sabyrly
31.01.2024 17:36
Galbaň döşüň kä peselip, beýgelip,
Içki harasadyň aýan edip dur.
Sen agladyň täleýiňden zeýrenip,
Sözleriň geçmişiň beýan edip dur.

Aýt, ýeri, men saňa näme diýeýin?
Bir senmi agtaryp tapmadyk bagtyn?
Getir bulguryňa şerbet guýaýyn,
Şerbet gam-gussaňy eliňden alsyn.

Seni betbagt eden men däl, özgeler,
Şoň üçinem maňa bakyp aglama.
Her kim öz derdine özi döz geler,
Durmuşa düşünýäň düşüp aldawa.

Durmuşyň kimdigin bilip bolanok,
Durmuşy okap däl, ýaşap öwrenseň...
Indi saňa bagtyň geregi hem ýok,
Nämä gerek bir ýüzüni öwrensoň?!

Aýt, aslynda dost diýlen zat nämeka?
Derdin egser dost ýanynda derdinen.
Gel, bir bulgur meýi böleýin ikä
Hem şerbet deý paýlaşaýyn derdiňem...

Atamyrat Atabaýew
30
87
gulshatayewa97
31 Yanwar 2024
👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.