sahet_ashyrov
21.12.2020 14:51
ARWAHLY GUÝY

Howa barha garalyp, ýagşyñ ysy gelýärdi. Dagyñ etegini syryp gidýän gumak ýol bilen eñip barýarys. Ýagşyñ ilkinji owunjak damjalary ýüz-gözümize syçrap ugrady. Motoletiniñ gazyny barha galdyrýan Merdan maña gygyrýar:
- Berk ýapyş, ýykylaýma. Öñde uly gowak bar. Şoña ýetýänçäk, gaýrat et!
Biz ol gowaga özümizi atýançak, kemsiz ezildik. Içinde bir süri goýny arkaýyn ýerleşdiräýmeli gowagyñ ortasyndaky ojaga meñzeş oý ýerde ot ýakdyk. Gowagyñ içi diýseñ rahatdy. Gara öýe çalymdaşdy. Hatda dik depesinde tüýnük mysaly tüsseçykary hem bardy.
- Aýdyşlaryna görä, şu gowakda birmahallar gadymy adamlar ýaşapdyrlar - diýip, ýoldaşym maña düşündirýärdi. Ünsümi gowagyñ garañkyrap duran törüne çekdi. - Hol ýerde şolaryñ çeken suratlaram barmyşyn.
- Ony görüp bolmazmyka?
- Görüp bolman näme, ýör.
Merdan gol ýaly taýagyñ başyna esgi orady. Esgini motoletiñ benzininden birneme ölläp otlady. Gowagyñ içi öñküsinden ýagtylandy. Ýoldaşym yzym bilen ýöre diýen yşaraty edip, özi öñe düşdi. Onuñ bir elinde otly kesindi, beýlekisinde hem ýogynlygy bilek ýaly bir gez taýak bardy.
- Bi nämä gerek? - diýip, taýagy görkezdim.
- Kim bilýär, pelek işini. Käwagt bu gowaga ýyrtyjylaryñam giräýmesi bolýar.
Onuñ häzirki bolup barşy, nämüçindir, ilkidurmuş adamlaryny göz öñüme getirdi. Müñlerçe ýyl mundan ozal ýaşap geçen şol adamlar, has dogrusy, adama çalymdaş mahluklar daşdyr taýak bilen ýaraglanyp, aw awlapdyrlar. Ot bilen duşmanlardan-wagşy haýwanlardan goranypdyrlar. Şol wagt olar güýçlerini birleşdirip, deñ zähmet çekipdirler. Awlan awlaryny hem ortalyk edip, deñ paýlaşyp iýipdirler. Birek-biregi aldamagyñ, kezzaplygyñ nämediginem bilmändirler.
Merdan elindäki otly kesindini ýylçyr diwara has golaý tutýar. Ana, onuñ diýýän suratlary. Bir äpet eýmenç haýwan bir süri suguny kowalap barýar. Ilkinji adamyñ şekili bolsa, tazygyp barýan sugunlary awlamaga däl-de, olary şol ýyrtyjydan halas etmäge ymtylýar. Ol elindäki ýönekeý ýaragy bilen özünden rüstem duşmany ýeñermi ýa-da janyny gurban edermi - belli däl. Onuñ aýdyñ maksady bar: Sugunlary halas etmeli.
Belki, bu görnüşi şol wagtyń suratkeşi durmuşdan alyp, öz döwrüniñ hakykatyny beýan edendir. Belki-de, sanlary barha azalyp barýan gözellikleri goramagy geljekki nesle şeýdip wesýet edip gidendir.
- Şu jelegaýlarda şunuñ ýalt sugunlar hakykatdanam boldumyka? - diýip, ýaş ýigit çyny bilen soraýar.
- Bolandyr. Bolmadyk bolsa, beýle şekili diwara çekmezdiler.
- Goja awçylar-a şu ýerde öñler dere sygyrlaryny görendiklerinem aýdýarlar. Indi-hä olaryñ adam ýok.
Oduñ başyna täzeden çökdük. Ýoldaşym ýene bir täsinlik barasynda söhbet açdy:
- Şu deräni sypdyrman gidiberseñ, ol barha daralýar. Soñam birden giñelip, ýer hopan ýaly tegelnip duran oýa eltýär. Oýuñ ortasynda bir guýy bar. Adyna "Arwahly guýy" diýýärler. Şo taýda şu gowagyñ ýaşaýjylarynyñ etmişli kowumdaşlaryny jezalandyrýan ýeri bolmaly.
Onuñ agzyndan çykýan sözleriñ birinem sypdyrmajak bolup, gulaga öwrüldim. Gürrüñiniñ arasyny bölmän, soñuna çenli sabyrsyzlyk bilen diñledim. Men geñ-tañ wakalaryb bolup geçen taryhy ýerleriniñ golaýjygynda otyryn. Ahmal, ol ýerler heniz alymlara mälimem däldir. Alymlar ony bilenlerinde eýýäm uly ile äşgär ederdiler. Merdanyñ gürrüñ berýän guýusy hakynda okan zadym ýadyma düşenok. Ylmy açyşlar şunuñ ýaly zatlardan başlanmaýarmy eýsem?
- Maña şo ýeri görkezjekmi?
- Bu gün ýetişmesek gerek. O taýa diñe pyýadalap gitmeli. Ýedi-sekiz kilometr dagy bardyr, ýadamazmyñ?
- Alyp gitseñ bolýar, günuzyn ýöremeli bolsa-da, men taýýar.
Ol ylalaşdy.
Gowakdan çykanymyzda, ýagyş diñipdir. Asmanyñ ýüzi çüýşe ýaly arassady. Çabga ot-çöpleri, dag gerişlerini ýuwansoñ, olara nur çaýylana dönüpdi. Meýmirediji çoguny bolluk bilen eçilýän ýagty Gün ýalbyraýardy. Däri-derman otlaryñ bark urýan ysyny öýkeniñe sordugyñça, ýene sorasyñ gelýärdi. Bu gözellige ýürekleri bilen joşa gelýän sona käkilikleri sesleriniñ ýetdiginden käkeleşýärdiler. Olaryñ gulaga ýakymly hoş owazy gaýadan-gaýa düşüp, uzaklara ýañ salýardy.
- Biziñ ötenlerimiziñ hat-sowady bolmasa-da, gözelligiñ, ýaşaýşyñ gadyryny-ha bilýän eken. Gör, olar özlerine nähili ajaýyp ýeri mesgen edinipdirler! - diýip, Merdanyñ taryna kakdym.
- Özleren uzak ýaşandyrlar. Ers-mers, atan-satan, döwe meñzeş gaýratly bolandyrlar. Häli görseñ, dümewdir sowuklamanyñ nämediginem bilen däldirler. Guragyry dagy olara ýatdyr.
- Näbilýäñ?
- Bilýän-dä. Olar yssa, sowuga bişişip, rysgallaryny möjek ýaly kowalap alandyrlar. Demligini mydama arassa howadan püre-pürländirler.
- Adamlar hatdat, okumyş boldugyça, kesel köpelýär - diýip, ol bir pikiri orta atdy.
- Oña köpbilmişleriñ özleri günäkär.

