sadajaaa_
25.08.2024 23:43

Uly däli ulaldasym gelenok,
Kiçi däli kiçeldesim gelenok.
Garrylykdan gaçyp gitjek ýeriň ýok,
Ýöne göwni gojaldasym gelenok.

Onuňam ýönekeý bir usuly bar,
Ol göwün ýaz ýaly ýumşak bolmaly.
Ýagşy görse, ondan gözüm aýyrman,
Ýaman görse, gözün ýumşak bolmaly.

Saklamaly ony juda arassa,
Goramaly ony kirde-kimirden.
Adam bir özüniň bütin ömrüni,
Zeýrenip geçirýär gözel ömürden

Ýok, Alla saklasyn köpbilmişlikden,
Men akyl satmakdan juda daşdyryn.
Meniň kä kişiden bir tapawudym,
Öz ömrümden, öz günümden hoşdurun.

Ykbal meni gör, nähili ýalkapdyr,
Görüplikden, ýamanlykdan halas men.
Bir bendäniň işi rowaçlananda,
Begenjimden tüýs bir göwne telwas men.

Goý, ýöntem diýseler diýibersinler,
Ýöntemligi aýyp zatdyr öýdemok.
Maňa käte Seni bir çaga diýýäler,
Bu diýilýän galp zatdyr öýdemok.

Goý, göwnüm mydama çagaňky bolsun,
Ol göwün enäniň süýdi dek päkdir.
Hut şonuň üçinem mukaddesdir ol,
Mukaddes zada-da garramak ýokdur.

©️Berdinazar Hudaýnazarow

13
38
sadajaaa_
24.08.2024 01:26

Aýdylmadyk söz ýok, eşdilmedik köp,
Nakyla uý, oglum, akyl çatmasa.
Bagtyňy gözleme köşk-ymaratdan,
Gowy gyzlar çykýar gyşyk çatmadan.

Aýyň günüň dogsun il-günüň bilen,
Nesip aýyrmasyn, ilden hem dinden.
Iliň nirä hanjak, sen hem şol ýere,
Depä çykyp seret, ýatmagyn hinde.

Nyrh sorap oturman gidip getirip,
Bikär, bimar bolup galmagyl gapyl.
Eldäkä däl, maňlaýdaka gol berip,
Munda gaýgy edip bolmagyl kapyr.

Ol eşekde ýüküň ýogam bolsa-da,
Ýykylaýsa bolawersin habaryň.
Ýorganyňa görä uzat aýagyň,
Injigiňe görä bolsun gabaraň.

Miweli agaçdan öwren sen peslik,
Kimdigňi bilerler aslyň soraman.
Gara goýun ýaly göterseň meslik,
Wagtyndan öň jygyldamaz arabaň.

Ýedi ölçäp, bir kes, kesme ölçemän,
Şonda şeýtan dolap bilmez kerebe.
Aýyp gözlemegin, dogan iliňden,
Ruhy ynjar ýedi arka-nebere.

Garaz, gowulykda tutulsyn adyň,
Aşmasada dag-daşlardan dabaraň.
Baglara bar, bilbil dostlaryň bilen,
Baýguşlardan doly töri harabaň.

©️Sädi Sädiýew

13
31
sadajaaa_
23.08.2024 23:45

Goýsana,
Aýagym hiç haçan huma oýulmaz,
Gyzyl bolup çykmaz gum diýip garbanym.
Çyndygyny giç bilerin oýunlaň,
Ýaşlygymy söýget edip garraryn.

Hyýallardan aýňalaryn, tisginip,
Jübimde uwlaýan itiň sesine.
Şonda gyş oýanar göreçleriňde:
Agy - saça,
Sowgy - ýürege siňer.

Maňlaýsyz bolsamam,
Maňlaýyma gözleň garasy ýokar.
Söz berip, soň berip bilmedik bagtym
Garga döner,
Gelip, gözümi çokar.
Çokar-da , açar ol meni körlükden...

