sabyrly
03.08.2024 11:27
Çildiñ gitdiñ ýüregimi,
Dünýäniñ düzüw mahaly.
Yşk kör etdi garagymy,
Dünýämiñ düzüw mahaly.
Nepesimden ýakyn saýyp,
Möhürledim keşbiñ kalba.
Oda düşdüm gökde gaýyp,
Bişeninde gyzyl alma.
Eñegimiñ köse wagty,
Ýañagym gyzartdy söýgi.
Arzuw bilen ekdim bagty,
Harmanymda gussa, görgi.
Gör nähili jepakeşdim,
Ömrüm paýlap ýyllaryma.
Ýalñyzlygy jeza kesdim,
Senden aýran ýygralygma.
Wagty yza dolap bilsem,
Kalbymdaky gül solmazdy.
Göwün syrym çözlän bolsam,
Belki senem dul galmazdyñ.
© Süleýman TEKÄÝEW
16
39
sabyrly
02.08.2024 20:45
Erkin däl erkim,
Ruhum kapasda.
Men bagty gözleýän,
Döwük kompasda.
Iññe deşiginden bakýaryn dünýä,
Gözel görünýä.
Ýüregimiñ ýüregi bar.
Dört diwar,
Dert azar,
Derdi zar kalbym.
Garypja külbämde, gülleýän köñlüm.
Penjireden nurly Güneş ýylgyryp,
Ýygrylyp,
Ýyllaryñ ýyndamlygynda,
Şatlyk nämedigni unutdy beýnim.
Senem hakydamdan günlerde bir gün,
Öçersiñ,
Leýlim!
Her gün unutmaga,
Artýarla meýlim.
Bu gün, gaýdy gitdi elde barymyz.
Bagymyz barlyksyz,
Bermez hasyly.
Has uly,
Arzuwlañ tutdum ýasyny.
Ýarsyny-da rowa görmedi ykbal.
Ykýan,
Armanlarda elde taýagym,
Soñky umydymyñ berdim talagyn.
Bimahal bedende üzüldi ýüpler,
Barlygym,
Birmahal unutdy köpler.
(Wah, köpekler...)
Ýalan ýok,
Dowam etdirmekden ýakyn,
Dolanmak...
© Süleýman Teķäýew
15
28
sabyrly
30.06.2024 12:59
Suwdan gorkýan balyk gördüñmi, gardaş,
Bedenimde şonuñ, göterdim ruhun.
Hassa ýüregimde galmady berdaş,
Pelek aýaklarma urupdyr, myhyn.
Üýtgäp dur, wagtyñam şekli, şemaly,
Senden alan zadyn gaýdyp bermeýär.
Lala enesiniñ düşünşi ýaly...
Käbir derdi, dilde aýdyp bolmaýar!
Gözlerim görgüden açylmaz boldy,
Öñe gitsem aslyşyp dur, kölegäm.
Haýsy günäm meni, keç güne saldy,
Hak eýäm, men nämäñ muzdun töleýän.
Gursagym garaldy, gara günlerden,
Dünýä ýakynlaşdym garasy ýokdy.
Hakykat ilçisi düşüp münberden,
Ýalñyşlarym alyp, gözüme sokdy.
© Süleýman TEKÄÝEW
15
48
sabyrly
15.06.2024 10:49
Doguldy,
Boguldy zulmat deñzinde.
Bakdy ol bu dünýä, hemmeden parhly.
Ne umytlar bilen açan gözünde
Gündizi gijäniñ bolmady parhy.
Gorky, onki süññün eýeläp aldy,
Nirä gitse aýrylmady yzyndan.
Belki, beýik Allam synaga saldy,
Diýip sabyr, güýç tapýardy özünde.
Näme hassalygña bakýarmy wagt,
Hasabyna jür ol, görmeýär göwün.
Geçen günler oña bermesede bagt,
Zalym dünýä bilen öwrenşdi gün-gün.
Taýagy hossary ýakyn syrdaşy,
Ol oña düşünýär hemaýat berýär.
Barlygy, asmany, ynsany, guşy,
Bir minudam bolsa synlasy gelýär.
Gerek zadyn tapýar, sypalap sermäp,
Hiç zat ýerin tutmaz egsik synanyñ.
Käbir dertler bar, bolmaýar emläp,
Direldip getiräý Ibn Sinany.
Birin alan Tañrym, onusyn berýär,
Ötgir zehini bar, synmaz zorlukda.
Umyt ýollaryna nur çaýyp barýar...
Özüñ gora bizi, kalby körlükden!
© Süleýman TEKÄÝEW
24
60
sabyrly
11.06.2024 20:09
Sen meniň Şährizadam
Sag-aman ördüňmi?
Ýatmadyňmy ýa?!
Öten agşam men-ä uklap bilmedim.
Gündizki gürrüňleň agdaryp her ýan,
Hyýalymda ýene seni diňledim.
Sen gürle oýundan, ýalandan-çyndan,
Alnymda oturyp otar erteki.