◆ ◆ ◆

Biz "Arwahly guýa" gelenimizde, gün gyzar ikindindi. Arwahly diýseñ arwahly, atgaýtarym ýerde gögerip oturan ýeke çöp görjek gümanyñ ýok. Ýaşyp barýan Günüñ çoglary gündogar gapdaldaky ýylçyr gaýanyñ depesine öz reñkini çaýypdyr. Dumly-duşuñ ertekilerdäki ýaly aýylganç haýwanlaryñ şekili ýaly, üstüñe abanyp duran ýalañaç gaýalar.
Guýy meýdançanyñ ortarasynda, iñ oý ýerde ýerleşýär. Agyl şekilli çöwrülip duran daşky erñeginiñ bir gapdalyny ullakan inedördül gara daş ýassanyp ýatyr. Üstünde on-on iki adam aýbogdaşyny gurup, arkaýyn oturybermeli. Ol mähnet daşyñ depesi ýörite ýonulyp, ýylmanana meñzeýär. Özi-de ahmal, başga ýerden gara güýjüñ, zoruna süýşürilip getirilendir. Sebäbi golaý-goltumda oña kybapdaş daş görnenok. Guýynyñ beýleki tarapynda adamyñ biliniñ ýogynlygyndaky daş sütün sömelip dur.
Ýürek gysdyryjy tukatlyk. Şemalam öwsenok. Dymyşlygy Merdan bozdy:
- Ýeriñ teýinde süñklerine deñiç çüýräp giden "garyndaşlarymyz" diñe gözelligi söýmegi däl, eýsem erbetligi jan-dilden ýigrenmegem başarandyr görseñ! Gör, olaryń taýpanyñ adyna ysnat getiren näletkerdeleri jezalandyrmak üçin saýlap alan ýerlerini!
Men makullaýjylyk bilen baş atdym.
Uniwersitetiñ ýuridiki fakultetiniñ birinji kursunda okaýarkam, aksakallar we ýaşulular sudy barasynda ekzamen tabşyrypdym. Ol wagtlar aklawjam, garalawjam bolmandyr. Suduñ çykaran höküminiñ üstünden başga ýere şikaýat etjek gümanyñ ýok. Taýpanyñ adyl ýaşulularynyñ aýdany-aýdan, diýeni-diýen. Ýowuz kanun şol dem ýerine ýetirilipdir.
Meniñ pikirimçe, ýasy daş ýaşulular sudunyñ höküm çykarýan kürsüsi bolmaly. Düýbi ýere pugta gömlen şol daş sütüni bolsa sud edilýäni dik duran ýerinden oña berk sarap goýmak üçin ulanandyrlar.
Gürrüñçil ýoldaşymyñ şu mahal gepläsi gelenok. Dünýäniñ ähli gaýgy-aladasy bir öz başyna düşen ýaly, haýyr bilen şeriñ şaýatnamalary bolan daşlara nazaryny dikip, pikir derýasynda gulaçlaýar. Men ony gürletmäge çalyşdym:
- "Sañsar daşy" diýip eşidipmidiñ?
Ol bir hoýukdan soñ seslendi:
- Bir zat diýdiñmi?
Soragymy ikinji sapar gaýtalanymda, ol başyny ýaýkady. Öz soragymyñ jogabyny özüm çözläp ugradym:
- "Sañsar daşy" diýilýän zat şeýle. Ýaşulularyñ çykaran kanunyny äsgermezlik edip, ony gödek bozan günäkäriñ el-aýagyny dañyp, bir çetde goýupdyrlar. Taýpadaşlaryñ hersi ýumruk ýaly daş bilen ony urupdyrlar.
- Jezalandyrylýan ýakyn adamyñ bolsa näme? Ony daş bilen urmaga dözüp bolmaz-a.
- Bu hökümi öñi bilen günäkäriñ ýakyn garyndaşlary ýerine ýetirmeli bolupdyrlar. Dözmezçilige ýol ýok. Eger ýukaýüreklik edip, daşy sowa zyñsañ, şol daş bilen özüñi urupdyrlar.
- Baý-baý-ow, gaty elhenç kanun.
- Her zamanyñ özüne görä kanuny bar. Elhenjem bolsa, onuñ terbiýesi örän güýçli. Şol zaman bidüzgünçilik gaty az edilipdir.
- Elbetde, eliñ bilen etdiñmi, egniñ bilen çekäýmeli. Jezadan sypjak gümanyñ ýok.
Ýaşulularyñ haýbatly kürsüsiniñ - ýasy daşyń üstünde oturyp, guýa nazar aýlaýarys. Gyrasyna baryp, içine syn eder ýaly däl. Birden güwläp gidibermegiñ mümkin. Onuñ ýylmanak gyralary ullakan syrçaly tabagy ýadyña salýar. Ol ýapgytlyk bäş-alty metr dowam edensoñ, aşakda kert gaýa mysaly uçutlyk bar. Dörtgyrañ daşyñam, inçe uzyn daşyñam bitiren hyzmatlary düşnükli. Şu guýynyñ agzynyñ ýapgyt edilmeginiñ bir emmasy bar bolaýmasyn? Henize deñiç munuñ ýaly täsin guýa duşmandym. Ýogsam gadymy guýularyñ ählisiniñem agzy dar edilip gurulgy bolýardy. Şeýle edilende, aşakdan suw çekip çykarmafa oñaýly bolup, agyr gowa diwarlara degmeýär. Mundan-a suw çeker ýaly däl.
Ýoldaşym meniñ içki pikirimi añan ýaly gürledi:
- Aýdyşlaryna görä, şu guýyny hiç kimem gazmandyr. Öz-özi emele gelen bolmaly. Gyrasynyñ tekiz ýylmanmagynda bolsa, adam zähmetiniñ yzy bar.
- Müñlerçe ýyl mundan ozalky ussanyñ ýönekeýje guraly bilen guýguç mysaly ýapgytlygy ýülmemäge näçe ýyl gerek bolduka?
- Mümkin, ol bu işi bir ýylda, belki, bäş ýylda tamamlandyr. Bu suw almak üçin gazylan guýy däl. Iñ ýokary jezanyñ amala aşyrylýan serişdesi.
Ol elindäki kiçijik daşy guýa tarap oklady. Şol demde aşakdan suwuñ jülpüldisi eşidildi:
- Onda suw bar, ýöne şor. Muny ardýan adamam ýok. Şonda-da, guýa gulluk etmeseñ, suwy zaýalanyp, añkap barýan ysdan ýaña golaýyna barar ýaly bolmaýar. Birnäçeler muña gudrat diýip düşünýärler. "Guýy arwah-jynlaryñ mesgeni. Şonuñ üçin guýy yslanman, bir durkuny saklaýar" diýýänlerem ýok däl.
- Jeza çäresi bilen munuñ näme dahylynyñ bolandygyny aýtsana?
- Aýdaly, sud edilýäniñ eden etmişi has agyr. Onuñ günäsini ýeñilleşdirmäge tutaryk ýok. Şonda ony çuw-ýalañaçlap, guýynyñ kenaryne getiripdirler.
- Soñam içine itekläpdirlermi?
- Ýok, iteklemändirler. Onuñ öñünde şeýle şert goýlupdyr. Ýalañaça adam sürpegi çykan diwardan götinjekläp, aşaklygyna süýşmeli. Aýagyny ýapgydyñ gutarýan ýerine ýetirensoñ, ýene-de yzyna çykmaly.
- Ýokary çykyp bilmese näme?
- Ýagty jahan bilen baky hoşlaşmaly bolar-da.
- Çykaýsa?
- Onda onuñ günäsi geçilipdir.
- Onsoñ muña girip, sag-aman yzyna dolanan adam barada heý eşidipmidiñ?
- On-a eşidemok. Aý, näbileýin, çykaýmasa gerek öz-ä.
Ikimizdenem ses-seda çykanok. Dymyşlygy ýene-de onuñ özi bozdy:
-Guýynyñ suwy ýyl geldigiçe aşaklaýar. Garry awçylar-a biziñ ýetginjek çaglarymyzdan bäri hem onuñ suwy üç gulaja golaý peseldi diýýärler. Peselse-de, tükenmeýär.
Tas ýadymdan çykan eken. Şuñ içinde balygam barmyşyn. Özi-de örän geñ balyk. Köllerdäki ýaly teññeli balyk däl, deñiz bekresine çalymdaş.
- Mümkin däl, heý guýuda-da balyk bolarmy?
- Eger çynym. Biziñ obada muny gözi bilen gören adam bar. Ol abraýly adam. Guýyda balyk görenligini ol janyny ýakyp aýtsa-da, oña hiç kim ynananok. Gaýtam, üstünden gülýärler. Agzyna şeýtan tüýkürenleriñ bir-ä oña: "Guýydaky arwahlar gözüñe balyk bolup görnendir. Hernä, çeýnejek çöpüñ bar eken. Özüñi guýa süsdüräýmändirler. Sag-salamat galanyña sadaka ber" diýýär.
- Sadaka berdimi onsoñ?
- Ýok-la, ol her öñýeteniñ albaýyna aldanjak adam däl. Gaty erjel. Aýdan sözündenem kes-kelläm dänmeýär.
- Garañky düşmänkä ýatar ýaly ýer gözläli.
Merdan bir zatdan howatyr edýän ýaly, ýüzüme çiñerildi. Öz gulaklaryna ynanmady öýdýän.
- Ýatar ýaly ýer gözläli diýýäñmi? Hyýalyñ bu ýerde galmakmy?
- Eýsem gijäñ içinde daşdan-daşa süssenekläp, yzyña gaýtjakmy?
- Gaýtman näme. Bu ýerde ýatmak bolmaýar-a. Setanda-seýranda bolaýmasa, gündizem bärik adam sekmeýär. El-aýagyñy uzadyp, arkaýyn ýataryn öýtmegin.
- "Arwah-jynlar" böwrüñe dürtüp, ýatyrmaga goýmaz diýjek bolýañmy?
- Men oñ ýaly zada ynanýan adam däl-how. Gije ýarymyndan soñ şu oýuñ içi dürli owazlardan ýaña güwläp duranmyşyn. Ol sesler doýmaz-dolmaz guýynyñ ýuwdan ynsanlarynyñ ruhlarynyñ ahy-nalasy diýýärler.
- Senem şoña ynanýañmy?
- Ynanmañda näme, şonda-da gije şu taýda galmak birhili öz-ä.
- Gorkýan bolsañ gaýdyber. Men-ä galjak.
Ol oýurganyp durdy. Onuñ "Arwahly guýynyñ" başynda bir gije öz erkine galasynyñ gelmeýändigi düşnükli. Namartlyk edip ýoldaşyny taşlap gaýtmak hem gelşiksiz. Teý ahyr belli bir netijä gelendir-dä, galmaga ylalaşdy. Men oña maslahat saldym:
- Gijäni geçirmäge haýsy ýeri peýläris?
- Dag gijesi gum ýaly ýyly däldir. Ynha, çigrek düşüp ugrar, şonda ysytma tutýan ýaly, baý, gagşap, dişleriñi şakyrdadarsyñ-a.
- Ýyly ýeri nireden agtarjak, bir gije çydajak bolmaly.
- Men bilýän. Ho-ol, garalyp duran deşigi görýäñmi? - Merdan ýylçyr gaýanyñ düýbündäki hoñkaryp duran köwegi görkezdi.
- Gaplañyñ sürenine meñzeýär-le oñ özi.
- Zähräñi ýaryjy seslere ol-a haýwanmyşyn, men-men diýip, döşüne kakýan goç ýigitleriñem tap gelmeýändigini öñem aýdypdym. Şondan bolsa gerek, şu oýda janly-jandara gözüñ düşmez. Gargyş siñen öli meýdan.
Ýoldaşymyñ bu ýerlere bäş barmagy ýaly beletligine içimden begenýärdim. Ol meni yzyna tirkäp, köwege eltdi. Otluçöp bilen aýagymyzy basjak ýerimizi ýagtyltdy. Oñaýlyrak ýer tapyp gyşardyk.
Merdanyñ keýpi gaçanlygyndan bolsa gerek, gepläsi gelenokdy. Bilesigelijilikden ýaña meniñ içimi it ýyrtýardy:
- Üşesek, gije ot ýaksak bolmazmy köwegiñ içinde?
- Bu köwek däl, kiçeñkägede gowak. Agzy daram bolsa, düýbi giñdir. Ot ýaksañ, içinde oturyp bolmaz, edil tilkiñ hinine tüsse berene döner. Agzyndan başga tüssr çykary ýok. Bu saña motoletimizi goýup gaýdan depesi deşik gowagymyz däl.
Soñra hijimizden ses çykmady. Şunça uklajak bolsamam bolanok. Ukym tutmaýar. Beýnimde garasar sürüsi ýaly güsürdeşýän pikirler gözlerimi çirim etmäge goýmaýar.
Öñräk çarwalaryñ mekanynyñ birinde şeýle waka bolupdy. Guýa eşek gaçyp ölüpdir. Maslyk porsap, suwy zaýalanypdyr. Bir ýyla ýakyn golaýyna barylmadyk guýyny arassalamak üçin bir daýaw jahyl oña ýüp bilen sallanypdyr. Birdenem demi tutulyp, şalkyldap gaýdypdyr. Ýoldaşy ony halas etjek bolup, özüni guýa oklaýar. Olam özünden gidip, arkan agýar. Garry çopanyñ biri: "Haý tiz boluñ! Gök esgini tüsseledip, guýa taşlaweriñ!" diýýär. Çopanyñ aýdan sözi şol bada ýerine ýetirilýär. Şondan soñ guýa giren üçünji adama zat bolmandyr. Beýlekileri hem ýüp bilen çekip çykaryp, zordan ajalyñ elinden alyp galypdyrlar.
Şol wagtlar nämäniñ-nämeligine oñly düşünmesemem, muña soñ göz ýetirdim. Suwy porsan guýularda emele gelýän zyýanly gazlar arassa howany kowup çykarýar. Guýynyñ düýbüne taşlanan köne esginiñ ajy tüssesi şol gazlary özi bilen asmana alyp gidýär.
"Arwahly guýuda" ys-kokam ýok. Ýogsam onuñ düýbüne ençeme adamyñ meýidi gidipdir. Guýynyñ içinde balyk bolup bilermi? Onda-da giñ deñziñ gujagynda azatlykda ýaýnamaga endik eden gyzyl balyk. Bu gürrüñ ertekä meñzeýär. Süýji suwly guýularda pyşdyl, gurbaga, ýylan ýaşaýar, oña söz ýok. Olar ýerde-suwda ýaşaýan jandarlar bolansoñ, guýa özleri baryp girýärler. Bekre şu guýa ýörite goýberilipdir diýeliñ. Ol guýy suwuna uýgunlaşmaz. Ony kim höreklesin, näme iýip oñsun? Derýa suwy bilen doldurylan howuzlarda teññeli balyklary köpeltse bolar. Emma bekräni eldekileşdirmek akyl sygjak zat däl. Guýuda bekre balygyny ekdileşdirmek adamzat taryhynda heniz görlüp-eşidilmändir.
Kem-kemden uka gitdim. Näçe ýatanymy bilemok. Düýşürgäpdirin. Biziñ samolýotymyz bir alsa uçmaga häzirlenýär. Ene zeminden aýagyny üzmezden öñinçä bat alyp-bat alyp, motorlara agram salýar. Gulaklaryñy kamata getiriji güwwüldi barha güýçlenip, ses-üýn alyşdyranok.
Tisginip oýansam, gowakda ýatyryn. Emma endamyñy düýrükdiriji ses, hakykatdanam, eşidilýär. Gap-garañky. Bir näbelli mahlugyñ buz ýaly penjesi ýüzümden ýöredi. Tas zähräm ýarylypdy. Dilim tutuldy. Şübela urunsamam, jübimdäki çakgyma elim ýetenok. Ol mahluk bolsa labyryny üstüme atyp, gaty daşyñ ýüzüne ýelmeşdirip barýar. Bu nä gudrat?
Birdenem onuñ özi seslenäýdi:
- Oýanaweri!
Meñ bilen ýakalaşyp ýören "näbelli mahluk" öz ýoldaşym bolsa nätjek? Onuñ ýagdaýyna şol bada düşündim. Şonuñ üçinem ondan hiç zady gaty görmedim. Ol neresse hem gorkunç sese oýanyp, soñam meni turuzmak üçin garañkyda sermenip ugrapdyr. Merdanyñ seso misli başgaw bir adamyñky ýaly sandyrap çykýar:
- Indi näme etmeli?
Az wagtlyk oýlandym. Dogrudanam, indi näme etmeli? Şol aralykda özümi birneme rastladym. Züwwetdinlik etmeli däl.
- Ýör, daş çykaly.
- Nämüçin?
- Sesi anyklamaga.
Merdan dymýar. Men oña:
- Ber eliñi! - diýýärin. Ol elini göwünsiz uzatdy. Onuñ galpyldap duran goşaryndan berk gysyp, çykalga ýöneldim.
Bize nämeleriñ garaşýandygy heniz belli däldi. Ahmal, biz öz aýagymyz bilen ajalyñ agzyna barýandyrys. Kim bilýär? Garabasmak bilen urşan ýaly, gara der bolup daş çykdyk. Aý aýdyñ. Öñki-öñkülik. Ýasy daşam, uzyn daşam ýerli-ýerinde. Del zada gözümiz düşmedi. Merdanyñ ýüzüne seretsem, ol gözlerini daş ýaly ýumupdyr. Açmaga milt hem edenok. Men ony kör iden ýaly idip barýaryn. Göwnüme bolmasa, düşnüksiz güwwüldi indi ýeñsäme aýlanan ýaly boldy. Diñşirgenýärin. Hawa, ses ýeñseden eşidilýär. Ýoldaşymy hürsekledim:
- Gulak goý, ses nireden gelýär?
Ol gözlerini ýalpa açdy. Diñ saldy. Elini yza salgady.
- Hol, ýerden.
Dogry, ses yzdan - ýañyja çykyp gaýdan gowagymyzdan gelýär. Yzymyza dolanyp, gowaga girdik. Indi ses daşardan eşidildi. Men şadyýan seslendim:
- Bary düşnükli. Sesi gowak döredýär.
- Nädip?
- Içine ýel düşýär. Biziñ bi ýere gelen wagtymyz ýel ýokdy gerek? - Yzly-yzyna otluçöp ýakyp oturan ýoldaşym baş atýar - Häzir ýel barmy?
- Bar.
- Bolany şol.
Merdan hiç zada düşünmedi öýdýän. Ol eginlerini ýygyrýar. Men oña düşündirmäge synanyşdym.
- Limonaddan boşan çüýşäni ýeliñ ugrunda dikliginde goýsañ, oñ içine ýel düşüp, ses emele gelermi?
- Hawa!
- Biýem şol mysaly-da.
Biz gowagyñ agzynda oturyp, ýeliñ döredýän mukamlaryny täzeden ine-gana diñledik. Indi ol öñküsi ýaly gorkunç däldi, mylaýymdy. Hoş owazlar gaýadan-gaýa düşüp, barha ýañlanýardy. Dag şemaly hem ol mukamlary uzaklardan-uzaklara alyp gidýärdi.
Biz soñra ýatjagam bolmadyk. Dañ ýalañaç daglaryñ başyna gyrmyzy şöhle çaýdy. Jahan kem-kemden ýagtylyp, ýol-yz saýgardyp ugrady. Biz ýola düşdük. Jeza meýdançasyndan näçe daşlaşsagam, Arwahly guýy barasyndaly pikirler meni öz girdabyna dartýardy.
Deñiz suwy Garabogaz aýlagyna towlanyp-towlanyp şol akyp ýatsa-da, aýlag hiç haçan dolmandy. Alymlar-a aýlag ol bol suwy gaýnap duran gazan mysaly bugardyp ýok edýär diýýärler. Ýaşulular bolsa ony başgaçarak düşündirýärler. Suw aýlagyñ düýbündäki başga bir dünýä gidýärmişin. Dogrudanam, Amyderýanyñ gije-gündiz dolup-daşýan ägirt suwuny aýlag şol bada bugardyp ýetişermikä? Türkmen deñzini halas edýäris diýip, Amyderýany petikläp gördüler. Ana, bar bela hem şondan soñ döredi. Aýlag gurap, düýbündäki duzlar tüweleýler bilen asmana göterildi. Garagumuñ ot-çöpleriniñ üstüne ýagyp, süllertdi. Erbet gurakçylyklar döretdi. Şondan soñ Aral deñzi hem jan damary gyrlan nähoş mysaly gurap ugrady. Hazar bilen Aralyñ arasynda bir gizlin gatnaşyk bar bolaýmasyn?! Belki, şo ýerasty akym Arwahly guýynyñ astyndan geçýändir. Asyryñ başyndan bäri şol guýynyñ suwy Hazaryñky bilen deñ derejede çekilipdir. Bu hem tötänlikmikä? Adamzat nesliniñ gadym zamanlaryndaly eždatlary öz akylynyñ ýetmeýän zatlaryna, Günüñ dogşuna, gijäniñ düşüşine, dañyñ atyşyna, ýyldyrymyñ çakyşyna, oduñ ýanyşyna... gudrat diýip düşünipdirler. Olardan öler ýaly gorkupdyrlar. Öwrenişilensoñ, ol "gudratlar" täsirini gaçyrýar. Häzirlikçe çözmesi kyn matala öwrülen Arwahly guýy bilen baglanyşykly "gudratlaram" wagty gelende, belki, adaty tebigat täsinligine öwrüler.

