sabyrly
17.02.2024 18:29
Deñ duşlarma duşýan obama barsam,
Maşyn maşyn, toý-toý oýny ýatlanýar.
Geljegiñ gamyny unudyp birdem,
Sümüklije çagalyga ätlenýär.

Gelin bolan bordy goñşulañ biri,
Ýoldaşy bolardy başga bir gerçek.
Ejeleri görse çynyrgan bolup,
"Pylanjan ulalsa gyzymy berjek"

Pylanjanymyza ulaldam welin,
Biraz jübüleri ýuka ýetişdi.
Kakasy ýogalyp, gurpy gowşansoñ,
Gyz berjek goñşulañ sesi ýatyşdy.

Şeýdip"toý-toý"oýny çagakak başlap,
Tükenenlerem bar boý yetebden soñ.
"Maşyn-maşyn" oýny bolsa dynardy,
Gün ýaşyp giç düşüp ýol ýitenden soñ.

Käte şol günleri küýseýär ýürek,
Nätjek geçen pursat gaýdyp gelmeýär.
Ejeñ hem kakañy garradan durmuş,
Señ kastyña çykyp elin çermeýär.

Ömür geçýär näçe ulaldygmyzça,
Dünýä erkimize goýmaýar bizi.
Bu durmuşy oýna salyp gezerdik,
Indi bolsa durmuş oýnaýar bizi.

Kerim Hally
26
36
sabyrly
17.02.2024 13:18
Käte ýeke çykyp gijeden gijä,
Käte şägirtlerin yzyna tirkäp,
Gijeler ogurlap towukdyr jüýje
Bir ogry ýaşanmyş obany çürkäp.

Asyl bir aba däl onuň çürkäni,
Köp ýerlere ýeten eken yzasy.
Ahyr bir gün…
Ajaýyp bir ýaz güni
Dolanmyşyn o bendäniň kazasy.

Üýşüşip bir ýere ilen, çalany,
Däbe görä öwenmişin öleni:

-Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň,
Ahyrýetde hemra bolsun imany.
Arman, ýöne tapylgysyz ýigitdi,
Hiç bilmezdi iliň hakyn iýmäni.

Daýysy, dogany, ýegen, ýeňňesi,
Däbe görä öwenmişler hemmesi.

Ýasa gelen garryja bir ýaşulyň
Ýeke özi galanmyşyn seretse.
Onsoň bu-da öwenmişin özüçe:
“Ogryjady, ogrujady neresse…”

Halyl KULYÝEW.
29
35
sabyrly
16.02.2024 17:48
Men bu gün agladym seniň üçin däl
Meniň päk söýgümi harlanyň üçin
Ýüzüm güldürmediñ eý zalym ykbal
Agladym dertlerde horlanyň üçin

Men bu gün agladym seniň üçin däl
Biwepa ýigitleň barlygy üçin
Al kakmyş ýenede çykýaň öňümden
Bu goja dünýäniň darlygy üçin

Men bu gün agladym seniň üçin däl
Ýalany duýmaýan gözlerim üçin
Wadalar beripdiñ süýjiden süýji
Agladym ant eden sözleriň üçin

Men bu gün agladym seniň üçin däl
Armanly söýgümiň galany üçin
Bagtlylyk donuna bürenip gelen
Söýgiň ahyry puç ýalany üçin

Men bu gün agladym seniň üçin däl
Täleýimiñ ýowuz ýazgydy üçin
Başynda şat edip soň gamgyn edip
Bagtymyň ters gelen çözgüdi üçin

Başyma bu günler düşdükä niçun
Herimiz saýladyk aýratynja ýol
Ýüzüm gülendede aglaýa içim
Men bu gün agladym seniň üçin däl

Süleýman Tekäýew
24
36
sabyrly
16.02.2024 10:12
Pul bilen ähli zada eýe bolunjagy aýdylar elmydama ýöne käbir zatlar bar olar pul bilen ölçenilmeýär! Iýmäge zat satyn alsa bolar emma işdä satyn alyp bilmersiň! Derman satyn alarsyň emma saglyk satyn alyp bilmersiň! Okamana kitap alarsyň emma akyl alyp bilmersiň! Özüňi owadan görkezmäge egin eşik alarsyň emma gözellik alyp bilmersiň! Pula güýmenje alarsyň emma şatlygy alyp bilmersiň! Owadan öý alyp bilersiň, agzybirlik alyp bilmersiň!Puluňa tanyş biliş alarsyň emma ýürekdeş dost alyp bilmersiň! Hyzmatçy alarsyň emma sadyklyk alyp bilmersiň! Boş wagt alarsyň, rahatlyk alyp bilmersiň! Ýar alyp bilersiň, söýgi alyp bilmersiň! Puluña tenini satyn alarsyñ, kalbyny alyp bilmersiñ. Namazlyk alarsyň, iman alyp bilmersiň! Gabrysatnadan gowja ýer alyp bilersiň emma Jenneti alyp bilmersiň! Gapysy altyndan bolmasyn adamlary altyn bolsun. Öýüñ bolsa içinde adam bolmasa, maşynyñ bolsa içinde matory bolmasa. Söýgiñ bolsada şatlygyñ bolmasa. Bezemen gözel jaýlar weyran bolan kalplar, gymmatbaha sowgat serpaýlar, bagtsyz gelin giýewler, uludan tutulyan toylar gadyrsyz maşgalalar.

