sabyrly
07.02.2024 22:29
Tekepbir ýar, per bermeýän çyrçygym !
Gör, gaýtadan çetiräýjek bolýaryn.
Nirden güýç alýanym bilmen, çyr –çytyr,
Bitmejegi bitiräýjek bolýaryn.

Hijran dişin gyjap, zarlatýar gyjak,
Aýdyp bilmän guşlar bir – birin gyrjak,
Düşünsemde muňa, ah, men – samsyjak,
Ýatlap – ýatlap getiräýjek bolýaryn.

Du:r tekjede üç ýyl öňki gülüňem,
Gözüm düşse, ýürek aglar günüme,
Ýyrtyp –ýyrtyp seň gelmeli günüňe,
Kalendary ýetiräýjek bolýaryn.

Aýdyň, kimi aýnatmady yşk, kimi?
Aýdyň, kimi, saýratmady yşk, kimi?
Asmandaky ýyldyzlary müşk kibi,
Saçlaryma sepinäýjek bolýaryn.

Zülplerme – de goýan bolýan „bugidi“
Aýdymçy deý geýen bolup birgiden.
Öz ýanymdan Alp  Arslan deý ýigidi,
Gözlegimde ýitiräýjek bolýaryn.

Ýar, saçlaňdan gelýän ysy unutsam,
Ýa hatlaňdan gelýän ysy unutsam,
Kä keşbiňi ýatlap bilmän urunsam,
Gözümden öň petiräýjek bolýaryn.

''Ýylgyryşy ýa –ha oýny, ýa çyny,
„Gül gyryşy ýa –ha oýny, ýa çyny,“
Samrap – samrap şahyr bolan Laçyny,
Başky özüne getiräýjek bolýaryn.

Laçyn Pürjäýewa
44
317
sabyrly
07.02.2024 11:36
Seni bagtym diýe buşlady ykbal,
Kalplarmyz bir edip diledi ak ýol,
Wada wepasyzlyk edýänem ýok däl,
Haýyşym Hak söýgüm harlamagyn hiç!

Öwürseň öwürde ömür pidaňa,
Kabul eýle yşkdan dolan adaňa,
Keşbiňi suratdeý çekdim didäme,
Haýyşym Hak söýgüm harlamagyn hiç!

Rugsatyz girdiňle köňül köşgüme,
Jadylaýyp beýhuş etdiň müşgüňe,
Umyt berip salma meni keç güne,
Haýyşym Hak söýgüm harlamagyn hiç!

Gar deý eräp gitdi ýüregiň doňy,
Gizlin duşuşyklaň gelmezmi soňy,
Ýar haçan atarka ak bagtyň daňy,
Haýyşym hak söýgüm harlamagyn hiç!

Söýgümiz bezesin bir ajap ömri,
Duşurdy ikimiz ol Hakyň emri,
Beripdur zamanam ajaýyp döwri,
Haýyşym hak söýgüm harlamagyn hiç!

