sadajaaa_
02.09.2024 17:50

Bilbilim, ahy-zar çekip,
Täze gülzardan aýryldym.
Gözden ganly ýaşym döküp,
Ol söwer ýardan aýryldym.

Ýara ýaraşan sürmeçe,
Sypatyn söýlärem ança.
Lebi şeker, agzy gunça,
Zülpi garadan aýryldym.

Şirin janda ýokdur takat,
Jebri anyň jana rahat.
Gaşlary pitneýi-apat,
Çeşmi hunhordan aýryldym.

Aýryldym gunça-gülümden,
Syýa saçy sümbülimden.
Hoş owazly bilbilimden,
Şirin güftardan aýryldym.

Däli köňlüm arzymany,
Külli gözlleriň hany.
Sekiz jennetiň bostany,
Bakjaly bardan aýryldym.

Illeri bar diňli-diňli,
Sowuk suwly, ter öleňli,
Ili-gökleň, ady-Meňli,
Näzli dildardan aýryldym.

Magtymguly, aşyk mestan,
Bagladym şanyna destan.
Menzilgähi bag-u bostan,
Almaly nardan aýryldym.

©️Magtymguly Pyragy

13
58
sadajaaa_
3 Sentýabr 2024
@ideallider, Soygi ba, Watana bolan soygi, Ene-ata bolan soygi bar...
sadajaaa_
3 Sentýabr 2024
@ideallider, Yoo bilyan yone soyga ynanyan ba ynanmayan sony biljek bolup yazdym kanecna dogry sizinki👍
ideallider
2 Sentýabr 2024
Profiliňde "Söýgi barmy buwagt? diýip goýupsyň. Maňa pederlerimden, nesillerden söýgi bar. Mukaddesliklerden we Gudraty Güýçliden söýgi bar. Dörämde söýgiden, döredemden söýgiden. Bilemok sen nämeden...🤷‍♂️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.