sadajaaa_
31.08.2024 17:50

Mähir jöwzasyna duçar et meni,
Äkit meni wagt doňaklygyna.
Ýylgyryşyň bilen ýeňlet ýükümi,
Hem ynandyr dünýäň oňatlygyna.

Günler - ömür aýdymmyzyň bentleri,
Her bendinde saňa söýgim ýaňlanar.
Yşkym gözleriňden gözbaş alypdy,
Soňlanaýsa, gözleriňde soňlanar.

Äkit meni, ogurla-da özümden,
Çyna öwür serimdäki hyýaly.
Gysgalt aramyza düşen bu ýoly,
Ýalan bilen çynyň arasy ýaly.

Kalbym nadyl bolar, synladyksaýyn,
Günleň bize biparh geçip durşuny.
Sagadyň dilleri sekuntlar bilen,
Ölçäp durka wagtyň ýürek urşuny.
Mähir jöwzasyna duçar et meni,
Gizle meni wagt doňaklygynda.
Ejaza ber,
Galaýyn men,
Bolmanda,
Şapaga öwrülip, ýaňaklaryňda.

©️Mukam Muhamow

13
21
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.