perizadym
11.01.2023 16:01
Men ýunan akyldary Eflatunyň dana kitaplaryny
okap görüp, olary terjime edip, olardan täsirlenip, dini
ynanjyma daýanyp, taze bir eser döredip, akyl
eýelerine ýetirmegi ýüregime düwdüm. Bu kitap
köplere öwüt-ündew bolar.
* * *
Şer, erbet işleri edýän adamlar bilen ýoldaş bolmaň,
olardan dost tutunmaň. Şeýle ýoldaş ýa-da dost tutunan
ynsan salamatlygyny we rahatlygyny ýitirer.
* * *
Eger döwleti dolandyranyňda akyldarlara ýüz berip,
olar bilen maslahatlaşsaň, ähli aýşy-eşret we lezzet
saňa gulluk eder. Ylym eýelerinden ýüz öwürseň bolsa,
döwlet – aýşy-eşrete we pyssy-pyjurlyga gulluk eder.
***

Zürýatlaryňyzy öz ýaşan döwrüňizde alan
terbiýäňiz boýunça terbiýelejek bolmaň, sebäbi olar
başga döwürde ýaşaýandyrlar.
* * *
Hiç haçan işiň tiz wagtda ýerine ýetirilmegini talap
etmäň, onuň gowy ýerine ýetirilmegini talap ediň.
Sebäbi adamlar senden ol işiň näçe wagtda ýerine
ýetirilendigini däl-de, nähili ýerine ýetirilendigini talap
ederler.
* * *
Uly işleri etmäge çalyşýan kiçi adamy ýazgarmaň.
* * *
Eger ynsan erbet gylyk-häsiýetlere endik eden
bolsa, onda bu gylyk-häsiýet onuň ömrüniň ahyryna
çenli ýaran bolar.
* * *
Eger ynsan köp, biderek we manysyz gürläni üçin
pul tölemeli bolsa, onda ol beýle gürrüňlerden daşda
durardy

