psiholog
26.07.2023 12:26

Suratda görüşiñiz ýaly elleri göwrede gysyp oturmak öz özüñi goramak mehanizminiñ biridir. Köplenç rahatsyz bolanymyzda nätanyş adamlar bilen gürrûñdeşlikde, howply ýagdaýlarda, içiñiz gysanda umuman rahatsyz bolanymyzda bu hereketi gaýtalaýarys.

Emma bu hereket garşyñdaky adama men ýapyk manysyny berýär. Söhbetdeşligiñiz isledigiñiz ýolda gitmän biler. Şol sebäpli hem bu hereketi möhüm söhbetdeşliklerde etmezlik maslahat berilýär.

Ýöne siz gowy görýän adamyñyzda bu hereketi görseñiz onuñ bir zatlardan rahatsyz bolýandygyny belki sizden çekinýändigini añyp bilersiñiz we ony rahatlatmak üçin hereket etmegiñiz sizi onuñ gözünde ynam beriji biri hökmünde janlanmagyñyza mümkïnçilik berer.

Ýagny bu hereketi diñe bir özüñizde aýyrmak arkaly däl peýda gazanman eýsem garşyñyzda görýän adamlaryñyzyñ duýgularyny okamakda hem ulanyp bilersiñiz!

40
415
psiholog
24.07.2023 12:52

Biz günümizi gün edýän wagtyk, agyr zähmetde işleýänler bar, biz gijelerine ukym gelenok diýip telefonda sosial mediýada güýmenýän wagtyk ejesini - kakasyny göresi gelip ýatlap aglap dañ atyrýanlar bar, öýde taýyn nahary iýmän nahar saýlaýan wagtyk açlygyny unutmak üçin uklajak bolýan çagajyklar bar, gowy zatlaryñ gowusyny saýlaýan wagtyk ýyllarça şol bir geýimi geýen çagajyklar bar.

Olar mähire mätäç.....


Günäsiz durmuşdan habary bolmadyk çagajyklaryñ arkasynda duralyñ! Her çaga bir dünýä we gelejekdir. Belki dünýäni üýtgedjp bilmeris emma dünýäsini üýtgedip bileris!


📌 Günüñ soragy biraz pikirlen. Seniñ her pikiriñ belki bir çagajygyñ begenmegine sebäp bolup biler! Ähliñiziñ pikirleriñize garaşyas!

📌 ýetim , kimsesiz, kesel we kömege mätäç çagalaryñ gününi gowy geçirmek üçin şatlygyna şatlyk goşmak üçin nämeler edip bileris!

39
425
psiholog
23.07.2023 12:13

Size seretýän adamyñ gözlerine üns beriñ. Eger ýagtylygyñ adaty düşýän ýerinde size seretýän adamyñ göz göreji ulalýan bolsa onda ol siz bilen jynsy gatnaşygy arzuwlaýar. Ýagny siz onuñ arzuwlarynyñ gahrymany....

Psihologlar bu testi ilki başlarda adamlaryñ biri birini söýüp söýmeýänligini anyklamak üçin ulandylar.

Emma şeýle bir tejribe geçirildi. Şol bir gyzyñ suratyny iki ýagdaýda çykardylar

- göz göreji Photoshopda ulaldylan

- göz göreji kiçeldilen

Test geçirilen erkekleriñ özleri düşünmeýän ýagdaýda 1 nji gyzyñ suratyny sayladylar.

Soñky gelinen netije göz görejiniñ ulalmagy añ asty aña adam erkine we düşünjesine bagly bolmazdan añsyz ýagdaýda "men jynsy gatnaşyga we maşgala bolmaga taýyn" habaryny berýär diýen netijä gelindi.

26
403
psiholog
22.07.2023 00:22

Çaga terbiýesi iñ wajyp meseleleriñ biridir. Çagalar mydama görenini edýär ýagny çagada görmek isleýän häsiýetleriñizi we hereketleriñizi ilki özüñizde terbiýeläñ! Ýagny akyldarlaryñ aýdyşy ýaly-

"Çagalaryñyzy terbiýelejek bolup azara galmañ olar bary bir size meñzärler"

Şol sebäpli hem çagalarymyzyñ geljegi üçin şu gün alada edeliñ!

