HEZRETI ALY WE TÜRKMENISTAN
Taryhda doly göz ýetirilmän, ters düşündirilýän wakalar hem az däl. Araplar şindi Abu Talyp, ýagny hezreti Aly halyf dirikä türkmen topragyna dolýarlar. Gülläp oturan kuwwatly şäherler Amul, Merw, Horezm, Ürgenç, Abiwerd ata-baba edähedine eýerip, duşman bilen söweşmäge derek şäher derwezesini açyp paç bermäge, raýat bolmaga kaýyl bolaýýarlar? Näme üçin? Bu meselede biziň ata-babalarymyzy aýyplaýan ylmy çeşmeler hem az däl, emma hakykat diýibem bir zat bar.
Birinjiden, araplar diňe gylyç, ok-ýaý, naýza bilen ýaraglanan däl. Olaryň has kuwwatly ýaragy bar: ideologiýa ýaragy. Ideologiýanyň nähili elhenç ýaragdygyny XX asyr görkezdi. Marksyň kellesinde dörän, Lenin hem beýleki rewolýusionerler tarapyndan alawladylan taglymat dünýäni ikä bölüp, adamzadyň başyna nähili külpetleri getirdi? Araplaryň ýaragy leninizmden müň esse güýçli ýaragdy, olaryň taglymaty Yslam dinidi. Olar talaňçylyga gelmän, Hudaýy, Muhammet pygamberi, dünýäniň iň arassa dinini alyp gelipdi.
Ikinjiden, ol mahallar türkmen topragynda hem bir Hudaýlylyk höküm sürýärdi. Türkmeniň Hudaýy Taňrydy. Ot däldi, but däldi, köp Hudaýlylyk däldi. Hut araplaryňky ýaly bir Hudaýdy, özem asmandady! Diýmek, biziň ata-babalarymyz arap basybalyjylarynda öz meslekdeşlerini tapdylar. Türkmenler – oguzlar «Alla» diýip Asmana, ýagny Taňra düşünýärdi, araplar bolsa Asmanda bar bolan beýik gudrata, Alla!
KöpHudaýly, butHudaýly, otHudaýly daş-töwere-gindäkiler bilen käte söweş gurup ýören halkymyz öz pikirdeşini, meslekdeşini näme diýip gylyç bilen garşylamaly? Araplar hem eýýäm dünýäni, halklary, dinleri öwrenen araplardy. Olar türkmeniň ýeke Hudaýlydygyny bilýärdiler. Şeýlelikde, araplar şähere girmän, Merwe öz ilçilerini – Abdyllah ibn Emiri ugradýar hem şertlerini aýtdyrýar. Merwiň marzbany 2200000 dirhem, köp mukdarda arpa-bugdaý salgyt tölemäge borçlanyp 652-nji ýylda şäheri söweşsiz tabşyrypdyr. Bu pul köp pul däl!..
Emma şäheriň töweregindäki obalarda ululy-kiçili gozgalaňlar turup başlaýar. Merwiň marzbany Mahuýe kömek sorap Abu Talyp Ala ýüz tutýar. Beýik halyf hezreti Alynyň merwlilere ýazan ýüzlenmesi biziň günlerimize gelip ýetipdir:
«Merhemetli we beýik Allanyň haky üçin, adalatly ýol bilen barýanyň üstünde rahatlyk bolar. Merwiň marzbany Abraz Mahuýäniň özi meniň ýanyma geldi. Men muňa hoşal boldum. Bu hem 36-njy ýylda ýazylan».
Yzýany Alynyň Kufda ähtiýalanlyk bilen öldürilmegi, tagt-halyflyk üstündäki göreşler Merwdäki ýagdaýlara hem otrisatel täsir edipdir. Merw biziň beýleki şäherlerimizi almak üçin araplara daýanç merkezi bolup hyzmat edipdir. Şeýlelikde, türkmenleriň beýik üç diniň birini kabul etmesi başlanýar...
Araplar bilen halkymyz şeýdip birleşdi. Olary ýeke Hudaýlylyk birleşdirdi.
Osman ÖDE.