***

Eger sen ylma hyzmat edýän bolsaň, onda hiç haçan
bu edýän işiňe ökünme. Sebäbi galan adamlar saňa
hyzmat ederler.
* * *
Ynsanyň ylym bilen gazanan gazanjy aýdymçynyň
aýdym aýdyp ýa-da tansçynyň tans edip gazanan
gazanjyndan köp esse lezzetlidir.
* * *
Haýyr-yhsanly iş etmäge çalyşýan adam – dost
tutunar. Şer, erbet işleri etmäge çalyşýan adam –
duşman tutunar.
* * *
Ylym ýagşy adama-da, ýaman adama-da berlip
biler. Emma akyldarlyk, danalyk diňe Allanyň söen
ynsanlaryna berilýändir.
* * *
Eger kimdir biri seniň ondan garaşmaýan hereketiňi
etse, onda ol adam babatyndaky garaýşyňa täzeden ser sal.
***
Ähli adamda zehin hem bolýar, erbet gylyk-häsiýete
ymtylyş hem bolýar. Emma olaryň özleri olardan
haýsy hem bolsa birini saýlaýarlar.
* * *
Erbet gylyk-häsiýetli ynsanlar edil siňegiň ýagşy
zatlary terk edip, zibile gonuşy kimin, adamlaryň
içinden erbet işlere ýykgyn edýän adamlary gözläp
tapýarlar we şolardan dost tutunýarlar.
* * *
Eger hökümdar raýatlaryna deň göz bilen seretmän
zulum etse, onda onuň tebigatyndaky haýyr bilen şeriň
deňölçegliligi ýiter.
* * *
Eger kimdir birine ynanyp, ony dost tutunsaň, onda
onuň dostunyň dostuny hem dost tutun! Emma onuň
özüniň we dostunyň duşmanyny duşman tutunma!
Sebäbi beýle etmek gula ýaraşar. Akylly adamyň
hojaýyny bolmaz, emma öz pikiri bolmalydyr.
16
88
perizadym
08.01.2023 13:41
Bir bendäň iýermen aýaly barmyş,
Şeýle açgözmüşin, hiç doýmaýarmyş.
Öe haýsy bir zat getirse äri,
Gizläp iýmekligiň tapýarmyş tärin.
Bir gezek oň äri et getiripdir,
«Nahar et!» diýip, aýalyna beripdir.
«Agşam biziň öe myhman gelmeli,
Häzir bol, ýüňsakgal edäýme meni».
Ýaňky açgöz aýal görmezden irnik,
Iýipdir bar eti kebap bişirnip.
Agşamara gaýdyp gelipdir äri,
Öýde jem bolupdyr myhmanlaň bary.
Aýalnyň işinden bihabar bende:
«Keýwany, naharňy äber!» diýende,Zenan şumjarypdyr: «Görme sen gaty,
Nälet siňen pişik iýdi bar eti».
Bu sözlere juda geň galan äri
Diýipdir: «Pişigi alyp gel bäri!»
Sözünde tutmagyň tärin tapypdyr,
Ol pişigi terezide çekipdir.
Soň diýen: «Geldäni, oňatja seret,
Terezide duran pişikmi ýa et?
Halys bizar boldum gümürtik gepden,
Eger pişik bolsa, habar ber etden.
Arkaýyn bol, aldap bilmersiň meni,
Şu et bolsa, onda pişigmiz hany?».
12
119
perizadym
08.01.2023 03:43
Birgiden haýwanyň ýaşaýan ýeri bolan owadan jülge bardy. Ol ýerde bir ýolbarsam ýaşaýardy, beýleki haýwanlaryň hemmesi ondan eýmenýärdi. Sebäbi ol bukuda ýatyp, göwnüniň halan haýwanyny awlaýardy. Şo sebäpden o gözel jülge haýwanlar üçin ýigrenji bir ýere öwrülip barýardy.
Bir gün haýwanlar üýşüp, bir karara geldiler.
– Mundan soň, ýolbars bukulyp bizden birini awlajak bolup ýörmesin-de, biziň özümiz oňa her gün aramyzdan birini saýlap ibereli, şeýtsek has gowy bolar! Şonda, iň bolmanda, şo günlük kimiň ýolbarsa şam boljagyny-ha bilerisdä – diýdiler.
Arslanyň ýanyna baryp, gelen netijelerini aýtdylar.
– Biz her gün saňa iýjek naharyňy ýollamakçy. Sen o taýda-bu taýda bukuda ýatyp, bizi janymyzdan bezikdirme. Bu gözel jülgäni, bu gözel otluk meýdany bize zäher etme.
Ýolbars ilkibaşda olaryň sözüne ynanman, bu teklibi duzakdyr öýdüp pikir edenem bolsa, beýleki haýwanlar ýerli-ýerden ant içensoň, ynanmaly boldy. Olar mundan soň her gün öz aralarynda bije çekip, şiriň hinine bir haýwan ýollajaklardy. Şirem, alada galyp ýörmän, öz aýagy bilen geljek iýmiti iýip oňjakdy. Sagda-solda, biwagt-näwagt diýmän awlanyp ýörjek däldi.
Günler geçip gitdi, bir gün bije kiçijik towşana çykdy. Neresse towşanjyk gaýgy-gama batyp bagyrdy:
– Bu zulum haçana çenli dowam etjek?!.
Beýleki haýwanlar ýerli-ýerden:
– Seret, biz ýolbarsa beren sözümizi şunça wagtlap tutup geldik. Olam bize beren sözüni tutdy. Sen, indi, bu wagt karamlyk etjek bolma. Hany, tiz bol-da arslanyň hinine ugra! – diýişdiler.
Towşan olara:
– Eý, dostlar! Maňa rugsat berseňiz, şoňa bir oýun oýnaýyn. Belki öz janymam, siziň janyňyzam halas ederin – diýdi.
Haýwanlar:
