sabyrly
05.02.2024 15:56
Hoşlaşyk
     Durmuş Nobatguly däldir ezizim
      N.Rejebow

Gulagñy şu aýtjak sözlemden gandyr,
Ýat tut, şu ýazylan setirlem meniñ.
Ykbal şäher içi awtobus däldir,
Bir gitsem yzyma getirmez meni.

Bil, aýnany gum içine gaçyrsañ,
Soñ keşbiñem tutuk görner bakañda.
Eger okap, düşünmegi başarsañ,
Ýañky iki setir göwnüm hakynda.

Bu hala özüñi salyp görme sen,
Tap getirmez, gowşar aklyñ nurbaty.
Sataşsak ýüzümi salyk görme sen,
Meñzim- ynjan duýgularmyñ suraty.

Säherler ýoklugym bilinmez emma,
Çyn yhlasym ýada düşer öýlänler.
Maña düşünersiñ, söýeniñde däl,
Başga hiç kim, seni men deý söýmände.

Sen-ä söýgä menem sabyra garyp,
Ugrumyzyñ bir däldigin çak edýän.
Ýyllar basgançakdyr- kimi ýokaryk,
Kimi bolsa barha aşak äkidýär.

Geñmi nâ, aýaklañ basgylap giden,
Kenaryna deñziñ atyşy owsun.
Men gidýän, bagtly bol, iñ soñky eden,
Hatañ päk yşgymy harlanyñ bolsun.

Mätgurban MÄTGURBANOW
30
45
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.