Oraz GUWANJALYÝEW.
4
132
sahet_ashyrov
18.12.2020 10:30
ADAM ATA WE HOW ENE HAKYNDA ROWAÝAT

"Ýüz ýigrimi garyn perzent göteren,
Adam bilen Howa serbe-ser geçdi."
Magtymguly.

Aslyýetinde şeýtan üç ýüz altmyş perişdäniň mugallymy, ylymly-sowatly ymam eken. Ol Gökde-Asmanda ýerleşen Metjidi-Aglada perişdeleri okadyp, olara ders berip ýörenmiş. Şeýtanyň hakyky ady Azazyl magsym bolupdyr.
Allatagala Adamdan öň perişdeleri ýaradypdyr. Günlerde bir gün Gudraty güýçli Adamy ýaratmagy niýetine düwüpdir. Ol perişdeleri öz nurundan ýaradanam bolsa, Azazyl magsymy otdan ýaradypdyr. Sebäbi onuň asly jyn taýpasyndan. Jynlar hem otdan ýaradylanmyş. Haktagala Adamy welin toprakdan ýaratmaly diýip, ýere perişdeleri ýeke-ýekeden iberip ugrapdyr. Jebraýylam, Mykaýylam, Esrafylam ýeriň öz teninden–topragyndan alynmagyna çydaman çekýän ahy-nalasy na, dady-perýadyna dözmän boş gelipdirler. Soňra Allatagala ýere Ezraýyly iberipdir. Ol topragyň haýyna-waýyna seretmän, her ýerinden-her ýerinden alyp, Hudaýyň huzuryna getiripdir. Şonda Haktagala oňa seniň ýüregiň berk eken diýen hem-de Adamzadyň janyny almaklygy hem ýüregi berk bolansoň Ezraýyla tabşyranmyş.
Şeýlelik bilen Hudaý Adamatany palçykdan özünim käbir sypatlaryndan ülüş berip ýaradyp, oňa jan girizipdir.
– Siz perişdeler Adamata sežde etmeli, sebäbi men onuň mertebesini belent. Etjek – diýip, buýrupdyr. Oýda şeýtan aýdypdyr:
– Ýa Alla, Sen meni otdan ýaratdyň, Adamy bolsa, toprakdan ýaratdyň. Men özümiň belent mertebämi kiçeldip, sežde edip biljek däl. Men näme üçin Adama sežde etmeli?
Muňa Allatagala birneme gazaplanypdyr. Sebäbi öň Onuň aýdanyndan hiç kim närazy bolmaýan eken. Şonuň üçinem ol gatyrganypdyr-da şeýle diýenmiş:
– Adamyň akyl-huşy siziňkiden zyýada. Onsoňam meň buýruk etdim. Ony siz ýerine ýetirmeli. Kimde-kim meniň aýdanymy etmejek bolsa, ýagny ýüregi bilen maňa ynanmasa, onuň üçin towkynälet döredip, Metjidi-Aglanyň işiginden asyp goýjak. Towkynälet ikilik edeniň boýnundan ilip ýüzügara eder ýaly.
Şeýtan durup bilmän ýene-de Hudaýa ýüz tutanmyş:
– Gudraty güýçli, Size şöhrat-şan bolsun. Siz bir zat diýseňiz, biziň üçin kanundyr. Ýöne towkynälet nämä gerek. Kim göwnüňize ýaramasa, maňa aýdaýyň, meniň özüm çäresini göreýin.
Onda Allatagala:
– Zyýany ýok, kimiň kimdigini soň bilibereris– diýipdir. Sebäbi Gudraty güýçlä elbetde, öňünden mälimdir-dä.
Toprakdan ýasalan Adamatanyň öňüne perişdeler ýygnanýarlar. Iň öňünde-de olaryň ymamy Azazyl magsym. Perişdeleriň ählisi «Allahu-ekber» diýip maňlaýyny goýýarlar. Olaryň içinde diňe Şeýtanýagny Azazyl magsym eňilen ýaly edip, maňlaýyny goýmanmyş. Gaýtam towkynälet kimiň boýnundan inerkä diýip içini güldürip durka, beýleki perişdeler kellelerini ýokaryk göterýärler. Görseler eýýäm öňdäki ymamyň boýnundan towkynälet inip, ýüzi gap-gara bolanmyş. (Ýüzügara boldum diýen söz şondan galanmyş) Hudaýa şükür–biziň boýnumyzdan ilmändir diýşip, perişdeler munuň şüküranasyna ikinji gezek sežde etmäge başlaberipdirler. Ýogsam bolmasa bir gezek sežde etselerem ýeterlik boljak eken. Şeýdibem namazda iki gezek sejdä inmek şondan galypdyr. Towkynälet boýnundan ilensoň şeýtan gyssanjyna buşugypdyr. Onuň buşugan ýerindenem tirek, meň, çilim ýaly haram zatlar ýasalýan göknar, temmäki, kendir gögerenmiş.
Ýüzügara, biabraý bolan şeýtany urmak, kowmak hakda görkezme bolansoň, ony kowalap uranmyşlar. Ol hem gaçyp ahyry özüni bir batgalyk köle oklanmyş. Şol kölde şeýtan 100 ýyl ýatanmyş. Kim bilýär, belki has köpdür.
Soňra şeýtan kölden çykyp ýene Allatagalanyň ýanyna baryp, ýalbaryp ugraýar:
– Günä kyldym, hata kyldym, ýalňyşdym, indi gaýtalamaryn. Günämi öt, öňki emelimem gaýtaryp ber diýip.
Allatagala oňa:
– Indi seniň günäň geçilmeýär. Sen dowzahy bolduň – diýenmiş.
Şeýtan aglap ýalbaryp ugrapdyr. «Men ýeke. Oduň içinde ýeke bolmak agyr düşýär – diýip. Şonda Hudaý oňa:
– Azdyryp alanyň özüňki, Azdyranyňy özüňe hemra edip alyber– diýip, rugsat berenmiş.
Şeýtan ýene ýalbaryp ugrapdyr: maňa aýal bermenem köpelip-käneleýin diýip.
Gudraty güýçli onuň bu haýyşyny-da bitirmändir. Ýöneşeýtan ýalbaryp, onuň eýlesine, beýlesine geçip halys goýmandyr. Şondan soň şeýtana seniň bir aýagyň erkek, bir aýagyň aýal bolsun diýip rugsat edipdir. Şonuň üçinem kimde-kim aýagyny çilşirip otursa, şonda şeýtan guzlarmyş.
Şeýtan, bir-ä, şol aýak çilşirip oturylanda köpelermiş. Birem, ol öz azdyranyny ýanyna alyberermiş.
Mundan başga-da Gudraty güýçli bilen şeýtanyň arasynda şeýleräk gürrüň bolanmyş:
– Ýa Alla, sen meniň haýyşlarymy doly bitirme diň. Indi bir zat haýyş etjek, şony welin bitirgil. Ýagny maňa adamzadyň ýüreginiň agzyndan ýer bergil.
– Munam edip biljek däl. Bu haýyşyňy bitiräýsem sen adamzat ählini azdyryp ýanyňa alarsyň. Ýöne seniň-munça ýalbaryşyňa men döz gelip bilemok. Seniň nalyşyňa-haýyşyňa çydamak mümkin däl. Men saňa adamzadyň çep goltugynyň aşagyndan et bilen deriniň arasyndan ýer bereýin. Şondan täsir edip azdyryp alanyň özüňki.
Şondan bäri şeýtan adamzadyň çep goltugynyň aşagynda et bilen deriniň arasynda oturmak bilen elmydama dürtüp duranmyş. Ýagny sen ol işi etme, bu işi et diýip ters işi salgy berip, ýalan sözlemegi ündäpharam işlere baş goşmagyny isläp, seni şona itekläp, maksadyna ýetjek bolup durarmyş. Eden işleriňe at dakarmyş: sen gynanyp, horlanyp ýörme, haram gazanç tapjak bol, şol bähbitli diýermiş. Umumanşeýtanyň işi azdyrmak. Allatagalanyň aýdyşy ýaly «azdyranam özüniňki». Dowzahda şeýtana-da ýaran gerek ahyryn.
Şol günden bäri şeýtan adamzady synamak üçin serişde bolup galyberipdir.
Şeýlelik bilen Adamata Behiştde geziberipdir ýeke özi. Iýip-içip ybadat edip aýlanyp ýörenmiş.
Günlerde bir gün ol oýaly-ukuly halda ýatyrka onuň bir gapyrgasyny Hezreti Jebraýyl perişdäniň kömegi bilen alyp, Allatagala How enäni ýaradanmyş. Adamata hemra, höwür bolsun diýip. Bolmasa ýeke özüniň içiniň gysjakdygy Gudraty güýçlä mälim ahyryn. Ýekelik diňe Hudaýa ýagşy diýlen gürrüňem bardyr.
How ene-de şeýle bir owadan gyz bolanmyş. Ýöne seredip sygyryp oturmaly. Waspyny dil bilen aýdyp diýer ýaly dälmiş. Allatagalanyň ýanynda işiň müşgili barmy. Ýa-da onuň eden işinde hiç hili köst bolmajagy belli ahyryn.
Ine, onsoň Adamata bilen How ene Behiştde iýip içip, döwran sürüp, gülşüp-guçuşyp geziberipdirler. Gaýgy ýok–gam ýok, jebir ýok–sütem ýok, iş ýok–alada ýok, yssy ýok–sowuk ýok. Näme iýseň içseň bar. Ählije zatdan iýibermeli, içibermeli. Ýöne bir agajyň miwesinden datmaly däl. Şu agajyň miwesinden datsaňyz bolmaz diýlip, olara ardylan eken. Ol agajyň ady bugdaý bolupdyr. Elbetde, bugdaýyň dänesiniň ol wagtlar ep-esli (gawunçarak) bolan bolmagy mümkin.
Şeýtan özüniň Dowzaha düşmeginde Adamatany günäkär hasaplap, How ene ikisine bir ýamanlyk egmek üçin, Behişde aralaşmagyň ýollaryny gözläp başlapdyr. Köp gözlänem ahyr tapýar. Üstesine şeýtanyň hat-sowadam, tilsimem ýeterlik. Ýöne Behişdiň goralyşam gowşak dälmiş.
Her gezek şeýtan gelip, Behişde girip bilmän yzyna gaýdýar. Ol ahyr Behişdiň garawullaryna ýalbaryp ugrapdyr. Onuň ýalbaryşy janyňy alyp barýarmyş. Ýöne garawullar biziň goýberenimizi görerler diýip bahana edip goýbermän durmuşlar.
Ahyr bir gowşagrak garawul gabat gelendir-dä. Biri goýbererdim welin, biri göräýmese diýip, daş-töweregine garanjaklap ýöwselläp ugrapdyr. Şeýtan oňa süýn-de ýatyber. Men hiç kime görünmän agzyňdan girerin-de syrtyňdan çykar gidibererin diýip, ahyr soňunda ony yrypdyr.
Behişdiň iki garawulunyň bir-ä hiç zady görmedik bolup aşak garap duruberipdir. Şeýtanyň yran garawulam onuň aýdyşy ýaly süýnüp ýatyberipdir. Şeýtanda näme tilsim gytmy, ähli okuwyň, tilsimiň aňyrsyna çykyp goýan ol. Dessine süýnüp ýatan garawuluň agzyndan girip syrtyndan çykyp, Behişdiňiçine aralaşypdyr.
Şol barşyna Adamata duşup, bugdaý agajyndan iýdirjek bolup, bugdaý agajyny öwüp başlapdyr. Adamatanyň sözi kesgitli bolupdyr: maňa şundan iýmeli däl diýip aýtdylarmenem iýjek däl, sözüm bir sözdür, sen biderek azara galyp, meni yrjak bolup durma diýipdir. Soňra şeýtan ol bir ýana gidende, How enäni yryp ugrapdyr. Sen şu bugdaýyň miwesinden bir dadyp gör, bu örän şirin, süýji zat. Azajyk iýeninde näme boljak, al bir iýip gör diýip. Garaz, ýalbarmaga-yrmaga gezek gelse, şeýtana taý barmy. How ene-de iýjek däl diýip köp aýdypdyr. Ýöne aýal adam-da, göwni toka bolýar-da. Ahyr How enäni azajyk iýip görmäge yrmak şeýtana başardypdyr. Sebäbi şeýtan How enä:
Eger şu miweden iýseň, senem Hudaý ýaly bolarsyň, ýagşy-ýamany seljerersiň, Alla size ýörite ýagşy-ýamany bilmezligiňiz üçin iýmäň diýip aýtdy» diýipdir.
Behişdiň içinde ýöne islän zadyňy iýip-içip oýnaşyp-gülşüp, gujaklaşyp-guçuşyp ýörmelimiş. Başga ol ýerde edere iş barmy ýa-da kolhoz işiň galýarmy näme?Iýip-içen zatlaryň hem endamyňdan-iniňden der görnüşinde çykyp gidýärmiş. Garaz, Behişt diýseň Behişt-dä. Mundan artyk düşündirmegem mümkin däl. Iýip-içip, Metjidi-Aglada namaz okap, Allatagala hamd aýdyp gezip ýörmedi ýer-dä. Şeýtan bugdaýyň miwesinden bir dilim alyp How enä hödür edip, ahyr azajyk iýdiripdir. How ene özi azajyk iýip, galanynyAdamata goýupdyr. Adamata gelse, eýýäm How ene ýakky iýmeli däl diýlen miweden inipdir diýýär. Ol näme etjegini bilmändir. How ene-de: «Senem iýäý, juda süýji eken» diýip, ýalbaryp oturanmyş. Adamata-da ýaňky dilimiň galanyny iýenmiş.
Bugdaýyň bir gapdalynda şol alnan bir dilimiň yzy häzirem bildirip durandyr diýýär. Şeýlelikde adamzadyň esasy iýmiti bugdaý unundan edilýän nan, çörek hem-de beýleki zatlar bolup galypdyr diýýär. Munuň ornuny hiç hili önüm tutup bilmeýärmiş.
Adamata How enäniň raýyny ýykmajak bolup, bugdaý agajynyň miwesinden iýse-de iýipdir welin, bela-da galypdyr.
Aýalyň aýdanyndan çykyp bilmeseň bolaýjagyň-da şol. Aýalyň aýdanyny etmeli däl ýa-da tersine etmeli diýen gürrüň şondan galypdyr diýýärler.
Ine, birhaýukdan Adamata bilen How enäniň içleri güpürdäp başlapdyr. Hajathana gözleşip ugrapdyrlar. Hajathana barmy Behiştde saňa? Bugdaý agajynyň miwesinden iýeniňden soň hajathana bolmasa-da günüň kyn. Adamata bilen How ene Behişdiň içinde iki ýana elewreşip, ylgaşyp ugrapdyrlar. Ahyram bolmandyr. Olar hajathanalyk hapalaryny gizlejek bolup, gasyklaryna, goltuklarynyň aşaklaryna çalyberipdirler. Şol hapa çalnan ýerlerdenem haram tüýler çykyp ugrapdyr. Şolary syryp aýyrmaly diýen gürrüňem şondan galypdyr diýýär.
Şol ýerde bugdaýyň miwesinden iýenlerinden soý Adamata bilen How ene özleriniň ýalaňaçdyklaryna düşünipdirler. Eşik geýmeklik hem adamzada şondan galan bolmaly.
Gasygyňa, goltugyňa hapalary çalanyň bileneşik geýeniň bilen ysy näme etjek. Bularyňhapasynyň ysy Behişdiň içini alyp göterip barýarmyş. Öň dürli gülleriň, müşki-anbaryň ysy bark urup duran ýer bolansoň, birdenem nejasadyň ysy gelip ugrandyr-da, elbetde. Perişdeler ysdan ýaňa aljyraňňylyga düşüpdirler. Garaz dessine Adamata bilen How enäniň günäsi Gudraty güýçlä aýan bolupdyr. Allatagalanyň muňa ýaman gahary gelipdir diýýär. Sebäbi Behişdi ýaramaz ys alyp göterip barýarmyş.
Haktagala gyssagly Adamatanam, How enänem Ýere eltip taşlamagy perişdelere höküm edipdir. Etme diýlen işi etseň bolaýjagyň-da. Allatagala Ýerde ilaty köpeltjek bolup ýörite edipdir diýen gürrüňem bar. Elbetde, aýdylýan bolsa, düýbünde bir zatlar bar bolmagam mümkin. Onsoňam Adamata bilen How enäniň günäkär boljagy bardyr-da.
Şeýtany hem-de Behişdiň iki garawulynam Behiştden çykaryp kowupdyrlar. Şeýtana agzyndan girip, syrtyndan çykmaga rugsat beren perişdäni-hä elini- aýagyny ýolup alyp, ýylana öwrüp Ýere zyňypdyrlar. Özüni hemneberelerini hem hemişe ýerde süýrenip bagry bilen süýşüp gum iýip ýörmeli edipdirler. Ýylan şol günäkär perişdedir diýýär. Beýleki aşak bakyp, görmedik bolan garawulam tawus guşa öwrüpdirler. Sebäbi ol ikinji günäkärdir diýýär. Tawus guşuň aýagy garadyr diýýär. Onuň diňe aýagyny garaldypdyrlar. Başga ýerine degmändirler. Şonuň üçinem tawus guşy hemişe aýagyna garap saýrap, gamgyn bolup gynanyp gezip ýörenmiş. Iki gözem köplenç aýagynyň garasyndadyr diýýär.