– Sen biziň aýdanymyzdan çykma, towşandygyňy berk belle, hetdiňi aşma! – dýdiler.
Towşan:
– Dostlarym, bu pikiri maňa Alla ylham etdi. Özüňiz pikir edip görüň, Onuň bal arysyna ylham eden bal ýasamak ukyby haýsy arslanda bar? Ýa-da şu ýüpek gurçugynyň başarnygyny näçe pilde gördüňiz?
Bu sözleri eşiden haýwanlar towşandan soradylar:
– Diýmek, şol jotda boýuňa garamazdan arslan bilen ýaka tutuşmaga niýetlisin?!. Aýt bakaly onda, kelläňde nähili pikir bar?
Towşan şeýle jogap gaýtardy:
– Hemme syr aýdyp ýörülmeýär. Garaşyp, özüňiz görüň.
Şiriň hinine tarap ýola çykan towşan, eýlede-beýlede biraz güýmendi. Nahar wagtyndan epesli gijä galdy. Şiriň hinine golaýlaberende bar güýji bilen ylgamaga başlady.
Ýolbars nahary gijä galandygy üçin gazaba münüpdi. Öz ýanyndan hüňür-hüňür edip durka, uzakdan towşanyň gelýänini gördi-de arlamaga başlady:
– Eý, bihepbe! Meniň kimdigimi bilýäňmi sen? Men nijeme öküzleri parçalan, nije erkek ýolbarsyň gulagyny çeýnän bir gahryman! Sen şujagaz jotda boýuň bilen meni garaşdyrmaga neneň het edip bildiň?
Towşan özünden juda arkaýyn terzde gürrüň bermäge başlady:
– Aman, soltanym! Bendäňiz säher bilen ýola çykyp, huzuryňyza gelýärdi. Üstesine, ýanymda siziň üçin iberilen özüm ýaly ýene bir towşan bardy. Emma başga bir ýolbars ýolumyzy kesdi. Oňa ýagdaýymyzy düşündirdik. Ýöne bizi diňlemedi. Ýoldaşymy garbap aldy-da gidiberdi. Özem, bilýäňmi näme, ol towşan semizlikde meň iki essämçe dagy bardy.
Hawa soltanym, ýagdaýa şolar ýaly. Mundan soňra saňa iberiljek naharlary şol alyp galar öýdüp gaty gorkýan. Eger iýjek zadyňy dolulygyna almak isleýän bolsa, ýoluňy arassala. Gidip, şol batyr arslany bir zat et.
Eşiden zatlaryna şiriň gaty gahary geldi:
– Hany, düş öňüme! Şony maňa görkez. Baraýyn-da temmisini bereýin – diýdi.
Towşan öňde, ýolbars yzda, iki tirkeş bolup ýola düşdüler. Ýöräp-ýöräp, ahyry, bir gurruk guýunyň başyna bardylar. Ýöne towşan guýudan çekeräk durýardy.
Ýolbars oňa:
– Yza tesýäň weli, saňa näme boldy? – diýdi.
Towşan:
– Ol ýolbars şu guýuda ýaşaýar. Men ol ýere ýakyn barmaga gorkýan – diýdi.
Şir oňa:
– Takal okamaňy bes et-de, hany gelip şu guýa seret, arslan henizem şol taýdamyka? – diýip, gatyrgandy.
Towşan oňa:
– Men ýeke özüm guýa seredip biljek däl. Sen meni gujagyňa alyp baksak, belkem, bolmagy mümkin… – diýip jogap berdi.
Ýolbars towşany gujagyna alyp, guýunyň içine garady. Görse, guýunyň düýbünde hakykatdanam özi ýaly bir arslan dur eken; üstesine, gujagynda özüne iberilen beýleki towşan bardy.
Gazaba münen arslan onuň suwdaky öz suratydygyna düşünmedi. Gujagyndaky towşany beýläk zyňyp goýberdi-de, özüni guýa oklady.
Towşan bolsa, gülüp-oýnap, çaýyrlyga tarap ýumlukdy. Bolup geçen zatlary jülgedäki beýleki haýwanlara gürrüň berdi. Olaram begenjinden ýaňa joşup oýnadylar. Towşana ýolbarsy nädip duzaga düşürendigini gaýta-gaýt aýtdyrdylar. Towşan bolsa, olaryň bu joşgun hallaryny görüp şeýle diýdi:
– Eý, dostlar! Meniň bu başarnygym Allanyň ýardamy bilen boldy. Ýogsa towşan küje, arslany ýeňmek küje!
***
Eý, adam ogly! Başgasyndan görýän zulumdyr ýamanlyklaryň, sendäki ýaramaz häsiýetleriň olardan serpigip, saňa dolanmagydyr.
Allanyň yhsan eden akyly, ylhamy we goldawy saýasynda san taýdan nijeme az kişiler, san taýdan niçeme köp kişilerden rüstem çykandyr.
Eý, kişi! Sen dünýä atly şu guýunyň düýbüne, açgözlülik zerarly öz-özüni oklap, tussaglyga düşüren şol arslansyň. Nebsiňi ýeň-de towşan kimin erkin gez. Seniň towşana çalym edýän nebsiň sährada iýip-içip, hezil edip ýör. Sen bolsa, şo-ol şu gybat we ýaňkalaşma guýusynyň düýbünde otyrsyň.
13
158
perizadym
06.01.2023 19:49
Kemçilikleriñi görmek üçin özgeleriñ gözi bilen özüñi gözden geçir. Görenleriñi düzetmek bolsa öz eliñde.
15
56
perizadym
05.01.2023 19:23
Sapy agaçdan däl-de, demirden palta ýasadylar. Et çapyp gördüler,
süňk çapyp gördüler, odun, agaç, kök çapyp gördüler. Agaç şahalaryny
