sahet_ashyrov
05.12.2020 09:21
MEN HALYS ÝADADYM, EJE!

Syzýarmy ene ýüregiň,
Käbäm, gyzyň ýananyny!?
Bilýän, üýtgedip bilmersiñ,
Şum täleýiň ýazanyny.

Ykbalymdan zeýrenmedim,
Iýsemem, azary, eje!
Kä ýykylyp, käte galyp,
Kän çekdim azaby, eje!

Ýer-gök arada täk özüň,
Düşünýän jigerbendiňe.
Bagtly günüm, gamly günüm,
Uýdum nesihat-pendiňe.

Dost diýip syr berenlerim,
Asyldylar aýagymdan.
Ýenjilip kän zat öwrendim,
Bu durmuşyň taýagyndan.

Diýene diýmedim, eje,
Agyryp dur çep gursagym.
Seni küýsäp, kän sojapdym,
Göwnüme deglen pursatym.

Diýerdiň sen: “Ynjydanlaň
Hatasyn geçmek sogapdyr.”
Ejizlämok öňküler deý,
Köňlümem indi sowapdyr.

Dürs ýolumdan azaşdyrjak,
Daşym “al-arwahdan” doly.
Gorkma, gitmen aldawyna,
Dünýe bolsa-da bir loly.

Ömrüzaýa ýyldyzy deý,
Boldum göwünleň çyrasy.
Arman ýyllar gädip barýar,
Görünýär ömrüň gyrasy.

Ýalan dünýäň aşygy däl,
Alçakdym, sadadym, eje!
Durmuş “oýunjagyn” oýnap,
“Men halys ýadadym, eje!”

Gunça AMANSÄHEDOWA
4
189
S_guvanjova
6 Dekabr 2020
Ajayyp ??????
gulshatayewa97
6 Dekabr 2020
Wahhh...... Sagbol sähet goşgy üçin....???
Myhman Myhman
5 Dekabr 2020
Ajayp??
Myhman Myhman
5 Dekabr 2020
Daglary,baglary bezeýän guşlar, geçsede hernäçe tomuslar gyşlar. enesiniň ýasan höwirtgesini,. hiç haçan hiç mahal unutmazmyşlar.

Ahli ösimlikler,ähli agaclar, muketdes topraga baş egermişler. ene bilen toprak bir meňzeş zatdyr, şuny unutýanlar baýnamazmyşlar.
Myhman Myhman
5 Dekabr 2020
Bicak hormat goyun ena diydiler, ady dillermize sena diydiler . Bir gezek ýykmaklyk enäniň göwnin, ömir geçilmejek günä diýdiler.
guli_
5 Dekabr 2020
???❤
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.