Hemaýun gorganyn saldyran Harun,
Dünýäni dört bölen kany Feridun,
Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun,
Gözi gumdan doldy puldan dolmady

Magtymguly Pyragy ( Ykbal bolmady)
26
48
sabyrly
15.02.2024 18:23
Bilemok nämüçin ýatdan çykanok
Ýa başga ýatlama tûkenäýdimi
On bäş ýyl soñ ýene dûýşüme girdi
Polýak ussalarynyñ tiken ädigi

Mollamurtuñ "Nesihatyn " ýat tutup
Ekzamene taýynlanýan wagtymyz
Satylýar diýdiler modaly ädik
Beýle ädik ýetginjegiñ bagtydyr

Nesihat ekzamen huşumdan uçdy
Birini alaýyn nädibem bolsa
Šo gyz meni söýer diýdim içimden
Geýer ýaly gowy ädigim bolsa

Bir gowy gyz bardy biçak owadan
Klasdaşlar bolup şony söýdük biz
Dostum şol ädigi alan dessine
Bagtym menden ýûz öwrendir öýdüpdim

Gowy ädik nesibãmde ýok eken
Hatda aýagma da görmedim deñäp
Başga oba göçüp gitdi ol gyz hem
Näme sebäp boldy bilmedim men ä

Henizlerem söýýärin şol gözeli
Kalbymda dogadyr mähriban ady
Durmuş da bu dostlar erkiñ ýetenok
Käte ol gysganýar bolgusyz zady

Ynjalyk berenok ýatdan çykanok
Ykbalyñdan bir zat gädilen bolsa
Göwnüme bolmasa söýjekdi le şol
Illeriñki ýaly ädigim bolsa

Çary ÝEGENMYRADOW
28
51
sabyrly
15.02.2024 13:58
Ýazarlar söýgi hakda, ýazarlar sene hakda,
Ýazarlar gaýgy hakda, ýazarlar ene hakda.
Ýöne welin daş-töwerek hyň berse-de şahyrdan
Sen barada birje goşgam ýazýan ýok-la bu çakda.

Ýogsa, dogan, çagalygyň ýadyňdamy diýseler,
Doganlygyň, agalygyň ýadyňdamy diýseler,
Seniň bilen bir göwüsden emen barmy diýseler,
Seň oduňa senden beter ýanan barmy diýseler,

Ene bolsa ilkinjisi, ata bolsa ikinji,
Şolardan soň gümany ýok, seň adyňdyr tutuljak,
Onam bolsa, känem bolsa, erkek dogan sanymyz,
Ýene sensiň bir zat bolsa, hemmeden öň topuljak.

Ýa bolmasa, käte-käte küýsämizde enäni
Çaga dönüp, ýerli-ýerden öýe tarap eňýäris.
Ana, şonda öz ornundan tapmasak biz ejäni,
Ejemize meňzeşimiz - saňa bakyp oňýarys.

Aga bolup, kaka bolup, duýmasagam derdini,
Öz derdini ýeke özi çekip ýören dogansyň.
Gaty görmäň deregine, öz bagtyny unudyp,
Bize garap, bolsadylar ekip ýören dogansyň.

Aljyrama, şahyr oglan, aljyrama, goşguçy,
Ol ikimiz ýaly däldir, ýene ýarym göwündir.
Biz ýazsagam, ýazmasagam, gaty görüp ýörmez ol,
Çünki, ol bir beýik ynsan - naçar aýal dogandyr.
22
36
sabyrly
14.02.2024 22:02
Şükürnama
Agdar- düňder kylyp, Taňry dünýäsin,
Ummana çykmaga gämimi tapdym,
Şükür, hälem baş goýmaga ýolunda,
Pygamber Isa dek kämili tapdym.

Asmana azm urup, dişim çarhladym,
Garaklam çarhladym, aklym  çarhladym,
Öňýeten şahyra elim çarpmadym.
Şükür, çyn şahyrlar- päk ili tapdym.