pudarlap gördüler. Ählisine ýarady durdy. Ýöne kök çapmaga juda
ýaransoň, ony şol maksat üçinem ulandylar. Ir ertirden agşama çenli
ellerinden düşürmediler. Nirede näsaz daragt, näjaý kök bar bolsa, paltanyň üsti bilen deňlediler ýördüler. Öwgi hemme kişä ýaraýar.
Aslynda jansyzam bolsa, palta aýdylýan hoşamaý sözler, gürrüňler
onuň göwnüne-gulagyna hoş ýakýardy. Edil adam ýaly, „sen-sen” diýip
arkasyna kaksaň, döw görse, döşüni gerip dokunýar, yş görse, burnuny
diräp, sygmasa-da sokulýar. Guran töňňeleriň, gök öwsüp oturan daragtlaryň köküne urlup, onuň ýerden alýan damarlaryny çapanda,
şeýle bir göhi gelýärdi. Hezret Alynyň elindäki zülpükar gylyçdan kemdirin öýtmezdi. Şeýdip, öz hünärine ökdeledi gitdi. Adamlaram „Sen
kök çapmaga gaty ökde” diýip, ony elýeterinde sakladylar. Haýsy
agajyň ýapragy ýele gyşaryp, gözlerüne gün düşse-de, şol paltany alyp,
köküne kakdylar. Bir daragtyň dokuz miwesi düz bolup, birine gurçuk
düşse-de, şol paltany ulandylar.
Endik günüňe goýýarmy, adamlaryň kökden eli sowaşyp, demi sowaýan wagtlary hem bolýar. „Sen-sen” diýlen her bir zat wagty bilen
idelmese, ömürlik undulan ýaly, lapykeçlige düşüp başlaýar. Paltanyňam güni şol boldy. Çekije deregem, gysaja deregem, diňe kök däl, çüý sogurmak üçinem, depesinden inip, şänik döwmek üçinem, paltany
ulanyp bolýandygyny güjeňläsi geldi. Ýogsam, her zat üçin aýratyn bir
guralyň, esbabyň bardygynam bilmän duranokdy. Zawodam edil durmuş ýaly, täze paltalary, byçgylary, çekiçleri hasyl etdi durdy. Onuň
edýän işini täze paltalaryň her biri başarýardy. Demir palta şöhraty
paýlaşmak kyn düşdi. Bir öwrenişseň, şöhraty paýlaşmak adama-da
juda agyr degýär, ýeri onsoň akyly ýok palta üçin bu agyr urgy ahyryn.
Ahyry endigi gününe goýmansoň seýilbagyň gyrasyndan girdi. Atam
döwründen galan çynar bardy, köküne urup-urup, bir ýana agdardy,
göwnühoş boldy, Garadäli Gökleňi agdaran ýaly begendi. Adamlaram
palta pisint etmedi. Towugyna „tok” diýen bolmady. Ýene bir agajyň
düýbüni çapdy. „Onça-munça agajy güýçlüräk ösen ýelem ýykýar”
diýip, adamlar göwnübir gezdi. Ýene bir äpet daragt ýanyny ýere
berdi. Adamlar: „Göwresi gaba bolsa-da, köki gowşak bolmaly” diýip,
geçdi gitdiler. Ýaş agaçlary bir zarbada alýardy, güýjüne gara döwem
„aperin” diýjekdi, ýöne bu möhletde oňa gara döwem sataşmady.
Ahyry ýene bir köke urlup başlady. Gara çyny bilen, gara jyny bilen
girişdi. Är ömründe birinji gezek maňlaýyna der indi, urdugy saýy
essinden aýylyp, gözleri alaryp gitdi, ýöne alyp bilmedi. „Garralýar
öýdýän” diýip, ilkinji gezek öz başarnygyna müňkür bolup başlady.
Müňkürlik ähli ukybyňy ýok edip bilýän duýgy. Uruldy, uruldy,
uruldygy saýy öz ýüzi çat açdy gitdi, ahyry jaýryk atyp, özi bölünmäge
durdy. Sebäbi ol kökdür öýdüp, seýilbagda dikilen demir sütüniň
düýbüne urlup ýatyrdy. Demir palta ähli zady düýbünden ýok edip bolmaýandygyna düşündi, ýöne eýýäm giçdi. Persala bolan döwük paltany
ulanybam boljak däldi, elledigiň öz eliňi gyýyp gitjekdi. Şeýdibem, bir
wagtky şöhratly palta ziir-zibile garylyp ýatmaly boldy. Onuň pisint etmedik „ýönekeý”, „adaty” gurallar bolsa birsydyrgyn durmuş bilen öz
günlerini aýladylar ýördüler.
11
182
perizadym
03.01.2023 16:33
Ýokarda biri bar, ol meni gowy tanaýar. Durmuş ýollarynda, ähli
ýagdaýlarda aljyran pursatym, kömege mätäç pursatlarym, men ony ýadyma salmasam‐da, ol meni unutmaýar. Arkamy tutýar, derrew kömek
edýär.
Ol meniň ýolumy açýar.
Ol maňa garaşmaýan ýerlerimden rysgal eçilýär.
Ol meni çagasyna mährini berip, gujagyna gysýan mähriban eneden
hem has gowy mähir bilen bakýar.
Kimdir biriniň göwnüne degsem, şol adam mäňa azgyrylar, igener,
«bolmady» diýip zeýrener, emma Ol şeýle bir geçirimlilik eder. Munuň
üçin meniň ýüzüm gyzarmaz, ýöne müýnüm ýadymda galar. Indiki
säwligime çenli bu geçirimlilik huşumdan çykar gider, ýöne her hili ýagdaýlarda Oňa bil baglaýşym ýaly, Ol maňa umydymdan hem beýik
ýagşylyk bilen bakar. Ol öňki unudaganlygym üçin öýkeläp durmaz.
