sadajaaa_
03.09.2024 01:32

Jahanda ýalňyzlyk pursaty gelse,
Arzuw - isleglerimi bitirermisiň.
Ykbal aýralygyň sazyny çalsa,
Başymy sypalap oturarmysyň..

Gözleriňden bagtyň güllerin tirsem,
Gursagymy ýaryp, ýüregmi bersem.
Söýgi hakda pynhan söhbete girsem,
Ýaşlygy yzyna getirermisiň.

Men saňa bagş etdim juwan ömrümi,
Sen maňa bagş etdiň nowça döwrüňi.
Näçe kyn bolsa-da durmuş öwrümi,
Keşbimi didäňde göterermisiň.

Yşkym nur çaýanda kalbyň törüne,
Şabram perde bolup ömür taryňa.
Galsa gara ýerde - täk mazaryma,
Yhlasyňdan bägül bitirermisiň.

Gitsem, gussa gol bermegin yzymda,
Sögimi galdyrsam ogul - gyzyňda.
Şatlygymy alyp galyp özüňde,
Hasraty yzymdan ýetirermisiň.

©️Allanur Çaryýew - Bathyz

15
43
zumerret_
3 Sentýabr 2024
70 yaşan çal goja hem oz zenanyna " keywany " diyman " agyz " diyse , şonda ol garryja enaniň kalbyndaky joşguny yüzine çaýylarmyş. Zenan maşgala hemise şüýji söze matac .
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.