sadajaaa_
03.09.2024 16:24

Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Garagalpagystanyň halk artisti Babamyrat Hamdamow 2-nji sentýabrda 84 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Özbegistanyň Medeniýet ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Babamyrat Hamdamow 1940-njy ýylda Türkmenabat şäherinde (ozalky Çärjew) dünýä inýär. Ol türkmen we özbek aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşan ussatlaryň biri hasaplanýar.

B.Hamdamow türkmen, özbek, täjik we hindi dillerinde aýdymlary ýerini ýetirýär. Aýratyn hem, ýaşlyk ýyllarynda hindi dilinde ýerine ýetiren aýdymlarynyň oňa uly şöhrat getirendigini bellemek gerek. Onuň hindi aýdymlaryny ýerine ýetiriş ussatlygy hatda hindi halkynyň özi tarapyndan hem ykrar edilipdir. Muňa onuň hindi kinosynyň ady rowaýata öwrülen ussady Raj Kapur bilen dostluk gatnaşyklaryny saklandygy hem güwä geçýär.

Babamyrat Hamdamowyň ussatlyk bilen aýdan aýdymlary türkmen we özbek aýdym-saz sungatynyň «altyn hazynasynda» mynasyp orna eýedir.

Ömrüniň agramly bölegini Özbegistanda geçiren ussat bagşy Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň köp sanlysyny türkmen we özbek diňleýjilerine ýetirdi. Ýeri gelende bellesek, 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Türkmenistan döwleti mukaddes Garaşsyzlygyny alanda, bu beýik öwrülişige Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew ilkinjileriň hatarynda «Garaşsyz» diýen goşgusyny ýazdy. Soň ol goşgyny ilkinji bolup Türkmenistanyň halk artisti Babamyrat Hamdamow aýdyma öwrüp, diňleýjilere ýetirdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň buşlugyna öwrülen ol aýdym görnükli bagşy tarapyndan Garaşsyzlyk barada döredilen aýdymlaryň ilkinjileriniň biridir. Ussadyň aýdymlary, dünýäniň köp ýurdunda bolşy ýaly, dogduk mekany Türkmenistanda hem söýlüp diňlenýär. Onuň köp sanly şägirtleri halypasynyň ýoluny mynasyp dowam etdirmäge çalyşýarlar.

14
54
sadajaaa_
03.09.2024 01:32

Jahanda ýalňyzlyk pursaty gelse,
Arzuw - isleglerimi bitirermisiň.
Ykbal aýralygyň sazyny çalsa,
Başymy sypalap oturarmysyň..

Gözleriňden bagtyň güllerin tirsem,
Gursagymy ýaryp, ýüregmi bersem.
Söýgi hakda pynhan söhbete girsem,
Ýaşlygy yzyna getirermisiň.

Men saňa bagş etdim juwan ömrümi,
Sen maňa bagş etdiň nowça döwrüňi.
Näçe kyn bolsa-da durmuş öwrümi,
Keşbimi didäňde göterermisiň.

Yşkym nur çaýanda kalbyň törüne,
Şabram perde bolup ömür taryňa.
Galsa gara ýerde - täk mazaryma,
Yhlasyňdan bägül bitirermisiň.

Gitsem, gussa gol bermegin yzymda,
Sögimi galdyrsam ogul - gyzyňda.
Şatlygymy alyp galyp özüňde,
Hasraty yzymdan ýetirermisiň.

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

15
43
sadajaaa_
02.09.2024 22:56

Bred Pitt bilen Ben Afflek "Otludaky nätanyşlar" nusgawy trilleriň remeýkinde baş keşpde oýnarlar.

Trillerleriň we kino ýyldyzlarynyň muşdaklary Dewid Finçeriň täze eserini görmäge taýýarlanýar. World of Reel neşiriniň berýän habaryna görä, meşhur režissýor Alfred Hiçkokyň “Otludaky nätanyşlar” atly klassiki filmiň remeýkini surata düşürmäge taýýarlanýar, ondaky baş keşpleri bolsa Bred Pitt bilen Ben Afflek janlandyrar.

Häzirlikçe jikme-jiklikler aýan edilmedi. 1951-nji ýylda düşürilen asyl filmde otluda duşuşyp, adam öldürmegiň meýilnamasyny düzüp başlaýan iki adam barada gürrüň berilýärdi. Olaryň biri muny degişme hökmünde kabul edýär, beýlekisi oňa çynlakaý garaýar.
Netflix kompaniýasynyň 2015-nji ýylda “Otludaky nätanyşlar” filmini täzeden surata düşürmek meýilnamasyny yglan edendigini ýatladýarys, ýöne soň ondan habar bolmady. Indi Pitt we Afflek ýaly ýyldyzlaryň gatnaşýandygy taslama bolan gyzyklanmany barha artdyrýar.
Ilkinji görkeziljek senesi entek yglan edilmedi.

12
70
sadajaaa_
02.09.2024 17:50

Bilbilim, ahy-zar çekip,
Täze gülzardan aýryldym.
Gözden ganly ýaşym döküp,
Ol söwer ýardan aýryldym.

Ýara ýaraşan sürmeçe,
Sypatyn söýlärem ança.
Lebi şeker, agzy gunça,
Zülpi garadan aýryldym.

Şirin janda ýokdur takat,
Jebri anyň jana rahat.
Gaşlary pitneýi-apat,
Çeşmi hunhordan aýryldym.

Aýryldym gunça-gülümden,
Syýa saçy sümbülimden.
Hoş owazly bilbilimden,
Şirin güftardan aýryldym.