Ýene‐de Özünden umyt edenime begener we muňa monça bolup, elinden gelen ýagşylygy eçiler. Şonda men özümiň ýeke däldigime, arkalydygyma, arkamyň bardygyna şükür ederin.
Hawa, biz her demde şükür edilmäge mynasyp Beýik Taňryny her
günde ýürekden ýatlamzok. Onsoň beýleki adamlary ýadyňda göterip
ýörmek uslyp däl bolmaly. Emma biz özümize ýagşylyk edýänleri unudýarys‐da, haýrymy‐şeri – haýsy tarapy agdyk boljagy näbelli adamlaryň yzynda aň‐hyýallarymyzy, göwünlerimizi sergezdan edip ýöris.
Men Onuň berýän nygmatyna şükür edýärin, emma çeýnän çöregim
bokurdagymdan ötensoň, ýetiren ýüpek lybaslaryny egnime atamsoň,
Ony bir sellem ýadymdan çykarýaryn. Käteler oturyp şeýle pikir
edýärin: «Bir pursatlyk garnydokluk Ýagşylyk edýänleri unutdyryp
bilýän bolsa, dynuwsyz guýulýan eşretleriň öňünde mesirgemän, azman saklanmak aňsat iş bolmaly däl» diýýärin.
Ýokarda biri bar, ol meni gowy tanaýar. Elmydama häsiýetime görä
ýolumy açýar. Emma melekleriň seýilgähi bolan kalbym, şeýtanyň
şüdügärine öwrülip, garaňky oý‐hyýallara gurşalan pursatlarym, ho‐ol
uzakdan bir ýagtylygyň göni maňa sary gelýändigini görýärin. Bolmasa
men Oňa telefon bilen jaň hem edemok, elektron poçtanyň üsti bilen
habar hem ýollamok, ýa‐da beýik depä çykyp gygyramogam. Ýöne
maňa kömek edip dur. Özi hem edýän ýagşylygyna minnet edenok,
öwezine hak‐heşdek, berim‐peşgeş soranok. Diňe ýagşy adam bolup,
ilimi‐ günümi söýüp gezmegimi isleýär. Adamlara ýüz saraltman, göni
Özünden soramagymy isleýär. Ýagşylyk edýäni synamak gowy gylyk
hasaplanmaýar. Emma durmuş Onuň haçan has gowy görüp, haçan
öýkeleýändigini aýan edýär. Bitmeýän işim üçin ilki Özünden haýyş etmän, gaýry gapylary kaksam gaty görýär. Özünden özgelere az‐kem artykmaç umyt bilen baksam gaty görýär. Otugan nebsiň ugruna görä
ters hereket etsem gaty görýär. Şol pursat bedew çapuwly ykbal keçjal
düýe ýaly ýoluň ortasynda bögürip ýatyberýär. Onsoň, men Onuň
öýkeländigine düşünip galýaryn. Ol bolsa iň bolmanda şoňa
düşünenim üçin hem begenjinden iki bolup bilmeýär. Aslynda‐da Oňa
birlik mahsus diýýärin. Onuň hemme kişä sözi ýöreýär. Özi hem ähli
zat Onuň ýekeje sözüne bitýär. Sebäbi onuň sylagy hem, hormaty hem,
güýji‐gudraty hem ýetik. Ol «Bol!» diýmese, beýlekiler «Bolýar!» diýmeýär. Şonuň üçin hem men elmydama Oňa arkalanýaryn. Sebäbi
Ol meni gowy tanaýar. Gowy tanany üçin hem Özi gelip, görnüp durmasa‐da, Özüne has ýakyn ýagşy adamlaryň üsti bilen kömek edýär.
Hawa, bu hut şeýle, ýokarda biri bar. Şol ýokardaky Biribar meni gowy
tanaýar. Durmuş ýollarymda Ol maňa elmydama kömek edýär.
12
166
perizadym
26.12.2022 12:43
Nejmeddin Kubranyň huzuryna gelen ýaş ýigitleriň biri okap-öwrenen zatlarynyň ýadynda galmaýandygyndan zeýrenipdir. Dura-bara onuň özünden göwni geçip, lapykeçligi umydyndan rüstem çykyp başlapdyr. Şägirdiniň içki hysyrdylaryny daşyndan aňýan keramatly pir, ony ýanyna çagyryp, ahwalyny soranda, ol: «Tagsyr, ylym isläp geldim, emma soňky günler başarnygyma güman edip başladym, ýatkeşligim kütelýär, okan zatlarym doly ýadymda galanok, alajyny bolsa teý bilemok» diýipdir. «Bu diňe sende däl, ol ýagşy işe ýol goýan her bir adamda bolýan ýagdaý. Uly höwes bilen işe girişersiň welin, az salymdan oslagsyz bir ýerden gümandyr ikirjiňlenme peýda bolup başlar. Ine, şu ýagdaý ilkinji we iň esasy synagdyr. Kim şu synaga hötde gelmese derrew maksadyndan dänýär. Haýyrly işlerem bitmän galýar. Eger-de şeýle ýagdaý ýüz berende, asyl maksadyňy gözden salman, saýlan ýoluňa berk ýapyşsaň, ýaňky ünjüler dumany syrylar gider. Öňüňde haýyrly maksadyň barka, ownuk-uşak aladalara hem, ýagşy niýetiňden sowmak isleýän adamlara hem ähmiýet berme. Hemişe ýolbars ýaly bolgun. Çybyn-çirkeýler onuň göz-gaşyna gonup, ünsüni bozmaga synanyşarlar, emma ýolbars olara ähmiýet bermän, diňe öz awuna — öz maksadyna nazaryny diker oturar. Şeýdibem öz isleýän zadyny gazanar» diýip, pir jogap beripdir.

