidipdi. Sibire baryp, ýuwnup-ardynandan soñ germaniýaly, awstriýaly we wengeriýaly ýesirler bilen birlikde ilki Krasnoýarsk, has soñrak Semipalatinsk konslagerlerine ýerleşdirildiler. Lagerlerdäki marketleri, iş ýerleri, hammamy we dellekhanalary baý awstriýaly ýesirler ýöredýärdi. Eger musulman tatarlar hossar çykyp, howandarlyk etmedik bolsalar, biziñ ýesirlerimiz açlykdan-horlukdan ýaña näme boljaklary belli däldi. Tatar doganlarymyzyñ saýasynda ýesirlerimiz azajygam bolsa arkaýynlaşyp, daşary ýurt dilini öwrenip, soñabaka kem-kemden bendilikden halas bolmaga synanşyp başlapdyrlar.
■ - 60°
Sibirde iñ maýyl aý iýun. Gün deñleşenden soñ howa kem-kemden sowamaga başlaýar. Ýagyş bu döwürde kän ýaganok. Awgust aýy biziñ sentýabr aýymyz ýaly. Agaçlaryñ ýapragy kem-kemden saralýar, oktýabr aýynda saralmaga ýuwaş-ýuwaşdan dökülmäge başlaýar. Noýabr aýynyñ ortalanda hökümet öý peçlerine odun paýlap başlaýar.
Noýabr aýynyñ ahyrynda et üçin bakylýan sygyrlar öldürilýär we ammara basylyp goýulýar. Sebäbi mundan soñ howa maýlanok, etler doñup buza dönýär. Indiki ýyl täze et çykýança şu etlerden satylýar. Günüñ dürli wagtynda bir sagat ýalyrak -60° bolsa-da, şondan başga wagt -30°, hatda -20°-a çykýar.
■ HEMMESI BOLUP GEÇEN ZATLAR
“Sowukdan ýaña daşky diwarlaryñ iç ýüzleri şor tutýar. Ýoldaşlarymyzdan Erzinjanly Gani daşky diwaryñ öñünde ýatandygy sebäpli gazaply romatizma keseline uçrady. Meniñ bilen bile Bilbil Ahmet paşanyñ oglh Şewkey beýem daşky diwara ýanaşyk ýerde ýatýardyk. Wagtyndan öñ sowugyñ aladasyny edip, diwaryñ iç tarapyna 30 sm-den galyñ tagta goýup, bularyñ arasynda ýatdyk we romatizmadan aman sypdyk.”
Romatizma dagy näme… ýaşaýyş ugrunda aldym-berdimli göreş, lagerden gaçyşlary, ele düşüşleri, türmede bitlemejek bolup jan edişleri... ynanar ýaly däl. Emma, hemmesi-de hakyky başdan geçirmeler, hemmesi hakykat. Demiñ demiñe ýetmän okaýarsyñ, özüñi käte Allahuekber daglaryndan, käte Sibiriñ konslagerlerinden, käte-de gaçgak ýollaryndan tapýarsyñ. Professor Bingür Sönmez Mehmet Ziýanyñ ýatlamalaryny kitap görnüşine getirip, şol agyr günleri başdan geçirenleriñ agzyndan taryhymyza-da ýene bir gezek çyra tutdy.
Eli-gözi dert görmesin, jany sag bolsun.
Saýgy ÖZTÜRK.
"SÖZCÜ" gazeti, 13.11.2020 ý.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.