sadajaaa_
23.08.2024 01:46

Saňa duşup, dünýä bilen alyşdym,
Saňa duşup, gorkýan boldum ölümden,
Gijeleri gündiz bilen çalyşdym,
Şondan başga zat gelmedi elimden.

Sag gulakdan girdi serime adyň,
Çep gulakdan çykyp gitdi huş, onsoň.
Ýitdi ýörän ýolum.
Gowam bolaýdy!
Çünki uçýan boldum saňa duşamsoň.

Bilmen, ozal niçik ýitdi takadym?
Gelen çagyň many tapdy demlerim.
Goşarymda pytrap gitdi sagadym,
Dessemi ýok indi dähedemleriň.

Geldiň süňňüm onkiligne ýetirdiň,
Çep gursagym halas boldy yzadan.
Saňa duşup, öňküligmi ýitirdim,
Şükür, indi bolup barýar düz adam.

Saňa duşup, boldum baky diri men,
Näçe menzil bolsa ýetiler indem!
Ýöne welin gorkýan, kimdir biriniň,
Öňki meni tapyp getirerinden.

©️Mukam Muhamow

16
43
zina
23 Awgust 2024
Ooo suratdakylar kim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.