Süleýman Tekaýew
37
39
sabyrly
06.02.2024 16:33
«Öň­ki­ dö­wür­ler­de­ ju­da­ baý,­ em­ma­ özü­ni­ bagtsyz­  ha­sap­la­ýan­ bir­ şa­ bar­ eken.­ Ol­ bagt­ly­ bol­mak üçin­ her­nä­çe­ jan­ et­se-de,­ hiç­ ba­şa­ bara­nok­myş.­ Ahyr­so­ňy­ kal­by­ ka­rar­ tap­ma­dyk­ şa­ ül­kä­niň­ iň­ güýç­li­ oku­my­şy­ny­ hu­zu­ry­na­ ça­gy­ryp:­ «Men­ nädip bagt­ly­ bo­lup­ bi­le­rin?»­ di­ýip­ so­rap­dyr.­ Oku­myş:­ «Şa­hym,­ bagt­ly­ bol­mak­ isleýän­ bol­sa­ňyz,­ bagt­ly bir­ yn­sa­ny­ ta­pyp,­ onuň­ eşi­gi­ni­ geý­me­gi­ňiz­ ge­rek» di­ýip­dir.­ Şa­ des­si­ne­ we­zir­le­ri­ne­ bagt­ly­ ki­şi­ni­ tapma­gy­ buýrup­dyr.­ We­zir­ler­ tu­tuş­ ýur­dy­ aý­la­nyp,­bagt­ly­ yn­sa­ny­ göz­läp­dir­ler.­ Bu­ ül­ke­de­ we­zir­le­riň dabany degmedik ýer galmandyr. Emma hiç hili­ özü­niň­ bagt­ly­dy­gyn­dan­ şü­kür­li­ bir­ ki­şä­ gabat gelenok­myş­lar.­ Kim­ler­ ýol­da­şyn­dan,­ kimler ýoksul­lyk­dan,­ kim­ler­ bol­sa­ ha­ýyr­syz­ perzendinden zeý­ren­mek­ bi­len­ ber­ba­şa­gaý­myş...
Ahy­ryn­da­ aý­la­nyp-aý­la­nyp­ tap­dan­ dü­şen­ çäresiz­ we­zir­ler­ köş­ge­ do­lan­ma­gy­ ka­rar­ edipdir­ler.­Olar­ ho­ra­şa­ja­ çat­ma­nyň­ ga­ba­dyn­dan­ ge­çip­ barýarkalar­ şeý­le­ söz­le­ri­ eşi­dip­dir­ler:«Taň­rym,­saňa­ ýüz-müň­ şü­kür­ler­ bol­sun!­ Sagly­gym­ ýe­rin­de,­bu­ gü­nem­ gar­ny­my­ do­ýur­dyň,­ rysgy­my­ hiç­ ha­çan­ eg­sik­ et­me­diň.­ Ýe­ri­ on­soň,­ men bagt­ly­ bol­man­ kim­ bagt­ly­ bol­sun?!» Aýak­ çek­mä­ge­ mej­bur­ eden bu­ söz­ler­den­ soň,­ bagt­ly­ yn­sa­ny­ göz­läp,­ýur­dy­ aýla­na-aý­la­na­ tapdan­ dü­şen­ we­zir­ler­ «tap­dyk­da-tap­dyk»­ bo­lup­ bege­ni­şip­dir­ler.­ Ta­pan­ bagt­ly­ ynsan­la­ry­ny­ şa­nyň­ hu­zu­ry­na­ elt­mä­ge­ how­lu­gyp­dyr­lar.­ «Onuň­ eşik­leri­niň­ bi­ri­ni­ alyp,­ şa­nyň­ ýa­ny­na­ ug­ra­rys»­diý­şi­bem­ ýaň­ky­ kö­ne­je­ çat­ma­nyň­ içi­ne­ girip­dir­ler.­Gör­se­ler­ çat­ma­nyň­ eýe­si­niň­ eg­nin­dä­ki­ ýe­ke­je­ köý­ne­gi­niň­ ýa­ma­syz­ ýe­ri­ ýok­muş...»
Durmuş dowam edýärkä ynsan bagty gözlär ýörer. Elindäki emlägi ýere-göge sygmaýan bolsa bolubersin, ondan has köpüni isläp, eýesi bolan zatlaryny azyrganýanlar özlerini hiç haçan bagtly duýup bilmezler. Bagty özünden gözleýän, ykbalyndan razy bolup, baryna şükür eýleýänler bolsa hemişe bagtlydyr. Hemme zady bilmek bize derkar däl. Özümizde bar bolanyna şükür etsek we gadyryny bilsek ýeterlik...
52
191
sabyrly
06.02.2024 11:28
Syrym­ ýumak­ eken,­ sen­ çöz­ çözseňem,­
Yşkym­ ylham­ eken,­ sen­ ýaz­ ýazsaňam.
Aýry­ ykbal­ ýodasynda­ gezsegem,­
Durar­ saýrap­ bilmez­ tary­ bolmasa.

Bilbilim­ sen,­ saýry­ bagda­ saýraýan,­
Yşk­ sazym­ sen,­ ýüregime­ ornaýan.­
Şygyrly­ depderim­ barha­ galňaýar,­
Ylham­ joşmaz­ sebäpkäri­ bolmasa.

Bu­ ýollary­ geçenem­ kän,­ geçjegem,­
Bu­ şerbeti­ içenem­ kän,­ içjegem.­
Bigümandyr­ sensiz­ şem­ deý­ öçjegim,­
Dert­ ýeňdirmez­ derman­ däri­ bolmasa.