19
88
psiholog
21.07.2023 01:29

Yalniz ölmekmi daha üzuci yoksa senin icin bir sey ifade etmeyen ayni zamanda muhtemelen seni pek umursamayan birinin yaninda?


Ýeke ýalñyz ölmekmi gaty gynançly ýogsa-da seniñ üçin bir many bermeýän şol bir wagtda saña üns hem bermeýän biriniñ ýanynda ölmekmi gynançly?

20
103
psiholog
17.07.2023 10:40

Günümizde iñ köp ýaýran psihologiki keselleriñ biri hem telefon bagymlylygy. Telefon ýa-da tehnologiýa bagymlylygy beýnide we dürli organlarda zyyanly täsirlerini görkezýär. Şol sebäpli hem anyklamak öñüni almak we bejermek zerurdyr.

Testde "Şu maña degişli" diýenleriñize ☑️ goýmagyñyz ýeterlik.

Ýagny 1☑️2☑️6☑️ s.m

Teste başlamazdan ozal kyn görmän ❤ basaý!

Hany onda teste başlaly

1.⬜ Adatça telewizor telefon ýada kompýuteriñ öñünde naharlanýaryn

2.⬜ Hajathana telefon ýada noutbook bilen girýän

3.⬜ Sosial mediýalardaky hasaplarymy her 1 sagada galman kontrol edip durýaryn

4.⬜ Birine ýazanymdan soñ sahypany yzly yzyna täzelap taze hatyñ gelip gelmedigine seretýärin

5.⬜ Aljak bolýan harydym hakynda ilki başda internetden gözledip görýän, almazymdan öñ hilini öwrenýärin

6.⬜Internetde sosial medialarda ýada söhbetdeşlik gurnalýan oýunlarda görýän sözlerimi gündelik durmuşumda hem ulanýaryn

7.⬜Gitjek ýerimde wifi ýok bolsa ýerimi çalyşyrmagyñ aladasyny edip başlaýaryn we tizden çalyşýaryn

8.⬜Mydama elýeter ýagdaýda ýanymda telefon ýada noutbook kompýuter bardyr

9.⬜ Internetsiz wagt geçirmek pikiri men ürkütýär

10.⬜ Gapdalymdaky dükandan alyp biljek zatlarymy hem jañ edip sargan wagtlarym bar.

11.⬜ Aýlygymyñ, sowalgamyñ ýada maşgalamyn beren pullaryny telefona , elektrik enjamlaryma oýunlara we programmlara harçlan wagtlarym bar

12.⬜ Sosial medialar internet oýunlary we internetde meşhurlar bilen bagly 1 den köp fudbolkam we eşiklerim bar

13.⬜ "Caps" name diýmekdigini bilýärin

14.⬜ Maşgalamyñ ýoldaşymyñ ýada ýakynlarymyn birinin telefon ulanmagymy gadagan eden wagtlary boldy

15.⬜internet dunyasinde oyun oynayan bir topar dostum bar

16.⬜ 3 ýada has kop sosial mediya hasaplarym bar

17.⬜ 1 telefonum üçin 1den köp zarýat berijim bar

18.⬜ telefonum zarýat alyandygy sebäpli razetkañ (tok berijinin) yanynda oturyan wagtlarm bar

19.⬜ Günumiñ köp bölegini we agsam wagtlarymy ekranyñ garşysynda geciryarkn

20.⬜ Internetde öwrenen gysgaltma sözlerimi günlik durmuşda ulanýaryn (nzto sps we s.m)

21.⬜internet sebäpli nahar iymegi unudan wagtlarym bar

22.⬜ su wagt telefonda 5den köp programma acyk

23.⬜ hakyky durmusdada dostlarymy internetde ulanyan atlary bilen çagyryaryn (psiholog okurgezer we s.m)

24. ⬜öýde telefon kompýuter sany maşgala agzalarymyñ sanyndan köp

25.⬜film tomaşa edyan wagtymam sosial medialarymy hat gelmedimika diyip kontrol edip durýaryn