Ine, Adamata bilen How enäni Ýere getirip taşlapdyrlar. Hersinem bir ýere diýýär. Bir birlerini gözläp horlansynlar, Allanyň etmeli däl diýen işini etseň nähili jebire duçar boljaklaryny bir bilsinler diýip. Rowaýatçylaryň aýdyşlaryna görä How ene Gyzyl deňziň kenaryna ýagny, Mekgeden uzak bolmadyk Jitda diýen ýere, Jitda dagam bolmagy mümkin, gelip düşenmiş. Häzirki wagtda Jitda porty Sagut Arabystanynda ýerleşýär.
Adamata bolsa Hindistan etraplaryna Şri-Lanka adasyna ýagny Seýlona gelip düşenmiş. Şol wagt Ýeriň ýüzem garaňkylyk-gijelik eken. Has dogrusy bular gelip düşen wagtlary Ýerde gijelikdir. Öň bular beýle garaňkylygy görmändirler. Tüm garaňkymyş. Behiştde näme gije bolmansoň, bular gije diýlen zat bardyram öýtmändirler. Iki ýanaylgaşlap bir-birlerini gözläp ugrapdyrlar. Ýer giňişlik, ara uzak, etjek alajyň ýok. Ikisem soňra oturyp öz düşen ýerlerinde aglaşyp-eňreşip, gynanyşyp, ýaman hapa bolupdyrlar. Adamzat hemme zada öwrenişýär. Ölümden başga zadyň bir hasaby bolar diýen gürrüň bar ahyryn.
Ine birhaýukdan gündogar ýagtylyp daň atyp ugrapdyr. Munuň şüküranasyna Adamata iki rekat namaz okapdyr, ertirki namazy iki rekat okamakparzy Adamatadan galandyr diýýär.
Bularbir-birlerini gözläp, Allatagala bizi duşur diýip ýalbaryp, Ýeriň ýüzünde geziberipdirler. Bir-birlerine golaýam gelýärmişler, ýöne bir-birinden bihabar bolansoňlar duşuşyp bilmeýärmişler. Wagtal-wagtal bularyň alnyndan şeýtan çykýarmyş. Adamatada Howene-de şeýtandan soraýarmyşlar, sen Adamatany görmediňmi, How enäňi görmediňmi diýip, her gezegem şeýtan ters ugry salgy berýärmiş. Ýagny Adamata duşanda-ha How enäni gördüm, ine ol pylan ýerde diýip, ters tarapyny salgy berýärmiş.
How enä duşanda-da Adamatany gördüm, ol pylan ýer de eken diýip, muňa-da ters tarapy salgy berýär diý ýär.
Bu görgüliler şeýtandan soraýarmyşlar. Meselem, Adamata soraýarmyş: How enäni gören bolsaň, ol meni soramadymy diýip. Şeýtan aýdýarmyş:ýok, ol sen-ä soramady diýip jogap berýärmiş. How enä-de şeýdip ters jogap berýärmiş. Adamata seni soramady, sen onuň ýadyna-oýuna-da düşeňok diýip ters jogap berip, bu ikisini bir-birinden sowatjak bolýarmyş. Ýogsam bolmasa, ol görgüliler aglap soraýarmyşlar.
Şeýtan şeýtan bolýar-da. Onuň tilsimi köp. Göz açyp ýumasy salymyň içinde Ýeriň daşyna aýlanyp bilýär. Nirä haçan baraýyn diýsebaryp bilýär. Göreýin diýen zadyny dessine. görüp bilýär. Ýöne onuň öz bähbidi bar: Adamatadan-a aryny alyp ýerine saljak, How enänem özüne yrjak. Şeýdibem şeýtan zürýatlaryny köpeltjek.
Ol her gezek How enä duşanda syrly-syrly ýylgyryp, gözüni güldürip, gaşyny kakyp bolmajysy bolýar diýýär. Känbir süňňüni saklap bilenok diýýär. How ene her gezek aglap Adamatany soranda, özi bilen bir gezek bile bolup aýdanyny berjaý etse, Adamatany tapyp bereýin diýip söz berýärmiş. Her gezegem How ene şeýtanyň aýdanyna razy bolman, aglap öz ýoluna gidýär diýýär.
Gün-aý geçip durmuş. Şeýtanam günde-günaşa bulara duşup azaşdyryp ýörmüş. Şol barmana aradan iki ýüz ýyl geçipdir. Adamata-da, How ene-de halys bolupdyrlar diýýär bir-birlerini gözläp. Bir-birlerine duşjaklaryna umytlary bolupdyr. Ýöne, How ene az- owlak ejizläp ugrapdyr diýýär. Aýal maşgala-da.
Günlerde bir gün How ene-şeýtana: sen Adamatany maňa bir uzakdan görkez, soň seniň diýeniňi edeýin diýenmiş. Şeýtanyň ýanynda-da Adamatany tapmak kyn iş däl. Ol derrew How enäni Adamatanyň How enäni gözläp aglap ýören ýeriniň golaýyna eltip, oňa Adamatany görkezenmiş. Görse Adamata dagyň üstünde How ene sen nirede diýip, ses edip gygyryp gidip barýar diýýär. Şol dagyň ady Arafat dagy bolmaly. Ol dag Arafat jülgesinde, ýagny Mekgäniň golaýynda ýerleşýär.
Şeýtanam: ine indi gördüňmi diýip, How enä ýapyşyberjek bolupdyr. Onda How ene aýdanmyş: sen biraz sabyr et, men bir aýak ýoluna baryp geleýin. Sen şu ýerde garaş-da duruber diýipdir. Şeýtanam garaşyp durmuş. Hiç How ene aýak ýolundan gelenok diýýär. Bu nä gelmedi diýip, şeýtan How enäniň giden tarapyna ugrapdyr. How ene-de bir daşa eşigini geýdirip, gaçyp giden ekeni diýýär. Şeýtanam şol gyzyp barşyna şol daşy gujaklap, nebsini goýberipdir. Soň aldananyny bilipdirem welin, giç-dä.
Şonuň üçinem aýal maşgala hakynda gürrüňedilende käbir ýaşulular bu aýal şeýtana sapak berendir diýip aýdýarlar. Şeýtana sapak beren diýen gürrüň şondan galypdyr diýýär. Şondan öňem, soňam şeýtanyň aldanan ýeri ýokmuş.
Şeýtanyň gujaklap öz işini bitiren daşyndan soňra eşek doglandyr diýen gürrüň bar. Şonuň üçinem eşek hakynda gürrüň edilende oňa:
– Eşek aýdar aslym daş
Hyzmat bilen bagrym baş – diýdirýändirler.
Başga bir rowaýatda How ene aýak ýoluna gidende eşigini bir daşdan edilen hum küýzä büräp gidipdirem diýilýär. Şeýtan gelip şu hum küýzä galtaşansoň eşek doglandyr. Eşegiň syrtynyň, ýokary ýanyna ursaň, «töňk-töňk» edip küýzä uran ýaly ses edýändir.
Munuň haýsy dogry, haýsy ýalňyş – Alla bilsin. Men günäsine galmaýyn.
Şeýtan birneme sowaşansoň seretse, bu iş bitireni How ene dälmiş. How ene eýýäm hol dagyň depesinde Adamatanyň ýanynda diýýär. Şeýdip şeýtan alaçsyz galyberipdir bularyň zürýatlary bilen haklaşaryn-da diýip.
Iki ýüz ýylyň aýralygyndan soň Adamata-da How enä duşan dessine şol dagyň üstünde hyjuwyny saklap bilmändir diýýär. Elbetde, munça aýralykdan soň Adamata bilen How enä-de düşünmek mümkin. Şol wagt dagyň üsti gar eken. Şonuň üçinem şondan bäri erkek adamlaryň-a dyzy, aýal maşgalalaryňam sagrysy – syrt tarapy sowukdyr diýýär. Dagyň üstündäki gara degip, köpräk agram düşen ýerleridir-de, elbetde.
Şondan bäri şeýtan adamzadyň ýanyndadyr, arasyndadyr diýýär. Öňem aýdylyşy ýaly, onuň esasy işi azdyrmak. Azgyn haramzada, arakhor, tireki, ganhor, süýthor, bidin we şulara meňzeşleriň sanyny köpeldip, öz ýaranlaryny artdyrmak. Adam zürýatlarynyň gözüni-başyny aýlap biri-biri bilen sögüşdirip, uruşdyryp, gyrlyşdyryp, çep edip, şer işe çagyryp, garaz başyny ýok-ýok gowgalara salyp ýörendir diýýär.
Her işe girişeniňde «bissimilla» diýip başlama saň, şeýtanam seniň bilen bile başlaberermiş. Şonuň üçin bir başlanan iş başa barmasa, «bissimillasyz» başlaýdyk öýdýän ýa bolmasa «bissimillasyz başlanan iş» diýen ýaly gürrüňlerem bar. Elbetde, il içinde aýdylýan bolsa, dogry bolmagy juda mümkin. Sebäbi bibaş, bisyrat, bitertip çagalara, bimessep kişilere «bissimillasyz» dünýä inen diýýändirler.
Bu dünýäde bihasap zat ýokdur. Her bir zadyň, her bir edilen işiň öz hasaby, jogap bermeli wagty pursaty bardyr. Hiç kim ondan gaçyp gutulyp bilmez. Bu meselede baý-garyp, şa-geda, akylly-akmak–hemme deňdir. «Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda».
Ýöne, şeýle bolsa-da, käbir biparh adamlar günüm – şu günüm diýip ýaşaýandyrlar. Köp haram işlere baş goşýandyrlar, mömün kişilere azar-ýamanyny berýändirler. Elbetde, şeýtana-da ýaran gerek ahyryn.
Adamata bilen How ene-de Ýeriň ýüzüne gelip düşensoňlar sekiz ýüz ýyl gowrak ömür sürüpdirler diýýär. Bularyň zürýatlary ekiz-ekizden boluberenmiş. Özem ekizler bir ogul, bir gyz bolýarmyş. Onsoň ýetişenjelerini, bir garynda bile bolanlaryny däl-de – ekiziň beýleki jübütlerini almaşdyryp beriberipdirler, öýlendiriberipdirler. Dagy näme etjek, başga alaç bolmasa.
Günlerde bir gün bularyň Abyl diýip at beren ogullary: öz ekiz taýymy aljak diýip, Adamata bilen How enäniň aýdanyna razy bolman, yrsarap başlapdyr. Dogrudanam, onuň taýy juda owadan gyzmyş. Şonuň üçinem men ony hiç kime berjek däl, özüm aljak diýýärmiş. Garaz, oňuşmandyr-da. Onda-da Adamata bilen How ene onuň taýyny Kabyl diýen ogullaryna beripdirler. Abylam şu Kabylyň ahmal wagtyny peýläp, aryny ýerine salmagyň kül-külüne düşüpdir. Ahyr bir çolarak ýerde duşup Kabyly daş bilen urup başlapdyr. Birden bolmasy iş bolupdyr. Kabyla bir daş bijaýrak degip, ölüp ýatyberipdir.
Şonuň üçin bir taýak bagt, bir taýak bibagt diýen gürrüň galanmyş.
Ine, Abyl baryp Kabyly yralap görse, dem-üýn ýokmuş. Bu-da nätjegini bilmän, doganyny göterip aýlanyberipdir. Birinji gezek adam zürýadynyň ölüşi diýýär. Entek hiç kim ölini näme etmelidiginem bilenokmyş. Sebäbi öň hiç kim ölmedik bolsa nätjek. Ýeriň ýüzem häzirkisi ýaly däldir-de. Birneme tekizräkdir. Kabylyň jesedini nirede goýsa, güberip görnüp dur diýýär. Abyl eden işine puşman edip, doganynyň jesedini göterip, näme etjegini bilmän, aglap-eňräp aýlanyp ýörmüş. Soňky puşmandan ne peýda.
Abyl doganynyň jesedini ýanynda goýup bir agajyň kölegesinde dynç alyp otyr eken. Ýadandyr-da, elbetde. Öliniň agramam ýaman agyr bolýar ahyry. Şol wagt iki sany guş uçup gelipdir-de, agaja gonupdyr. Iki sem ur-tut bir-birini çokalap urşup başlapdyrlar. Şol barmana guşlaryň biri ýere pat edip gaçyp, ölüp ýatyberipdir diýýär. Beýleki diri galan guş ýeri penjesi bilen köweläp gazyp, ölen guşy şol gazan çukuryna gömüpdir-de, uçup gidiberipdir. Şondan soň Abylam hä beýle etmeli eken-ow diýip, ýeri gazyp doganyny jaýlapdyr.
Adamy gabyr gazyp, ýerde jaýlamak şondan galanmyş.
Elbetde, ol gelip agaja gonan guşlar guş däl-de perişdeler bolmagy mümkin. Haktagalanyň emri bilen olar adam zürýatlaryna adamy nähili jaýlamalydygyny görkezip, soň uçup gidendirler.
Adamata bilen How enäniň zürýatlary has köpelip gidipdir. Olaryň ekiz-ekizden çagalary juda köp bolupdyr. Umuman, How ene ýüz ýigrimi gezek çaga dogrupdyr. Özlerem Ýeriň ýüzünde sekiz ýüz ýyl gowrak ýaşansoňlar, günlerde bir Güň How ene Adamata:indi seniň hyzmatyňa ýarap biljek däl, diýenmiş.
Özem Allatagala ýalbarypdyr, nalyş edipdir diýýär: ine, men şunça gezek çagalamaly boldum, özüm garradym, indi bi Adamatanyň hyzmatyny etmegem maňa ýaman agyr düşýär diýip.
Hudaýyň ýanynda kyn iş barmy näme. Iberipdir Adamatanyň ýanyna bir hüýr gyzyhyzmatyny et diýip.
Bir gün How ene görse, Adamatanyň töwereginde bir hüýr gyz aýlanyp ýörmüş diýýär. How ene ondan soranmyş: sen näme işläp ýörsüň bärde diýip, Hüýr gyzam jogap berenmiş: Adamatanyň hyzmatyny etmäge iberildim. Şonuň hyzmatynda men. How ene-de garranmyş diýdiler diýip. Onda How ene bar-bar, git, şu ýerden garaňy saýla, göteril. Entek men Adamatanyň hyzmatyny özüm edip biljek diýip, ol hüýr gyzy kowupgoýberip, ýene-de Adamatanyň hyzmatyny bialaç özi etmäge başlapdyr diýýär. Nätjek-dä, ýakan däldir-dä, elbetde.
Adamata Käbäniň ilkinji ymaratyny özi gurupdyr. Häzirki Käbedäki gara daş hem Adamata Hudaý tarapyndan Jennetden ýörite iberilenmiş. Başda ol daş gara däl-de ak eken. Ýöne soňra Adam perzentleriniň günä işleri köp etmekleri netijesinde ol daş garalypdyr diýen gürrüňler bar. Adamata köp dilde gürläpdir. Jennetde welin, diňe arap dilinde geplänmiş. Ol aradan çykandan soň Mekgede jaýlanypdyr. Ol Ýerdäki ilkinji pygamber saýylýar. How ene hem aradan çykandan soň Adamatanyň ýanynda jaýlananmyş. Adamatanyň mazary dünýäniň merkezi hasaplanypdyr. Nuhuň tupanyndan soň Ýerdäki ilkinji pygamberiň mazary Ierusalime geçirilipdir.
Adamata bilen How enäniň zürýatlary şondan bäri köpelip-känelip, ýeriň ýüzüne ýaýrap gidipdir diýýär. Olar ekin ekmegem, tikin tikmegem, her hili zatlar ýasamagam kem-kemden öwrenipdirler. Şäherler turupdyrlar. Ýurtlar emele gelipdir. Ýöne olar henize şu güne çenli bir zady başarmaýarmyşlar: olam şeýtandan gutulmak. Şonuň üçinem her bir işde, her hili ýagdaýda, umuman, başyňa iş düşende-de edeniň ugruna bolup, alnyňdan adam çykmaga milt etmän ýören wagtynda-da sabyrly bolmalydyr, başarsaň bar zady gowulyga oňatlyga ýormalydyr. Şol sebäpli-de «sabyr rahmandan, äwmäk şeýtandan» diýlendir. Her hili ýagdaýda-da küpür bolmaly däl-de şükür etmeli. Her bir zadyň şüküranasyny bilmelidir. Şonda Alla saňa ýar bolarmyş.