Halypasynyň hikmetli sözleri şägirdini galkyndyrypdyr. Aýtmaklaryna görä, ol şägirt soňlugy bilen piriň iň ökde talyplarynyň biri bolup ýetişipdir.
20
99
perizadym
23.12.2022 22:51
Iň garyp kişi sabyrsyz kişidir.

Ähli zat sabyr bilen wagta aýan.

Hakyky güýç wagt bilen sabry birleşdirmegi başarmakdyr.

Sabyr bilen yhlasyň birleşen ýerinde güýç döreýär.

Sabyr güli hemmelerde deň açylmaz.

Eger dünýäde ähli zat diňe gowulyk bolan bolsa, onda sabyr öwrenilmän galardy.

Sabyrsyz kişiler hemişe iki esse garaşmaly bolýandyrlar.

Sabyr — ajy, miwesi — süýji.

Iň kyn hünär bolçulykda sabyr etmegi oňarmakdyr.
14
69
perizadym
perizadym
07.12.2022 22:08
Girmekden gorkýan gowagyñyz siziñ gözleýän hazynañyzy saklaýandyr.
perizadym
perizadym
29.11.2022 16:43
Mundan dogry 123 ýyl öñ Barselona topary döredildi. Barselona toparyny bu gün 123 ýaşy bilen Gutlaýarys...🥳