26.⬜möhüm jañ ýada sms-e garaşmasam hem telefony öçürmeli wagtlary hem ekranyny öçürman goýýaryn

27.⬜özüme we arassaçylygyma aýyrmaly wagtlarymy hem telefona aýyran günlerim boldy

28.⬜internedim açyk dursada hiç kime ýazmadygym wagtlarym hem boldy

29.⬜ düýşimde internetde gezen wagtlarm hem bar

30.⬜klawiturada el ýazgymdan has tiz yazyp bilyarin

31.⬜internetde oturandygym sebapli gic galyp baran toplansyklarym yygnaklar we oturylysyklar bar

32.⬜ kompyuterde isleyan wagtym bir wagtda kop zady yerine yetirip bilyarin

33.⬜konpyuterde we telefonda wagt geciryandigim sebapli bilim arkam boynum we ellerimin agyryp galyan wagtlary bar

34.⬜ telefona we kompyutere wagt ayyrdygym sebapli gije yatmaly wagtlarymdan gaty gic yatan wagtlarym bar

30
338
psiholog
16.07.2023 22:17

Wagtymyzy gowy geçirmek öz elimizde. Programmanyñ adyndanam belli boluşy ýaly günde bir zatjyklar öwrenip geçeliñ!

Psihologiýa öwrenmek isleýänler we psihologiýanyñ çäginde bilmek isleýän zatlaryñyz bolsa ýazaýyñ!

Indiki postda seniñ islegiñdäki maglumatlar bolar!


Hormatlamak bilen psihologyñyz.....

22
145
psiholog
13.07.2023 10:10

Eger sende adatdan daşary bir güýjiñ bar bolmaly bolanda aşakdakylaryñ haýsysyny saýlardyñ!

a) görünmezlik🧞‍♂️

b) jisimleri hereketlendirip bilmek👾

ç) adamlaryñ pikirlerini okap bilmek👽

d) gipnoz etmek🧟‍♂️

35
500
psiholog
12.07.2023 12:13

Saña bir ýumuş tabşyrjak... Harpma harp ýerine ýetirmegiñi isleýän! Gysga wagtyñ bar aýdaly...... 10 15 sekunt bolýa seniñ üçin 60 sekunt. Daş töweregiñe seret gara reñkli obýektleri sana! Indi bolsa hiç hili daş töweregiñi synlaman näçe sany gyzyl reñk bardygyny aýtmaga synanyş! Sebäbi sen daş töweregiñi eýýäm doly synladyñ. Bu sany aýtmak saña kyn düşmese gerek! Dogry gara reñki sanamagyñy isledim emma gyzyl reñkleriñ sanyny soradym. Biziñ beýnimiz nämä programlansa ol şony ýerine ýetirmäge güýç sarp edýär! Ýagny sen ony gara reñki gözlemäge programmladyñ ol hem gyzyl reñkleri görmezden geldi!

Bedenimiziñ weziri bolan beýni şeýle prinsip bilen işleýän bolsa mydama erbet zatlary şowsuzlyklaryñy pikirlenip gowulyklary görmegiñ mümkin däl!

Eý mähriban ynsan! Mundan 100 ýyl öñ sen ba:rdyñmy? Ýada ýene 100 dan soñ boljagyña ynanýañmy? Elbetde ýok! Sen sen bol! Hiç kim üçin üýtgeme! Geçmiş geçen bolup biler emma gelejek seniñ eliñde!


Owadan pikirleneliñ owadan ýaşalyñ!!!


Siziñ psihologyñyz......

31
213
psiholog
11.07.2023 20:08

Siziñ pikiriñizçe häzirki wagtda iñ köp ýaýran psihologiki meseleler

1.Aýralyk - söýgi

2. Depresiýa- stress

3. ýalñyzlyk - ynamsyzlyk

4.

siziñ pikiriñizçe 4 nji haýsy

4nji mesele hökmünde haýsy mesele köp ses alsa indiki posty şol hakynda goýjak!

17
206