sabyrly
30.06.2024 12:59
Suwdan gorkýan balyk gördüñmi, gardaş,
Bedenimde şonuñ, göterdim ruhun.
Hassa ýüregimde galmady berdaş,
Pelek aýaklarma urupdyr, myhyn.

Üýtgäp dur, wagtyñam şekli, şemaly,
Senden alan zadyn gaýdyp bermeýär.
Lala enesiniñ düşünşi ýaly...
Käbir derdi, dilde aýdyp bolmaýar!

Gözlerim görgüden açylmaz boldy,
Öñe gitsem aslyşyp dur, kölegäm.
Haýsy günäm meni, keç güne saldy,
Hak eýäm, men nämäñ muzdun töleýän.

Gursagym garaldy, gara günlerden,
Dünýä ýakynlaşdym garasy ýokdy.
Hakykat ilçisi düşüp münberden,
Ýalñyşlarym alyp, gözüme sokdy.

© Süleýman TEKÄÝEW
15
48
sabyrly
30 Iýun 2024
@awgust, Näçe wagtdan bäri pikriñizi bilesim gelip ýördi nähili boljakmy bu ýazyp ýörüşim diýip sagboluñ minnetdar öñkilerden ganymatlaşan bolsa azabymyñ ýerine düşdügi bolardy. Ýenede pikirlerñizi ýazyp duruñ goşgularma öñem aýdypdym sizden teswire garaşýandyryn diýip saglygyñyz sag aman geziñ
awgust
30 Iýun 2024
Şygyrýet äleminde özgereniñ bildirýär, söz goruñ köpelipdir.Mundan beyläkde galanyñ ýiti, ylhamyñ dury bolsun!👍
sabyrly
30 Iýun 2024
@t_ayp, sagboluñ minnetdar
t_ayp
30 Iýun 2024
Ajaýyp👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.