sahet_ashyrov
11.12.2020 13:58
ADAMLAR NÄMÜÇIN PAL ATDYRÝAR?

● (Palyñ müñlerçe ýyllyk taryhy bar...)

“Pala ynanma palsyzam galma” diýem meşhur aýtgy bardyr. Çünki pal gelejegiñ gowy ýa-da erbet zatlaryndan, esasanam heniz näbelli zatlardan habar berýär, habar berýän zatlary-da kiçi-girim zatlar däl, başga hiç bir ýerde hiç kimden eşdip bilmejek zatlaryñyzdan habar berýär. Ýagdaý şeýle bolansoñ, adam pahyr nädip palsyz galsyn?!. Ynanyp ynanmaýanlygy esasy mesele däl, esasy mesele - palyñ durmuş we adam bilen gatnaşygy.
Tanymal kompozitor Jem Adrian bir çykyşynda bu gatnaşygy ussatlyk bilen gürrüñ berýär. Üstesine olam birmahallar pal atýan eken, onuñ gürrüñini agramly edýän ýeri-de şudur. Aslynda ol näme edýändigini we nämüçin edýändigini, işini edýärkä üns bermeli zatlary gowy bilýän sungat adamsy. Ol:
- Aslynda, pal atmak täsin zat - diýip sözüne başlaýar. - Garşyñdaky oturan adam bilen gepleşeñde, ony az-owlak tanap başlaýarsyñ, durmuşda nämäniñ ugrunda gezip ýörendigini añşyrýarsyñ we oña özüni gowy duýar ýaly etmäge çalyşýarsyñ. Pal diýmek, ine, şu - ony özüni gowy duýar ýaly etmek, güýç-energiýa bermäge çytraşmak...
Pal atmazdan öñ adamyñ ýüregine, başdan geçirmelerine gulak salynýar, erbet bolany "gowulaşdyrmaga", adamda özüni "arkaýynlykda" ýaly duýgy döretmäge çalşylýar. Görşüñiz ýaly, pal atdyrmaga gelen adamyñ bolşuna görä pal atylýar, çem gelşine atylýan zat däl.
Söhbetimize Jem Adrian bilen dowam edeliñ.
Demet Sagyrogly bilen tanşandan soñ Adrianyñ durmuşy özgerýär duruberýär, indi onuñ serinde kompozitorlyk etmek hyýaly döreýär. Ýeri, ony palçylyga iteren sebäp nämedi? Bu soraga Adrianyñ özi şeýle jogap berýär:
- Stambuldadym. Elimde kör-köpük pulum ýokdy. Pul gazanmaga mejburdym. Oñarybilen bar işimem şu boldy.[1]
Bir iş hökmünden pul gazanyp boljak girdeji çeşmesi hökmünde "palçylygy-da" sanawa goşalyñ onda.
Adrianyñ aýdýanlary durmuşyñ tutuş akymyna yşarat edýär: ýaşaýyşyñ bizden alanlaryny iñ bolmanda pal arkaly yzyna almak isleýäris, bu - "geçeni geçdi bileli, iñ bolmanda gelejegimiz bir gowy bolsun" diýen pikirde ýöredýän hasabymyzdyr. A birden gelejegizem gowy däl bolsa näme? Onda biz öñünden taýýarlygymyzy görüp, şoña görä özümizi alyp barjak bolýarys. Eýse, pala iterýän motiwasiýa şular ýaly däl-de nähili? Ýa-da şonça palçyny, olara jany-teni bilen ynanýan we hatda belli bir wagtlarda gapylaryny ýakýan millionlarça adamyñ ruhy ahwalyny başga nähili düşündirip bileris? Adam pala ynanýar, çünki ynanmak isleýär. Ahyrynda ýalñyşjagyny bilip duranam bolsa, ynanç bir umytdyr. A umydy bolmasa?!.

