Birgiden haýwanyň ýaşaýan ýeri bolan owadan jülge bardy. Ol ýerde bir ýolbarsam ýaşaýardy, beýleki haýwanlaryň hemmesi ondan eýmenýärdi. Sebäbi ol bukuda ýatyp, göwnüniň halan haýwanyny awlaýardy. Şo sebäpden o gözel jülge haýwanlar üçin ýigrenji bir ýere öwrülip barýardy.
Bir gün haýwanlar üýşüp, bir karara geldiler.
– Mundan soň, ýolbars bukulyp bizden birini awlajak bolup ýörmesin-de, biziň özümiz oňa her gün aramyzdan birini saýlap ibereli, şeýtsek has gowy bolar! Şonda, iň bolmanda, şo günlük kimiň ýolbarsa şam boljagyny-ha bilerisdä – diýdiler.
Arslanyň ýanyna baryp, gelen netijelerini aýtdylar.
– Biz her gün saňa iýjek naharyňy ýollamakçy. Sen o taýda-bu taýda bukuda ýatyp, bizi janymyzdan bezikdirme. Bu gözel jülgäni, bu gözel otluk meýdany bize zäher etme.
Ýolbars ilkibaşda olaryň sözüne ynanman, bu teklibi duzakdyr öýdüp pikir edenem bolsa, beýleki haýwanlar ýerli-ýerden ant içensoň, ynanmaly boldy. Olar mundan soň her gün öz aralarynda bije çekip, şiriň hinine bir haýwan ýollajaklardy. Şirem, alada galyp ýörmän, öz aýagy bilen geljek iýmiti iýip oňjakdy. Sagda-solda, biwagt-näwagt diýmän awlanyp ýörjek däldi.
Günler geçip gitdi, bir gün bije kiçijik towşana çykdy. Neresse towşanjyk gaýgy-gama batyp bagyrdy:
– Bu zulum haçana çenli dowam etjek?!.
Beýleki haýwanlar ýerli-ýerden:
– Seret, biz ýolbarsa beren sözümizi şunça wagtlap tutup geldik. Olam bize beren sözüni tutdy. Sen, indi, bu wagt karamlyk etjek bolma. Hany, tiz bol-da arslanyň hinine ugra! – diýişdiler.
Towşan olara:
– Eý, dostlar! Maňa rugsat berseňiz, şoňa bir oýun oýnaýyn. Belki öz janymam, siziň janyňyzam halas ederin – diýdi.
Haýwanlar:
– Sen biziň aýdanymyzdan çykma, towşandygyňy berk belle, hetdiňi aşma! – dýdiler.
Towşan:
– Dostlarym, bu pikiri maňa Alla ylham etdi. Özüňiz pikir edip görüň, Onuň bal arysyna ylham eden bal ýasamak ukyby haýsy arslanda bar? Ýa-da şu ýüpek gurçugynyň başarnygyny näçe pilde gördüňiz?
Bu sözleri eşiden haýwanlar towşandan soradylar:
– Diýmek, şol jotda boýuňa garamazdan arslan bilen ýaka tutuşmaga niýetlisin?!. Aýt bakaly onda, kelläňde nähili pikir bar?
Towşan şeýle jogap gaýtardy:
– Hemme syr aýdyp ýörülmeýär. Garaşyp, özüňiz görüň.
Şiriň hinine tarap ýola çykan towşan, eýlede-beýlede biraz güýmendi. Nahar wagtyndan epesli gijä galdy. Şiriň hinine golaýlaberende bar güýji bilen ylgamaga başlady.
Ýolbars nahary gijä galandygy üçin gazaba münüpdi. Öz ýanyndan hüňür-hüňür edip durka, uzakdan towşanyň gelýänini gördi-de arlamaga başlady:
– Eý, bihepbe! Meniň kimdigimi bilýäňmi sen? Men nijeme öküzleri parçalan, nije erkek ýolbarsyň gulagyny çeýnän bir gahryman! Sen şujagaz jotda boýuň bilen meni garaşdyrmaga neneň het edip bildiň?
