sadajaaa_
30.08.2024 00:40

Salam, söýgi.
Saňa ýene sataşdym,
Öwrenşenje derdimdiň-ä öňlerem.
Entek seni ýamanlaman, garalap,
Çynlygyňa düşünýänçäm, öwmenem.

Birçak çekdirenje yzalaň heniz,
Kükregimde ganjaryp dur - köwlenen.
Gyňyrlygma bakyp, bu gün geňleme,
Zalymlygy galdym senden öwrenip.

Söýmekligem öwrenipdiň, näm üçin,
Düşündirmän aýralygyň bardygyn?!
Meni taşlap gussalarda goýaňsoň,
Tisginerdim, eşitsemem adyňy.

Bu gün bolsa ýene gülüp seredýäň,
Ýalan barmy şol gülküniň astynda?!
Sen menden bir zatlar hantamamyň ýa,
Näme üçin yzarlaýaň astynda?

Ýa-da öňki jepalaryň yzasyn,
Egisjekmi bir gözeliň keşbinde?!
Duýduňmy ýa söýgä teşne göwnümiň,
Aglaýanyn kemal tapan kesbinde.

...Indi maňa üýtgeşik zat gerek däl,
Bermeseň bor çekilmedik derdeser.
Gora meni gussasyndan dünýäniň,
Menem seniň böwüsmerin serhediň.

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

15
39
sadajaaa_
29.08.2024 13:38

Kimden sorasaň "Esasy zat içki gözelligi" diýer. Emma adamogly hakykatdan, daşyny halamadyk biriniň içi barada alada etmez.

18
101
sadajaaa_
29.08.2024 08:28

Ýas tutup ýör içki dünýäm,
Daşdan görseň gülüp ýörün.
Duşmanym kän dosdan bilýän,
Bar bolşuna oňup ýörün.

Köp düşsemem zäk dillere,
Şükürüm bar şul günlere.
Gözüm dikmän ýat güllere,
Öz gülüme gonup ýörün.

Säher turup azanlyga,
Derdim dökýän Namazlyga.
Ýürek atly mazarlyga,
Armanlarmy gömüp ýörün...

©️Mukam Hudaýberdiýew

15
37
sadajaaa_
28.08.2024 00:48

Ata, ata, aýdaý, maňa bir zady,
Itler üýrýär, kerwenem-ä geçenok.
Kerwen bir wagt geçip gitdi, jan balam,
Olaň şoňa içi ýanýar, öçenok.
🔸️🔸️🔸️
Ýagşy sözle, ýagşy sözle - diýseler,
Başardygymça-ha ýagşy sözledim.
Bu gün bolsa hindi çykan ýylany,
Yzyna salmaga taýak gözledim.
🔸️🔸️🔸️
Bir söz az, ikä-de köp diýseler,
Galdym bir ýarty söz gözläp azara.
Ýöne ömürboýy howatyr etdim,
Dirilikde meňzemekden mazara.
🔸️🔸️🔸️
Hemme kişiň göwnün görüp bolanok,
Aslynda bu mümkinem däl, däl mümkin.
"Goňşyň göwnün gören öňde birine",
Meňzesek günümiz has bolmazmy kyn?
🔸️🔸️🔸️
Hatarlaryn ýükün çeksin inerler,
Kejebeleň öňün çeksin akmaýa.
Şu iki janawer ornun çalyşsa,
Heňňamlar geçermiş zaryn aglaýa...
🔸️🔸️🔸️
Iň ýakyn dost eken-ýüz görýän aýnam,
Gülseňä gülüp dur, aglasaň aglap.
Ýakyn duşman eken-ýakyn saýanym,
Gözüňe seredip, dur eken aldap...
🔸️🔸️🔸️
At gabansyn diýip eşek münülmez,
Onda öz deňiňi gaşagydyň bor.
Atyň götermedik agyr ýüküni,
Eşege bil baglap daşadygyň bor...
🔸️🔸️🔸️
Arada birini gaty öwdüler,
Garynja ölmedi diýip aýak astynda.
Wah, oň käri garynja öldürmek däl-de:
Saman asty suw göýbermek aslynda...
🔸️🔸️🔸️
El bilen düzedip bolanok diýip,
Maňlaýy ýazgarýaň her gezek duşamda.
Ýöne elin bilen ýüpüňi işip,
Gaýrat et, eşegiňi berkje düşäýdä...
🔸️🔸️🔸️
Dili-ýoly birdi, ol iki dostuň,
Birdi olaň edýän ähli pişesi.
Birdi tagamy içýän suwlarynyň,
Birdi reňkleriniň içýän çüýşesi...

