Söýgüñi syr saklap söýseñde gülüm,
Näme ýene oýlanaýyn diýýärsiñ.
Men seni söýemok diýseñde gülüm,
Bilýärin men sende meni söýýärsiñ.
Maña has owadan görünjek bolup,
Egniñe al atlasyñy geýýärsiñ.
Sensiz ýeke pursat direlýän ölüp,
Bilýärin men sende meni söýýärsiñ.
Gara gözler bilen kä ogryn garap,
Juwan kalbym umytlarda goýýarsyñ,
Ahyr bildim öýtýän göwnüñe ýarap,
Bilýärin men sende meni söýýärsiñ.
Näme gerek söýgiñ syr saklap gezmek,
Ýalñyz özüñ örtenýärsiñ köýýärsiñ.
Nämä gerek meñde ýüregiñ ezmek,
Bilýärin men sende meni söýýärsiñ.
Süleýman TEKÄÝEW