sabyrly
02.02.2024 18:15
Aýdylmadyk sözlerim sen,
Çözülmedik çözgüdim.
Gözlenmedik gözlegim sen,
Ýazylmadyk ýazgydym.
Okalmadyk eserim sen,
Dokalmadyk dolagym.
Çekilmedik heserim sen,
Bulanmadyk bulagym.
Tapylmadyk kemalym sen,
Gidilmedik saparym.
Ýetilmedik kenarym sen,
Ýollanmadyk çaparym.
Çalynmadyk sazlarym sen,
Aýdylmadyk aýdymym.
Ýazlanmadyk ýazlarym sen,
Atlanmadyk aýgydym.
Çakylmadyk şänigim sen,
Dökülmedik gatygym.
Synalmadyk synagym sen,
Gözlenmedik ýitigim.
Çekilmedik şöwürim sen,
Dakynmadyk ýüzügim.
Ýazylmadyk şygyrym sen,
Ýüzlenmedik ýüregim.
Ýaşalmadyk ýyllarym sen,
Görülmedik görgüdim.
Saýramadyk dillerim sen,
Sargalmadyk sargydym.
...Duýgularmy diýmek parzym,
Saplanaýyn bergiden.
Saňa giçki aýdan arzyn,
Tanamadyk bürgüdiň
Agamyrat SOLTANOW
29
31
sabyrly
02.02.2024 12:03
Saglyk sag adamlaryñ başyndaky altyn täjidir, ýöne ony syrkawlardan başga hiç kim görmeýär
Öñler ynsanlaryñ telefonlary bardy, indi bolsa telefonlaryñ ynsanlary bar.
Gülün tikeni bar diýip gynanmagyn,tikeniñ güli bar diýip begen.
Gaýgyly adam, içi tüsseden doly tama menzeýär. Gaýgyly adamyñ derdini diñlemek - ol tüsseli jaýda aýnany açmak ýalydyr!
Kiçijikkäm suratlaryñ arasynda 7 tapawudy tapyp bilyädim, ulaldym welin käbir adamlar bilen haýwanlaryñ arasynda 7 tapawudy göremok.
Akylly adamlar uruşsyz utarlar, akylsyzlar utmak üçin urşarlar.
Ömrüniñ birinji ýarsyny, ikinji ýarsyna garaşyp geçer adamzat. Ikinji ýarsyny bolsa şo ömrüniñ birinji ýarsyny yatlap geçer.
Bir zady başarmak agyr iş. Dagdan aşak düşip, ýenil ýoly saýlap bilersiñ ýõne iñ owadan peýzaj iñ ýokardadyr!
Gaty köp adam 25 ýaşynda öler, emma 80-90 ýaşynda gömüler.
Näme üçin köp gyzlaryňyz ýalyk geýýär, diýip musulmandan sorapdyrlar.Musulman oglan jübüsinden iki sany, biri kagyzly dolanan, beýlekisi açyk kagyzsyz süýji çykaryp, saýlaň diýipdir. Adamlar kagyzly dolanan süýjini saýlap, onuň arassa bolany üçin saýlanlaryny düşündiripdirler. Musulman oglanam "ine siziň soragyňyza jogap" diýipdir.
31
49
sabyrly
01.02.2024 17:29
Ýazylýan wagtlary üýtgedi indi,
Yşk-söýgä ýugrulan «sms»-leriň.
Gezelenç, seýle-hä elem degenok,
Aşhana öwrüldi söýgüli ýerim.
Sagatlap gürleşmek ýat bolup gitdi,
Joralarma jaňam ediberemok.
Öňki ýaly tasap, öýkelän wagtym,
Ümdüzine çykyp gidiberemok.
Meni saňa baglap dur-a ähli zat,
Nika, söýgi, yşk, alada, muhabbet.
Ötünç soran wagtyň nurlanýar dünýäň,
Düşünişen wagtyň süýjeýär söhbet.
Göwnüme bolmasa, öňküligiň ýok,
Senem biraz agraslanan ýalymy?!
Gözleriňden okap bolýar bar zady
Zol-zol sorap durmasaňam halymy.
Kökün ýüregimden alyp gaýdansoň,
Gözleriň çykarýar permanym, emrim.
Men bir zada göz ýetirdim toýdan soň
Täzeden başlanýan ekeni ömrüň.
