sabyrly
07.02.2024 22:29
Tekepbir ýar, per bermeýän çyrçygym !
Gör, gaýtadan çetiräýjek bolýaryn.
Nirden güýç alýanym bilmen, çyr –çytyr,
Bitmejegi bitiräýjek bolýaryn.

Hijran dişin gyjap, zarlatýar gyjak,
Aýdyp bilmän guşlar bir – birin gyrjak,
Düşünsemde muňa, ah, men – samsyjak,
Ýatlap – ýatlap getiräýjek bolýaryn.

Du:r tekjede üç ýyl öňki gülüňem,
Gözüm düşse, ýürek aglar günüme,
Ýyrtyp –ýyrtyp seň gelmeli günüňe,
Kalendary ýetiräýjek bolýaryn.

Aýdyň, kimi aýnatmady yşk, kimi?
Aýdyň, kimi, saýratmady yşk, kimi?
Asmandaky ýyldyzlary müşk kibi,
Saçlaryma sepinäýjek bolýaryn.

Zülplerme – de goýan bolýan „bugidi“
Aýdymçy deý geýen bolup birgiden.
Öz ýanymdan Alp  Arslan deý ýigidi,
Gözlegimde ýitiräýjek bolýaryn.

Ýar, saçlaňdan gelýän ysy unutsam,
Ýa hatlaňdan gelýän ysy unutsam,
Kä keşbiňi ýatlap bilmän urunsam,
Gözümden öň petiräýjek bolýaryn.

''Ýylgyryşy ýa –ha oýny, ýa çyny,
„Gül gyryşy ýa –ha oýny, ýa çyny,“
Samrap – samrap şahyr bolan Laçyny,
Başky özüne getiräýjek bolýaryn.

Laçyn Pürjäýewa
44
317
bagtl
8 Fewral 2024
@tmcell, Oki
bagtl
8 Fewral 2024
@tmcell, wifi ullanyan
medik_
8 Fewral 2024
@bagtl, 7anketa ba sonda
sabyrly
7 Fewral 2024
@awgust, Ana onyñ dogry 👍
sabyrly
7 Fewral 2024
@tmcell, Şahyrlar köplenç özgeleri oylayanny aytjak bolyan men
bagtl
7 Fewral 2024
@geldiyevna, Mená meñzedýán
sabyrly
7 Fewral 2024
@tmcell, siziñ diýýaniñize ýalnyş diyemok menem
sabyrly
7 Fewral 2024
@awgust, Menem şony aytjak bolyada. Bize şahyr ýürek ýigitler gerek diýýärä. Özüni pikir etyan adamlara beyle goşgy yazylarmy ýada beyleki ynsanlar tapawutlydygyny aydyp goşga gecirmezdiler meniñ pikrimçe
sabyrly
7 Fewral 2024
@awgust, siz nähili garaýañyz şahyrlar öz derdine ýanmalymy ya özgeleriñ derdine köýmelimi
sabyrly
7 Fewral 2024
@tmcell, Onda Magtymgula nåme gerek bolduka illeriñ derdi olara ýagşylyk islemek Meñlisi bilen bolar ýörerdidä öz ýüregindäkileri aýdyp
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.