sadajaaa_
28.08.2024 00:48

Ata, ata, aýdaý, maňa bir zady,
Itler üýrýär, kerwenem-ä geçenok.
Kerwen bir wagt geçip gitdi, jan balam,
Olaň şoňa içi ýanýar, öçenok.
🔸️🔸️🔸️
Ýagşy sözle, ýagşy sözle - diýseler,
Başardygymça-ha ýagşy sözledim.
Bu gün bolsa hindi çykan ýylany,
Yzyna salmaga taýak gözledim.
🔸️🔸️🔸️
Bir söz az, ikä-de köp diýseler,
Galdym bir ýarty söz gözläp azara.
Ýöne ömürboýy howatyr etdim,
Dirilikde meňzemekden mazara.
🔸️🔸️🔸️
Hemme kişiň göwnün görüp bolanok,
Aslynda bu mümkinem däl, däl mümkin.
"Goňşyň göwnün gören öňde birine",
Meňzesek günümiz has bolmazmy kyn?
🔸️🔸️🔸️
Hatarlaryn ýükün çeksin inerler,
Kejebeleň öňün çeksin akmaýa.
Şu iki janawer ornun çalyşsa,
Heňňamlar geçermiş zaryn aglaýa...
🔸️🔸️🔸️
Iň ýakyn dost eken-ýüz görýän aýnam,
Gülseňä gülüp dur, aglasaň aglap.
Ýakyn duşman eken-ýakyn saýanym,
Gözüňe seredip, dur eken aldap...
🔸️🔸️🔸️
At gabansyn diýip eşek münülmez,
Onda öz deňiňi gaşagydyň bor.
Atyň götermedik agyr ýüküni,
Eşege bil baglap daşadygyň bor...
🔸️🔸️🔸️
Arada birini gaty öwdüler,
Garynja ölmedi diýip aýak astynda.
Wah, oň käri garynja öldürmek däl-de:
Saman asty suw göýbermek aslynda...
🔸️🔸️🔸️
El bilen düzedip bolanok diýip,
Maňlaýy ýazgarýaň her gezek duşamda.
Ýöne elin bilen ýüpüňi işip,
Gaýrat et, eşegiňi berkje düşäýdä...
🔸️🔸️🔸️
Dili-ýoly birdi, ol iki dostuň,
Birdi olaň edýän ähli pişesi.
Birdi tagamy içýän suwlarynyň,
Birdi reňkleriniň içýän çüýşesi...

©️Sädi Sädiýew

20
74
sadajaaa_
29 Awgust 2024
@smiling_, bolya😊
sadajaaa_
29 Awgust 2024
@smiling_, kimin tesvirini okayyn dusunmedim dusundirayda?
sadajaaa_
29 Awgust 2024
@smiling_, kime ve nam un?
sadajaaa_
29 Awgust 2024
@smiling_, vii havva nam zat govy mosskam? 🤦🏻‍♀️😂
sadajaaa_
29 Awgust 2024
@smiling_, vaii havvala😁
sadajaaa_
29 Awgust 2024
@smiling_, 🤗😘
sadajaaa_
29 Awgust 2024
@smiling_, ohoo bolaypdr sagamanja baslan okuva mosskam😘😁
gonk
29 Awgust 2024
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
sadajaaa_
29 Awgust 2024
@smiling_, mosskam men onnon natyan okuva tayynlanyanmy😘🤗
sadajaaa_
29 Awgust 2024
@smiling_, Hudaya sukur barn senm barmy çiçeğım🤗😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.