Bu dünýe diýeniň ybarat şundan,
Şu gün söýşüp, ökünmeris ertesi.
Nähili ýakymly gürleýşiň, sesiň,
Owadan keşbiňe gelişýän owaz.
Göz öňüme gelse belendiň, pesiň,
Süňňümi bir süýji galpyldy gurşar.
Görküň bilen kalbymda yşk oýaryp,
Sesiň bilen essim aýyp gidensiň.
Diňläýin men misli Şähriýar bolup,
Diňläýin,
ruhum bir hezil edinsin.
Haý-höwesden çykarmy bir netije,
Barmyka panynyň ähdi-wadasy?!
Erteki gürrüň ber bir müň bir gije,
Sen ömrümiň ýalňyz Şährizadasy.
Şygryýet şährim
Uludan dem alsam — adyň tutdugym,
Soň içimden gaýtalaýan uzak gün.
Gözüm ýumsam — seň ýanyňa gitdigim,
Gözüm açsam,
«Gel...» diýp, eliň uzatgyn.
Dür seçiler gunça agzyň açylsa,
Suwsan kalbym owazyňa teşnedir.
Ruhum çöplär diliň bir söz gaçyrsa,
Sende ahyr gözläp ýören eşretim.
Öň başa barmadyk hyýallaň jemi,
Zeleli ýok, goý, bitmese bitmesin.
Sesiňe döneýin,
şu sesden meni,
Şu bagtdan bir Taňrym mahrum etmesin.
Saýrak guş diliňe gurban bolaýyn,
Güleňde, gürläňde açylýar şähdim.
Sen alysda ýaşap ýören golaýym,
Eý, yşkdan ybarat şygryýet şährim.
Aý, bolýar…
Men pelege gargap barýan içimden,
Pikirlem bulaşyk,
duýgulam dury.
Gyzgyn kofäň howry gidip kem-kemden,
Boşapdyr kalbymyň arzuw bulgury.
Jaň etsem almadyň. Gaty gördüňmi?
Seni näme diýip öýkeletdimkäm?!
Ýa bir sözi aýtman göwne degdimmi,
Ýa yşka meşgulmyň? Ýeri, ol kimkän?
Aý, bolýar, bolmasa bolmajagydyr,
Başyň esen bolsun, gijeleň mahmal.
Mensiz oňýan bolsaň durmuşyň şowdur,
Bagtly bolmasaňam,
rahatsyň, ahmal…
Bu ömürde bar umydym söýgüdi,
Ony-da boş geçen ýyllar apardy.
Meni hiç kim isleýşimçe söýmedi,
Diňe enem pahyr çyndan öperdi.
Bir şahyra nirden indi diýsene,
Munça söýgi, munça niýet, munça päl?!
Sen ýanymda bolsaň, edil şu dünýe,
Gyzgyn kofe bolsa oňuşmazça däl…
© Seýitmyrat GELDIÝEW
Çeşme: nesil gazeti 08.06.2024ý
https://yazyjy.ucoz.net/blog/sen_menin_sahrizadam/2024-06-10-896
19
36
sabyrly
09.06.2024 13:16
Poeziýa döredijiligiň iň kyn çylşyrymly ugrudyr.
Goşgynyň berýän ryhy lezzetini hiç zat berip bilmeýär.
Döredijilikde hakyky poeziýanyň derejesine ýetjek başga hiç bir zat ýokdur.
Goşgynyň üsti bilen aýdyp bolmaýan zat hem ýok.
Ýöne gep aýtjak pikiriňi goşgynyň üsti bilen aýtmany başarmak ussatlygynda.
Goşgy bilen aýdyp bolmadyk zat gymmatlyga eýe däldir.
***
Hakyky goşgular köp däl.
Olar hakyky poeziýanyň köküni gymmatyny düzýärler.
Hakyky goşgularyň nähili döreýändigini hiç kim bilmeýär.
Hakyky goşgy göze görünmeýän ägirt uly ruhy güýjüň, ruhy ahwalatyň nyşanydyr. Ruhy ahwalat bolsa her gün ýüze çykyp duran hadysa däldir.
Pelsepe onuň düýp esasyny düzýär.
Hakyky poeziýa ynsanyň kalbynyň çuň ýerinden gözbaş alýar. Onuň iň pynhan duýgularynyň bir bölegini suratlandyrýar. Ol diňe adamzada, ynsanperwerlige, gözellige hyzmat etýär.
***
Goşgy ýazmak – hakyky manysynda, ejirine döz gelip bolmajak agyr işdir.
Goşgy seni bütünleý özüne baglap goýýar.
Hakyky goşgy – ynsandan ähil güýçlerini, ähli ukyp-başarnygyny tijemegi, zehin goruny orta goýmagy, ruhy taýdan ölüp direlmegi talap edýär.
Hakyky goşgy – ruhuňy, aňyňy, ähli barlygyňy terezä goýlup ýazylan goşgulardyr.
