sadajaaa_
20.08.2024 18:33

Aýagyňa tiken batmaz işde, gorar seni eje atly perişde❤️🫶

11
35
sadajaaa_
19.08.2024 11:28

Hemme zadyň wagty geler,

häzirlikçe diňe sabr..!

16
46
sadajaaa_
17.08.2024 20:42

Google has kämil aýratynlyklara eýe bolan täze Pixel 9 smartfonlaryny hödürledi.

13-nji awgustda Google kompaniýasy Made By Google tanyşdyrylyşyny geçirip, täze Pixel 9, Pixel 9 Pro we Pixel 9 Pro XL smartfon madellerini hödürledi.

Täze smartfonlar täzelenen dizaýna eýe boldular. Geçenki nesil bilen deňeşdirilende, kameralar blogy has ykjamlaşdy we indi yzky gapagyň tutuş inini eýelemeýär. Smartfon tekiz forma eýe boldy. Tutuş seriya öndüriji tarapyndan "iň çalt we energiýa taýdan netijeli" diýlip atlandyrylan Google Tensor G4 prosessory bilen üpjün edildi. Şeýle-de ösen emeli aň funksiýalary, şol sanda şekilleri emele getirmek üçin Pixel Studio bar.
Awtonomlyk geçenki nesil bilen deňeşdirilende 20% ýokarlandy. Pixel 9 Pro hatarynda bug kameraly täze sowadyş ulgamy ulanylýar, bu hem smartfona iň ýokary derejesinde işlemäge mümkinçilik berýär.
Ykdysady paneldäki kameralar indi metalsyz, aýratyn süýri blokda ýerleşdirildi. Gurluşlaryň korpusy has burçly, ýalpyldawuk, we tekiz boldy.
Gurluşlar ýedi ýyl goldawa eýe bolarlar.

Aýratynlyklar:
Pixel 9:
•Ekran: 6,3 dýuým AMOLED, FHT+, 120 Gs, 1800 nit
•Ýat 12 GB operativ, 128/256 GB saklaýjy
•Kameralar: 50 Mp (esasy), 48 Mp (giň burçly), 10,3 Mp (frontal)
•Batareýa: 4558 mA/sag
•Reňk: gara, ak, ýaşyl, we gülgüne
•Baha: 779 dollardan başlaýar

Pixel 9 Pro:
•Ekran: 6,3 dýuým AMOLED, 1280×2856, 120 Gs, 3000 nit
•Ýat 16 GB operativ, 128/256/512 GB saklaýjy
•Kameralar: 50 Mp (esasy), 48 Mp (giň burçly), 48 Mp (telefoto), 42 Mp (frontal)
•Batareýa: 4558 mA/sag
•Reňk: çal, farfor, gara we açyk gülgüne
•Baha: 999 dollardan başlaýar

Pixel 9 Pro XL:
•Ekran: 6,8 dýuým OLED, 2992×1344, 120 Gs, 3000 nit
•Ýat: 16 GB operativ, 128/256/512 GB saklaýjy
•Kameralar: hemme kamera 50 Mp
•Batareýa: 4942 mA/sag
•Reňk: gara, ak, gülgüne, hoz reňkli
•Baha: 1099 dollardan başlaýar.

Täze gurluşlar eýýäm deslapky sargyt üçin elýeterli. Satuw 22-nji awgustda başlaýar.

15
60
sadajaaa_
17.08.2024 18:34

Biz kimseyi yarı yolda bırakmadık kendileri musait bir yerde indiler kaptann...!

17
68
sadajaaa_
17.08.2024 00:14

Ýalňyşmy, ýazykmy ýa-da bir säwlik,
Günäsiz kalbymy duşaklap goýýan.
Ädimim ýazgaryp gury söz bilen,
Öňýeten bir ýerik gyssanyp barýar.

Asmana atygsap ganaty gyrlan,
Çaga guşuň armany dek arzuwym.
Garaýşymy ýazgardylar göz bilen,
Agramy az özelenýän arzymyň.

...Ýürekdeş ýok göwün syryp açara,
Tapylmaz derdimi ýürekden diňlän.
Nirä bassam ýazyk boldy ädimim,
Ýokmuka günäni bagyşlap bilýän?!.

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

15
21
sadajaaa_
16.08.2024 20:48

Üstünlik gutarnykly däl, şowsuzlyk ölümli däl, esasy zat gorkman dowam etmeklik...

17
36
sadajaaa_
16.08.2024 17:10

Irkildi umydym kalba salşyma,
Zeminde tapmaýam, bakdym arşyma.
Çişňäp ýagan güýzüň sowuk ýagşy deý,
Umydym ýanymda, sensiz ezilýäs.

Aýralyk oduna kim ýanar merdem,
Kaýyl men,
Sensizlik çekmeli derdim.
...(Islemen, emma ki günleň bir güni)
Ýalňyzlyk saňa-da tor gursa, belkem,
Dembe-dem günaýy gitsiň ejizläp.

Pursatlar aýlanyp, çytylsa gaşyň,
Degseler göwnüňe, berk gysyp dişiň.
Aglama!
Ählisem öz eden işiň,
Men däldir öňýeten, ýörme ezizläp...

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

10
19
sadajaaa_
16.08.2024 00:34

Pikirlermiň täsiri ýok arzuwa,
Ýatlamalar ölçerip ýör derdimi.
Ýalňyzlygyň gujagynda ukladym,
Gözýaşlara beren çagyň erkiňi.

Sakçy bolduň düýşlerime gijeler,
Hem ynandym ýorgudyna aşa men.
Şeýde-şeýde, günlerimden ogurlap,
Didelemde gözýaş bolup ýaşadyň.

Gözlesegem ýalňyzlygyň çäresin,
Tapmadyk biz ezenekden çekeni.
Sebäp, soňsuz kötellere iteren,
Aýry ýollar nesibämiz ekeni.

...Her çak düýnleň gowulygna aldanan,
Wysaly ýok arzuwlarym - sen hakda.
Ýanymdasyň, aňymdasyň elmydam,
Ýöne welin, seň ýanyňda men ýok-da...

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

14
72
sadajaaa_
15.08.2024 19:02

Tapylmaýan zat kän ahyr gözleseň,
Seni ykbal bu hallara dözmesin.
Meň duýanmy ýüregiňden süzmeseň,
Aglasam agyma goşulmarsyň sen.

Çyna berimsiz söz duýulýar solgün,
Yşk içiňi ýakar, daşyňy tengin.
Ýüregmiň oduny öçürsem bilgin,
Doňarsyň, müň ýyllap çözülmersiň sen.

Her kim bir hyýalda bolmaz-a beýle,
Gapyrga egridir, neýleseň neýle.
Sen asyl mydama, mydama şeýle,
Maňa hiç haçanam düşünmersiň sen.

©️Ogulnur Ataýewa

19
20
sadajaaa_
15.08.2024 12:26

Şuwagt saňa ynanmaýan adamlar,

Bir gün seni tanadyklary üçin öwünerler.

11
66