sadajaaa_
26.08.2024 23:34

Derdim agyr:
Şertiň agyr bitirden.
Sen maňa: "Sen meni unut" diýýärsiň.
Seniň bu şertiňi ýerne ýetirden
Ejizligmi sen öňdenem duýýarsyň.

"Gidäý" diýýäň, gitmejegmi bilibem,
Goýýaň ýüregimi daglylygyna.
Bolsa-da, men indi düşünip ýörün,
Erkimiň bir saňa baglylygyna.

Gitme.
"Git" hem diýme, gel bu söýginiň
Gizlin ýodalarny ýene yzlaly.
Bize bakyp, boýy ýeten derekler
Sülmüresin boýy ýeten gyz ýaly.

Alyp gitsin janalyjy bakyşlaň
Erkimi aldyran düýnüme meni.
Bilmedim, ýazygym bolsa, bagyşla,
Çenden aşa söýgim üçin aýyplap,
Indi gark eýleme müýnüme meni.

Synaglaram, goý, sataşsyn sataşsa,
Bagta ýetmek - emri bolsun täleýiň.
Indi halas etme meni ataşdan,
Eger seniň söýgiň ot bolýan bolsa,
Bolubersin, goý, ýanyplar galaýyn.

Aşyk göwnüň müň hyýaly başda bar,
Bu durmuşdyr, gowusam bor, tersem bor!
Ýöne meniň iň ullakan arzuwym
Oduňa ýanýarkam halyma dönmän
Gaşyň çytylşyny, gözden ýaşyňy
Ýeke gezek, birje gezek görsem bor!

©️Mukam Muhamow

17
51
sadajaaa_
27 Awgust 2024
@sazsoft, @kalayev, @1089, minnetdar💙
1089
27 Awgust 2024
👍
kalayev
27 Awgust 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
sazsoft
26 Awgust 2024
«Alyp gitsin janalyjy bakyşlaň
Erkimi aldyran düýnüme meni.
Bilmedim, ýazygym bolsa, bagyşla,
Çenden aşa söýgim üçin aýyplap,
Indi gark eýleme müýnüme meni»

Şu bendini "ulanypdym". 🤦🏻‍♂️ Ses-üýn bolmady, barybir 😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.