* * *
Meniň bar aladam seniňki bolar,
Seniň ähli derdiň men borun onsoň.
Günbe-günden ynjyklygym köpelip,
Öýkäm kemäp, näzim artar toýdan soň.
Köpeler meň saňa aýtjak zatlarym,
Buşlugma söýünji taýýarlaweri.
Süýji aladalar başlanan wagty,
Kemelse kemelsin söýgi sözleri.
Oňa derek süýji ýatlamalar bor,
Bize şatlanmaga sebäp gytmy nä?
Gör, durmuşam zer-zerewşan geýinip,
Ikimize berlen bagty gutlaýa.
Ýuwaş-ýuwaş şugla saçýar çar ýana,
Şatlyk uçgunlarmyz ýürekde dömen
Duýgularmyz joşup, galar çarpaýa,
Sen bolsaň, men bolsam, ol bolsa hemem...
Ogulnur PIRJIKOWA
33
45
sabyrly
01.02.2024 13:10
Syn edip görüñ: Biz aşak ýere seretsek haýbatly görünýãs, Ýokarlygyna asmana garasak bolsa ýüz şeklimiz mätäç, naýynjar şekile geçýär...
Köçäñ gyrasynda bir kör adam eli hatly otyrdy o hatda men kör maña sadaka beriñ diýip ýazykdy emma hiçkim oña ünsem berenokdy. Şol wagt bir çagajyk gelip haty pozup başga zat ýazyp gidýar. Şondan soñ herkim oña pul berip ugraýalar. Soñ ýañky çagajygy aýak sesinden tanap oña:sen ýañy näme ýazdyñ diýýär. Çagajyk bolsa: ÝAZ GELDI MEN YENEDE ONY GORUP BILMERIN' diýip ýazdym diýýär!
At bir gezek Itiň göwnüne degipdir. “Sen açhor bolsaň, gapy-gapy aýlanyp,seňkildäp ýörsüň. Şonuň üçin adamlar “It arrygy bolma, at arrygy bol” diýýärler. At aç-hor bolsa-da, öz eýesiniň gapysynda durýar. Muny adamlar şonuň üçin aýdýarlar. Bildiňmi!”Bu ýakymsyz söz Itiň içinden ok bolup geçipdir. Şonda-da ol mertlige salypdyr-da, Ata şeýle jogap gaýtarypdyr: “Seniň ol aýdýanyň jany bar, At aga. Ýöne sen ýene-de bir zady bilip goý. Sen ikiýüzli. Seni satsalar, sowgat etseler ýa-da ogurlap alyp gitseler, tapawudy ýok, garaz, üstüňe kim münse, sen şonuňky bolaýýaň. Men lebzi bütin. Şonuň üçin maňa adamlar “It-wepa” diýýändirler”.
Ýumruk näçe berk düwlenem bolsa gülüp duran ýüze degýän däldir.
Eger ýekeje barmajyk agyrsa hem ýürek duýýar, emma ýürek agyrsa hiç kim duýmaýar.
Birnäçe ynsan gördüm egninde eşigi ýok, birnäçe eşik gordum içinde ynsan ýok.
At ýatagyndan çykansoñ gapyny ýapanyn peýdasy ýok.
Birinji gezek görmek uçin bir minut, göwnüne ýaramak üçin bir sagat, söýmek üçin bir gün, ýatdan çykarmak üçin bolsa bir ömür gerekdir.
23
56
sabyrly
31.01.2024 17:36
Galbaň döşüň kä peselip, beýgelip,
Içki harasadyň aýan edip dur.
Sen agladyň täleýiňden zeýrenip,
Sözleriň geçmişiň beýan edip dur.
Aýt, ýeri, men saňa näme diýeýin?
Bir senmi agtaryp tapmadyk bagtyn?
Getir bulguryňa şerbet guýaýyn,
Şerbet gam-gussaňy eliňden alsyn.
Seni betbagt eden men däl, özgeler,
Şoň üçinem maňa bakyp aglama.
Her kim öz derdine özi döz geler,
Durmuşa düşünýäň düşüp aldawa.
Durmuşyň kimdigin bilip bolanok,
Durmuşy okap däl, ýaşap öwrenseň...
Indi saňa bagtyň geregi hem ýok,
Nämä gerek bir ýüzüni öwrensoň?!
