sabyrly
01.02.2024 17:29
Ýazylýan wagtlary üýtgedi indi,
Yşk-söýgä ýugrulan «sms»-leriň.
Gezelenç, seýle-hä elem degenok,
Aşhana öwrüldi söýgüli ýerim.

Sagatlap gürleşmek ýat bolup gitdi,
Joralarma jaňam ediberemok.
Öňki ýaly tasap, öýkelän wagtym,
Ümdüzine çykyp gidiberemok.

Meni saňa baglap dur-a ähli zat,
Nika, söýgi, yşk, alada, muhabbet.
Ötünç soran wagtyň nurlanýar dünýäň,
Düşünişen wagtyň süýjeýär söhbet.

Göwnüme bolmasa, öňküligiň ýok,
Senem biraz agraslanan ýalymy?!
Gözleriňden okap bolýar bar zady
Zol-zol sorap durmasaňam halymy.

Kökün ýüregimden alyp gaýdansoň,
Gözleriň çykarýar permanym, emrim.
Men bir zada göz ýetirdim toýdan soň
Täzeden başlanýan ekeni ömrüň.
                      * * *
Meniň bar aladam seniňki bolar,
Seniň ähli derdiň men borun onsoň.
Günbe-günden ynjyklygym köpelip,
Öýkäm kemäp, näzim artar toýdan soň.

Köpeler meň saňa aýtjak zatlarym,
Buşlugma söýünji taýýarlaweri.
Süýji aladalar başlanan wagty,
Kemelse kemelsin söýgi sözleri.

Oňa derek süýji ýatlamalar bor,
Bize şatlanmaga sebäp gytmy nä?
Gör, durmuşam zer-zerewşan geýinip,
Ikimize berlen bagty gutlaýa.

Ýuwaş-ýuwaş şugla saçýar çar ýana,
Şatlyk uçgunlarmyz ýürekde dömen
Duýgularmyz joşup, galar çarpaýa,
Sen bolsaň, men bolsam, ol bolsa hemem...

Ogulnur PIRJIKOWA
33
45
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.