Döwür – döwür keýpim aldy şowsuzlyk.
Durmuşda kyn eken gaýta şonsuzlyk.
Şükür, menem haky goldap gowsundym.
Ynsaby – imany tämizi tapdym.

Söýgi göz ýumulyp oklanan çemen,
Senem çemin arap gapmaga çenen.
Şükür, Howa gyzyň ýaşynda menem.
Özüme ýat heser – täsiri tapdym.

Töwekgellik etsem utýanym duýdum.                                 
Tupanynda özüm tut ýaly duýdum,
Doýanymdan dogry mugt ýaly doýdum,
Hyrkasy gyýarly* mömini tapdym.

Şükür, pikir tapdym göwün yrmaga.
Kä bahana tapdym çyn ýylgyrmaga.
Il –gün üçin  bolsa goşgy aýtdyrmaga.
Ahyr Laçyn Pürje- dälini* tapdym  .

Gyýar-musulman dälleriň geýimine edilýän belgi
Däli-watançy manysynda

Gönümelligim üçin
                            ötünç
                                      soramok !
                                                             L.P
                                          30.04.2007
        Dost
Duşdum ahyr, ol töwra, bir adam eken men dek,
Ajysyn öwra – öwra, ir dadan eken men dek,
Göz – öwla, özi – öwlat, diýr:,, Bagdan eken men dek,“
Düşmüş aňzaga – jöwza ,gör, ýadaw eken men dek,
Jebriň yşkdygyn bilmez, bir sada eken men dek.

Dawudyň sowdun geýip, çykylýan ýola düşmüş,
Bu  ýolda sowut bolmak – päk göwne ,päle düşmüş,
Dünýe – Nuhuň gämisi ,sagdan kä sola düşmüş,
Ol ýüze ýetjek bolup ,toglanyp nola düşmüş,
Gabryň köşkdigin bilmez, bir sada eken men dek.

Gara saça dönse –de, tüssä ýylnyp bolmaýar,
Gara daşa dönseň-de, gussa ýülnüp bolmaýar,
Adam – hereket,güýlmese, hiç güýlünip bolmaýar,
Ýar demi düşmezden hatda hüýlenip bolmaýar,
Sabryň müşkdigin bilmez, bir sada eken men dek.

Hak yşk meýin sunduryp, ýar eýländir sermesin,
Dünýe maly hiledir, mar eýländir, bermesin,
Jadysyna düşüpdir ,her didaryň, her kesiň,
Özgäň sözün dür saýyp, diňläp her kimiň sesin,
Öz kümüşdigin bilmez, bir sada eken men dek.

Almajyk – a:l, näbilsin, Adam – How iýer boldy,
Ataş – Allaň ýalkawy, lybas deý geýer boldy,
Adam  öýden  kowulyp, äleme eýe boldy,
Men – menlikden Laçynam: ,,Şahyram'' diýer boldy,
Ömrüň – küştdigin bilmez, bir sada eken men dek.

Öwla-artykmaç,tapawutly

Laçyn Pürjäýewa
27
32
sabyrly
14.02.2024 18:29
                                S S S – e

                                                       Ýakdyň Süleýmany ...
                                                                                   Aýdymdan.

Seniň adyň tesbi deýin sanaýan.
Süleýman, Süleýman,   Süleýman, Süleý...
Manysy-da üýtgäp gitdi sanamaň,
Man- Süleý – man, Süleý – manysy uly – eý...

Otuz milliard jümle ýitirdi güýjün,
Otuz milliard goşgyň täsiri gaçdy.
Bary – ýogy ýekeje söz – Süleýman,
Otuz milliard älem bilen deňleşdi.

Bu ne hikmet, ýekeje söz galdyryp,
Galan ähli sözi Hudaý garban deý,
Şeýle bolýarmyka ýalkanda Hudaý,
Şeýle bolýarmyka Hudaý garganda – eý?!

Süleýman, Süleýman,   Süleýman, Süleý...
Şu söz bilen her gün oýarýar guşlar.
Şu söz bilen salam berýär agaçlar
Bary – ýogy birje sözden ybarat.
Indi ýaňyltmaçlar – sanalawaçlar.

Süleýman, Süleýman,   Süleýman, Süleý...
Başga hiç bir söze ýetenok güýjüm,
Başga hiç bir söze ýetenok aklym,
Didämden akdyryp diýjek sözlerim
Ýakdyň ...
                   Ýakdyň ...
                                        Ýakdyň ...