Towşan özünden juda arkaýyn terzde gürrüň bermäge başlady:
– Aman, soltanym! Bendäňiz säher bilen ýola çykyp, huzuryňyza gelýärdi. Üstesine, ýanymda siziň üçin iberilen özüm ýaly ýene bir towşan bardy. Emma başga bir ýolbars ýolumyzy kesdi. Oňa ýagdaýymyzy düşündirdik. Ýöne bizi diňlemedi. Ýoldaşymy garbap aldy-da gidiberdi. Özem, bilýäňmi näme, ol towşan semizlikde meň iki essämçe dagy bardy.
Hawa soltanym, ýagdaýa şolar ýaly. Mundan soňra saňa iberiljek naharlary şol alyp galar öýdüp gaty gorkýan. Eger iýjek zadyňy dolulygyna almak isleýän bolsa, ýoluňy arassala. Gidip, şol batyr arslany bir zat et.
Eşiden zatlaryna şiriň gaty gahary geldi:
– Hany, düş öňüme! Şony maňa görkez. Baraýyn-da temmisini bereýin – diýdi.
Towşan öňde, ýolbars yzda, iki tirkeş bolup ýola düşdüler. Ýöräp-ýöräp, ahyry, bir gurruk guýunyň başyna bardylar. Ýöne towşan guýudan çekeräk durýardy.
Ýolbars oňa:
– Yza tesýäň weli, saňa näme boldy? – diýdi.
Towşan:
– Ol ýolbars şu guýuda ýaşaýar. Men ol ýere ýakyn barmaga gorkýan – diýdi.
Şir oňa:
– Takal okamaňy bes et-de, hany gelip şu guýa seret, arslan henizem şol taýdamyka? – diýip, gatyrgandy.
Towşan oňa:
– Men ýeke özüm guýa seredip biljek däl. Sen meni gujagyňa alyp baksak, belkem, bolmagy mümkin… – diýip jogap berdi.
Ýolbars towşany gujagyna alyp, guýunyň içine garady. Görse, guýunyň düýbünde hakykatdanam özi ýaly bir arslan dur eken; üstesine, gujagynda özüne iberilen beýleki towşan bardy.
Gazaba münen arslan onuň suwdaky öz suratydygyna düşünmedi. Gujagyndaky towşany beýläk zyňyp goýberdi-de, özüni guýa oklady.
Towşan bolsa, gülüp-oýnap, çaýyrlyga tarap ýumlukdy. Bolup geçen zatlary jülgedäki beýleki haýwanlara gürrüň berdi. Olaram begenjinden ýaňa joşup oýnadylar. Towşana ýolbarsy nädip duzaga düşürendigini gaýta-gaýt aýtdyrdylar. Towşan bolsa, olaryň bu joşgun hallaryny görüp şeýle diýdi:
– Eý, dostlar! Meniň bu başarnygym Allanyň ýardamy bilen boldy. Ýogsa towşan küje, arslany ýeňmek küje!
***
Eý, adam ogly! Başgasyndan görýän zulumdyr ýamanlyklaryň, sendäki ýaramaz häsiýetleriň olardan serpigip, saňa dolanmagydyr.
Allanyň yhsan eden akyly, ylhamy we goldawy saýasynda san taýdan nijeme az kişiler, san taýdan niçeme köp kişilerden rüstem çykandyr.
Eý, kişi! Sen dünýä atly şu guýunyň düýbüne, açgözlülik zerarly öz-özüni oklap, tussaglyga düşüren şol arslansyň. Nebsiňi ýeň-de towşan kimin erkin gez. Seniň towşana çalym edýän nebsiň sährada iýip-içip, hezil edip ýör. Sen bolsa, şo-ol şu gybat we ýaňkalaşma guýusynyň düýbünde otyrsyň.