sadajaaa_
17.08.2024 00:14

Ýalňyşmy, ýazykmy ýa-da bir säwlik,
Günäsiz kalbymy duşaklap goýýan.
Ädimim ýazgaryp gury söz bilen,
Öňýeten bir ýerik gyssanyp barýar.

Asmana atygsap ganaty gyrlan,
Çaga guşuň armany dek arzuwym.
Garaýşymy ýazgardylar göz bilen,
Agramy az özelenýän arzymyň.

...Ýürekdeş ýok göwün syryp açara,
Tapylmaz derdimi ýürekden diňlän.
Nirä bassam ýazyk boldy ädimim,
Ýokmuka günäni bagyşlap bilýän?!.

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

15
21
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.