_________________________________________
Rowaýatlary toplaýjy olary çugdamlanda «Töwratdan», «Yslam enlopedik sözlüginden», «Kuranyň rowaýatlary», «Pygamberler, dört çaryýarlar, perişdeler» atly kitaplardan, täjigistanly ýaşuly bagşy Ýazmyrat Jumatowyň hem-de beýleki ýaşulularyň beren gürrüňlerinden peýdalandy.

Rowaýatlary il içinden ýazyp alyp çugdamlan: Sapargeldi HANOW.
11
412
sahet_ashyrov
16.12.2020 09:15
Zenanlar hakynda / degişme

Gyzlar gaty göräýmäň, bu bir ýöne degişmedir!

Eger-de zenanlar barada Mendeleýewiň tablisasyndaky himiki elementleriň häsiýetlendirilişi ýaly häsiýetnama ýazmaly bolsady, onda ol häsiýetnama şu aşakdaky ýaly görnüşde bolup bilerdi:


Element: ZENAN.

Obýektiň esasy häsiýetli alamatlary:

Element: 99,999∞

Ady: Zenan

Gysgaça aňlatmasy: Zn

Ilkinji açan alym: Adam ata

Atom agramy:

60 kg (şeýle hem, tebigatda 40 kg-den 250 kg agramly görnüşleri hem gabat gelýär).

Ýaýrawy:

Giňden ýaýran (Takmynan Ýer şarynyň 3-den 2 bölegi,
Kosmos giňişligindäki möçberi doly anyklanmadyk)

Fiziki häsiýetleri:

Belli bir şertlerde täsir edilende ereýär. Belli bir şertlerde öz-özünden gaýnap, tüsseläp başlaýar.

Giňelmegiň koeffisiýenti:

Ýyl geçdigiçe giňeýär. Belli bir ýerlerini gysymlanyňda – ýumşajyk.

Himiki häsiýetleri:

Altyn (Au), Kümüş (Ag), Platina (Pt) ýaly gymmatbaha metallar bilen gowy gatnaşyga girýär, şeýle gymmatbaha metallary çäklendirilmedik köp möçberde özüne kabul edip bilýär we olar bilen gapma-garşylykly reaksiýa girmeýär, gaýta ýumşaýar. Käbir ýagdaýlarda birdenkä, duýdansyz partlamaga ukyply, elementlere mahsus işjeňlik döwri gije-gündiziň wagtyna baglylykda artýar ýa-da peselýär.

Ulanylýan ýerleri:

Bezeg maksatlary bilen giňden ulanylýar, esasanam üýtgeşik owadan edip gurlan jaýlarda we gymmatbaha ulaglarda. Örän gowy arassalaýjy hem ýuwujy serişde bolup durýar. Anyk kesgitlenen möçberlerde ulanylan halatynda rahatlanmaga we gaýgy-aladadan dyndarmaga ýardam berýär, kesgitlenen möçberden artyk ulanylan halatynda uzak wagtlaýyn näsaglyga getirip bilýär.