Aýt, aslynda dost diýlen zat nämeka?
Derdin egser dost ýanynda derdinen.
Gel, bir bulgur meýi böleýin ikä
Hem şerbet deý paýlaşaýyn derdiňem...
Atamyrat Atabaýew
30
87
sabyrly
31.01.2024 08:55
«Üçden soň puç» diýen söze öz ýanymdan, bir zady etjek bolsaň, üç gezek synanyşyk etmeli. Şondan soň näçe synanyşsaňam peýdasy ýok diýip çaklaýardym. Bir gezek sadaka edýän tanşymyňkyda ýaşulular bilen özara gürrüňdeş bolduk. Şonda bu aýtgynyň gelip çykyşy barada gürrüň edildi. Asyl görüp otursak, durmuşda adamyň hakyky ady üç gezek — çaganyň gulagyna azan aýdylanda, nika gyýlanda we jynaza okalanda tutulýan eken. «Şol arada ýaşanyň, at-abraý, iman gazananyň, sogap iş edeniň özüňki, şondan soň puç» diýildigi eken. Ine, bu sözüň ýene-de bir manysynyň bardygyna şonda göz ýetirdim.
Zyýarata gidilende, meşhur şahsyýetleriň guburynyň uzynlygyna üns berensiňiz. Özem olary täk sanlara gabat geler ýaly edilip, 3, 5, 7, 9, käbiri 11 metr uzynlykda gazylypdyr. Şerigatda aýdylyşyna görä, Gurhany 10 müň gezek okan adamyň guburyny 3-5 metr uzynlykda, işan, ahunyňkyny 7 metr, pir ýa-da erenler derejä ýetenleriňkini 9-11 metr edipdirler. Sebäbi ozallar arhiw bolmansoň, geljekki nesillere merhumyň göwresiniň ululygyny däl-de, halk arasyndaky mertebesiniň, abraýynyň näderejede bolandygyny aňlatmak üçin şeýle edilipdir.
Gowy adamynyň tarypy edilende, oňa «Süňksüz gowy adam» diýilýän wagtyna duş gelýänsiňiz. Eýsem, süňksüz adam kimkä!? Kyrk ýyl goýny ytygsatman bakan çopana, çölde suwsuz galan, ýa bolmasa kynçylyga sezewar bolnan pursatlarda diri gaýyp bolan Hydyr ata dadyňa ýetişýär. Hydyr alaýhyssalamyň başam barmagynda süňk bolmaýar diýen ynam halk arasynda giňden ýaýrandyr. Ýaşulularymyz hem ile-güne ýagşylyk edýän, kyn günüňde kömege
ýetişýän çaksyz gowy adamynyň mertebesini göterip, ony Hydyr ata deňäp şeýle diýipdirler.
30
63
sabyrly
30.01.2024 12:34
Ömür bir gün ol gün bu gün.
Türk filminden
Ömür gysga wagt çäkli,
Ýaşap ýörüs barly ýokly,
Müň bir pikir gorjar akly,
Ömür bir gün ol gün bu gün.
Ýollar aýry günler aýry,
Al elwandyr ýaşlyk baýry,
Penahyň ýok Hakdan gaýry,
Ömür bir gün ol gün bu gün.
Sejdegähiň togabyň bar,
Günähiň bar sogabyň bar,
Bilmen näme jogabyň bar,
Ömür bir gün ol gün bu gün.
Ýaşaýansyň ursa ýürek,
Dem alýarkañ, iýseñ çörek,
Wagty geçirme biderek,
Ömür bir gün ol gün bu gün.
Ýazlaryň bar gyşlaryň bar,
Wysallaryň düýşleriň bar,
Etmeli kän işleriň bar,
Ömür bir gün ol gün bu gün.
Sanalgy dem sanap otyr,
Yzda düýnüm aglap ýatyr,
Müň aladaň ne iş bitir,
Ömür bir gün ol gün bu gün.
Arzuwlaryň puç bolmasyn,
Amallaryň hiç bolmasyn,
Ertä goýmaň giç bolmasyn,
Ömür bir gün ol gün bu gün.
Süleýman Tekäýew
21
31
sabyrly
29.01.2024 17:35
On ýaşly oglanjyk gamgyn halda aşhana giren mahaly ejesi tort tayyarlap otyrdy. Oglunyñ bu halyny syzan ene derrew onuñ bilen derdinişmage başlady.