Emma,­ gülüň­ ýolman­ söýýän­ bolsam­-da,­
Duýgymy­ ýaýmaryn­ köýýän­ bolsam­-da.­
Her­ näçe­ «Men­ seňki»­ diýýan­ bolsaň­-da,­
Seslenmen­ ýazgydyň­ emri­ bolmasa.

Gursakda­ garrasa­ duýgulaň­ beýgi,­
Aglarmyş­ ah­ çekip­ kemsinen­ söýgi.­
Ýürek­ diýdi:­ «Söýüp­ galamy­-şygry,­
Ýaşa,­ öz­ ykbalyň­ höwri­ bolmasa».

Dürnabat AŞYROW
24
21
sabyrly
05.02.2024 15:56
Hoşlaşyk
     Durmuş Nobatguly däldir ezizim
      N.Rejebow

Gulagñy şu aýtjak sözlemden gandyr,
Ýat tut, şu ýazylan setirlem meniñ.
Ykbal şäher içi awtobus däldir,
Bir gitsem yzyma getirmez meni.

Bil, aýnany gum içine gaçyrsañ,
Soñ keşbiñem tutuk görner bakañda.
Eger okap, düşünmegi başarsañ,
Ýañky iki setir göwnüm hakynda.

Bu hala özüñi salyp görme sen,
Tap getirmez, gowşar aklyñ nurbaty.
Sataşsak ýüzümi salyk görme sen,
Meñzim- ynjan duýgularmyñ suraty.

Säherler ýoklugym bilinmez emma,
Çyn yhlasym ýada düşer öýlänler.
Maña düşünersiñ, söýeniñde däl,
Başga hiç kim, seni men deý söýmände.

Sen-ä söýgä menem sabyra garyp,
Ugrumyzyñ bir däldigin çak edýän.
Ýyllar basgançakdyr- kimi ýokaryk,
Kimi bolsa barha aşak äkidýär.

Geñmi nâ, aýaklañ basgylap giden,
Kenaryna deñziñ atyşy owsun.
Men gidýän, bagtly bol, iñ soñky eden,
Hatañ päk yşgymy harlanyñ bolsun.

Mätgurban MÄTGURBANOW
30
45
sabyrly
05.02.2024 12:23
Söýgüñi syr saklap söýseñde gülüm,
Näme ýene oýlanaýyn diýýärsiñ.
Men seni söýemok diýseñde gülüm,
Bilýärin men sende meni söýýärsiñ.

Maña has owadan görünjek bolup,
Egniñe al atlasyñy geýýärsiñ.
Sensiz ýeke pursat direlýän ölüp,
Bilýärin men sende meni söýýärsiñ.

Gara gözler bilen kä ogryn garap,
Juwan kalbym umytlarda goýýarsyñ,
Ahyr bildim öýtýän göwnüñe ýarap,
Bilýärin men sende meni söýýärsiñ.

Näme gerek söýgiñ syr saklap gezmek,
Ýalñyz özüñ örtenýärsiñ köýýärsiñ.
Nämä gerek meñde ýüregiñ ezmek,
Bilýärin men sende meni söýýärsiñ.

Süleýman TEKÄÝEW
28
40
sabyrly
04.02.2024 17:13
Öýerdiler  Eşegi  özi  yaly  Eşege,
Toýda Aýynyñ garny sygmaýardy guşagna.
Diýen zadyñ saçakda bezelgi saman küme,
Ähli haýwan sabyrsyz garaşýardy bu güne.

Durmuşa çykýan Eşek begenjinden gülüp dur,
Kirpi Towşan hem Şagal toyyñ sazyn çalyp dur.
Gurbaga aýdym aýdyar sesiniñ ýetdiginden,
Tans edip ýör çal Möjek tutup Tilkiñ elinden.

Dünýe döråli bäri ne beýle toý görüldi,
Durmuş gurýan Eşege jemleýji söz berildi.
Öýlenyän Eşek diýdi,bolsada dostlar günä,
Eger At razy bolsa şoña öýlenjek menä.