Laçyn PÜRJÄÝEWA
29
190
sabyrly
13.02.2024 18:16
ENEME BAGYŞLAN GOŞGULARYM
1
Men seni söýýärin çaga mysaly.
Mydam ýüregimde bir gaýgy-elem:
Seni şatlygymy ýitirşim ýaly
Ýitirerin öýdüp gorkýaryn, enem.
Şol sebäpli maňa hiç ynjalyk ýok,
Horlanýaryn iň aýylganç serhetde:
Senden soňa galyp ölmek islämok,
Goýmak hem islämok seni hesretde.
2
Sen ýogaldyň...
Gözýaş dökmedi dünýe.
Ol bihabar galdy seň ölümiňden.
Ne onuň keşbinde ahmyr görünýär,
Ne meňzi özgerýär öňküliginden.
Sen ýogaldyň...
Asla bolman zar-zelil
Öňküler deý daňyn atyrdy dünýe.
Özi duýmasa-da duýmady welin,
Bir uly zadyn-a ýitirdi dünýe.
3
Halyň neneň,Rahat ýatyrmyň, enem?
Geldim gutlamaga täze jaýyňy.
Arkaýyn bol,Seniň günäli ogluň
Naharyny iýip, içýär çaýyny.
Ene! Ölmüň manysyna düşene
Dünýeden gitmekde hasrat hem ýokdur.
Iň soňky ýol özge azapsyz ömre
Hem özge şatlyga äkidýän ýoldur.
Ene! Mundan başga näme diýeýin?
Derkarmy nä gözlerimi ýaşlamak?
Bu täze jaýyňda, Täze dünýäňde
Saňa nesip etsin baky ýaşamak.

4
Mähribanym! Zemindemi, asmanda,
Aýt, nirede duşuşarys biz ýene.
Ýalňyz başym galmaz ýaly armanda,
Aýt, nirede duşuşarys biz ýene?
Jogabyňda ömrümiziň manysy.
Jogabyňda ölmümiziň manysy.
Neçüýndir köňlümiň gelýär agysy,
Aýt, nirede duşuşarys biz ýene?
Maňa bir umyt ber, mähriban enem.
Dillen! Dillenmeseň ýaşaryn neneň?
Bu ýagty jahandan öterin men hem,
Aýt, nirede duşuşarys biz ýene?
5
Her gün ýatmazyňdan öň
Ýa eliň boşan wagty
Magtymgulynyň kitabyn ―
Hasrat gatançly bagty
Bererdiň-de elime:
«Hany, okap ber» diýerdiň.
Ana şeýdip dil açardy
Köňlüňe çöken derdiň.

Her gün agşam gaýtalamsoň
Magtymgulynyň sözlerin.
Belläp alyp haýsy ýerde
Ýaşarýan bolsa gözleriň,
Saýlap okardym şol ýeri.
Sen hem hiç zat soramazdyň.
Terkidünýä setirlerden
Meni asla goramazdyň.

Bagtsyzlykdan başga bagtyň
Ýokdugyny duýdurdyňmy?
Ýa soňky diýjek sözümi
Şeýdip, başda diýdirdiňmi?

Orazgylyç Çary
28
32
sabyrly
13.02.2024 10:45
Mähriban gyzym,oglum, şeýle gün geler.... Men garraryn,şonda mana düşünjek bol,goldawym bol! Eger-de nahar iýenimde birden dökäýsem ýa-da seniň kömegiňsiz geýinip bilmesem sabyrly bol ! Çünki men saňa bu zatlary näçe ýyllap öwredenimi unutma! Eger-de seniň bilen gürleşemde şol bir sözi ýüz gezek gaýtalasam hem meniň sözümi bölme. Haçan-da sen çagakaň sen uklar ýaly şol bir hüwdini müñ gezek aýdanymy unutma ! Haçanda täze tehnologiýalara düşünmedik wagtym ,gülüp seretme . Men saňa köp zatlary öwredenimi unutma! nädip dogry iýmeli ,gürlemeli,nädip özüňi dogry alyp barmaly we ş.m . Eger-de ikimiz gürleşip otyrkak men gürrüňimizi ýadymdan çykarsam,gynanma,iň esasy zat şol wagt: men seniň bilen gürleşip,seniň bolsa meni diňläp bilýändigiň... Eger-de günlerde bir gün meniň aýaklarym hereket etmesini goýsa,maňa elleriňi ber,meniň saňa ellerimi berip ýöremegi öwredişim ýaly. Birden-kä aňym gidip zeýrenen wagtym gaharyň gelmesin, wagty gelende sen maňa düşünersiň. Meniň garrylygymy görüp gynanma ,ejizleme,aglama. Meniň saňa başda kömek edişim ýaly,senem maňa ömrümi ahyrlamaga kömek ber, meniň ýanymda bol,ömrümi sabyrlylyk hem-de söýgi bilen
tamamlamaga kömek ber.... Men bolsa saňa öz ýylgyrşymy hem-de hiç wagt öçmejek ummasyz söýgimi serpaý goýup giderin. Men seni söýýän mähriban çagajygym!!!
29
72