- Al, oglum. Saña azajyk margaryn ýagyny bereýin- diýip, ejesi ogluna margarin yagyny uzatdy.
- Bu yağ meniñ yüregimi bulayar eje- diýip, ogly yzgytsyz jogap berdi.
- Çyg ýumurtgany neneñ görýäñ?
- Ufff. yüregimi bulamasana eje.
- Onuñ ýaly bolsa saña un bereyin.
- Eje sen bilyaña men bulary iyip bilemok ahyryn.Ejaniñ beren jogaby diyseñ täsin boldy:
- Dogry, aýdýañ oglum. Bu zatlar ayry-ayrylykda seniñ yüreğiñi bulamagy mümkin. Emma yerbe yer goyaga-da tort bişirip bersem, iyip doyup bilmersiñ. Oglanjyk ejesiniñ sözlerini diñläp, akyl yetirmage çalyşyardy. Ejesi sözlerini şeyle tamamlady:
- Oglum, Yaradan bilen hem edil şol şekilde bolyar. Köplenç biz, Onuñ biziñ başymyza näme üçin erbet ýa-da gowy yagdaylary salyandygyny biljek bolyarys. Emma Alla ähli zady yerli-yerinde, düzgün-nyzamly yaradypyr. Şonuñ üçin elmydama orta gowy zatlar çykyar. Edil hälki
ayry-ayrylykda yüregiñi bulayan zatlardan tortuñ emele gelişi ýaly. Seniñ başyña hem bir kyn yagday düşen bolsa onda sabyr et, Yaradana ynan, ine görersiñ, hemme zat gowy bolar.
Eger bäş manady alsam oýun gutarar!
Işewir kişi dellekhanada saçyny oňardyýardy. Sertaraş bilen gepi alyşypdy. Şol barmana gapynyň öňünden geçip barýan oglanjygy gören sertaraş, işewiriň gulagyna pyşyrdady, “Şol oglan bara, dünýäniň iň samsyk çagalaryndan biri! Seret, häzir...” Sertaraş oglanjyga seslendi: “Eý, hany bärik gel!”. Oglanjyk ýuwaşlyk bilen dellekhana girdi we samsyklyga salyp güldi-de, salam berdi.Sertaraş işewiriň gulagyna “Seret indi” diýip pyşyrdady-da, soň bir eline müňlük, beýlekisine-de bäş müňlük alyp, oglanjyga seretdi: “Haýsyny isleseň alyp bilersiň!” diýdi. Oglanjyk pullara siňe seretdi-de, müňlügi çekip aldy. Sertaraş işewire seredip güldi: “Gördüňmi? Men saňa diýipdim” diýdi. Işewir saçyny oňardyp bolansoň köçä çykdy, oýnap ýören ýaňky oglanjygy gördi. Ýanyna baryp,ondan ýaňy näme üçin bäş müňlük dälde, müňlügi alandygyny sorady. Oglanjyk ýeserlik bilen: “Eger bäş müňlügi alsam oýun gutarar!” diýdi.
31
72
sabyrly
29.01.2024 12:42
Sürme calnan kirpiklerñi gezäp sen,
Manyly gözleñi süzdürmediñmi?!
Gijelerne düýshlerimi bezäp sen,
Süýji ukudakam tuzdurmadyñmy?!
Sen hakda oýlanmak ullakan lezzet,
Sen hakda oýlanmak ullakan ezýet,
Edeniñ bolup dur sen bir hezil et,
Hyzmatyñda gaýym duzdurmadyñmy?!
Seretmän yzyma eñip barýaryn,
Giden kyncylygy ýeñip barýaryn,
Bileñok ugruñda ýanyp barýaryn,
Ganymy ters aýlap gyzdyrmadyñmy?!
Bir shygrym gutarsa beýlekä bashlap,
Ýazýan ählisini saña bagyshlap,
Pamyk deý göwnümi ýalandan hoshlap,
Waspyñy ýüzlerce ýazdyrmadyñmy?!
Täleýim täleýñe gelmändir gabat,
Emma bir biregi görýäris oñat,
Söýgümüñ päkligne bolsañda belet,
Meni kän ýalbardyp gezdirmediñmi?!
29
41