sadajaaa_
17.08.2024 20:42

Google has kämil aýratynlyklara eýe bolan täze Pixel 9 smartfonlaryny hödürledi.

13-nji awgustda Google kompaniýasy Made By Google tanyşdyrylyşyny geçirip, täze Pixel 9, Pixel 9 Pro we Pixel 9 Pro XL smartfon madellerini hödürledi.

Täze smartfonlar täzelenen dizaýna eýe boldular. Geçenki nesil bilen deňeşdirilende, kameralar blogy has ykjamlaşdy we indi yzky gapagyň tutuş inini eýelemeýär. Smartfon tekiz forma eýe boldy. Tutuş seriya öndüriji tarapyndan "iň çalt we energiýa taýdan netijeli" diýlip atlandyrylan Google Tensor G4 prosessory bilen üpjün edildi. Şeýle-de ösen emeli aň funksiýalary, şol sanda şekilleri emele getirmek üçin Pixel Studio bar.
Awtonomlyk geçenki nesil bilen deňeşdirilende 20% ýokarlandy. Pixel 9 Pro hatarynda bug kameraly täze sowadyş ulgamy ulanylýar, bu hem smartfona iň ýokary derejesinde işlemäge mümkinçilik berýär.
Ykdysady paneldäki kameralar indi metalsyz, aýratyn süýri blokda ýerleşdirildi. Gurluşlaryň korpusy has burçly, ýalpyldawuk, we tekiz boldy.
Gurluşlar ýedi ýyl goldawa eýe bolarlar.

Aýratynlyklar:
Pixel 9:
•Ekran: 6,3 dýuým AMOLED, FHT+, 120 Gs, 1800 nit
•Ýat 12 GB operativ, 128/256 GB saklaýjy
•Kameralar: 50 Mp (esasy), 48 Mp (giň burçly), 10,3 Mp (frontal)
•Batareýa: 4558 mA/sag
•Reňk: gara, ak, ýaşyl, we gülgüne
•Baha: 779 dollardan başlaýar

Pixel 9 Pro:
•Ekran: 6,3 dýuým AMOLED, 1280×2856, 120 Gs, 3000 nit
•Ýat 16 GB operativ, 128/256/512 GB saklaýjy
•Kameralar: 50 Mp (esasy), 48 Mp (giň burçly), 48 Mp (telefoto), 42 Mp (frontal)
•Batareýa: 4558 mA/sag
•Reňk: çal, farfor, gara we açyk gülgüne
•Baha: 999 dollardan başlaýar

Pixel 9 Pro XL:
•Ekran: 6,8 dýuým OLED, 2992×1344, 120 Gs, 3000 nit
•Ýat: 16 GB operativ, 128/256/512 GB saklaýjy
•Kameralar: hemme kamera 50 Mp
•Batareýa: 4942 mA/sag
•Reňk: gara, ak, gülgüne, hoz reňkli
•Baha: 1099 dollardan başlaýar.

Täze gurluşlar eýýäm deslapky sargyt üçin elýeterli. Satuw 22-nji awgustda başlaýar.

15
60
Islam_Atayew
17 Awgust 2024
Blogerler eýýäm bu teli döwip synagdan geçirip başlady.
ATOMIC
17 Awgust 2024
Iphonenyň kamerasy bilen samsungyň kamerasyny has owadan görýän.)👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.