Hil taýdan üýtgeýiş häsiýetleri:

Eger-de ýanynda şu elementiň has ýokary hilli nusgasy bolan halatynda ýaşyl reňke boýalýar, gymmatbaha metallar bilen çäklendirilmedik möçberde goşulanda täsin gülgüne reňkde öwüsýär.

Ätiýaçlyk çäreleri:

Tejribesizler tarapyndan ulanylanda olara çynlakaý howp abanýar. Bu elementiň bir nusgasyndan artygyny edinmek maslahat berilmeýär.

Çeşmesi:

http://erichware.net/neavtor/rasskazy/jenwina.htm
10
741
sahet_ashyrov
15.12.2020 12:53
PARODİÝA

KELLİ:
Ol nämedir sary-gara öwüsýän?
Ol nämedir gara ýolda böwüsýän?
Haýsy organ süňki ýokdur towusýan?
Welli bolsaň sen soragma jogap ber!

WELLİ:
Şypyrtmadyr sary-gara öwüsýän.
Üçlük motor gara ýolda böwüsýän.
Diliň süňki ýokdur ýöne towusýa.
Şahyr Welli Ikiň şudur jogaby!

KELLİ:
Ol nämedir iýip doýup bolanok?
Haýsy köwşi toýa geýip bolanok?
Ol nämedir elden goýup bolanok?
Welli Ikı bolsaň hany jogap ber.

WELLİ:
Toý çorbasyn iýip doýup bolanok.
Ýöne toýda kaloş geýip bolanok.
Telefonam elden goýup bolanok.
Ikinji Welliden nagtdyr jogabyň!

KELLİ:
Ol nämedir jany bar-da gany ýok?
Haýsy jaýyň işigi-eýwany ýok?
Nämäni sanaýas ýöne sany ýok?
Filozofsyrama göni jogap ber!

WELLİ:
Telewizor - jany bar-da gany ýok.
Koropkanyň işigi-eýwany ýok.
Ýyldyzy sanaýas ýöne sany ýok.
Göwnüme degme-dä, ana jogabyň!

KELLİ:
Ol nämedir patdyk-putdyk ýol geçer?
Ol kimdir, näme üçin sözü bol seçer?
Haýsy akmak nirelerde lal açar?
Buýtar-suýtar etme, magat jogap ber!

WELLİ:
Ol eşekdir patdyk-putdyk ýol geçer.
Şahyr ogry bolsa sözü bol seçer.
Akmagyň danasy köpde lal açar.
Näme diýjek bolýaň mana jogabyň!

KELLİ:
Ol nämedir ýene näme nämedir?
Ýene nima, ýene çto nämedir?
Ondan-mundan ýene näme nämedir?
Wessalam, gep tamam şuňa jogap ber!

WELLİ:
Setirlerim çar tarapdan gelendir.
Özbek, ors, gazagy heýran kylandyr.
Ýazsamam ýazdymla, aňsat bolandyr.
Men gitdim çen boldy (!) berdim jogabyň!
8
190
sahet_ashyrov
14.12.2020 09:04
Ejem eken


■ Ogulnur Ataýewa barada

Ýaş şahyr Ogulnur Ataýewa 1996-njy ýylyñ 5-nji fewralynda Mary welaýatynyñ Garagum etrabynda alty gyzly maşgalanyñ üçünjisi bolup dünýä indi. 2003-nji ýylda ýaşaýan etrabynyñ 1-nji orta mekdebine okuwa baran Ogulnur şol mekdebi 2013-nji ýylda tamamlaýar. Ogulnuryñ goşgulary ilkinji gezek 2016-njy ýylda "Garagum" žurnalynyñ 10-njy sanynda çykdy. Göräýmäge ýönekeýje ýaly bolup görünýän her goşgusynda üýtgeşik bir setirine we özboluşlyja pikirine duş gelmek bolýan Ogulnur Ataýewanyñ döredijiligi onuñ gelejegine bil baglap boljak zehindigine güwä geçýär. Ogulnur Ataýewa häzirki wagtda Aşgabat şäherinde ýerleşen Türkmenistanyñ Telewideniýe we radiogepleşikler birleşmesiniñ kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniñ "Mawy yşyk" ýörite hünär okuw mekdebiniñ 2-nji kurs talybydyr. Ogulnur edebi-çeper telegepleşiklere işjeñ gatnaşýar. Ol "Ylhamly ýaşlar" atly edebi-çeper telebäsleşiginiñ bassyr bäş gezek ýeñijisidir.

EJEM EKEN

Etmişim kän, ötmüşem sen, çagalygmyñ ýeñlesligni,
Öwredipdiñ has kiçikäm gyz görküniñ agraslygny,
On ýyl geýdiñ bir geýeniñ, maña tikdiñ köýnekligñi,
Joralarma güjeñlärdim, şonda aklym çatman eken,
Bir gülenmi dünýä deñän, görüp dursam, ejem eken.

Ýyllar göçýär, geçip barýar, başyñdaky çagalygam,
Köpelýändir durmuş hakda saña berýän soragymam,
Günler geçdi soñ ýat boldy şol çägeli Garagumam,
Talyp boldum, men özüme diýipdim-le «Bagty çeken»,
Ah, bu bagty gije-gündiz Hakdan dilän ejem eken.

Gara saçlañ aklygyna, düşünmedim ilki bada,
Jograndy-da ýürek şonda, atygsady, düşdi oda,
Bu dünýäde günäkär men bolan bolsam haýsy zada,
Maña goýman ýazygymy, bagry bilen süzüp çeken,
Indi bilýän, ejem eken.

Men özümi ýalñyz duýdym şu märekäñ arasynda,
Ne alamat, bu duýgulam, sakla özüñ goragyñda,
Özüme zor salyp gelýän, ýyly mähriñ ideginde,
Jandan geçip söýjek barmy, tapylarmy dyza çöken?
Bagra basdy bir tanyş el, ol ýene meñ ejem eken.

Söýen ýigdim, goýup gitdiñ, ýat bolduk biz bir-birege,
Men ýüregñe ýol salsamam, gapy tapmadym girere,
Alynmadyk myhman ýaly, duýgym tazykdy bir ýere,
Meñ seni söýşimden beter, menem biri söýýän eken,
Şol ynsanam ejem eken.

Gyssanyber, däli köñlüm, wagtyñ şol bolşy, tizlänok,
«Ah, bu durmuş ejeñ däl-dä», ejizleseñ, ezizlänok,
Hemme kişi bagt isleýär, güzaby ýok, azaby ýok,
Köp aýdardyñ, diñlemezdim, soñam boldum, derde çöken,
Awunybam arzyñ aýtsañ, ejeñ seni diñlär eken.

Ýeñil işe tiz ýapyşdym, kynlaryny soña goýdym,
Şänik ÿaryp, mañzyn iýdim, gabygyny saña goýdym,
Çaýlamaga jorañ gelse, sen ýene-de gyzyñ öwdiñ,
Gör-ä durmuş niçiksi zat, ýörãn ýoluñ hile-gapan,
Ýagşyñ ýaýyp, aýbyñ ýapjak, ilki bilen ejeñ eken.

Ogulnur ATAÝEWA.
9
247
sahet_ashyrov
11.12.2020 13:58
ADAMLAR NÄMÜÇIN PAL ATDYRÝAR?

● (Palyñ müñlerçe ýyllyk taryhy bar...)

“Pala ynanma palsyzam galma” diýem meşhur aýtgy bardyr. Çünki pal gelejegiñ gowy ýa-da erbet zatlaryndan, esasanam heniz näbelli zatlardan habar berýär, habar berýän zatlary-da kiçi-girim zatlar däl, başga hiç bir ýerde hiç kimden eşdip bilmejek zatlaryñyzdan habar berýär. Ýagdaý şeýle bolansoñ, adam pahyr nädip palsyz galsyn?!. Ynanyp ynanmaýanlygy esasy mesele däl, esasy mesele - palyñ durmuş we adam bilen gatnaşygy.
Tanymal kompozitor Jem Adrian bir çykyşynda bu gatnaşygy ussatlyk bilen gürrüñ berýär. Üstesine olam birmahallar pal atýan eken, onuñ gürrüñini agramly edýän ýeri-de şudur. Aslynda ol näme edýändigini we nämüçin edýändigini, işini edýärkä üns bermeli zatlary gowy bilýän sungat adamsy. Ol:
- Aslynda, pal atmak täsin zat - diýip sözüne başlaýar. - Garşyñdaky oturan adam bilen gepleşeñde, ony az-owlak tanap başlaýarsyñ, durmuşda nämäniñ ugrunda gezip ýörendigini añşyrýarsyñ we oña özüni gowy duýar ýaly etmäge çalyşýarsyñ. Pal diýmek, ine, şu - ony özüni gowy duýar ýaly etmek, güýç-energiýa bermäge çytraşmak...
Pal atmazdan öñ adamyñ ýüregine, başdan geçirmelerine gulak salynýar, erbet bolany "gowulaşdyrmaga", adamda özüni "arkaýynlykda" ýaly duýgy döretmäge çalşylýar. Görşüñiz ýaly, pal atdyrmaga gelen adamyñ bolşuna görä pal atylýar, çem gelşine atylýan zat däl.
Söhbetimize Jem Adrian bilen dowam edeliñ.
Demet Sagyrogly bilen tanşandan soñ Adrianyñ durmuşy özgerýär duruberýär, indi onuñ serinde kompozitorlyk etmek hyýaly döreýär. Ýeri, ony palçylyga iteren sebäp nämedi? Bu soraga Adrianyñ özi şeýle jogap berýär:
- Stambuldadym. Elimde kör-köpük pulum ýokdy. Pul gazanmaga mejburdym. Oñarybilen bar işimem şu boldy.[1]
Bir iş hökmünden pul gazanyp boljak girdeji çeşmesi hökmünde "palçylygy-da" sanawa goşalyñ onda.
Adrianyñ aýdýanlary durmuşyñ tutuş akymyna yşarat edýär: ýaşaýyşyñ bizden alanlaryny iñ bolmanda pal arkaly yzyna almak isleýäris, bu - "geçeni geçdi bileli, iñ bolmanda gelejegimiz bir gowy bolsun" diýen pikirde ýöredýän hasabymyzdyr. A birden gelejegizem gowy däl bolsa näme? Onda biz öñünden taýýarlygymyzy görüp, şoña görä özümizi alyp barjak bolýarys. Eýse, pala iterýän motiwasiýa şular ýaly däl-de nähili? Ýa-da şonça palçyny, olara jany-teni bilen ynanýan we hatda belli bir wagtlarda gapylaryny ýakýan millionlarça adamyñ ruhy ahwalyny başga nähili düşündirip bileris? Adam pala ynanýar, çünki ynanmak isleýär. Ahyrynda ýalñyşjagyny bilip duranam bolsa, ynanç bir umytdyr. A umydy bolmasa?!.

■ ALDANYLAN FIZIKA PROFESSORY

Şonuñ üçin baý ýa-da "meşhur" bolsañyzam, palçylarda sizi görüp bilýäris. Has dogrusy, ähli bu aýratynlyklaryñyza garamazdan "aldawa düşürilip", ep-esli puluñyzy giderip bilersiñiz.
Gazet sahypalarynda iñ soñky gezek Gazi uniwersitetiniñ fizika professorynyñ palçy tarapyndan aldawa düşürilendigini okapdyk.
Habardan okaýşymyza görä, zenan professor internetde bir palçy bilen tanyşýar, çünki ol kyn ýagdaýa düşýär, çykalga gözleýär. Palçy hem öz gezeginde şol kyn ýagdaýlaryñ sebäbi "jady" diýip düşündirýär we çaparlaryndan "dogalar" ugradýar. Professoryñ aýtmagyna görä bu dogalar ilkibaşda peýda-da berýär we özüni gowy duýup başlaýar. Emma belli bir wagtdan soñ ol palçyny ýitirýär, oña iberen puly bolsa 100 müñ liradan geçýär.
Oýlandyryjy gerek? Professor palça ýeñilipdi. A nämüçin?
Çünki, durmuş fizika ylmyndanam, professorlygyñ muşakgatly we öwrümli ýollaryndanam has çylşyrymly we agyr ýol.
Durmuş sizi çaşyrmasyn, durmuşyñ öwrümli ýollarynda ugruny ýitirenleriñ ýoly köplenç palça çykýar. Üstesine pala alyp barýan şol ýollar gadymy taryhyñ çañly yzlaryny-da özünde saklaýar. Anyk taryhy çeşmeler bolmasa-da, palyñ 4-5 müñ ýyllyk geçmişiniñ bardygyny bilýäris. Şeýle-de, pal tilsimleriniñ akkadlar döwründe kemala gelendigi we has soñda Aziýanyñ, Ortaýer deñziniñ ýurtlaryna ýaýrandygy aýdylýar. Şeýle-de size şol döwürlerde pal tilsimlerinde haýwanlaryñ içki organlarynyñ iñ köp ulanylan zatlardygyny aýtsak, geñ galarsyñyzmy? Şumerlerden bäri berjaý edilen bu tilsim bilen gurban edilen guzularyñ içki organlary we hususanam onuñ bagry, aşgazany, içegeleri öwrenilýär hem-de şolary ulanyp, gelejekden habar berilýän eken. Başga bir pal tilsimi bolsa, suwa belli bir mukdarda ýag döküp garyşdyransoñ, emele gelen şekilleriñ düşündirişine esaslanypdyr. Şeýle-de, gadymy Hytaýda (b.e.öñki 1765-1123-nji ýyllarda) haýwan süñklerini (esasanam pilçe süñküni) ulanyp pal atylandygyny bilýäris.