■ ALDANYLAN FIZIKA PROFESSORY

Şonuñ üçin baý ýa-da "meşhur" bolsañyzam, palçylarda sizi görüp bilýäris. Has dogrusy, ähli bu aýratynlyklaryñyza garamazdan "aldawa düşürilip", ep-esli puluñyzy giderip bilersiñiz.
Gazet sahypalarynda iñ soñky gezek Gazi uniwersitetiniñ fizika professorynyñ palçy tarapyndan aldawa düşürilendigini okapdyk.
Habardan okaýşymyza görä, zenan professor internetde bir palçy bilen tanyşýar, çünki ol kyn ýagdaýa düşýär, çykalga gözleýär. Palçy hem öz gezeginde şol kyn ýagdaýlaryñ sebäbi "jady" diýip düşündirýär we çaparlaryndan "dogalar" ugradýar. Professoryñ aýtmagyna görä bu dogalar ilkibaşda peýda-da berýär we özüni gowy duýup başlaýar. Emma belli bir wagtdan soñ ol palçyny ýitirýär, oña iberen puly bolsa 100 müñ liradan geçýär.
Oýlandyryjy gerek? Professor palça ýeñilipdi. A nämüçin?
Çünki, durmuş fizika ylmyndanam, professorlygyñ muşakgatly we öwrümli ýollaryndanam has çylşyrymly we agyr ýol.
Durmuş sizi çaşyrmasyn, durmuşyñ öwrümli ýollarynda ugruny ýitirenleriñ ýoly köplenç palça çykýar. Üstesine pala alyp barýan şol ýollar gadymy taryhyñ çañly yzlaryny-da özünde saklaýar. Anyk taryhy çeşmeler bolmasa-da, palyñ 4-5 müñ ýyllyk geçmişiniñ bardygyny bilýäris. Şeýle-de, pal tilsimleriniñ akkadlar döwründe kemala gelendigi we has soñda Aziýanyñ, Ortaýer deñziniñ ýurtlaryna ýaýrandygy aýdylýar. Şeýle-de size şol döwürlerde pal tilsimlerinde haýwanlaryñ içki organlarynyñ iñ köp ulanylan zatlardygyny aýtsak, geñ galarsyñyzmy? Şumerlerden bäri berjaý edilen bu tilsim bilen gurban edilen guzularyñ içki organlary we hususanam onuñ bagry, aşgazany, içegeleri öwrenilýär hem-de şolary ulanyp, gelejekden habar berilýän eken. Başga bir pal tilsimi bolsa, suwa belli bir mukdarda ýag döküp garyşdyransoñ, emele gelen şekilleriñ düşündirişine esaslanypdyr. Şeýle-de, gadymy Hytaýda (b.e.öñki 1765-1123-nji ýyllarda) haýwan süñklerini (esasanam pilçe süñküni) ulanyp pal atylandygyny bilýäris.

■ MILLIONLARÇA ADAM PAL ATDYRMAGA DOWAM EDÝÄR

Palyñ taryhdaky ýeri, şek-şübhesiz, biziñ günlerimizdäkiden has agramly bolupdyr. Mysal üçin, "Hett jemgyýetinde we gadymy Rim döwründe pal jemgyýetçilik durmuşynyñ we syýasy ulgamyñ esasy taglymlarynyñ biri bolupdyr. Häkimiýet strukturasyndan başlap, ekerançylykda hasylyñ haçan ýygnaljakdygy, ýa-da haýsydyr bir ýurt bilen uruşmak we ýaraşmak ýaly birnäçe wakada gelejekden habar berýändigine ynanylýan kişilerden ýardam hantama bolnupdyr."[2]
Şu we şuña meñzeş ynançlara, gönükmelere taryhdaky ähli jemgyýetlerde diýen ýaly gabat gelip bolýar. Mysal üçin, yslamdan öñki döwürde Käbedäki köpsanly butlardan Hubel wasanynyñ (daşdan ýasalan hudaýyñ ady -t.b.) öñünde pal atdyrýan ekenler. Wasanyñ ýanynda pal atdyrýanlaryñ isleg-meýillerine jogap berjek şekilde ýazgylar ýazylan ýedi ok bolupdyr. Kureýşliler pul, şejere, guýy gazma, oñşuksyzlygyñ çözgüdi ýaly başga-da meselelerde pal atdyrypdyrlar. Professor Adnan Demirjan aralarynda "pal okunyñ pajy" diýilýän girdejilerden birnäçe kişiniñ baýandygyny ýazýar. Olardan käbiriniñ atlary şulardyr: Ebu Sufýan, Welid ibn Mugire... [3]
Yslam dininiñ gelmegi bilen palyñ gadagan edilendigini bilýäris. "Maide" süresinde “pal oklart” bilen baglanşykly aýat hem bar. Hususanam, pygamberimiziñ (s.a.w) b barada aýdan sözleri-de paly oñlamaýar. Bu, başga dinlerde-de şeýle. Muña garamazdan millionlarça adam şonça aldawça telim gezek aldanyp gelýänem bolsa, häzirem pal atdyrmaga dowam edýär. Çünki, durmuş we adam daşyndan göreniñ ýaly däl, has çylşyrymly. Adam bolsa, gaýgy-gamlary, bökdençlikleri, meseleleri we çaknyşyklary bilen durmuşda ýol aljak bolýar.
Pal iñ soñky çykalgamy? Adam pahyr, bolmanam, çäresiz galan çagy palça gidýär. Bir professor bolsañyyzam bu ýagdaý üýtgemeýär. Şu nukdaýnazardan azyndan pal ýaly adama, onuñ düýni we şu güni bilen bile düşünmek gerek. Kakylmaly gapy palçynyñ gapysy däl-de, adama düşünmäge gönükdirilen barça gapylardyr. Ýalñyşýanmy ýa?

Aýdyn TONGA.

Odatv.com
4
294
Doctor
12 Dekabr 2020
? ? ? ? ? ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.