Dyz çökmerin men!
"Düzerin bagtymyň mozaikasyny"
Wyjdan aýnasynyň gyýçaklaryndan!

©️Mukam Muhamow

17
57
sadajaaa_
23.08.2024 01:46

Saňa duşup, dünýä bilen alyşdym,
Saňa duşup, gorkýan boldum ölümden,
Gijeleri gündiz bilen çalyşdym,
Şondan başga zat gelmedi elimden.

Sag gulakdan girdi serime adyň,
Çep gulakdan çykyp gitdi huş, onsoň.
Ýitdi ýörän ýolum.
Gowam bolaýdy!
Çünki uçýan boldum saňa duşamsoň.

Bilmen, ozal niçik ýitdi takadym?
Gelen çagyň many tapdy demlerim.
Goşarymda pytrap gitdi sagadym,
Dessemi ýok indi dähedemleriň.

Geldiň süňňüm onkiligne ýetirdiň,
Çep gursagym halas boldy yzadan.
Saňa duşup, öňküligmi ýitirdim,
Şükür, indi bolup barýar düz adam.

Saňa duşup, boldum baky diri men,
Näçe menzil bolsa ýetiler indem!
Ýöne welin gorkýan, kimdir biriniň,
Öňki meni tapyp getirerinden.

©️Mukam Muhamow

16
43
sadajaaa_
22.08.2024 23:54

Eger seni özüm döreden bolsam,
Hyýalymda, arzuwymda her günüm.
Näçe jan etsem-de, hyjuw etsem-de,
Seni beýle söýüp bilmezdim gülüm.

Eger seni özüm döreden bolsam,
Bolmazdy söýgimiň gizlin manysy.
Ähli zat meň üçin bolardy aýan,
Söýgiň ajap syrlarynyň barysy.

Sen, gülüm, meň üçin täsin bir dünýä,
Ony täsin edýän syrly duýgudyr.
Söýgi diýmek şo duýgynyň manysyn,
Düşündirmek kyn bolanda söýgidir.

Düşündirip bolýan zatlaň barysy,
Söýgi däl, biz muny ozaldan bilýäs.
Söýgi galaryndan, beýikdir, beýik,
Söýgi boýlaryndan çuňurakdyr has.

Şonuň üçin seni döreden bolsam,
Hyýalymda, arzuwymda sünnäläp.
Gijeler hesretden syýa dönerdim,
Ýazardym hesretden gije-gündizläp.

©️Gurbannazar Ezizow

19
27
sadajaaa_
22.08.2024 21:40

Wagtynda gadyrlamasaň,

göwün sowansoň,

peýdasy ýok...!

19
49
sadajaaa_
22.08.2024 01:28

Dagy näme ynanman,
Ynanýaryn elbetde.
Bir çümmüjek gowulyk,
Bardyr iň bir erbetde.

Şol çümmüjek gowulugy,
Görjek boluň, adamlar!

Ýene-de bir hakykat,
Bardyr dünýe döräli.
Ak guşdanam tapmak bor,
Bir çümmüjek garany.

Şol çümmügi görmänräk,
Geçjek boluň, adamlar!

©️Berdinazar Hudaýnazarow

21
62
sadajaaa_
21.08.2024 23:52

Men hakda iň köp bilmek isleýän zadyňyz näme?

14
163
sadajaaa_
21.08.2024 20:24

Duýgularam saman ýaly sowrulyp,
Sorag bermän garaşyp dur jogaba.
Iň bolmanda haýyrly bir iş etsem,
Sanalmanka ýazylardy sogaba.

Horaz gygyrsa-da, atanok daňam,
Oýalygyň ýowuz-ýowuz düýşi bar.
Giň ýerde-hä dikem oturyp boljak,
Wah, dar ýerde dik oturmaň işi bar...


©️Sädi Sädiýew

12
14
sadajaaa_
20.08.2024 18:33

Aýagyňa tiken batmaz işde, gorar seni eje atly perişde❤️🫶

11
35