sadajaaa_
24.08.2024 01:26

Aýdylmadyk söz ýok, eşdilmedik köp,
Nakyla uý, oglum, akyl çatmasa.
Bagtyňy gözleme köşk-ymaratdan,
Gowy gyzlar çykýar gyşyk çatmadan.

Aýyň günüň dogsun il-günüň bilen,
Nesip aýyrmasyn, ilden hem dinden.
Iliň nirä hanjak, sen hem şol ýere,
Depä çykyp seret, ýatmagyn hinde.

Nyrh sorap oturman gidip getirip,
Bikär, bimar bolup galmagyl gapyl.
Eldäkä däl, maňlaýdaka gol berip,
Munda gaýgy edip bolmagyl kapyr.

Ol eşekde ýüküň ýogam bolsa-da,
Ýykylaýsa bolawersin habaryň.
Ýorganyňa görä uzat aýagyň,
Injigiňe görä bolsun gabaraň.

Miweli agaçdan öwren sen peslik,
Kimdigňi bilerler aslyň soraman.
Gara goýun ýaly göterseň meslik,
Wagtyndan öň jygyldamaz arabaň.

Ýedi ölçäp, bir kes, kesme ölçemän,
Şonda şeýtan dolap bilmez kerebe.
Aýyp gözlemegin, dogan iliňden,
Ruhy ynjar ýedi arka-nebere.

Garaz, gowulykda tutulsyn adyň,
Aşmasada dag-daşlardan dabaraň.
Baglara bar, bilbil dostlaryň bilen,
Baýguşlardan doly töri harabaň.

©️Sädi Sädiýew

13
31
sadajaaa_
27 Awgust 2024
@alma___, @manolya, sps❤️
manolya
24 Awgust 2024
Gowy gyzlar çykýar gyşyk çatmadan )//Miweli agaçdan öwren sen peslik ))
alma___
24 Awgust 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.