■ MILLIONLARÇA ADAM PAL ATDYRMAGA DOWAM EDÝÄR

Palyñ taryhdaky ýeri, şek-şübhesiz, biziñ günlerimizdäkiden has agramly bolupdyr. Mysal üçin, "Hett jemgyýetinde we gadymy Rim döwründe pal jemgyýetçilik durmuşynyñ we syýasy ulgamyñ esasy taglymlarynyñ biri bolupdyr. Häkimiýet strukturasyndan başlap, ekerançylykda hasylyñ haçan ýygnaljakdygy, ýa-da haýsydyr bir ýurt bilen uruşmak we ýaraşmak ýaly birnäçe wakada gelejekden habar berýändigine ynanylýan kişilerden ýardam hantama bolnupdyr."[2]
Şu we şuña meñzeş ynançlara, gönükmelere taryhdaky ähli jemgyýetlerde diýen ýaly gabat gelip bolýar. Mysal üçin, yslamdan öñki döwürde Käbedäki köpsanly butlardan Hubel wasanynyñ (daşdan ýasalan hudaýyñ ady -t.b.) öñünde pal atdyrýan ekenler. Wasanyñ ýanynda pal atdyrýanlaryñ isleg-meýillerine jogap berjek şekilde ýazgylar ýazylan ýedi ok bolupdyr. Kureýşliler pul, şejere, guýy gazma, oñşuksyzlygyñ çözgüdi ýaly başga-da meselelerde pal atdyrypdyrlar. Professor Adnan Demirjan aralarynda "pal okunyñ pajy" diýilýän girdejilerden birnäçe kişiniñ baýandygyny ýazýar. Olardan käbiriniñ atlary şulardyr: Ebu Sufýan, Welid ibn Mugire... [3]
Yslam dininiñ gelmegi bilen palyñ gadagan edilendigini bilýäris. "Maide" süresinde “pal oklart” bilen baglanşykly aýat hem bar. Hususanam, pygamberimiziñ (s.a.w) b barada aýdan sözleri-de paly oñlamaýar. Bu, başga dinlerde-de şeýle. Muña garamazdan millionlarça adam şonça aldawça telim gezek aldanyp gelýänem bolsa, häzirem pal atdyrmaga dowam edýär. Çünki, durmuş we adam daşyndan göreniñ ýaly däl, has çylşyrymly. Adam bolsa, gaýgy-gamlary, bökdençlikleri, meseleleri we çaknyşyklary bilen durmuşda ýol aljak bolýar.
Pal iñ soñky çykalgamy? Adam pahyr, bolmanam, çäresiz galan çagy palça gidýär. Bir professor bolsañyyzam bu ýagdaý üýtgemeýär. Şu nukdaýnazardan azyndan pal ýaly adama, onuñ düýni we şu güni bilen bile düşünmek gerek. Kakylmaly gapy palçynyñ gapysy däl-de, adama düşünmäge gönükdirilen barça gapylardyr. Ýalñyşýanmy ýa?

Aýdyn TONGA.

Odatv.com
4
294
sahet_ashyrov
10.12.2020 09:14
BIZIÑ GÜNLERIMIZE ÇENLI BEDENINDEN BIR BÖLEK SAKLANYP GALAN TARYHY ŞAHSLAR

Geçmişde ýaşap geçen käbir taryhy şahslaryñ ölüsi-de, dirisi-de ummasyz pul gazandyrypdyr diýsek, käbirleriñize geñsi eşidilmegi ahmal. Hawa, beýnisinden başlap barmagyna, saçyndan başlap ujydyna çenli bularyñ käbir synasy ýa ogurlanypdyr, ýa saklanyp biziñ günlerimize çenli gelip ýetipdir. Geliñ, hemmämiz bilelikde synasy ogurlanan şahslaryñ kimdigine ser salalyñ.

1. Albert Eýnşteýniñ beýnisi

XX asyryñ iñ meşhur alymy saýylýan Nobel baýragynyñ eýesi Albert Eýnşteýniñ ogurlanaýjak synasy näme bolup biler diýseler, megerem, ilki bilen onuñ beýnisi göz öñüñize gelse gerek. Dogry. 1955-nji ýylda 18-nji aprelinde aradan çykan Eýnşteýniñ beýnisini ölenden soñ öwrenmek üçin kelleçanagyndan çykaryp alypdyrlar. Soñra beýni ýitirim bolupdyr. Şondan ýigrimi üç ýyl geçensoñ, 1978-nji ýylda Tomas Ştols Harwi alymyñ ogurlanan beýnisini tapypdyr we onuñ üstünde gaýtadan işläpdirler.
2010-njy ýylda alymyñ beýnisi Waşingtonyñ döwlet saglygy goraýyş we medisina muzeýine tabşyrylypdyr.

2. Bethoweniñ gulagy

Dünýä belli kompozitor Lýudwig wan Bethoweniñ gojalşan çagy gulagynyñ ker bolandygyna garamazdan, onuñ döreden sazlary lukmanlaryñ esasy gyzyklanýan temasyna öwrüldi. 1827-nji ýylda aradan çykan meşhur kompozitoryñ meýdi sud-medisina ekspertizasyna salnanda, onuñ gulaklary ogurlandy. Ogurlanan gulak tä 2005-nji ýylda Wenada ýaşaýan maşgala özlerinde saklanýandygyny aýdýançalar gören-eşiden bolmady. Bethoweniñ gulagy häzir ABŞ-nyñ Kaloforniýa ştatynyñ San Jose uniwersitetinde saklanýar.

3. Buddanyñ dişi

B.e.öñ VI asyrda ölen buddizmiñ esaslandyryjysy Gautama Buddanyñ maslygy ýakylandan soñ, dişi ýadygärlik hökmünde saklanypdyr. Buddanyñ dişi häzir Şri-Lankanyñ Kandi ybadathanasynda saklanýar.

4. Napoleonyñ ujydy

Aýtmaklaryna görä, 1821-nji ýylyñ 5-nji maýynda ölen Napoleonyñ jesedi sud-medisina ekspertizazyna salynanda, onuñ ujydy kesilip alynypdyr. 1916-njy ýyla çenli jesede seljerme geçiren lukmandan gördüm-bildim bolmandyr. 1970-nji ýylda amerikan urology Jon Kingsleý Lattime 3.000 amerikan dollaryny berip, Napoleonyñ ujydynyñ saklanyp galan böleklerini satyn alypdyr.

5. Galileýiñ orta barmagy

Geçiren ylmy-barlag işleri bilen häzirkizaman fizikasyna itergi beren we astronomiýada uly öwrülişikleri döreden hem-de dünýäniñ şar şekillidigini aýdan ilkinji alym Galileo Galileý hem synasy ogurlanan şahslardan. Alym togsan bäş ýaşynda aradan çykansoñ, onuñ orta barmagy kesilip alynýar. Kesilen gününden bäri biziñ günlerimize çenli elden-ele geçip gelen "orta barmak" häzir Florensiýanyñ Taryh we ylym muzeýinde saklanýar.

6. Tomas Edisonyñ iñ soñky demi

Edil sözüñ doly manysynda syna hasap edilmese-de, Tomas Edisonyñ iñ soñky demi taryhy şahslaryñ ölüminden soñ saklanýan synalarynyñ sanawyna girýär. Edison ömrüniñ soñky günlerini ýakyn dosty Genri Fordyñ ýanynda geçiripdir. Genri Ford bolsa Edisonyñ oglundan onuñ iñ soñky demini alyp galmagy haýyş edipdir. Çynmy, ýalanmy... ony anyk bilýän ýok, emma bir aýna gabyñ içine üflenen bu iñ soñky dem häzir Genri Forduñ adyny göterýän muzeýde saklanýar.

7. Rasputiniñ ujydy

Grigoriý Rasputin aşa aýgyrlygy we tebigy syzyş güýji bilen Patyşa Russiýasynyñ iñ belli adamlarynyñ biridi. Megerem, şonuñ üçin bolsa gerek, ol 1916-njy ýylda taryha giren teraktyñ gurbany bolýar. Ölenden soñ onuñ ujydy kesilip alynýar. 1920-nji ýyla gelinende rus aýal-gyzlarynyñ döreden bir sektasynda onuñ gyzy Mariýa kakasynyñ ujydyna çokunylýandygyny görüpdir. Ujyt bu ýerden alynyp, Sankt-Peterburgyñ Erotik muzeýine tabşyrylýar.

8. Awraam Linkolnyñ süñk owuntyklart

ABŞ-nyñ on altynjy prezidenti Awraam Linkolnyñ janyna kast edilmegi netijesinde aradan çykýar. Teraktda kellesine ok giren Linkolnyñ kelleçanagy bölünensoñ, ok çykarylýar. Onuñ kelleçanagy bölünende pytran süñk owuntyklaryny ýygnap goýýarlar. Häzir bu owuntyklar Waşingtonyñ döwlet saglygy goraýyş we medisina muzeýinde saklanýar.

9. Çe Gewaranyñ saçy

Argentinada doglan marsksist rewolýusioner Çe Gewara Boliwiýada öldürilenden soñ MRU-nyñ gizlin agenti Gewaranyñ saçyny kesip alypdyr. Şol bir sagtyñ özünde onuñ barmagynyñ yzy we synasyndan çykarylan ok bölekleri 119.500 amerikan dollaryna satylypdyr. Häzir bular ABŞ-nyñ Tehas ştatynda ýaşaýan kitapçy söwdagäriñ birinde. Onda Gewara degişli näme bar bolsa saklanýar.

10. Musollininiñ beýnisi

Italýan diktatory Benito Mussolini 1945-nji ýylda ölüm jezasyna höküm edilende, amerikan hökümeti Mussolininiñ beýnisi öwrenmäge döwtalap boldy. 1966-njy ýyla gelinende, ýagny, ýigrimi bir ýyldan soñ Mussolininiñ beýnisi onuñ yzynda dul galan aýalyna gaýdyp berilipdir. 2007-nji ýylda Mussolininiñ beýnisi eBay (internet satuwy) arkaly satuwa çykarylanda, 22.000 dollara geçipdir.

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
5
94
sahet_ashyrov
09.12.2020 10:37
HAÝSY WAKSINA?

"Pfizer" & "BioNTech"-iñ şärikdeşliginde çykarylan kowid-19-a garşy mRNA waksinasy sintetik RNA molekulalarynyñ adam öýjüklerine goýberilýän waksinanyñ täze görnüşi...
Angliýanyñ derman önümçiligine we lukmançylyk enjamlaryna gözegçilik edarasy (MHRA) bu waksina üçin "adatdan daşary ygtyýarlyk" berip, 2020-nji ýylyñ 2-nji dekabrynda mRNA waksinasyny makullaýan taryhyñ ilkinji derman önümçilik işine serenjam berijisi boldy.
Iñlis jemgyýetçiligi “munuñ goşmaça täsirleriniñ bolmaýandygyna kepil geçip bilýärsiñizmi?” diýip sorady.
Şeýle jogap berildi: “Berýän peýdasy döräp biläýjek haýsydyr bir howpdan agdyk bolar!”
Heniz "haýsydyr bir howpuñ" anyk jogaby ýok. Munuñ adamda geçirilýän FAZ 3 synaglary 2023-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar…
Serediñ:
mRNA waksinalary hemişeki waksinalardan tapawutly täsir edýär.
Işjeñ immun goragy üçin ulanylýan waksinalaryñ iñ könesi we iñ esasysy saýylýan hemişeki waksinalar - peseldilen (atenüe - затухание) janly, inaktiw (öli) we inaktiw toksin (toksoid) waksinalardyr.
Mysal üçin... peseldilen janly waksinalar hassalygyñ faktory janly mikro organizmleriñ laboratoriýa şertlerinde peseldilmegi arkaly alynýar. Tuborklýoza (inçekesele) garşy BGG waksinasy ýa-da gyzamyga, hapgyrtma we garamyga (rubella) garşy MMR waksinalary peseldilen janly waksinalardyr…
Adamzat sintetiki taýdan emele getirilen we öýjüklere transfeksirlenen mRNA waksinasyny ilkinji gezek ulanýar…
“Bu waksina öýjügiñ içindäki organizmiñ kosmiki otagy bolan DNK-a täsir edip bilermi ýa bilmez?”
Bugün dünýä jemgyýetçiliginde onlarça sowal bar. Bolaýmalysy hem şeýle. Mysal üçin: adamlarda synag edip görmek üçin hiç bir mRNA tehnologiki platformasyna (derman ýa-da waksina) 2020-nji ýyldan öñ idin berilmändi! Şindi kowid-19 sebäpli “rugsat” berilýär!