***
Hakyky goşgy uzak oýlanmalardan, ruhy ejirlerden, agyr synaglardan soň döreýär. Goşgy ýazýanlar goşgynyň şeýle bimöçber agyr azaplardan döreýändigini duýmalydyrlar. Goşgy ýazylanda öz wyždanynyň öňünde uly jogapkärçiligi duýmalydyrlar.
***
Poeziýa nämäni talap edýär?
Ilkinji nobatda ussatlygy talap edýär, uçursyz zehini talap edýär.
Durmuşy örän oňat bilmegi, gözelligi söýmegi, tebigaty söýmegi, adamyň ruhyna düşinmegi, ýaşaýşa söýgüden yşka düşüp ýanmagy, gözýaşlardan durmuş ýasamagy, çensiz duýgurlygy, syzgyrlygy, synçylygy talap edýär.
***
Poeziýa çäksiz ruhy ejirleri, adaty adamlaryň görüp bilmeýän zatlaryny görmegi, uly ýüregi, tebigatda bolup geçýän uly hadysalara guwanmagy başarmagy, çaganyň kalby ýaly päk kalby talap edýär.
Goşgy ýazmak – wyždanyň, sözüň gudratynyň öňünde kelläňi ýalaňaçlap durmakdyr.
Goşgy ýazmak – ruhy taýdan ejir çekmekdir, özüňi meýletin agyr synaglara, ruhy azaplara, tükeniksiz ejirlere dözmekdir.
© Hemra HAÝTJANOW
25
46
sabyrly
07.06.2024 12:18
Geçmişiñ beýnisi, ýatyr gum bolup,
Ömrümiz meñzeýä balyk huşuna.
Seniñ halaýanja gülleriñ alyp,
Garry enem, geldim ýene gaşyña.
Täze öýüñ, biraz kiçi görünýär,
Portret içinden dursuñ ýylgyryp
Belki meni syn edýänsiñ, görünmän,
Ýollaryma garaýansyñ delmuryp.
Ertekileñ ýaly, däl eken durmuş,
Ýa men, ahyryna ýetemok entek.
Kynçylyklar uçar ganatym, gyrmyş,
Ýadymda diýerdiň:"müzzermez erkek!"
Asman ýaly giñdi, gursagyñ göwnüñ,
Çagalygym siziñ bilen ýatlanýar.
Gözlerim çygjarýar damagym düwnüp,
Aýralyk, aýanok kalba ot salýar.
Tamañyzy ödemesem bagyşlañ,
Öz bagryna basdy seni ene ýer.
Bütin ömrün balalarna bagyşlap,
Bakylyga ýol ýasaýar eneler.
© Süleýman TEKÄÝEW
28
43
sabyrly
01.06.2024 14:05
Adaty günleriñ nyzamyn bozup,
Zulmatdady dünýäm,
Şamçyrag ýakdyñ!
Pynhan duýgularmy mizana düzüp,
Aýnanyñ öñünde, kalbyma bakdym!
Yşk meýinden dadyp, agzym bişirdim,
Ýüregi şemal deý, bir gyza duşup.
Ýalanlarnyñ arasynda düýş gördüm,
Ynjan göwün galar eken sowaşyp.
Beýnim maña diýýär: "nämäñe gerek?
Söýgüsizem, müñ dert bilen boguşýañ.
Syrlaryñ sandygy, bu kejir ýürek,
Telim gezek söýüp bilýär oguşýa"!
Söýgümiñ zergäri, göwnümiñ hoşy,
Sen menden başga bir, ynsan ýaratdyñ.
Men bir bagty çüwen, yşgyñ serhoşy,
Aýnanyñ öñünde, kalbyma bakdym!
© Süleýman TEKÄÝEW
25
35
sabyrly
24.05.2024 13:18
Duşurypdy bizi ajap güýz güni,
Şatlanyp hoşlapdyk çaga göwüni,
On bir ýylam geçäýipdir gör muny,
Eziz deň duşlarym klasdaşlarym.
Ikinji öýümiz saýdyk mekdebi,
Syrdaşymyz bildik kitap depderi,
Bu gün göge uçurýarys kepderi,
Eziz deň duşlarym klasdaşlarym.
Ählijämiz ulalmaga howlugduk,
Edil düýnem gulpaklyja oglandyk,
Gül ýaşlygyň gujagynda eglendik,
Eziz deň duşlarym klasdaşlarym.
Okuwçy döwrümden galsyn bir eser,
Haçan ýatlanymda derdimi egser,
Kimse talyp boljak kimseler esger,
Eziz deň duşlarym klasdaşlarym.
Bile geçdi günleñ agy, garasy
Arzuwlarnyň hasyl bolsun barysy,
Galdy sizde ýüregimiň ýarysy,
Eziz deň duşlarym klasdaşlarym.
Ykbal herimizi bir ýana seçer,
Bilmen ýoklugňyzda gün neneň geçer,
Bir biregi unutmalyň hiç haçan,
Eziz deň duşlarym klasdaşlarym.
Süleýman Tekäýew
30
76