sabyrly
13.02.2024 10:45
Mähriban gyzym,oglum, şeýle gün geler.... Men garraryn,şonda mana düşünjek bol,goldawym bol! Eger-de nahar iýenimde birden dökäýsem ýa-da seniň kömegiňsiz geýinip bilmesem sabyrly bol ! Çünki men saňa bu zatlary näçe ýyllap öwredenimi unutma! Eger-de seniň bilen gürleşemde şol bir sözi ýüz gezek gaýtalasam hem meniň sözümi bölme. Haçan-da sen çagakaň sen uklar ýaly şol bir hüwdini müñ gezek aýdanymy unutma ! Haçanda täze tehnologiýalara düşünmedik wagtym ,gülüp seretme . Men saňa köp zatlary öwredenimi unutma! nädip dogry iýmeli ,gürlemeli,nädip özüňi dogry alyp barmaly we ş.m . Eger-de ikimiz gürleşip otyrkak men gürrüňimizi ýadymdan çykarsam,gynanma,iň esasy zat şol wagt: men seniň bilen gürleşip,seniň bolsa meni diňläp bilýändigiň... Eger-de günlerde bir gün meniň aýaklarym hereket etmesini goýsa,maňa elleriňi ber,meniň saňa ellerimi berip ýöremegi öwredişim ýaly. Birden-kä aňym gidip zeýrenen wagtym gaharyň gelmesin, wagty gelende sen maňa düşünersiň. Meniň garrylygymy görüp gynanma ,ejizleme,aglama. Meniň saňa başda kömek edişim ýaly,senem maňa ömrümi ahyrlamaga kömek ber, meniň ýanymda bol,ömrümi sabyrlylyk hem-de söýgi bilen
tamamlamaga kömek ber.... Men bolsa saňa öz ýylgyrşymy hem-de hiç wagt öçmejek ummasyz söýgimi serpaý goýup giderin. Men seni söýýän mähriban çagajygym!!!
29
72
sabyrly
13 Fewral 2024
@awgust, sagboluñ minnetdar
sabyrly
13 Fewral 2024
@awgust, gosgylarma bellik etmäni goýdyñyza ýa ümdüzüne gidibersin mundan zat çykmaz diýen netijä geldiñizmi dünýä garaýşyñyzy goşga düşünşiñizi sylaýan pikirleriñizi aýdyp duruñ ýaltanman saglygyñyz
sabyrly
13 Fewral 2024
@awgust, salam gowumysyñyz ýok awtory özüm däl awtorny bilemok arhiwde galan zatlar bärede ýaşlar girensoñ paýlaşaýyn diýdim
perijik
13 Fewral 2024
Dogry aýdypdyr çagalar biziň geljegimiz. Alla her bir ene atanyň öz çagasyndan garaşan umydyny sylag hormatyny artygy bilen görmek nesip etsin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.