sadajaaa_
25.08.2024 23:43

Uly däli ulaldasym gelenok,
Kiçi däli kiçeldesim gelenok.
Garrylykdan gaçyp gitjek ýeriň ýok,
Ýöne göwni gojaldasym gelenok.

Onuňam ýönekeý bir usuly bar,
Ol göwün ýaz ýaly ýumşak bolmaly.
Ýagşy görse, ondan gözüm aýyrman,
Ýaman görse, gözün ýumşak bolmaly.

Saklamaly ony juda arassa,
Goramaly ony kirde-kimirden.
Adam bir özüniň bütin ömrüni,
Zeýrenip geçirýär gözel ömürden

Ýok, Alla saklasyn köpbilmişlikden,
Men akyl satmakdan juda daşdyryn.
Meniň kä kişiden bir tapawudym,
Öz ömrümden, öz günümden hoşdurun.

Ykbal meni gör, nähili ýalkapdyr,
Görüplikden, ýamanlykdan halas men.
Bir bendäniň işi rowaçlananda,
Begenjimden tüýs bir göwne telwas men.

Goý, ýöntem diýseler diýibersinler,
Ýöntemligi aýyp zatdyr öýdemok.
Maňa käte Seni bir çaga diýýäler,
Bu diýilýän galp zatdyr öýdemok.

Goý, göwnüm mydama çagaňky bolsun,
Ol göwün enäniň süýdi dek päkdir.
Hut şonuň üçinem mukaddesdir ol,
Mukaddes zada-da garramak ýokdur.

©️Berdinazar Hudaýnazarow

13
38
sadajaaa_
25 Awgust 2024
Goşguda ýalňyşlyk giden ýerleri bar bagyşlarsynyz!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.