Poeziýa döredijiligiň iň kyn çylşyrymly ugrudyr.
Goşgynyň berýän ryhy lezzetini hiç zat berip bilmeýär.
Döredijilikde hakyky poeziýanyň derejesine ýetjek başga hiç bir zat ýokdur.
Goşgynyň üsti bilen aýdyp bolmaýan zat hem ýok.
Ýöne gep aýtjak pikiriňi goşgynyň üsti bilen aýtmany başarmak ussatlygynda.
Goşgy bilen aýdyp bolmadyk zat gymmatlyga eýe däldir.
***
Hakyky goşgular köp däl.
Olar hakyky poeziýanyň köküni gymmatyny düzýärler.
Hakyky goşgularyň nähili döreýändigini hiç kim bilmeýär.
Hakyky goşgy göze görünmeýän ägirt uly ruhy güýjüň, ruhy ahwalatyň nyşanydyr. Ruhy ahwalat bolsa her gün ýüze çykyp duran hadysa däldir.
Pelsepe onuň düýp esasyny düzýär.
Hakyky poeziýa ynsanyň kalbynyň çuň ýerinden gözbaş alýar. Onuň iň pynhan duýgularynyň bir bölegini suratlandyrýar. Ol diňe adamzada, ynsanperwerlige, gözellige hyzmat etýär.
***
Goşgy ýazmak – hakyky manysynda, ejirine döz gelip bolmajak agyr işdir.
Goşgy seni bütünleý özüne baglap goýýar.
Hakyky goşgy – ynsandan ähil güýçlerini, ähli ukyp-başarnygyny tijemegi, zehin goruny orta goýmagy, ruhy taýdan ölüp direlmegi talap edýär.
Hakyky goşgy – ruhuňy, aňyňy, ähli barlygyňy terezä goýlup ýazylan goşgulardyr.
***
Hakyky goşgy uzak oýlanmalardan, ruhy ejirlerden, agyr synaglardan soň döreýär. Goşgy ýazýanlar goşgynyň şeýle bimöçber agyr azaplardan döreýändigini duýmalydyrlar. Goşgy ýazylanda öz wyždanynyň öňünde uly jogapkärçiligi duýmalydyrlar.
***
Poeziýa nämäni talap edýär?
Ilkinji nobatda ussatlygy talap edýär, uçursyz zehini talap edýär.
Durmuşy örän oňat bilmegi, gözelligi söýmegi, tebigaty söýmegi, adamyň ruhyna düşinmegi, ýaşaýşa söýgüden yşka düşüp ýanmagy, gözýaşlardan durmuş ýasamagy, çensiz duýgurlygy, syzgyrlygy, synçylygy talap edýär.
***
Poeziýa çäksiz ruhy ejirleri, adaty adamlaryň görüp bilmeýän zatlaryny görmegi, uly ýüregi, tebigatda bolup geçýän uly hadysalara guwanmagy başarmagy, çaganyň kalby ýaly päk kalby talap edýär.
Goşgy ýazmak – wyždanyň, sözüň gudratynyň öňünde kelläňi ýalaňaçlap durmakdyr.
Goşgy ýazmak – ruhy taýdan ejir çekmekdir, özüňi meýletin agyr synaglara, ruhy azaplara, tükeniksiz ejirlere dözmekdir.
© Hemra HAÝTJANOW