psiholog
26.07.2023 12:26

Suratda görüşiñiz ýaly elleri göwrede gysyp oturmak öz özüñi goramak mehanizminiñ biridir. Köplenç rahatsyz bolanymyzda nätanyş adamlar bilen gürrûñdeşlikde, howply ýagdaýlarda, içiñiz gysanda umuman rahatsyz bolanymyzda bu hereketi gaýtalaýarys.

Emma bu hereket garşyñdaky adama men ýapyk manysyny berýär. Söhbetdeşligiñiz isledigiñiz ýolda gitmän biler. Şol sebäpli hem bu hereketi möhüm söhbetdeşliklerde etmezlik maslahat berilýär.

Ýöne siz gowy görýän adamyñyzda bu hereketi görseñiz onuñ bir zatlardan rahatsyz bolýandygyny belki sizden çekinýändigini añyp bilersiñiz we ony rahatlatmak üçin hereket etmegiñiz sizi onuñ gözünde ynam beriji biri hökmünde janlanmagyñyza mümkïnçilik berer.

Ýagny bu hereketi diñe bir özüñizde aýyrmak arkaly däl peýda gazanman eýsem garşyñyzda görýän adamlaryñyzyñ duýgularyny okamakda hem ulanyp bilersiñiz!

40
415
surat
26 Iýul 2023
Tasin🥰
aikamm
26 Iýul 2023
@komtan, Salam
komtan
26 Iýul 2023
Salam hemma hakyky men seyle bolyan aljyrasam ya rahatsyz bolanymda
psiholog
26 Iýul 2023
@Crazy, hokman gunde birini goyjak bolarn 😊
psiholog
26 Iýul 2023
@guldesse, yok rahatsyz bolany ucn arkayynlamak maksady bilen edilyan hereket
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.