©️Sädi Sädiýew

20
74
sadajaaa_
27.08.2024 20:55

Kä wagtlar şeýlebir surat görersiň diňe şonda düşünersiň seniň dert diýip gynanýan zatlaryň başkalaryň arzuwydygna Şükür et.

17
122
sadajaaa_
27.08.2024 18:46

Daglar öňümde egilip otyrka,
Men daşlara ýalwarman!

16
65
sadajaaa_
27.08.2024 01:06

Maňa ynam bilen umyt ber, ykbal!
Ömrümi ummanda küreklär ýaly.
Şu esasy islegimi eçilseň,
Maňa başga hiç zat gerek däl häli.

Dogry, ýol uzakdyr, günleň bir güni,
Dergähiňde ýene gelmegiň ahmal.
Senem dilänimi gysganyp durma,
Garaz, bu ýollarda oňşaly, ykbal!


©️Kakamyrat Rejepow

11
22
sadajaaa_
26.08.2024 23:34

Derdim agyr:
Şertiň agyr bitirden.
Sen maňa: "Sen meni unut" diýýärsiň.
Seniň bu şertiňi ýerne ýetirden
Ejizligmi sen öňdenem duýýarsyň.

"Gidäý" diýýäň, gitmejegmi bilibem,
Goýýaň ýüregimi daglylygyna.
Bolsa-da, men indi düşünip ýörün,
Erkimiň bir saňa baglylygyna.

Gitme.
"Git" hem diýme, gel bu söýginiň
Gizlin ýodalarny ýene yzlaly.
Bize bakyp, boýy ýeten derekler
Sülmüresin boýy ýeten gyz ýaly.

Alyp gitsin janalyjy bakyşlaň
Erkimi aldyran düýnüme meni.
Bilmedim, ýazygym bolsa, bagyşla,
Çenden aşa söýgim üçin aýyplap,
Indi gark eýleme müýnüme meni.

Synaglaram, goý, sataşsyn sataşsa,
Bagta ýetmek - emri bolsun täleýiň.
Indi halas etme meni ataşdan,
Eger seniň söýgiň ot bolýan bolsa,
Bolubersin, goý, ýanyplar galaýyn.

Aşyk göwnüň müň hyýaly başda bar,
Bu durmuşdyr, gowusam bor, tersem bor!
Ýöne meniň iň ullakan arzuwym
Oduňa ýanýarkam halyma dönmän
Gaşyň çytylşyny, gözden ýaşyňy
Ýeke gezek, birje gezek görsem bor!

©️Mukam Muhamow

17
51
sadajaaa_
26.08.2024 14:04

Bir danadan sorapdyrlar:

•Gahar näme?

Ol şeýle jogap beripdir:

•Gahar bu başgalaryň ýalňyşlygy üçin özüňe berilýän jeza...

17
132
sadajaaa_
26.08.2024 01:22

Saňa duşup däli-telbe boldum men,
Razy bu ykbala, saýrap gideýin.
Ýüregiň töründe maňa niýetläp,
Kakan gazygyňda garrap gideýin.

Ýedi gat asmana ak melek bolup,
Uçaýsaň yzyňdan parlap gideýin.
Kaza dolup gitsem zemin goýnuna,
Ýyly gujagyňdan derläp gideýin.

Hiç gargyş siňmeýän ajy pelege,
Senden aýra salsa gargap gideýin.
Ýöne seň dünýäde baky galmagňy,
Nämä durýan bolsa sargap gideýin.


©️Sädi Sädiýew

18
32