sadajaaa_
16.08.2024 00:34

Pikirlermiň täsiri ýok arzuwa,
Ýatlamalar ölçerip ýör derdimi.
Ýalňyzlygyň gujagynda ukladym,
Gözýaşlara beren çagyň erkiňi.

Sakçy bolduň düýşlerime gijeler,
Hem ynandym ýorgudyna aşa men.
Şeýde-şeýde, günlerimden ogurlap,
Didelemde gözýaş bolup ýaşadyň.

Gözlesegem ýalňyzlygyň çäresin,
Tapmadyk biz ezenekden çekeni.
Sebäp, soňsuz kötellere iteren,
Aýry ýollar nesibämiz ekeni.

...Her çak düýnleň gowulygna aldanan,
Wysaly ýok arzuwlarym - sen hakda.
Ýanymdasyň, aňymdasyň elmydam,
Ýöne welin, seň ýanyňda men ýok-da...

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

14
72
sadajaaa_
16 Awgust 2024
@smiling_, ullakan BOLÝA saňa onno🙃
sadajaaa_
16 Awgust 2024
@smiling_, hh ok🤭
sadajaaa_
16 Awgust 2024
@smiling_, him dogry😄
sadajaaa_
16 Awgust 2024
@smiling_, ha name🧐
sadajaaa_
16 Awgust 2024
@zumerret_, hm dogrudyr😊
sadajaaa_
16 Awgust 2024
@zumerret_, yiok size hiczat diyemzak
sadajaaa_
16 Awgust 2024
@smiling_, Ooo zumrut govy eken senkem yone men Safir taşı govy goryan🤗
sadajaaa_
16 Awgust 2024
@smiling_, Kristal💎
sadajaaa_
16 Awgust 2024
@smiling_, Ooo Elmas taşı severim🥰🤗
sazsoft
16 Awgust 2024
«Gözlesegem ýalňyzlygyň çäresin,
Tapmadyk biz ezenekden çekeni.
Sebäp, soňsuz kötellere iberen,
Aýry ýollar nesibämiz ekeni» 😖
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.