sabyrly
30.01.2024 12:34
Ömür bir gün ol gün bu gün.
Türk filminden
Ömür gysga wagt çäkli,
Ýaşap ýörüs barly ýokly,
Müň bir pikir gorjar akly,
Ömür bir gün ol gün bu gün.

Ýollar aýry günler aýry,
Al elwandyr ýaşlyk baýry,
Penahyň ýok Hakdan gaýry,
Ömür bir gün ol gün bu gün.

Sejdegähiň togabyň bar,
Günähiň bar sogabyň bar,
Bilmen näme jogabyň bar,
Ömür bir gün ol gün bu gün.

Ýaşaýansyň ursa ýürek,
Dem alýarkañ, iýseñ çörek,
Wagty geçirme biderek,
Ömür bir gün ol gün bu gün.

Ýazlaryň bar gyşlaryň bar,
Wysallaryň düýşleriň bar,
Etmeli kän işleriň bar,
Ömür bir gün ol gün bu gün.

Sanalgy dem sanap otyr,
Yzda düýnüm aglap ýatyr,
Müň aladaň ne iş bitir,
Ömür bir gün ol gün bu gün.

Arzuwlaryň puç bolmasyn,
Amallaryň hiç bolmasyn,
Ertä goýmaň giç bolmasyn,
Ömür bir gün ol gün bu gün.

Süleýman Tekäýew
21
31
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.