■ IKIRJIÑLENMELER BAR

Piter Jeý Hotez…
Waksina boýunça dünýäniñ iñ meşhur amerikaly professory. SARS we MERS ýaly wiruslara garşy waksinalaryñ üstünde işlän ylmy-barlag toparyna başlyklyk edýär. Kowid-19 boýunça-da iş alyp barýar.
Ol “Orta çykan mRNA waksinasy babatda, onuñ praktikada täzelik getirip-getirmejeginden aladalanýaryn” dedi.
Şeýle-de, mRNA waksinasynyñ wagta bellän çäklerine garşy oýardy we konserwatiw wagt çäginde gyssanmaçlyk etmegiñ birgiden agsamalary döredip biljekdigini ýañzytdy.
Ysraýylyñ Hadassah medisina merkezinde mRNA boýunça geçirilýän synaglara ýolbaşçylyk edýän professor Ýossi Karko bu waksinalar boýunça häzire çenli berlen görkezijilerde çäklendirmeleriñ bolandygyny we bu çäräniñ gysga wagty öz içine gurşap alýndygy barada bir aý mundan öñ aýdypdy.
(Men muny ýazanymda şahsyma nämeleri ýazypdylar, bu jahyllar taýpasy…)
Hawa, näme boldu-da, birdenkä birden çaltlandy duruberdi mRNA waksinasynyñ makullama işi? Ýagdaý şeýle... Barha ýygjamlaşýan aragatnaşyk serişdeleri bilen birlikss mRNA waksinalaryna almaly ilkinji ygtyýarnamasy-da çekişmelere sebäp boldy.
Şuña meñzeş tutaryklar bilen professor Mihal Linial “sanjymy derrew etdirmekçi däl” diýdi. Bular ýaly diýýänler başga-da kän...
"Washington Post" gazeti ABŞ-daky saglygy goraýyş işgärleriniñ arasynda mRNA waksinalary boýunça ikirjiñlenmeleriniñ bardygyny ýazdy: “Käbirleri birinji tapgyrda sanjym etdiresi gelenok, goşmaça täsirleriniñ nähili bolýanyny görüp, soñ ýagdaýa görä hereket etmek isleýärler.”
mRNA waksinasynyñ formulasy "Pfizer" we "BioNTech" şereketleri tarapyndan gizlin saklanýandygy üçinem çekişmeler barha gyzyşýar...
"British Medical Journal"-yñ baş redaktory Piter Doşi ýaly hünärmenler bolsa metbugat habarlarynyñ daşyndaky maglumat boşlugyna ünsi çekýär.
Meseläniñ düýp özenini bilýänleri mediýanyñ boş lakgyldylary kanagatlandyryp bilenok.

■ HANY, GÜRRÜÑINI ETMEK BOLANOKDY-LA?

Global derman önümçilik şereketi "Pfizer"-iñ öñbaşçylygyndaky waksina lobbisi şu günlerde näme edýändir öýdýärsiñiz? Hemişeki waksinalar “erbet”, mRNA waksinalary “gowy” diýmäge çytraşýar! Şeýle diýýärler:
mRNA waksinasynyñ hemişeki protein waksinalaryna garanda käbir aýratyn artykmaçlygy barmyş! Meselem, mRNA waksinalary aktiw ýa-da inaktiw edilen patogenden-wirusdan we ş.m-lerden ýasalmandygy üçin ýokançlygyny ýitirýärmiş! Tersine, hemişeki sanjymlar güýçli depginde urulsa, artyş nokadynda wirus ýokanjynyñ howpuny ýokarlandyryp bilýärmiş!
mRNA waksinalaryny has çalt, has arzan we has standart ýagdaýda, ýagny, öndürijilikde iñ pes ýalñyşlyk derejesinde öndürip bolýarmyş we bulam howply köpçülikleýin ýokançlary togtadyp bilýärmiş! Näler... näler...
Hany, waksina meselesiniñ gürrüñini etmek bolanokdy-la?!.
Hany, Soner Ýalçyn munuñ gürrüñini edýär diýip, ony waksinanyñ duşmany hasaplapdyñyz-la?!.
Akyl-huşlaryny kapitalizme kärendesine berenler "Gara guty" (“Kara Kutu”) kitabymy näletläpdi!
Işiñ arasyna pul-kapitalizm girdi welin, waksinanyñ üstünde turýan çekişmäni görýäñizmi indi?
Günümize goýuñ, goý, gaýtam, bizem ýazalyñ şu zatlar barada...
Diñe ABŞ-da waksinadan jebir çeken maşgalalara (2019-njy ýylyñ oktýabr aýyna çenli) tölenen öweztölegi 4.2 milliard dollardan geçýär. Diñe aklawjylara tölenen pul 2 milliard dollara barabar. Özem şol 6.2 milliard dollara şikaýatnamalar üçin çykarylan çykdajylar girenok…
Halkyñ hakykatlary öwrenmäge haky bardyr.
Monopoliýa düzgüni awtoritardyr.
Monopoliýa düzgüni gorkyny ulaldýar.
Monopoliýa düzgüni adamy peseldýär, monopoliýa düzgüni adamy mal edip taşlaýar!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 08.12.2020 ý.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW.
5
67
sahet_ashyrov
08.12.2020 09:14
ALTAÝ MELIKESINIÑ NÄLETI

Bar zat 1993-nji ýylda başlady. Rus arheologlaryndan düzülen topar Russiýanyñ, Gazagystanyñ, Mongoliýanyñ we Hytaýyñ kesişýän ýerindäki günorta Altaýyñ Ukok ýaýlasynda tapylan kurganda gazuw-agtaryş işlerini geçirýärdi...
Alymlaryñ işi şowlady: antik guburyñ üstünden bardylar. Mazaryñ içki otagynda asty arassalanan atyñ süñkleri we bürünç çüý kakylan uly agaç tabyt tapyldy. Tabydyñ içinde ýaş zenanyñ mumyýalanan jesedi bardy. Gölegçiler gömmänkä tabydyñ içine ep-esli buz goýandyklary üçin mumyýa gowy saklanypdyr. Alymlar mazaryñ ýaşyny iki ýarym müñ ýyl diýip çakladylar. Rus we daşary ýurtly hümärmenler bir pikire geldiler: tapyndy XX asyryñ ahyrynda tapylan iñ gymmatly arheologik tapyndylarynyñ biri boldy.
Mumyýa gapdallygyna ýatyrylan ýagdaýda, aýaklary çala epilipdir. Egin-eşigi: ýüpek bluzka, ýüñ köýnek, keçe jorap we deri penjek. Zenanyñ saçy-da syrylan ýagdaýda eken, golarynda we omuzlarynda fantastiki jandarlaryñ we guşlaryñ suraty çekilen birnäçe tatuirowkalar bar. Megerem, bu zenan ýañy 25 ýaşlaryndaka ölen bolmaly. Özem begzada maşgalasyndan bolmaly, şonuñ üçin arheologlar bu mumyýa "altaý melikesi" diýip başladylar.
Seljerme-barlag işlerini geçirmek üçin melikäniñ jesediniñ galyndylary ýörite laboratoriýa ýollandy. Mumyýa wertolýota ýüklendi. Uçuş wagtynda wertolýotyñ motory birdenkä işlemesini bes etdi, uçarman zordan diýen ýaly kynlyk bilen ýere indi. Bu wakadan soñam birnäçe tragiki wakalar bolup geçdi.
Guburyñ açylanyna kän wagt geçmänkä Altaýda ýer titremeler we suw-sil joşgunlary döredi. Ýer titremeler netijesinde ýüzlerçe öý ýykylyp weýran boldy, siller ekin meýdanlaryny ýumurtga togalabermeli etdi. Ýerli ýaşaýjylar "altaý melikesiniñ näletinden" söz açmaga başladylar. Altaýyñ ýerli halklarynyñ wekilleri arheologlaryñ ýer astyna barýan girelgäni goraýjy "Beýik Enäni" bimaza edendiklerini aýdýarlar. "Beýik Ene" ýerinden gozgaldy we erbetligiñ güýçleri herekete geçip, adamlara zelel bermäge başladylar. Mumyýany öñki ýerine äkidip, öñküsi ýaly jaýlanmagy gerek.
Emma alymlaram uly ylmy ähmiýete eýe bolan gymmatly tapyndydan el üzesi geläýenok. Alymlar "altaý melikesiniñ näleti" baradaky gürrüñe edil "müsürli faraonlaryñ näleti" ýaly mit diýip düşünýärler. Ýer titremeler Altaýda arheologik gazuw-agtaryş işlerinden öñem bolup geçýärdi, suw-sil we güýçli ýagyşlar bolsa yklymara üýtgeşmeleriñ netijesidir.
Tebigy hadysalaryñ ylmy düşündirişleri bar, boş ynançlaryñ we o dünýä güýçleriniñ muña hiç hili dahyly ýok. Üstesine soñky onlarça ýylyñ dowamynda Altaýda başga-da birnäçe mumyýalanan jesetler tapylypdy. Olaryñ guburlarynyñ açylandygyna we jeset galyndylarynyñ öwrenilendigine garamazdan hiç zat bolmandy.
Şeýle-de, melikäniñ mazarynyñ tapylan Ukok ýaýlasy soñky ýyllarda ýene alymlaryñ ünsüni özüne çekdi. Hünärmenler ýaýlada birnäçe kilometre uzaýan täsin çyzgylaryñ üstünden bardylar. Bu çyzgylar antik eýýamlarda çyzylypdyr we olary diñe guşuñ uçýan belentliginden görüp bolýar. Geñ galaýmaly: Gadymky adamlar uçmagyñ nämedigini bilmeseler näme! Bu adamlar şular ýaly kyn we gapdaldan görüp bolmaýan "yşaratlama" çyzgysyny nädip takyk çyzyp bildilerkä? Birnäçe çaklama wersiýalar orta atylýar. Olaryñ arasynda müñlerçe ýyl owal Ukok ýaýlasynda başga saýýaralylaryñ kosmos ulaglarynyñ uçup-gonýan "kosmodromy" bolaýmasyn?" diýýänlerem bar. Eýse, şolaryñ uçarmanlary bu "şekilleri" çyzdylarmyka?
Ukok ýaýlasynda ýeriñ ýüzüne çekilen gadymy geogliflerde ýolbarsyñ şekiline, bürgüdiñ kellesine, ganatly legendar jandar griffinlere çalym edýär. Bu şekiller melikäniñ synasyndaky tatuirowkalara meñzeýär.
Mumyýalanan syrly jeset 2012-nji ýyldan bäri Gorno-Altaýsk şäheriniñ döwlet muzeýinde saklanýar, ol muzeýiñ ýörite zalynda, mikroklimat şertlerinde ýörite tabytda saklanýar.
Soñky iki ýyldan bäri Altaýda tebigy hadysalar bolup geçenok. Belkäm, melike pyglyny üýtgedendir? Emma muña garamazdan köp adam altaýly melikäniñ gömülenini kem görenok. Häzirki imi-salalyk uly tupanyñ öñüsyrasyndaky sessizligem bolmagy ähtimal...
7
159
sahet_ashyrov
05.12.2020 09:21
MEN HALYS ÝADADYM, EJE!

Syzýarmy ene ýüregiň,
Käbäm, gyzyň ýananyny!?
Bilýän, üýtgedip bilmersiñ,
Şum täleýiň ýazanyny.

Ykbalymdan zeýrenmedim,
Iýsemem, azary, eje!
Kä ýykylyp, käte galyp,
Kän çekdim azaby, eje!

Ýer-gök arada täk özüň,
Düşünýän jigerbendiňe.
Bagtly günüm, gamly günüm,
Uýdum nesihat-pendiňe.

Dost diýip syr berenlerim,
Asyldylar aýagymdan.
Ýenjilip kän zat öwrendim,
Bu durmuşyň taýagyndan.

Diýene diýmedim, eje,
Agyryp dur çep gursagym.
Seni küýsäp, kän sojapdym,
Göwnüme deglen pursatym.

Diýerdiň sen: “Ynjydanlaň
Hatasyn geçmek sogapdyr.”
Ejizlämok öňküler deý,
Köňlümem indi sowapdyr.

Dürs ýolumdan azaşdyrjak,
Daşym “al-arwahdan” doly.
Gorkma, gitmen aldawyna,
Dünýe bolsa-da bir loly.

Ömrüzaýa ýyldyzy deý,
Boldum göwünleň çyrasy.
Arman ýyllar gädip barýar,
Görünýär ömrüň gyrasy.

Ýalan dünýäň aşygy däl,
Alçakdym, sadadym, eje!
Durmuş “oýunjagyn” oýnap,
“Men halys ýadadym, eje!”

Gunça AMANSÄHEDOWA
4
189