ENEME BAGYŞLAN GOŞGULARYM
1
Men seni söýýärin çaga mysaly.
Mydam ýüregimde bir gaýgy-elem:
Seni şatlygymy ýitirşim ýaly
Ýitirerin öýdüp gorkýaryn, enem.
Şol sebäpli maňa hiç ynjalyk ýok,
Horlanýaryn iň aýylganç serhetde:
Senden soňa galyp ölmek islämok,
Goýmak hem islämok seni hesretde.
2
Sen ýogaldyň...
Gözýaş dökmedi dünýe.
Ol bihabar galdy seň ölümiňden.
Ne onuň keşbinde ahmyr görünýär,
Ne meňzi özgerýär öňküliginden.
Sen ýogaldyň...
Asla bolman zar-zelil
Öňküler deý daňyn atyrdy dünýe.
Özi duýmasa-da duýmady welin,
Bir uly zadyn-a ýitirdi dünýe.
3
Halyň neneň,Rahat ýatyrmyň, enem?
Geldim gutlamaga täze jaýyňy.
Arkaýyn bol,Seniň günäli ogluň
Naharyny iýip, içýär çaýyny.
Ene! Ölmüň manysyna düşene
Dünýeden gitmekde hasrat hem ýokdur.
Iň soňky ýol özge azapsyz ömre
Hem özge şatlyga äkidýän ýoldur.
Ene! Mundan başga näme diýeýin?
Derkarmy nä gözlerimi ýaşlamak?
Bu täze jaýyňda, Täze dünýäňde
Saňa nesip etsin baky ýaşamak.
4
Mähribanym! Zemindemi, asmanda,
Aýt, nirede duşuşarys biz ýene.
Ýalňyz başym galmaz ýaly armanda,
Aýt, nirede duşuşarys biz ýene?
Jogabyňda ömrümiziň manysy.
Jogabyňda ölmümiziň manysy.
Neçüýndir köňlümiň gelýär agysy,
Aýt, nirede duşuşarys biz ýene?
Maňa bir umyt ber, mähriban enem.
Dillen! Dillenmeseň ýaşaryn neneň?
Bu ýagty jahandan öterin men hem,
Aýt, nirede duşuşarys biz ýene?
5
Her gün ýatmazyňdan öň
Ýa eliň boşan wagty
Magtymgulynyň kitabyn ―
Hasrat gatançly bagty
Bererdiň-de elime:
«Hany, okap ber» diýerdiň.
Ana şeýdip dil açardy
Köňlüňe çöken derdiň.
Her gün agşam gaýtalamsoň
Magtymgulynyň sözlerin.
Belläp alyp haýsy ýerde
Ýaşarýan bolsa gözleriň,
Saýlap okardym şol ýeri.
Sen hem hiç zat soramazdyň.
Terkidünýä setirlerden
Meni asla goramazdyň.
Bagtsyzlykdan başga bagtyň
Ýokdugyny duýdurdyňmy?
Ýa soňky diýjek sözümi
Şeýdip, başda diýdirdiňmi?
Orazgylyç Çary