Biz günümizi gün edýän wagtyk, agyr zähmetde işleýänler bar, biz gijelerine ukym gelenok diýip telefonda sosial mediýada güýmenýän wagtyk ejesini - kakasyny göresi gelip ýatlap aglap dañ atyrýanlar bar, öýde taýyn nahary iýmän nahar saýlaýan wagtyk açlygyny unutmak üçin uklajak bolýan çagajyklar bar, gowy zatlaryñ gowusyny saýlaýan wagtyk ýyllarça şol bir geýimi geýen çagajyklar bar.
Olar mähire mätäç.....
Günäsiz durmuşdan habary bolmadyk çagajyklaryñ arkasynda duralyñ! Her çaga bir dünýä we gelejekdir. Belki dünýäni üýtgedjp bilmeris emma dünýäsini üýtgedip bileris!
📌 Günüñ soragy biraz pikirlen. Seniñ her pikiriñ belki bir çagajygyñ begenmegine sebäp bolup biler! Ähliñiziñ pikirleriñize garaşyas!
📌 ýetim , kimsesiz, kesel we kömege mätäç çagalaryñ gününi gowy geçirmek üçin şatlygyna şatlyk goşmak üçin nämeler edip bileris!