Gelin Eşek yaş döküp kümeden çykyp gitdi,
Eşek diýseñ Eşekdä, diyip hemme gaýtdy.
Aýdypdy atam maña parasatly bol ogul,
Gürleseñ Eşek ýaly, toý güni galarsyñ dul.
51
185
sabyrly
04.02.2024 11:13
Gitme, janym, bagtymdan,
Gal – diýsem, ynanarmyň?!
Sen bu ömri ýagtyldan
Aý  – diýsem, ynanarmyň?!

Pyşyrdyň – bagta perman,
Oňmanam, seni görmän,
Jebriňden bagrym girýan –
gan – diýsem, ynanarmyň?!

Tagzym! Ajap keşbiňe,
Ah, yşgyňa,
yşgyňa,
Sen köňlümiň köşgüne –
Han – diýsem, ynanarmyň?!

Ýalkadygyňmy, ykbal,
Örtedigiňmi, ykbal,
Ah, sensiz bu ýürek sal-
sal – diýsem, ynanarmyň?!

Seni söýüp ýürekden,
Galdym kalpsyz-küreksiz,
Sensiz asla gerekmez
jan – diýsem, ynanarmyň?!

Eýleýip däli-telbe,
Neýlediň, meni dünýe?!
Söýgim – derýadyr,
Gel-de
gan – diýsem, ynanarmyň,

Kakamyrat Rejepow
30
31
sabyrly
03.02.2024 19:11
On ýedi ýaşa dolansañ,
Gözüñ ýansa, gezseñ ýuwaş.
Özgå duýdurman elenseñ,
Hyýal bilen dolanda baş.

Çem gelen sapanda atjak,
Bir ýylmanak daş bolmasañ.
Seni ýetim goýup gitjek,
Eneñe gözýaş bolmasañ.

Yşga düşseñ, etseñ dözüm,
(Mähir gerekdir deñzede).
Goýalyşsa gepiñ-sözüñ,
Nazaryñ saza meñzese.

On ýedi yaşa dolansañ,
Özüñ bejerseñ ýarañy.
Ýada düşse güýz gelensoñ,
Ýazyñ umytly garany.

Gyzarsañ owadan gepläp,
Aýdan sözüñ çyn çykmasa.
Suwjuk söz bilen kesekläp,
Gül gyzlary ynjytmasañ.

Duýsañ onuñ bolanda çen,
Terk ediljek jaýdygyny,
Göge çykyp ceşmä gaçan,
Tutdurmajak Aýdygyny,

Haçan gadryny bilensoñ,
On ýedi ýaşa dolansañ.

Mämmetnazar BABANAZAROW
24
22
sabyrly
03.02.2024 14:23
Massaçusets uniwersitetiniň Tehnologiýa institutynda okaýan bir talybyň hereketi şaýat bolanlara ýekeje işiň nämelere ýol açyp biljekdigini görkezýär. Talyplaryň biri tomus geldigi gara­ ak zolakly sport köýnekçesini geýip, Garward uniwersitetiniň futbol meýdanyna gidýär eken. Barybam näme edýär, bilýäňizmi, meýdançanyň ol çetinden bu çetine çenli guşlar üçin iým sepip çyk ýar eken. Arasynda­da jübüsindeneminleriň ulanýan jürlewügini çykaryp, onuň deminiň ýetdiginden çalypdyr. Onuň gar­ýa gyş ýa jöwza diýmän, her gün gaýtalanyp duran bu hereketi, aslynda, özboluşly şowhuna öwrülip gidýär eken. Güýz de täze futbol möwsümine badalga beril­ýär. Niçikmi, uniwersitetiň futbol topary meýdana çykýar welin, eminiň jürlewügi çalnan dessine bolan zatlary görsediňiz. Edil meýdana iým  sepýän oglan ýaly geýnen (ak­gara çyzykly köý­nekçeli) eminiň jürlewügi çalaryna mähetdel, meýdana guş bary çozupdyr. Asyl­ha futbol oý­namaga mümkinçilik galmandyr. Şeýdip hem du­şuşyk soňa galdyrylýar. Onda­da nähili soňa? Bu meýdanda futbol oýnap bolýança, gör, näçe talyp uçurym bolupdyr?!
28
71