Däli köňlüm arzymany,
Külli gözlleriň hany.
Sekiz jennetiň bostany,
Bakjaly bardan aýryldym.

Illeri bar diňli-diňli,
Sowuk suwly, ter öleňli,
Ili-gökleň, ady-Meňli,
Näzli dildardan aýryldym.

Magtymguly, aşyk mestan,
Bagladym şanyna destan.
Menzilgähi bag-u bostan,
Almaly nardan aýryldym.

©️Magtymguly Pyragy

13
58
sadajaaa_
02.09.2024 01:35

Hawa, ýalançynyň edähedi bu,
Bagdan gül gysganýar, deňizden suwy.
Gowlugy dünýeden gözleýäs weli
Ýok adamlar gowy, adamlar gowy.

Synagly ýollardan synasa ykbal,
Suw bolan ýüregiň guraýar suwy.
Bu-da geçer diýip ynam döredýän,
Ýok adamlar gowy, adamlar gowy.

Adam bolan aýyplydyr barybir,
Diýseler: "Pylany üzümiň suwy".
Seniň ýalňyşyňa göz ýumup bilýän,
Ýok adamlar gowy, adamlar gowy.

©️Ogulnur Ataýewa

10
42
sadajaaa_
01.09.2024 22:22

Bile bir supradan dadyp çöregi,
Boljak kyn günüňde göwün söýegi.
Degmese-de käte haýry kömegi,
Özelenip geljek doganyň bolsun.

Ynjatsalar seni ýaraňy dyrnap,
Sözi melhem bolar kalbyňa ornap.
Ýasyňda ýas tutup, toýuňda oýnap,
Güleniňde güljek doganyň bolsun.

Haçanda düşende başyňa gaýgy,
Gynanjak dogandyr ejeňden gaýry.
Bolsa-da başyňyz, sözüňiz aýry,
Gadyryňy biljek doganyň bolsun.

Paýlaşyp damarda göwek ganyny,
Dogandyr dogana berjek janyny.
Aýda-ýylda soramasa halyňy,
Doganjygym diýjek doganyň bolsun.

©️Merjen Meredalyýewa

13
71
sadajaaa_
01.09.2024 03:25

Aýdylmadyk sözmi ýa,
Dymyşlykmy, bilmedim.
Maňa näme ýetenok,
Ýüregimi diňledim.

Dünýäň durky pyşyrdy,
Sanap ýürek urgusyn.
Janyma jaý tapamok,
Düşünemok dogrusy.

Akyl zol-zol bulaşýar,
Duýgy bilen deň etmän.
...Ýöne şuny duýýan men,
Men birin-ä gerek däl.

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

11
40
sadajaaa_
31.08.2024 23:00

Hudaý sylap berse sabyr,
Çüýretmesin içden ýene.
Şatlyk üçin her bir habar,
Gelsin ýakyn, daşdan ýene.

Akgyn bolup aň ýabymyz,
Ýitmesin dessur-däbimiz.
Her bir ýerde abraýmyz,
Bolsun, gelsin işden ýene.

Agyry syzdyrýan gandyr,
Ynjap-telwas urýan jandyr.
Dertleriň dermany kändir,
Kösemesin dişden ýene.

Islenmeýän zatlar bolup,
Elimizden erki alyp.
Başy çykmaz gowga salyp,
Aýyrmasyn huşdan ýene.

Taňry sylap dost sizleri,
Ýagty etsin Ol ýüzleri.
Mahrum etmesin bizleri,
Görer gözden-gaşdan ýene.

Baýram sözlär gelse demi,
Hakdan ger derdine emi.
Biwagt kesmesin demi,
Iýilmeli aşdan ýene

©️Baýram Aklyýew

15
27
sadajaaa_
31.08.2024 17:50

Mähir jöwzasyna duçar et meni,
Äkit meni wagt doňaklygyna.
Ýylgyryşyň bilen ýeňlet ýükümi,
Hem ynandyr dünýäň oňatlygyna.

Günler - ömür aýdymmyzyň bentleri,
Her bendinde saňa söýgim ýaňlanar.
Yşkym gözleriňden gözbaş alypdy,
Soňlanaýsa, gözleriňde soňlanar.

Äkit meni, ogurla-da özümden,
Çyna öwür serimdäki hyýaly.
Gysgalt aramyza düşen bu ýoly,
Ýalan bilen çynyň arasy ýaly.

Kalbym nadyl bolar, synladyksaýyn,
Günleň bize biparh geçip durşuny.
Sagadyň dilleri sekuntlar bilen,
Ölçäp durka wagtyň ýürek urşuny.
Mähir jöwzasyna duçar et meni,
Gizle meni wagt doňaklygynda.
Ejaza ber,
Galaýyn men,
Bolmanda,
Şapaga öwrülip, ýaňaklaryňda.

©️Mukam Muhamow

13
21
sadajaaa_
30.08.2024 23:56

Meni nirelerden nirä,
Gonduryp, uçuryp ýörsüň.
Örküm üzüp höwürtgeden,
Çar ýana göçürip ýörsüň.

Öňüňde burdum boýnumy,
Bilmedim başga nädilýär?
Men seni goýdum erkiňe,
Günler sagatly gädilýär.

Arz edere agam ýokdur,
Çäräm ýokdur, ýürek saňa.
Bar zat amanat dünýäden,
Indi näme gerek saňa?

©️Ogulnur Ataýewa

14
17